№11 Türkmenistanyň Maýa goýum forumy (TIF)
Forum - daşary ýurt maýadarlaryny, halkara maliýe guramalaryny we türkmen bazaryna girmek isleýän kompaniýalary duşuşdyrýan platformadyr. Bu forum, Türkmenistanyň dürli maýa goýum mümkinçiliklerini hödürläp, göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çalt çekmek baradaky tekliplere garamak we sebitleýin taslamalary goşmak bilen bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmegiň geljegini öwrenmek maksada meýilleşdirilendir. Şeýle hem, forumyň esasy maksady, ýurduň eksport mümkinçiligini artdyrmaga, ýurdymyzyň we daşary ýurtly telekeçileriň hem-de maýadarlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir, sanly ulgamynyň ösüşine we sanly ykdysadyýete geçmek ugrunda giň mümkinçilikleri döredýän giňişlikdir.