05.11.2026
Düýn
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Daşoguz welaýatyna iş saparyny
amala aşyryp, Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň, Garaşsyzlyk etrabynda ýylda
60 müň tonna senagat pagta çigidini gaýtadan işleýän ösümlik ýag kärhanasynyň
hem-de azotly dökünleri öndürýän täze toplumyň düýbüni tutmak dabaralaryna
gatnaşdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly göni ýaýlymda
Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan awtomobil ýolunyň Garabogaz — Gazagystan
böleginiň açylyşyna ak pata berdi. Munuň özi ýurdumyzda giňden bellenilýän
Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününe ajaýyp toý sowgady bolmak
bilen, Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa
geçirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda köpri gurmak, ýol çekmek
ýaly sogap işleriň dowamata atarylýandygynyň aýdyň beýanyna öwrüldi.
Gahryman
Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda
ýurdumyzyň welaýatlaryny toplumlaýyn ösdürmek hem-de olaryň senagat we ulag
infrastrukturasyny kämilleşdirmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. Bu bolsa
“Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji
ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda” bellenilen
wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylýandygyna şaýatlyk edýär. Berkarar döwletiň
täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Diýarymyzyň çar künjeginde medeni-durmuş,
önümçilik maksatly desgalaryň gurlup ulanmaga berilmegi milli ykdysadyýetimiziň
kuwwatynyň aýdyň görkezijisidir. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet
syýasatynda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlandyrylmagyna
möhüm ähmiýet berilýär.
Häzirki
wagtda ýerli çig malyň binýadynda öndürilýän önümleriň möçberini artdyrmak
maksady bilen, gurluşyk we senagat toplumynyň düzümindäki önümçilik desgalaryny
döwrebaplaşdyrmak, importyň ornuny tutýan, eksport ugurly önümleri öndürýän
täze önümçilikleri döretmek boýunça yzygiderli işler durmuşa geçirilýär. Şunuň
bilen bir hatarda, ýurdumyzyň ýol-ulag düzümini kämilleşdirmek, täze halkara
ulag geçelgelerini döretmek babatda iri taslamalar amala aşyrylýar. Şonuň
netijesinde, häzirki döwrüň ýokary talaplaryna laýyk gelýän awtomobil
ýollarynyň ösen ulgamy kemala getirildi.
...Irden
paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi
adamlary ugratdylar. Birnäçe wagtdan hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowyň uçary Daşoguz şäheriniň Halkara howa menziline gelip gondy.
Bu
ýerde döwlet Baştutanymyz mähirli garşylanyldy.
Arkadagly
Gahryman Serdarymyz welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly
çykyşlaryna tomaşa etdi.
Aýdym-sazly
çykyşlar tamamlanandan soňra, döwlet Baştutanymyz dabaranyň geçirilýän ýerine
ugrady.
Şanly
waka mynasybetli bu ýere Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasarlary, ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň
ýolbaşçylary, Daşoguz welaýatynyň häkimi, köp sanly myhmanlar ýygnandylar.
Dabara gatnaşyjylar uly ruhubelentlik bilen hormatly
Prezidentimizi mübäreklediler. Medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly
çykyşlary dabaranyň şowhunyny has-da artdyrdy.
Döwlet
Baştutanymyz ýörite gurnalan mejlisler zalyna baryp, täze desgalaryň açylyş we
düýbüniň tutulyş dabaralary mynasybetli çykyş etdi.
Arkadagly
Gahryman Serdarymyz dabara gatnaşyjylara ýüzlenip, şu gün ýurdumyzyň Daşoguz
welaýatynda möhüm ähmiýetli desgalaryň — Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň,
senagat pagta çigidini gaýtadan işleýän ösümlik ýag kärhanasynyň hem-de azotly
dökünleri öndürýän täze toplumyň düýbüni tutmak dabarasynyň geçirilýändigini,
şeýle hem şu gün Balkan welaýatynda Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan
awtomobil ýolunyň Garabogaz — Gazagystan böleginiň açylyp ulanmaga
beriljekdigini belledi hem-de hemmeleri täze desgalaryň düýbüni tutmak we
ulanmaga bermek dabarasy bilen gutlady.
Bellenilişi
ýaly, parasatly pederlerimiz ýol çekmegi, köpri gurmagy döwletlilik hasaplap,
ony asylly ýörelgä öwrüpdirler. Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolan Türkmenistanda
häzirki wagtda bu asylly işler mynasyp dowam etdirilýär. «Berkarar döwletiň täze
eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady
taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Netijede, täze awtomobil ýollary, köprüleri yzygiderli gurlup ulanmaga
berilýär, awtomobil ýollary ulgamynyň işi kämilleşdirilýär.
Döwlet
Baştutanymyz şu gün Demirgazyk — Günorta ugry boýunça amatly ulag geçelgesi
hasaplanýan Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň gurluşygyna badalga
berilýändigini aýdyp, ýurdumyzyň demirgazyk künjegini paýtagtymyz bilen
birleşdirýän Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň gurulmagynyň üstaşyr ulag
geçelgelerini ösdürmäge, gatnawlaryň howpsuzlygyny üpjün etmäge ýardam
berjekdigini, şeýle hem goňşy döwletleriň arasynda haryt dolanyşygynyň, ulag we
ýolagçy gatnawlarynyň möçberini has-da artdyrjakdygyny nygtady.
Umumy
uzynlygy 550 kilometre golaý bolan bu ýolda ýolagçylar we sürüjiler üçin ähli
şertler dörediler. Täze awtomobil ýoly sanly ulgam arkaly dolandyrylýan
döwrebap ýol gözegçilik enjamlary bilen üpjün ediler. Täze ýoluň ugrunda
uzynlygy 812 metr bolan täze häzirki zaman awtomobil köprüsi hem gurlar. Şeýle
hem bar bolan 9 sany awtomobil köprüsi doly döwrebaplaşdyrylar.
Nygtalyşy
ýaly, geçen ýyl Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň serhedine barýan
awtomobil ýolunyň düýbi tutuldy. Bu gün bolsa bu möhüm ähmiýetli ýoluň uzynlygy
44 kilometr bolan Garabogaz — serhetýaka bölegi açylyp ulanmaga berilýär.
Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesiniň aýrylmaz bölegi bolan bu
ýol-ulag düzümi halkara ähmiýetli ulag ugurlarynyň möhüm bölegine öwrüler.
Düýn Daşoguz welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynda kuwwatlylygy ýylda 60 müň
tonna senagat pagta çigidini gaýtadan işlemäge we ösümlik ýagyny öndürmäge
niýetlenen döwrebap kärhananyň hem düýbi tutulýar. Kärhanada ösümlik ýagyny
öndürmek pudagynda uly tejribä eýe bolan halkara kompaniýalaryň döwrebap
enjamlary ornaşdyrylar. Bu bolsa kärhananyň halkara hil talaplary esasynda
işlemegini üpjün edip, ýokary hilli pagta ýagyny öndürmäge mümkinçilik berer.
Döwrebap kärhananyň işe girizilmegi bilen, bu ýerde 250-ä golaý adamyň zähmet
çekmegi üçin ähli şertler dörediler.
Hormatly
Prezidentimiz ýurdumyzda senagat ulgamyny innowasion esasda ösdürmäge möhüm
ähmiýet berilýändigini, ýakynda bolsa «Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň
2030 — 2045-nji ýyllar üçin milli Strategiýasynyň» kabul edilendigini belläp,
häzirki wagtda ýurdumyzda eksporta niýetlenen önümçilikleriň döredilýändigini,
dürli görnüşli we ýokary hilli önümleriň möçberiniň yzygiderli
artdyrylýandygyny aýtdy.
Bellenilişi
ýaly, himiýa senagaty hem ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolup
durýar. Pudagy ösdürmek üçin ýurdumyzda giň gerimli işler alnyp barylýar. Uly
möçberli maýa goýumlar özleşdirilip, iri taslamalar amala aşyrylýar. Önümçilige
döwrebap tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar. Häzirki döwürde ýurdumyzyň himiýa
senagatynda birnäçe iri kärhanalar netijeli işleýär. Şol kuwwatly kärhanalarda
ýerli çig mallary ulanmaga möhüm ähmiýet berilýär. Şu gün Daşoguz welaýatynda
düýbi tutulýan täze himiýa desgasy hem uly möçberli maýa goýum taslamalarynyň
biri bolup durýar. Täze toplumyň önümçiliginde Ýewropanyň we Aziýanyň
öňdebaryjy kompaniýalarynyň kämil tehnologiýalary ornaşdyrylar. Bu bolsa
ekologiýa taýdan arassa önümçilik işini ýola goýmaga ýardam eder.
Döwrebap
toplum ýylda 350 müň tonna karbamid we 350 müň tonna ammiak selitra dökünlerini
öndürmäge niýetlenendir. Bu toplumda öndüriljek dökünler ýurdumyzyň oba hojalyk
sarp edijileriniň isleglerini doly kanagatlandyrar. Şeýle hem daşary ýurtlara
eksport ediler. Bu ýerde bir müňden gowrak täze iş orunlary dörediler. Zähmet
çekjek hünärmenleriň köp sanlysy daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde
okadylyp, olaryň işlemegi üçin ähli zerur şertler dörediler. Umuman, döwrebap
azotly dökünleri öndürýän toplumyň gurulmagy ýurdumyzyň himiýa senagatyny mundan
beýläk-de ösdürmäge uly goşant goşar.
“Ýurdumyzyň
beýleki welaýatlary bilen bir hatarda Daşoguz welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu ýerde
kuwwatly senagat kärhanalary, medeni-durmuş maksatly binalar we desgalar
yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär” diýip, döwlet Baştutanymyz belledi hem-de
geljekde hem Garaşsyz Diýarymyzyň sebitlerini ösdürmek boýunça alnyp barylýan
işleriň dowam etdiriljekdigini aýtdy. Hormatly Prezidentimiz çykyşynyň ahyrynda
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda
Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň, senagat pagta çigidini gaýtadan işleýän
ösümlik ýag kärhanasynyň hem-de azotly dökünleri öndürýän täze toplumyň
düýbüniň tutulmagy, şeýle hem Garabogaz — serhetýaka awtomobil ýolunyň açylyp
ulanmaga berilmegi bilen hemmeleri tüýs ýürekden gutlady hem-de berk jan
saglygyny, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw
etdi.
Hormatly
Prezidentimiziň çykyşy şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy.
Soňra
sanly ulgam arkaly göni aragatnaşykda Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan
awtomobil ýolunyň Garabogaz — Gazagystan böleginiň açylyş dabarasy boldy.
Balkan
welaýatyndan Hormatly il ýaşulusy A.Begjanow sanly ulgam arkaly çykyş edip,
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ulag we
aragatnaşyk ulgamynyň uly ösüşleri başdan geçirýändigini, ata-babalarymyzyň
«Ýol salan sogap gazanar», «Ýoly bar ýurduň ýagty geljegi bar» ýaly asylly
ýörelgeleriniň hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen barha
rowaçlanýandygyny belledi. Nygtalyşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary
esasynda we hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz
dost-doganlygyň mekanyna, parahatçylyk köprüsine öwrüldi. Geçen ýyl döwlet
Baştutanymyzyň ak pata bermegi bilen düýbi tutulan Türkmenbaşy — Garabogaz —
Gazagystan awtomobil ýolunyň Garabogaz — serhetýaka böleginiň şu gün dabaraly
ýagdaýda açylyp ulanmaga berilmegi bedew batly Watanymyzyň taryhyna altyn harplar
bilen ýazyljak şanly wakadyr. Bu ýol diňe bir iki goňşy döwleti däl, eýsem,
sebitleri birleşdirjek, söwda-haryt dolanyşygyny, ulag we ýolagçy gatnawlaryny
ösdürjek dostluk ýoly bolar.
Şunuň
bilen baglylykda, A.Begjanow döwlet Baştutanymyzdan Garabogaz — serhetýaka
awtomobil ýolunyň açylyşyna ak pata bermegini haýyş etdi.
Döwlet
Baştutanymyz täze ýoluň açylyş dabarasyna ak pata berdi.
Şol
pursat şowhunly aýdym-sazlar ýerine ýetirilip, dabara gatnaşýan hormatly
ýaşulular toý bagyny kesdiler.
Soňra
täze awtomobil ýolunyň ulanmaga berilmegini beýan edýän wideoşekil görkezildi.
Demirgazyk
— Günorta halkara ulag geçelgesiniň möhüm bölegi bolan Türkmenbaşy — Garabogaz
— Gazagystan awtomobil ýolunyň Garabogaz — serhetýaka böleginiň umumy uzynlygy
44 kilometre deňdir. Ýer düşeginiň ini 27,5 metre deň bolan bu döwrebap
awtomobil ýolunyň gatnaw bölegi her biriniň ini 9 metr bolan iki ugurdan
ybaratdyr. Ýoluň howpsuzlygyny we amatlylygyny üpjün etmek maksady bilen, 3,5
metrlik bölüji zolak hem-de her tarapynda ini 3 metr bolan ýol gyralary göz
öňünde tutulypdyr. Ýoluň gurluşygy halkara standartlara laýyklykda ýerine
ýetirilip, onuň esasy gatnaw bölegi toprak gatlagynyň we geotekstiliň üstünden
20 santimetrlik iki sany iri däneli çagyl-çäge, 10 santimetrlik ownuk däneli
çagyl garyndylary, şeýle hem 8 santimetrlik öýjükli, 7 santimetrlik iri däneli
hem-de 5 santimetrlik dykyz ownuk däneli gyzgyn asfaltbeton gatlaklaryndan
ybaratdyr. Bölüji zolakda bolsa toprak gatlagynyň üstünden 15 santimetrlik
owradylan çagyl garyndysy we 10 santimetrlik ownuk däneli gyzgyn asfaltbeton
gatlagy düşelip, ýol infrastrukturasynyň durnuklylygy üpjün edilýär.
Soňra
täze düýbi tutuljak Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýoly barada taýýarlanan
animasion wideofilm görkezildi.
Aşgabat
şäheriniň görküne görk goşýan Oguz han suw çüwdürimler toplumyndan başlanýan
Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň umumy uzynlygy 546 kilometre deňdir. Ulag
durnuklylygyny we ýokary tizligi üpjün etmek maksady bilen, ýol dört tapgyra
bölünip, iň kämil ykdysady-tehniki görkezijileriň esasynda gurlar. Onuň 1-nji
böleginiň, ýagny 0 — 9-njy kilometr aralygynyň ýer düşeginiň ini 65 metr bolup,
jemi 8 zolakdan ybaratdyr. Bu ýerde iki taraplaýyn pyýada ýollary, gök zolaklar
we ýanýollar göz öňünde tutulandyr. Ýoluň 9 — 48-nji hem-de 527 — 546-njy
kilometr aralyklarynyň ýer düşeginiň ini 34 metr bolup, 6 hereket zolagyndan
ybaratdyr. 48 — 527-nji kilometr aralygynda bolsa ýoluň ini 26,5 metr bolup, 4
hereket zolagyna bölünendir. Ýoluň ugrunda ýolagçylaryň we sürüjileriň rahatlygy
üçin ähli şertler göz öňünde tutulypdyr.
Taslamanyň
dowamynda öň bar bolan jemi 9 sany köpriniň durky täzelener. Şeýle hem
“Naýzalydepiz” oýtumynda uzynlygy 812 metr, ini 25 metr bolan 2 gatnawly
awtomobil köprüsi we onuň 2 kilometrlik eltiji ýollary, ýoluň ugrunda döwrebap
we oňaýly 136 sany awtobus duralgasy hem-de 13 sany awtoduralga meýdançasy
gurlar. Mundan başga-da, ýol hereketiniň kadaly we howpsuz bolmagyny üpjün
etmek maksady bilen, polisiýanyň ýol gözegçilik nokatlarynyň 7-si gurlar hem-de
döwrebap wideogözegçilik we tizlik ölçeýji ulgamlary ornaşdyrylar.
Soňra
döwlet Baştutanymyz ýaş nesliň wekilleriniň haýyşy boýunça täze awtomobil
ýolunyň düýbüniň tutulmagy mynasybetli ýadygärlik ýazgy galdyrdy.
Soňra
Daşoguz welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynda ýylda 60 müň tonna senagat pagta
çigidini gaýtadan işlejek ösümlik ýag kärhanasy barada taýýarlanan animasion
wideofilm görkezildi.
Umumy
meýdany 122 müň 500 inedördül metr bolan önümçilik desgasy bir gije-gündizde
600 tonna çig mal kabul etmäge ukyply bolup, kabul edilen çig mal ilkinji
tapgyrda kärhananyň barlaghanasynda barlagdan geçirilýär we çig mal
ammarlarynda toplanýar. Kärhanadaky sykma bölümi günde 200 tonna çig maly
gaýtadan işlemäge niýetlenendir. Sykma bölüminden çykan çig ýag arassalamak we
hilini gowulandyrmak üçin rafinasiýa bölümine iberilýär. Rafinasiýa bölüminiň
kuwwatlylygy bir gije-gündizde 50 tonna çig ýagy arassalamaga mümkinçilik
berýär.
Kärhanada
öndürilen ekologiýa taýdan arassa, ýokary hilli ýag guýma we gaplama binasyna
ugradylýar. Bu binada dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrylyp, bir
ýylda jemi 9 milliona golaý 1 litr göwrümdäki plastik gaplara guýlan ýag
öndürmäge mümkinçilik berýär. Täze kärhana içerki bazarda haryt bolçulygyny
üpjün etmäge, ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny berkitmäge hem-de ýerli önümçiligi
ösdürmäge uly goşant goşar.
Soňra
hormatly Prezidentimiz senagat pagta çigidini gaýtadan işleýän ösümlik ýag
kärhanasy barada ýadygärlik ýazgy galdyrdy.
Soňra
Garaşsyzlyk etrabynyň çäginde ýylda 350 müň tonna karbamid we 350 müň tonna
ammiak selitra dökünlerini öndürjek täze toplumyň düýbüni tutmak dabarasynda
çykyş etmek üçin «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar
geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyga söz berildi.
Işewür
hemmeleri mübärekläp, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan toplumlaýyn
işleriň netijesinde hem-de hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ata
Watanymyz Türkmenistanyň ähli ugurlarda uly üstünliklere ýetip, durnukly ösüş
ýoly bilen ynamly öňe barýandygyny belledi. Nygtalyşy ýaly, ýurdumyzyň
ykdysadyýetiniň uzak möhletli ösüş maksatlaryna laýyklykda, himiýa senagatyny
ösdürmäge, onuň önümçilik kuwwatyny artdyrmaga we milli ykdysadyýetde eýeleýän
ornuny has-da pugtalandyrmaga gönükdirilen giň gerimli maýa goýumlary
özleşdirmek işleri yzygiderli durmuşa geçirilýär.
Türkmenistanyň
himiýa senagatyny mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara
laýyklykda, öňdebaryjy halkara tejribäni, innowasion tehnologiýalary hem-de
ylmy-tehniki gazanylanlary giňden ornaşdyrmak möhüm ähmiýete eýe bolýar. Şunuň
bilen baglylykda, ýokary goşmaça gymmaty bolan bäsdeşlige ukyply himiki
önümleriň önümçiligini giňeltmek, tebigy baýlyklary we ýerli çig mal
serişdelerini netijeli peýdalanmak arkaly himiýa senagatynyň kuwwatyny
pugtalandyrmak ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde kesgitlenýär. Bu
maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmegiň çäklerinde Türkmenistan himiýa
senagatynyň durnukly ösüşini üpjün etmäge, pudaga öňdebaryjy tehnologiýalary we
innowasion çözgütleri giňden ornaşdyrmaga, şeýle hem özara tejribe we bilim
alyşmalaryny işjeňleşdirmäge aýratyn ähmiýet berýär.
Ahmet
Çalyk şu günki dabara hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynyň ähmiýetini belläp,
ýurdumyzyň ykdysady taýdan has-da ösmegine, senagat kuwwatynyň artmagyna oňyn
täsirini ýetirjek bu täze desganyň gurluşygynyň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasyna
ynanylandygy üçin döwlet Baştutanymyza we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden
hoşallyk bildirdi hem-de «GAP Inşaat» gurluşyk kompaniýasynyň Germaniýanyň
«ThyssenKrupp Uhde GmbH» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda bu desganyň gurluşygyny
halkara standartlara laýyklykda amala aşyrjakdygyna hem-de taslamany ösen
tehnologiýalaryň, innowasion çözgütleriň we ekologiýa taýdan arassa
çemeleşmeleriň esasynda durmuşa geçirjekdigine ynandyrdy.
Soňra
German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň ýerine ýetiriji direktory Mihael
Harms çykyş edip, Daşoguz welaýatynda geçirilýän şeýle möhüm waka gatnaşmagyň
özi üçin uly mertebedigini belledi hem-de ýolbaşçylyk edýän komitetiniň adyndan
Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň hem-de häzirki zaman senagat ösüşiniň berk
binýadyny goýan Gahryman Arkadagymyza, bu özgertmeleri üstünlikli dowam edýän
hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Bellenilişi
ýaly, Türkmenistan Garaşsyzlyk ýyllarynyň dowamynda Germaniýa bilen ýakyn
hyzmatdaşlyk alyp barýar. Şol ýyllaryň dowamynda nemes kompaniýalary
Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynda iş alyp barmak bilen,
öňdebaryjy tehnologiýalary, senagat enjamlaryny ornaşdyrmak we durnukly
infrastrukturany ösdürmek işine uly goşant goşup gelýärler. Häzirki wagtda
german-türkmen ykdysady gatnaşyklary ýokary derejelere çykarylyp, şu günki täze
desganyň düýbüni tutmak dabarasy hem ikitaraplaýyn gatnaşyklary
pugtalandyrmakda hem-de umumy ykdysady üstünlikleri berkitmekde ýene-de bir
möhüm tapgyr bolar. Daşoguzdaky toplumda «ThyssenKrupp Uhde GmbH»
kompaniýasynyň ammiak, karbamid we ammiak selitrasyny öndürmek boýunça dünýäde
meşhur bolan tehnologiýalary ornaşdyrylar. Bu öňdebaryjy çözgütler
serişdelerden iň ýokary derejede netijeli peýdalanmagy hem-de içki bazaryň
talaplaryny kanagatlandyrmak üçin ýokary hilli dökünleriň öndürilmegini üpjün
edýär.
Mihael
Harms bu möhüm senagat taslamasynyň ähmiýetini belläp, onuň gurluşygyna badalga
berilýändigi üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza ýene-de bir
gezek hoşallyk bildirdi.
Soňra
Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «ThyssenKrupp Uhde GmbH» kompaniýasynyň baş
ýerine ýetiriji direktory hanym Nadýa Hokanssona söz berildi. Ol Türkmenistanda
ammiak selitrasyny we karbamid öndürýän toplumyň düýbüni tutmak dabarasyna
gatnaşmagyň we bu ýerde çykyş etmegiň özi üçin uly hormatdygyny belläp,
«ThyssenKrupp Uhde GmbH» kompaniýasynyň adyndan şeýle möhüm dabara gatnaşmaga
döredilen mümkinçilik üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallygyny
beýan etdi.
Işewür
zenan döwlet Baştutanymyzyň goldawy bilen durmuşa geçirilýän bu döwrebap
önümçilik toplumynda wekilçilik edýän kompaniýasynyň iň kämil inženerçilik we
tehnologik çözgütleriniň ulanyljakdygyny belläp, bu innowasiýalaryň energiýa we
serişde tygşytlamaga, munuň netijesinde bolsa önümçiligiň netijeliligini
ýokarlandyrmaga hem-de daşky gurşawa ýetirilýän täsiri peseltmäge ýardam
edýändigini aýtdy.
Nadýa
Hokansson şu gün Türkmenistanyň senagat ulgamyny ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe
boljak iri önümçilik toplumynyň gurluşygyna badalga berilýändigini belläp,
«ThyssenKrupp Uhde GmbH» kompaniýasynyň bu taslamanyň üstünlikli durmuşa
geçirilmegini üpjün etmek üçin öz öňdebaryjy tehnologiýalaryny we inženerçilik
tejribesini hödürlemäge taýýardygyny tassyklady.
Daşoguz
welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynyň çäginde ýylda 350 müň tonna karbamid we 350
müň tonna ammiak selitra dökünlerini öndürjek täze toplum barada taýýarlanan
animasion wideofilm görkezildi.
Toplumyň
önümçiliginiň esasy çig maly tebigy gaz bolup, onuň deslapdan bir ýylda 630
million kub metr möçberini sarp etmek göz öňünde tutulýar. Täze taslamada
dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň tehnologiýalary ulanylar hem-de energetika
üpjünçiligi ornaşdyrylan turbina generatorlary bilen üpjün ediler. Toplumda öndüriljek
karbamid hem-de ammiak selitra dökünleri ýurdumyzyň içerki sarp edijileriniň
isleglerini doly kanagatlandyrmaga gönükdirilendir. Şeýle hem täze toplumda
öndüriljek karbamidiň agramly bölegi daşary ýurtlara eksport ediler. Mundan
başga-da, toplumda 1 müňden gowrak täze iş orunlarynyň döredilmegine
garaşylýar. Bu bolsa Daşoguz welaýatynyň ilatynyň iş bilen üpjünçiligini
ýokarlandyrmaga itergi berer.
Wideofilm
tamamlanandan soňra hormatly Prezidentimiz körpeleriň haýyşy boýunça täze
toplum barada ýadygärlik ýazgy galdyrdy.
Soňra
döwlet Baştutanymyz azotly dökünleri öndürjek täze toplumyň düýbüniň tutuljak
ýerine geldi.
Ýaş
nesliň wekili hormatly Prezidentimizden täze toplumyň düýbüni tutup bermegini
haýyş etdi hem-de gol çekilen sene ýazgyly gutyny gowşurdy.
Arkadagly
Gahryman Serdarymyz täze toplumyň binýadyna ýadygärlik ýazgyly gutujygy oklady
hem-de pil bilen ilkinji beton garyndysyny guýup, onuň gurluşygyna badalga
berdi. Döwlet Baştutanymyzyň göreldesine eýerip, dabara gatnaşyjylar hem
toplumyň düýbüne beton garyndysyny atdylar.
Soňra
döwlet Baştutanymyz senagat pagta çigidini gaýtadan işleýän ösümlik ýag
kärhanasynyň düýbüni tutmak dabarasynyň geçirilýän ýerine geldi. Bu ýerde
ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.
Ýaş
nesliň wekili hormatly Prezidentimizden senagat pagta çigidini gaýtadan işleýän
ösümlik ýag kärhanasynyň düýbüni tutup bermegini haýyş etdi hem-de gol çekilen
sene ýazgyly gutyny gowşurdy.
Ýadygärlik
ýazgy galdyrylan gutujyk ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda täze
toplumyň binýadyna atyldy. Hormatly Prezidentimiz düýbi tutulýan desganyň
binýadyna ilkinji beton garyndysyny atdy. Dabara gatnaşýan hormatly ýaşulular
hem döwlet Baştutanymyzyň göreldesine eýerip, desganyň binýadyna beton garyndysyny
atdylar.
Soňra
hormatly Prezidentimiz bu ýerden Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň düýbüniň
tutuljak ýerine geldi.
Arkadagly
Gahryman Serdarymyz ýaş nesliň wekiliniň haýyşy boýunça täze awtomobil ýolunyň
düýbüniň tutulmagy mynasybetli ýadygärlik ýazgy galdyrylan gutujygy hem-de
ilkinji beton garyndysyny ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda
gurluşyk meýdançasynyň binýadyna atdy we bu başlangyja ak pata berdi.
Bu
ýerde Watanymyzy we täze taryhy döwrümiziň ägirt uly özgertmelerini wasp edýän
aýdym-sazlar ýaňlandy.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary ähli dabara gatnaşyjylaryň
adyndan şu günki möhüm wakalar bilen hormatly Prezidentimizi, Gahryman
Arkadagymyzy tüýs ýürekden gutladylar hem-de bu möhüm taslamalaryň halkymyzyň
abadançylygynyň bähbidine gönükdirilen durmuş ugurly döwlet syýasatynyň
üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň beýanydygyny bellediler.
Döwlet
Baştutanymyz gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, dabara gatnaşyjylar bilen
mähirli hoşlaşdy we bu ýerden Daşoguz şäheriniň Halkara howa menziline ugrady.
Hormatly
Prezidentimiziň uçary Halkara howa menzilinden paýtagtymyza tarap ugur aldy.
Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi
adamlary mähirli garşyladylar.
Şeýlelikde,
Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň, Garaşsyzlyk etrabynda ýylda 60 müň tonna
senagat pagta çigidini gaýtadan işlejek ösümlik ýag kärhanasynyň hem-de ýylda
350 müň tonna karbamid we 350 müň tonna ammiak selitra dökünlerini öndürjek
täze toplumyň düýbüni tutmak, şeýle hem Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystan
awtomobil ýolunyň Garabogaz — serhetýaka böleginiň açylyş dabaralary ýurdumyzyň
durnukly durmuş-ykdysady ösüşinde täze tapgyry alamatlandyrmak bilen, hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda halkymyzyň
abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen giň möçberli özgertmeleriň
üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň subutnamasy boldy.
***
Daşoguz
şäheriniň «Türkmeniň ak öýi» binasynyň köpçülikleýin dabaraly çäreleriň
geçirilýän binasynda welaýatyň Garaşsyzlyk etrabynda hormatly Prezidentimiziň
gatnaşmagynda bolan dabaralar mynasybetli toý sadakasy berildi.
tdh.gov