03.11.2026
Düýn hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam
arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de
welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Ilki
bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Häkim welaýatda dowam
edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda welaýatda ýetişdirilen pagta hasylyny soňky hanasyna çenli
ýitgisiz ýygnap almak boýunça zerur işler geçirilýär. Welaýatda bugdaý ekişi
tamamlaýjy tapgyrda dowam edip, möwsümde oba hojalyk tehnikalary doly güýjünde
işledilýär. Ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwy tutulýar. Bu işler bilen
bir hatarda, welaýatda güýzlük ýeralma, gök-bakja we beýleki oba hojalyk
ekinleri ekilen meýdanlarda ideg etmek, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak we
ilata ýetirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Şeýle
hem häkim welaýatdaky edara-kärhanalaryň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň we
beýleki medeni-durmuş maksatly desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş
ulgamlaryny kadaly işletmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Mundan
başga-da, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, onuň gözel tebigatyny has-da
baýlaşdyryp, tokaý zolaklaryny döretmek maksady bilen geçiriljek Ählihalk bag
ekmek dabarasyna hem-de Hasyl toýy mynasybetli baýramçylyk çärelerine taýýarlyk
görlüşi barada aýdyldy.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba
hojalyk işleriniň ýokary hilli we guramaçylykly alnyp barylmagynyň zerur talap
bolup durýandygyny belledi we şunuň bilen baglylykda, pagta hasylyny soňky
hanasyna çenli ýygnap almak, bugdaý ekişini öz wagtynda tamamlamak babatda
häkime anyk tabşyryklary berdi.
Şeýle
hem döwlet Baştutanymyz ählihalk bag ekmek dabarasyna gowy taýýarlyk görmegiň,
Oba milli maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli ýerine
ýetirmegiň möhümdigini belledi we birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra
Balkan welaýatynyň häkimi R.Jumaýew welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba
hojalyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, şu günler welaýatda ýetişdirilen pagta hasylyny soňky hanasyna çenli
ýitgisiz ýygnap almak we ýygymyň depginini güýçlendirmek boýunça zerur çäreler
görülýär. Şunuň bilen birlikde, welaýatda bugdaý ekişini agrotehniki
möhletlerde tamamlamak üçin degişli işler alnyp barylýar. Ekiş geçirilen
meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär.
Hormatly
Prezidentimiziň gök-bakja önümleriniň öndürilýän möçberlerini yzygiderli
artdyrmak barada berýän tabşyryklaryndan ugur alnyp, welaýatda güýzlük ekilen
ýeralma we beýleki oba hojalyk ekinlerine ideg etmek bilen bir hatarda,
ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri utgaşykly alnyp barylýar. Şunuň bilen
birlikde, welaýatyň çägindäki bilim, medeniýet, dolandyryş, jemgyýetçilik we
ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlary möwsümleýin işe girizilip, olary kadaly
işletmek boýunça zerur çäreler görülýär.
Mundan
başga-da, häkim welaýatda ählihalk bag ekmek dabarasyny hem-de Hasyl toýuny
guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada hasabat
berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatda ýetişdirilen pagta hasylyny ýitgisiz
ýygnap almak, bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde we ýokary hilli geçirmek
üçin ähli zerur işleriň ýerine ýetirilmelidigini belledi hem-de bu babatda
häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi. 7-nji noýabrda geçiriljek ählihalk bag
ekmek dabarasyna taýýarlyk görmek, welaýatda alnyp barylýan gurluşyk işlerini
gözegçilikde saklamak babatda hem degişli tabşyryklar berildi.
Soňra
Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk
işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hasabatda
bellenilişi ýaly, welaýatda pagta ýygymy guramaçylykly dowam edip, ýetişdirilen
hasyly ýitgisiz ýygnap almak boýunça zerur çäreler görülýär. Möwsümde oba
hojalyk tehnikalary doly güýjünde işledilip, hasyl kabul ediş harmanhanalarynda
bökdençsiz kabul edilýär. Şeýle hem welaýatda bugdaý ekişini gysga wagtda we
ýokary hilli geçirmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. Ekiş geçirilen
ýerlerde kadaly gögeriş alynýar.
Bu
işler bilen bir hatarda, welaýatda şalynyň, şeýle hem güýzlük gök-bakja we
beýleki oba hojalyk ekinleriniň hasylyny ýygnap almak boýunça degişli işler
alnyp barylýar. Welaýatda medeni-durmuş, jemgyýetçilik we ýaşaýyş jaýlarynyň
ýyladyş ulgamlary işe girizilip, olary kadaly işletmek boýunça zerur çäreler
görülýär.
Şeýle
hem häkim welaýatda ählihalk bag ekmek dabarasyny hem-de bereketli türkmen
topragyny dabaralandyrýan Hasyl toýuny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek
boýunça görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, ýygymyň depginini
güýçlendirmek, bugdaý ekişini talabalaýyk we agrotehniki möhletlerde geçirmek
babatda häkime anyk tabşyryklary berdi.
Şeýle
hem döwlet Baştutanymyz ählihalk bag ekmek dabarasyny guramaçylykly geçirmek
üçin gowy taýýarlyk görmegi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge
gönükdirilen maksatnamalaryň çäklerinde şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga
berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň
ýokary hilli we öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra
Lebap welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba
hojalyk işleri barada hasabat berdi.
Hasabatda
bellenilişi ýaly, welaýatda daýhan yhlasy bilen ýetişdirilen pagta hasylyny
soňky hanasyna çenli ýygnap almak hem-de Watan harmanyna tabşyrmak işleri alnyp
barylýar. Möwsümde oba hojalyk tehnikalary we gurallary netijeli işledilýär.
Welaýatda bugdaý ekişi dowam edip, ekiş geçirilen ýerlerde agrotehnikanyň
kadalaryna laýyklykda gögeriş suwy tutulýar.
Hormatly
Prezidentimiziň ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak baradaky
tabşyryklaryndan ugur alnyp, welaýatda ýetişdirilen şalynyň, gök-bakja we
beýleki oba hojalyk ekinleriniň hasylyny ýygnap almak işleri geçirilýär.
Şeýle
hem häkim welaýatdaky bilim, medeniýet, jemgyýetçilik edaralarynyň, ýaşaýyş
jaýlarynyň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek üçin durmuşa geçirilýän çäreler
hem-de ählihalk bag ekmek dabarasyna we Hasyl toýuna taýýarlyk görlüşi barada
hasabat berdi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzirki wagtda oba hojalygynda dowam edýän
agrotehniki çäreleriň ýokary hilli we guramaçylykly geçirilmeginiň möhümdigini
belledi we şunuň bilen baglylykda, häkime welaýatda ýetişdirilen pagta hasylyny
ýitgisiz ýygnap almak, bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde tamamlamak üçin
ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz
ählihalk bag ekmek dabarasyna talabalaýyk taýýarlyk görmegi, şeýle hem
welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly
desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde
saklamagy tabşyrdy.
Soňra
Mary welaýatynyň häkimi B.Orazgylyjow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba
hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň çäklerinde
ýetişdirilen pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, pagta ýygymynda ulanylýan
oba hojalyk tehnikalaryny doly güýjünde işletmek boýunça zerur çäreler
görülýär. Şeýle hem welaýatda geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişi dowam
edýär. Ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş suwy öz wagtynda tutulyp, kadaly gögeriş
alynýar. Şunuň bilen birlikde, welaýatda gant şugundyrynyň hasylyny ýygnap
almaga taýýarlyk işleri alnyp barylýar.
Welaýatyň
ekerançylyk meýdanlarynda ýetişdirilen gök-bakja we beýleki oba hojalyk
ekinlerini ýygnap almak hem-de ilata ýetirmek boýunça degişli işler geçirilýär.
Häzirki wagtda welaýatyň çägindäki medeni-durmuş, jemgyýetçilik binalarynda,
ýaşaýyş jaýlarynda ýyladyş ulgamlary kadaly işledilýär.
Şeýle
hem häkim ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça öňde goýlan wezipelere
laýyklykda, welaýatda ählihalk bag ekmek dabarasyny, şeýle hem Hasyl toýuny
guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada hasabat
berdi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzirki wagtda oba hojalygynda ýaýbaňlandyrylan
möwsümleýin işleriň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we şunuň bilen baglylykda,
häkime welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan agrotehniki çäreleri,
hususan-da, pagta ýygymyny we bugdaý ekişini ýokary hilli geçirmek üçin ähli
zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz welaýatda
ählihalk bag ekmek dabarasyny guramaçylykly geçirmek üçin gowy taýýarlyk
görmegi hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen
maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli
ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda dowam
edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, ýurdumyzyň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işleriň çäklerinde
ýetişdirilen pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak, ýygnalan hasyly
kabul ediş harmanhanalarynda bökdençsiz kabul etmek we pagta arassalaýjy
kärhanalarda gaýtadan işlemek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen
birlikde, geljek ýylyň bugdaý hasylynyň düýbüni tutmak boýunça degişli işler
geçirilýär. Ekiş geçirilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda
gögeriş suwuny tutmak hem-de gögeriş alnan meýdanlarda ideg etmek işleri ýerine
ýetirilýär.
Ýurdumyzda
azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak barada öňde goýlan wezipelerden ugur
alnyp, welaýatlarda güýzlük ekilen azyklyk ekinleriň hasylyny ýygnap almak
hem-de ilata ýetirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Daşoguz hem-de
Lebap welaýatlarynda ýetişdirilen şaly hasylyny ýygnap almak, Mary welaýatynda
bolsa gant şugundyrynyň hasylynyň ýygymyna başlamaga taýýarlyk işleri ýerine
ýetirilýär.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň
milli ykdysadyýetimizdäki möhüm ähmiýetini belledi we şunuň bilen baglylykda,
wise-premýere häzirki wagtda ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda
ýaýbaňlandyrylan möwsümleýin işleri, hususan-da, pagta hasylyny soňky hanasyna
çenli ýygnap almak, bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde tamamlamak boýunça
alnyp barylýan işleri, şeýle hem ählihalk bag ekmek dabarasyna taýýarlyk
işlerini gözegçilikde saklamagy, ýurdumyzda giňden belleniljek Hasyl toýuna
ýokary derejede taýýarlyk görmegi tabşyrdy.
Soňra
döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki wagtda
ýurdumyzyň oba hojalygynda örän jogapkärli möwsümiň — pagta ýygymynyň we bugdaý
ekişiniň dowam edýändigini, şoňa görä-de, bu möwsümleri ýokary hilli hem-de
guramaçylykly geçirmek üçin ähli zerur çäreleri görmegiň möhümdigini belledi.
Döwlet
Baştutanymyz gyş möwsüminiň hem golaýlap gelýändigine ünsi çekip, welaýatlarda
bilim, medeniýet, dolandyryş, jemgyýetçilik we ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş
ulgamlarynyň kadaly işledilmegini üpjün etmek babatda degişli görkezmeleri
berdi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny
tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan
işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
tdh.gov