PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY
Baş sahypa

NÄDIP TSSE AGZASY BOLMALY?

    Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasyna agza bolmak - meýletindir. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň agzalygyna ministrlikler, pudak-edaralary, banklar, kärhanalar, guramalar, telekeçiler, daşary ýurt kompaniýalary, bilelikdäki kärhanalar girýär. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň agzalygyna, arzadan başga ähli resminamalar nusgalarda tabşyrylýar. Türkmenistanyň Söwda- senagat edarasynyň agzalary, agzalygy üçin giriş we her ýyllyk agzalyk gatançlaryny töleýärler.

  • Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň agzasy bolmak haýyşy bilen anyk maglumatlary görkezilen arza bilen ýüz tutmak;
  • Türkmenistanyň ýuridiki şahslarynyň ýeke-täk döwlet sanawyndan göçürme;
  • Döwlet bellige alnandygy we Bitewi döwlet sanawyna girizilendigi barada şahadatnama;
  • Kärhananyň Tertipnamasy (ýa-da edaranyň Düzgünnamasy);
  • Agzalyga giriş töleginiň töleg tabşyrygy (hemmeler üçin).

  • Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň agzasy bolmak haýyşy bilen anyk maglumatlary görkezilen arza bilen ýüz tutmak;
  • Hususy telekeçi hökmünde döwlet belligine alnandygy baradaky şahadatnama;
  • Hususy telekeçiler tarapyndan girdeji salgydynyň bellenen ululygynyň tölenendigine şaýatlyk edýän tassyknama (patent);
  • Fiziki şahsyň salgyt töleýji hökmünde hasaba goýlandygy hakynda şahadatnama;
  • Agzalyga giriş töleginiň töleg tabşyrygy.

  • Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň hakyky agzasy bolmak haýyşy bilen anyk maglumatlary görkezilen arza bilen ýüz tutmak;
  • Türkmenistanyň ýuridiki şahslarynyň ýeke-täk döwlet sanawyndan göçürme (Türkmenistanyň dahylsyzlary üçin);
  • Döwlet bellige alnandygy we Bitewi döwlet sanawyna girizilendigi barada şahadatnama (Türkmenistanyň dahylsyzlary üçin);
  • Türkmenistandaky wekilhanasy ýa-da şahamçasy barada düzgünnama;
  • Agzalyga giriş töleginiň töleg tabşyrygy.

Telefon belgileri: (+99312) 398890; 398895, 398849, 398942
E-mail: 4@cci.gov.tm

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasyna agza bolmak bilen bagly resminamalary şu ýerde ýükläp alyp bilersiňiz. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň agzalygyna Türkmenistanyň hem-de Türkmenistanda işleýän beýleki döwletleriň ýuridik we fiziki şahslary, şeýle hem birleşikleri kabul edilýär. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasyna agzasy bolmak bilen Türkmenistanyň çäklerinde we daşary ýurtlarda geçirilýän sergi- ýarmarkalary, maslahatlar barada maglumat almaga, şeýle hem bu çärelere gatnaşmaga we harytlaryňyzy, hyzmatlaryňyzy daşary ýurt bazarlarynda tanatmaga mümkinçilik döreder. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan hödürlenýän hyzmatlar telekeçiligiň ösmegine we goldawyna we işiň dogry alnyp barylmagyna goşant goşýar. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasyna agza bolmak, işiňiz üçin goşmaça durnuklylyk döreder hem-de daşary ýurt hyzmatdaşlary tapmakda ygtybarlylygyny subut etmek mümkinçiligini berer. Goşmaça maglumatlar boýunça Biz bilen habarlaşyp bilersiňiz.