2025-nji
ýylyň 5-nji iýulynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyza we Arkadag şäherine
iş saparyny amala aşyrdy. Saparyň çäginde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
gurluşyk toplumyna we Aşgabat şäherine gözegçilik edýän orunbasary
B.Annamämmedow hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda ýurdumyzda
alnyp barylýan gurluşyk işleri barada hasabat berdi we Gahryman Arkadagymyzdan
bu ugurda öz maslahatlaryny bermegini haýyş etdi.
Häzirki
döwürde Milli Liderimiziň başyny başlan giň möçberli özgertmeleriniň Arkadagly
Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýokary derejede durmuşa geçirilmegi
netijesinde, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna degişli desgalaryň, şol sanda
lukmançylyk edaralarynyň gurluşygyna we ozal bar bolanlarynyň durkunyň düýpli
täzelenilmegine möhüm ähmiýet berilýär.
Ir
säher bilen Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyzyň günorta-gündogar künjegine
geldi. Bu ýerde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow hormatly
Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda paýtagtymyzda gurulýan lukmançylyk
edaralarynyň gurluşyklary we gurulmagy meýilleşdirilýän saglyk merkezleriniň
taýýarlanylan taslamalary barada hasabat berdi. Şeýle hem wise-premýer lukman
Arkadagymyzdan ýurdumyzyň saglyk merkezleriniň işini kämilleşdirmek, Myrat
Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň
hassahanalar toplumynyň taslamalary, okuw-ylmy merkezlerde tejribeli lukmanlary
taýýarlamak, bu ugry ösdürmek babatda işlenip taýýarlanylan meýilnamalar barada
degerli maslahatlaryny bermegini haýyş etdi.
Türkmenistanyň
at gazanan arhitektory Gurbanguly Berdimuhamedow görkezilýän taslamalar we
lukmançylyk edaralarynyň ýerleşjek ýeriniň çyzgylary bilen tanşyp, olara
birnäçe belliklerini aýtdy. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda sagdyn durmuş
ýörelgeleriniň ösdürilmegine, ynsan saglygynyň berkidilmegine, çagalaryň
sazlaşykly ösüşine döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýär. Bular yzygiderli
gözegçilikde saklanmaly wezipeleriň hatarynda kesgitlenendir. Aýratyn-da,
lukmançylyk uniwersitetiniň hassahanalar toplumynyň, Indira Gandi adyndaky
lukmançylyk orta okuw mekdebiniň we bu ugurdan bilim alýan talyplaryň tejribe
toplamagynda möhüm ähmiýeti bolan okuw-usulyýet merkezleriniň taslamalarynyň taýýarlanylmagyna
hem-de gurluşyk işlerine örän jogapkärçilikli, toplumlaýyn esasda
çemeleşilmelidir. Şunda binalaryň seýsmiki ýagdaýyna zerur üns berilmelidir.
Milli Liderimiz keseli bejereniňden, onuň öňüni
almagyň has bähbitlidigini nygtady. Mälim bolşy ýaly,
ýurdumyzda 1995-nji ýylda lukman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda “Saglyk”
Döwlet maksatnamasy işlenip taýýarlanyldy. 2015-nji ýylda bolsa maksatnamanyň
rejelenen görnüşi kabul edildi. Munuň özi ýurdumyzda ynsan saglygynyň
berkidilmegine, keselleriň öňüni almaga hemmetaraplaýyn esasda
çemeleşilýändigini görkezýär.
Gahryman
Arkadagymyz Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde alnyp barylýan
işleriň häzirki döwrüň talabyny ödemeýändigini aýdyp, hormatly Prezidentimiziň
bu ugurda işleýän ýolbaşçylaryň işiniň guramaçylyk derejesine nägilelik
bildirendigini nygtady. Saglygy goraýyş ulgamyna ösen tehnologiýalar, sanly
ulgam işjeň ornaşdyrylmalydyr. Şol bir wagtyň özünde lukmanlaryň tejribe
toplamagy, hünäriniň kämilleşdirilmegi ugrunda ähli zerur tagallalar
edilmelidir. Şunuň bilen baglylykda, Halk Maslahatynyň Başlygy paýtagtymyzyň
günorta künjeginde ýerleşýän häzirki zaman saglyk merkezlerine barýan ýollaryň
ugrunda ulaglaryň sazlaşykly hereketiniň üpjün edilmelidigini belläp, bu
babatda degişli düzümler bilen bilelikde iş alyp barmagyň zerurdygyna ünsi
çekdi.
Lukman
Arkadagymyz saglyk merkezleriniň, lukmançylyk edaralarynyň döwrebap derejede
enjamlaşdyrylmagy, olarda işlejek lukmanlaryň hünär derejesiniň
ýokarlandyrylmagy we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň işjeň ýola goýulmagy
bilen baglanyşykly meselelere zerur üns berilmelidigini belledi. Munuň özi
hünärmenleriň, lukmanlaryň degişli ugurlar boýunça baý tejribe toplamagyny,
olaryň häzirki zaman saglygy goraýyş tehnologiýalaryny netijeli özleşdirmeklerini
üpjün eder.
Türkmen
halkynyň Milli Lideri Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk
uniwersitetiniň hassahanalar toplumynyň çäginde Indira Gandi adyndaky
lukmançylyk orta hünär okuw mekdebiniň gurulmagynyň we toplumyň ýanynda lukmançylyk
boýunça bilim berýän mugallymlar, aýratyn-da, ýaş mugallymlar üçin ýaşaýyş
jaýlarynyň, talyplar üçin bolsa umumy ýaşaýyş jaýynyň gurulmagynyň maksadalaýyk
boljakdygyny aýdyp, wise-premýer B.Annamämmedowa bu babatda hormatly
Prezidentimize ýüzlenmegi maslahat berdi. Bu lukmançylyk edaralarynyň bir ýerde
ýerleşmegi ýaşlaryň hünär taýdan kämilleşmegine, olaryň lukmançylyk ylmynyň
tärlerini we usullaryny özleşdirmeklerine, amaly taýdan tejribe toplamaklaryna
oňyn täsirini ýetirer.
Soňra
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy dikuçarda Arkadag şäherine tarap ugur
aldy. Uçuşyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyzyň çäklerinde bar bolan
we täze gurulýan saglyk merkezleriniň ýagdaýy, olaryň gurluşyklarynda alnyp
barylýan işleriň barşy bilen tanyşdy. Şunda ýaýbaňlandyrylan gurluşyk işleriniň
70 göterimden gowragynyň durmuş maksatly desgalardan ybaratdygyny bellemek
gerek. Munuň özi ýurdumyzda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da
ýokarlandyrylmagy ugrunda edilýän aladalaryň aýdyň netijesidir.
Soňky
ýyllarda Diýarymyzda häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän medeni-durmuş,
edara ediş, ulag-aragatnaşyk we beýleki maksatly desgalaryň gurulmagyny göz
öňünde tutýan toplumlaýyn özgertmeler maksatnamasy üstünlikli durmuşa
geçirilýär. Bu bolsa «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany
2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli
maksatnamasynyň» netijeli amala aşyrylmagyna giň ýol açýar. Lukman Arkadagymyz uçuşyň dowamynda paýtagtymyzyň
çäklerinde bar bolan binalary we saglyk merkezlerini synlady. Şunda ähli
binalaryň, şol sanda lukmançylyk edaralarynyň ýanaşyk ýerleriniň
abadanlaşdyrylmagyna zerur üns berilmelidir.
Häzirki
döwürde Milli Liderimiziň başlangyjyndan binýat bolan, “akylly” şäher
konsepsiýasy esasynda gurlan Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynda
ýaýbaňlandyrylan işler batly depginde dowam edýär. Hormatly Arkadagymyz guşuçar
belentlikden Arkadag şäheriniň çäginde gurulýan binalaryň aýratynlyklaryny,
lukmançylyk klasterine degişli önümçilik toplumlarynyň, Çeper halyçylyk
kärhanasynyň ýerleşýän ýerlerini we gurluşyk işlerine girişmek üçin
ýaýbaňlandyrylan taýýarlyklaryň barşyny synlady.
Arkadag
şäheriniň metjidiniň gurluşygynda alnyp barylýan işleriň depgini barha
ýokarlanýar. Munuň özi metjidiň gurluşygyna yhlasly, jogapkärçilikli
çemeleşilýändiginiň aýdyň beýanydyr. Haýyr işleriň we ýagşy dessurlaryň amal
bolýan binasynyň gurluşygy hil babatda häzirki zaman talaplaryna doly laýyk
gelýär.
Häzirki
döwürde ýurdumyzda halkymyzyň taryhyň dowamynda döreden dünýä nusgalyk milli
ýörelgeleri dowamata atarylýar. Asylly däp-dessurlaryň ösdürilmeginde
Diýarymyzyň dürli künjeklerinde, şol sanda Arkadag şäherinde bina edilýän
metjide möhüm ornuň degişlidigini nygtamak gerek. Gahryman Arkadagymyzyň
tagallasyndan binýat bolan täze şäher ähli görkezijiler babatda ýokary halkara
ülňülere laýyk gelýär. Bu künjegiň medeni-durmuş maksatly binalary, önümçilik
toplumlary, seýilgäh zolaklary bir bitewi sazlaşygy emele getirýär. Guşuçar
belentlikden Arkadag şäheriniň keşbi has-da gözel görünýär. Milli Liderimiziň
dikuçary täze şäheriň ýokarsyndan öwrüm edip, paýtagtymyza tarap ugur aldy.
Häzirki
wagtda paýtagtymyzyň ulag mümkinçilikleriniň gerimi barha artýar. Hormatly
Prezidentimiziň baştutanlygynda baş şäherimiziň ulag-logistika ulgamyna aýratyn
ähmiýet berlip, howa gatnawlarynda ýolagçylara döwrebap hyzmatlar
hödürlenilýär. Ýurdumyza hormatly Prezidentimiziň satyn alyp bermeginde täze
uçarlar yzygiderli gelip gowuşýar. Munuň özi ýolagçy we ýük gatnatmak işleriniň
ýygjamlaşýandygyny görkezýär.
Gahryman
Arkadagymyz paýtagtymyzyň günorta künjeginde häzirki zaman talaplaryna laýyk
gelýän we ýokary derejede enjamlaşdyrylan saglyk merkezleriniň toplumyny
synlady. Bu künjekde ýokary halkara görkezijilere kybap gelýän saglygy goraýyş
edaralary ýerleşip, olarda halkymyza ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary
hödürlenilýär. Saglygy goraýyş ulgamyna degişli desgalaryň döwrüň talaplaryna
laýyk derejede enjamlaşdyrylmagynyň, gurluşyklarda, durky täzelenilýän
desgalarda ýerine ýetirilýän işleriň häzirki zaman görkezijilerine laýyk
gelmeginiň möhüm talapdygyny belläp, Milli Liderimiziň bu işleriň şähergurluşyk
maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagynda
ähmiýetlidigine ünsi çekdi. Şol bir wagtyň özünde gurluşykda ulanylýan bezeg
serişdeleri berklik, oňaýlylyk babatda ösen talaplara doly laýyk gelmelidir.
Şeýle hem lukmanlar üçin oňaýly iş we durmuş şertleriniň döredilmegine aýratyn
ähmiýet berilmelidir.
Halk
Maslahatynyň Başlygynyň dikuçary Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk
uniwersitetiniň hassahanalar toplumynyň ýokarsyndan öwrüm etdi. Lukman
Arkadagymyz bu lukmançylyk edaralarynyň durkuny täzelemek bilen baglanyşykly
meselelere taýýarlyk görmek babatda degişli maslahatlaryny berdi.
Soňky
ýyllarda paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde häzirki zaman saglyk merkezleriniň
toplumy emele geldi. “Çoganly” ýaşaýyş toplumynyň çäginde ýerleşýän saglyk
merkezleriniň enjamlaşdyrylyşy we olarda hödürlenilýän hyzmatlar ýokary halkara
görkezijilere doly laýyk gelýär.
Milli
Liderimiz guşuçar belentlikden paýtagtymyzyň çäginde bar bolan saglyk
edaralaryny, olaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşyny synlady. Şäheriň
merkezi künjeginde ýerleşýän we ýakynda ulanmaga berlen saglyk merkezleriniň,
gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan Stomatologiýa merkeziniň Aşgabadyň
binagärlik keşbi bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirýändigini bellemek
gerek. Munuň özi şähergurluşyk maksatnamasynda durmuş maksatly binalaryň gurluşygyna
möhüm ähmiýet berilýändigini görkezýär.
Soňra
Gahryman Arkadagymyzyň dikuçary paýtagtymyzyň demirgazyk-gündogar künjeginden
aýlanyp, guşuçar belentlikden öwrüm etdi we meýdança gondy.
Türkmen
halkynyň Milli Lideriniň paýtagtymyza we Arkadag şäherine amala aşyran bu
gezekki iş sapary hem-de saparyň dowamynda beren öwüt-nesihatlary ýurdumyzyň
durmuş-ykdysady ösüşiniň has-da ýokary depginlere eýe bolmagynda möhüm badalga
bolar.
tdh.gov