24.11.2026
Düýn hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny
geçirdi. Onda ýurdumyzyň sebitlerinde we oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan
işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Ilki bilen,
Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Häkim welaýatda möwsümleýin
oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, şu günler
sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda ýetişdirilen pagta hasylyny soňky hanasyna
çenli ýitgisiz ýygnap almak boýunça işler dowam edýär. Ýygnalan hasyl kabul
ediş harmanhanalarynda, pagta arassalaýjy kärhanalarda bökdençsiz kabul edilýär.
Welaýatda geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm, topragy
mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri ýerine ýetirilýär. Bugdaý ekilen
meýdanlarda ideg etmek işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda dowam edýär.
Hususan-da, ösüş suwuny tutmak, kadaly gögeriş alnan ýerlerde mineral dökünler
bilen iýmitlendirmek işleri geçirilýär. Şeýle hem häkim ýurdumyzy ösdürmek
boýunça maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi
meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk
işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýetişdirilen pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap
almagyň, bugdaý meýdanlarynda ideg işlerini agrotehnikanyň kadalaryna
laýyklykda ýokary hilli geçirmegiň zerur talap bolup durýandygyny belledi we
häkime degişli görkezmeleri berdi. Döwlet Baştutanymyz şu ýyl welaýatda açylyp
ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk
işleriniň öz wagtynda, ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy
tabşyrdy.
Balkan
welaýatynyň häkimi R.Jumaýew sebitde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp
barlyşy barada hasabat berdi.
Hasabatda
bellenilişi ýaly, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda ýetişdirilen pagta
hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak işleri alnyp barylýar. Geljek ýylyň
hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlary ekiş möwsümine taýýarlamak üçin ýerlerde
sürüm, topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri dowam edýär. Sebitde
bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, ekiş geçirilen
meýdanlarda ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri
ýerine ýetirilýär. Şeýle-de häkim şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi
meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleri
barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň
kadalaryna laýyklykda, ýokary guramaçylyk derejesinde ýerine ýetirilmeginiň
möhüm ähmiýetini aýdyp, bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi. Döwlet
Baştutanymyz şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan
dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli, bellenen
möhletlerde ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Daşoguz
welaýatynyň häkimi D.Babaýew welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleriniň
barşy barada hasabat berdi.
Nygtalyşy
ýaly, welaýatyň gowaça meýdanlarynda pagta hasylyny soňky hanasyna çenli
ýitgisiz ýygnap almak boýunça zerur çäreler görülýär. Ýygym möwsüminde
ulanylýan kombaýnlar, beýleki oba hojalyk tehnikalary doly güýjünde işledilýär.
Ýygnalan hasyl pagta kabul ediş harmanhanalarynda bökdençsiz kabul edilýär.
Şunuň bilen birlikde, geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda
sürüm, mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri ýerine ýetirilýär. Bugdaý
ekilen meýdanlarda kadaly gögeriş alynýar. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny
pugtalandyrmak barada öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, sebitde ýetişdirilen
şaly hasylyny ýygnap almak işleri guramaçylykly dowam edýär. Mundan başga-da,
häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga
berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky
gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Arkadagly
Gahryman Serdarymyz hasabaty diňläp, ýetişdirilen pagta hasylyny ýitgisiz
ýygnap almagyň, bugdaý meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna
laýyklykda berk berjaý edilmeginiň zerurdygyny belledi we bu babatda häkime
anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady
taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga
berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň
ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Lebap
welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk
işleri barada hasabat berdi.
Hasabatda
bellenilişi ýaly, sebitde ýetişdirilen pagta hasylyny soňky hanasyna çenli
ýitgisiz ýygnap almak, kabul ediş harmanhanalaryna tabşyrmak işleri ýerine
ýetirilýär. Geljek ýylyň pagta hasylynyň düýbüni tutmak üçin gowaça ekiljek
meýdanlary sürmek, topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri alnyp
barylýar. Bugdaý ekilen meýdanlarda ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen
iýmitlendirmek işleri geçirilýär. Şeýle-de häkim welaýatyň zähmetsöýer
babadaýhanlary tarapyndan şaly tabşyrmak boýunça şertnamalaýyn borçnamanyň
ýerine ýetirilendigi barada aýtdy. Mundan başga-da, şu ýyl welaýatda açylyp
ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalarda
gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, pagta hasylynyň ýitgisiz ýygnalyp alynmagyny,
bugdaý ekilen meýdanlardaky ideg işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini
ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda belledi we bu babatda häkime anyk
tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin
meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy
tabşyrdy.
Mary
welaýatynyň häkimi B.Orazgylyjow welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň
barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda ýetişdirilen pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýitgisiz
ýygnap almak, ýygnalan hasyly bökdençsiz kabul etmek we talabalaýyk saklamak
boýunça zerur çäreler görülýär. Geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek
meýdanlarda sürüm işleri ýerine ýetirilýär. Bugdaý ekilen meýdanlarda ösüş
suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri geçirilýär. Welaýatda
gant şugundyrynyň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak işleri alnyp barylýar.
Şeýle hem häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp
ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly
desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm
ähmiýetine ünsi çekdi we daýhan yhlasy bilen ýetişdirilen pagta hasylyny soňky
hanasyna çenli ýygnap almak, bugdaý ekilen meýdanlardaky ideg işleriniň
agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegini üpjün etmek üçin ähli
zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda,
welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini
gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda
möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň çäklerinde welaýatlarda
pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almak boýunça zerur çäreler
görülýär. Geljek ýylyň pagta hasylynyň düýbüni tutmak üçin gowaça ekiljek
meýdanlarda sürüm işleri dowam edýär. Şunda oba hojalyk tehnikalary netijeli
işledilýär. Ýurdumyzyň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna
laýyklykda degişli ideg işleri, hususan-da, ösüş suwuny tutmak, mineral
dökünler bilen iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar. Daşoguz welaýatynda şaly
hasylyny, Mary welaýatynda bolsa gant şugundyrynyň hasylyny ýygnamak işleri
alnyp barylýar.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda oba hojalyk pudagynyň öňünde
durýan wajyp wezipelere ünsi çekdi we wise-premýere möwsümleýin oba hojalyk
işleriniň ýokary hilli, agrotehniki möhletlerde geçirilmegini gözegçilikde
saklamagy tabşyrdy.
Soňra döwlet
Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, welaýatlarda ýetişdirilen
pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak üçin degişli işleri geçirmegi,
bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işlerini talabalaýyk alyp barmagy, haşal otlara
garşy göreş çärelerini wagtynda guramagy, bugdaý meýdanlarynda birinji ösüş
suwuny ýokary hilli tutup, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işlerini
guramaçylykly ýola goýmagy, bugdaýdan kadaly gögeriş almak üçin ähli zerur
çäreleri görmegi tabşyrdy.
Arkadagly
Gahryman Serdarymyz geljek ýylyň pagta hasylynyň düýbüni tutmak meselesine ünsi
çekip, gowaça ekiljek meýdanlarda şüdügär sürüminiň agrotehniki kadalara laýyk geçirilmegine
pugta gözegçilik etmegi, gowaça ekiljek ýerleri fosfor döküni bilen
iýmitlendirmegi, Daşoguz welaýatynda şalynyň, Mary welaýatynda gant
şugundyrynyň hasylyny ýitgisiz ýygnap almagy tabşyrdy. Welaýatlarda bugdaý,
pagta öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda şu ýylyň
hasyly üçin ýerine ýetirilen işler boýunça hasaplaşyklary wagtynda geçirmek,
sebitlerde açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik
maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň alnyp barlyşyny berk gözegçilikde
saklamak babatda tabşyryklar berildi.
Döwlet
Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk
jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri
arzuw etdi.
tdh.gov