11.11.2026
Düýn
türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde
Prezident Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşyk geçirdi.
Prezident
Rejep Taýyp Ärdogan belent mertebeli türkmen myhmanyny mähirli mübärekläp,
çakylygy kabul edip gelendigi üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirdi
hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowa
mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirmegini haýyş etdi. Şeýle hem
dostlukly ýurduň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýakynda Türkiýe
Respublikasyna amala aşyran saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny
aýtdy.
Türkmen
halkynyň Milli Lideri bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlygyny beýan
edip, hormatly Prezidentimiziň Türkiýäniň döwlet Baştutanyna iberen mähirli
salamyny ýetirdi hem-de Türkiýe Respublikasy bilen köpugurly gatnaşyklaryň
ösdürilmegine ýurdumyzda uly ähmiýet berilýändigini belledi. Gahryman
Arkadagymyz Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň nobatdaky
sammitine gatnaşmak maksady bilen, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda
Ankarada saparda bolan türkmen wekiliýetine bildirilen myhmansöýerlik üçin türk
tarapyna minnetdarlyk bildirdi.
Duşuşygyň
dowamynda bellenilişi ýaly, halklarymyzyň taryhyň dowamynda emele gelen
umumylygyna esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklar syýasy-diplomatik,
söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda üstünlikli ösdürilýär. Şunda
Türkmenistanyň we Türkiýäniň köpugurly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak bilen, “Bir
millet — iki döwlet” ýörelgesinden ugur alýandyklary, munuň bolsa ikitaraplaýyn
we köptaraplaýyn esasdaky netijeli özara gatnaşyklar üçin berk binýat bolup
hyzmat edýändigi nygtaldy.
Gahryman
Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, iki ýurduň döwlet ýolbaşçylarynyň arasyndaky
ýokary derejeli özara saparlar, duşuşyklar we gepleşikler syýasy,
söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm orny
eýeleýär. Milli Liderimiz ýurtlarymyzyň häzirki döwürde dünýä jemgyýetçiliginiň
öňünde duran wajyp meseleler — halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly
ösüşi berkitmek babatda goşantlaryny goşýandygyny aýdyp, Türkmenistanyň bitarap
daşary syýasat ugruny, Birleşen Milletler Guramasynda, beýleki abraýly halkara
düzümlerde öňe sürýän başlangyçlaryny yzygiderli goldaýandygy üçin türk
tarapyna minnetdarlyk bildirdi.
Hormatly
Arkadagymyz söwda-ykdysady ulgamdaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk barada aýdyp,
Türkmenistanyň daşary söwda gatnaşyklarynda Türkiýäniň hemişe öňdäki orunlaryň
birini eýeleýändigini belledi. Garaşsyzlyk ýyllarynda türk kompaniýalarynyň
gatnaşmagynda Türkmenistanda dürli taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Şolaryň hatarynda dokma toplumlary, energetika, gazhimiýa pudaklary boýunça iri
taslamalar, senagat kärhanalary, dürli maksatly binalar, ýüzlerçe beýleki
desgalar bar.
Duşuşygyň
ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
Başlygy Gahryman Arkadagymyz we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp
Ärdogan birek-birege berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işlerinde uly
üstünlikleri, iki ýurduň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk,
gülläp ösüş arzuw etdiler.
Duşuşykdan
soňra türkmen halkynyň Milli Lideri bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň
bilelikdäki agşamlyk nahary boldy. Munuň özi köklerini asyrlaryň jümmüşinden
alyp gaýdýan mizemez türkmen-türk dost-doganlyk gatnaşyklarynyň ýene-de bir
aýdyň beýanyna öwrüldi.
tdh.gov