24.10.2026
Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda
ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.
Ilki
bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny
pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bellenilişi
ýaly, Mejlisde döredilen iş toparlarynda döwletimiziň halkara resminamalara
goşulmagyny hukuk taýdan goldamak bilen baglanyşykly kanun taslamalaryny
taýýarlamak, Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak, Administratiw hukuk
bozulmalary hakynda kodekslerine, şeýle hem «Işiň aýry-aýry görnüşlerini
ygtyýarlylandyrmak hakynda», «Kärende hakynda», «Paýdarlar jemgyýetleri
hakynda» Kanunlaryna döwrebap üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça
işler alnyp barylýar.
Parlamentara
gatnaşyklary ösdürmek, kanunçykaryjylyk işinde tejribe alyşmak maksady bilen,
milli parlamentiň wekilleri Andorra Knýazlygynda, Tanzaniýa Birleşen
Respublikasynda we Täjigistan Respublikasynda iş saparynda boldular. Şeýle hem
Mejlisde Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary boýunça Ýokary
komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa üçin sebitleýin wekili bilen duşuşyk
geçirilip, milli kanunçylygy kämilleşdirmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň hukuk binýadyny kämilleşdirmek
boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň, şeýle hem kabul edilen kanunlara
üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek boýunça netijeli işleri alyp barmagyň
möhümdigini belledi.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow ýurdumyzyň
standartlaşdyryş ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan
işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzda bu ulgamy kämilleşdirmek we bu ugurda halkara
guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de döwrebap standartlary giňden
ornaşdyrmak boýunça toplumlaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Bu işleriň
netijeliligini has-da artdyrmak maksady bilen, wise-premýer döwlet
Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda milli standartlaşdyrmak ulgamyny
kämilleşdirmek, döwrebap standartlary giňden ornaşdyrmak boýunça işleriň alnyp
barylýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere
bu ugurda halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça taýýarlanan
teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow “Türkmengaz” döwlet
konserni tarapyndan alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda bu düzümiň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de
pugtalandyrmak we döwrebaplaşdyrmak boýunça zerur işler ýerine ýetirilýär.
Munuň özi içerki we daşarky sarp edijileri tebigy gaz bilen yzygiderli üpjün
etmäge ýardam berýär. Şunda dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary bilen
hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer
döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli resminamanyň taslamasyny hödürledi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň maddy-enjamlaýyn
binýadyny kämilleşdirmek boýunça işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz degişli Karara gol çekip, wise-premýere bu ugurda degişli
işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda we
welaýatlarda möwsümleýin işleriň alnyp barlyşy hem-de Türkmen alabaýynyň
baýramy mynasybetli baýramçylyk çärelerine görülýän taýýarlyk işleri barada
hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda ýetişdirilen pagta hasylyny gysga wagtda ýygnap almak
işleri dowam edýär. Bugdaý ekişi möwsümini bellenen agrotehniki möhletlerde we
talabalaýyk geçirmek maksady bilen, ekişde ulanylýan oba hojalyk tehnikalaryny
we gurallaryny öndürijilikli işletmek hem-de ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş
suwuny tutmak we gögeriş alnan meýdanlarda ideg etmek işleri alnyp barylýar.
Şeýle
hem ýurdumyzda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli dabaraly çäreleri giňden
belläp geçmek boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Däp bolşy ýaly, her ýyl
bu sene mynasybetli dürli medeni çäreler guralýar.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň oba hojalyk
pudagyny toplumlaýyn ösdürmegi, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagy
dowam etmegiň, bugdaý ekişini bellenen möhletlerde geçirmegiň, pagta hasylyny
ýitgisiz ýygnap almak boýunça guramaçylyk işlerini gözegçilikde saklamagyň
wajypdygyny nygtady. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz wise-premýere beýleki oba
hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmekde degişli işleri alyp barmagy tabşyrdy.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow Türkmenistanyň
Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli geçirilmegi
meýilleşdirilýän çäreler barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda “Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika
pudaklarynyň ösüşi” atly halkara sergini we maslahaty geçirmäge görülýän
taýýarlyk işleri dowam edýär. Bu foruma daşary ýurt kompaniýalary, ýerli hususy
kärhanalar, şeýle hem ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş
edaralary gatnaşarlar. Forumyň çäklerinde ugurdaş ministrlikleriň we pudaklaýyn
dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň daşary ýurt kompaniýalarynyň
ýolbaşçylary hem-de wekilleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklarynyň geçirilmegi
göz öňünde tutulýar. Halkara sergi we maslahat ýurdumyzyň gurluşyk, senagat,
energetika we himiýa pudaklarynda, şeýle hem ýol gurluşygynda dünýäniň döwrebap
tehnikalary we öňdebaryjy tehnologiýalary bilen tanyşmaga, daşary ýurtly
hyzmatdaşlar bilen tejribe alyşmaga, ozal ýola goýlan gatnaşyklary has-da
pugtalandyrmaga hem-de täze işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmaga mümkinçilik
berer.
Şunuň
bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi
hödürledi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň Gurluşyk we
senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli geçiriljek halkara sergä we
maslahata gowy taýýarlyk görmegiň we ýokary derejede geçirmegiň möhümdigine
ünsi çekdi hem-de wise-premýere bu babatda degişli tabşyryklary berdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew ýurdumyzyň dokma senagatynyň
eksport mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada
hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, bu ugurda alnyp barylýan işleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady
bilen, ýurdumyzyň dokma kärhanalarynyň Polşa Respublikasynyň Žguw şäherinde
2026-njy ýylyň noýabr aýynda geçiriljek «Fast Textile 2026» atly halkara
sergisine gatnaşmagy göz öňünde tutulýar.
Sergide
Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda, şeýle hem Senagatçylar we
telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna degişli dokma kärhanalarynda öndürilýän
eksport ugurly önümler bilen tanyşdyrmak meýilleşdirilýär. Serginiň dowamynda
özara hyzmatdaşlygy ýola goýmak maksady bilen, ikitaraplaýyn gepleşikleri
geçirmek göz öňünde tutulýar.
Şunuň
bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi
hödürledi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň dokma
senagatyna degişli önümçilik toplumlarynda ýokary hilli dokma önümleriniň
öndürilýändigini we daşary ýurtlara giňden eksport edilýändigini aýtdy. Döwlet
Baştutanymyz ýurdumyzyň dokma kärhanalarynyň Polşa Respublikasynda geçiriljek
halkara sergä gatnaşmagy boýunça taýýarlanan teklibi makullap, wise-premýere
degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa şu ýylyň noýabrynda Aşgabat
şäherinde «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly V halkara teatr festiwalyny
geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, bu festiwala gatnaşmak üçin daşary ýurtlaryň birnäçe teatr toparlarynyň
ýurdumyza gelmegine garaşylýar. Aşgabat we Arkadag şäherleriniň teatrlarynda
ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň teatrlarynyň sahna oýunlarynyň görkezilişini
geçirmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem teatr ýolbaşçylarynyň we döredijilik
işgärleriniň gatnaşmaklarynda teatr sungatyny ösdürmek we hyzmatdaşlygy ýola
goýmak boýunça iş maslahaty guralar.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda milli teatr
sungatyny ösdürmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça
işleriň alnyp barylýandygyny belledi we şunuň bilen baglylykda, wise-premýere
«Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly V halkara teatr festiwalyna gowy
taýýarlyk görmegi hem-de ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow şu ýylyň noýabrynda Aşgabat
şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän “Halkara zähmet standartlaryny we durnukly
ösüşi öňe sürmekde kärdeşler arkalaşyklarynyň orny” atly halkara ylmy-amaly
maslahata hem-de Halkara Zähmet Guramasy bilen bilelikde Merkezi Aziýa
ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň kärdeşler arkalaşyklarynyň
ýolbaşçylarynyň sebitara forumyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat
berdi.
Bellenilişi
ýaly, bu halkara çärelere degişli halkara guramalardan we birnäçe döwletden
wekilleriň, şol sanda hyzmatdaş ýurtlaryň kärdeşler arkalaşyklarynyň, BMG-niň
Türkmenistandaky edaralarynyň, şeýle hem ýurdumyzyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň
Milli merkeziniň, degişli ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň
wekilleriniň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalarynyň gatnaşmagyna
garaşylýar. Bu halkara çäreleriň geçirilmegi ýurdumyzyň Halkara Zähmet Guramasy
bilen hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmekde, Türkmenistanyň kärdeşler
arkalaşyklarynyň alyp barýan işleri bilen daşary ýurtly hyzmatdaşlary
tanyşdyrmakda hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň
kärdeşler arkalaşyklarynyň arasynda gatnaşyklary pugtalandyrmakda uly ähmiýete
eýe bolar.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwletimiziň dünýäniň
abraýly halkara guramalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge möhüm
ähmiýet berýändigini belledi we şunuň bilen baglylykda, wise-premýere Aşgabat
şäherinde geçiriljek halkara ylmy-amaly maslahata hem-de sebitara foruma gowy
taýýarlyk görmegi we ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annaýew ýurdumyzyň halkara howa
menzilleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan
işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, ýurdumyzyň raýat awiasiýasy pudagynda halkara kadalara laýyk gelýän
döwrebap hyzmatlary ýola goýmaga aýratyn üns berilýär. Türkmenistanyň geografik
taýdan amatly ýerleşmegi hem-de halkara howa menzillerinde döredilen häzirki
zaman şertleri dürli daşary ýurt awiakompaniýalarynyň ünsüni özüne çekýär we
hyzmatlardan peýdalanýanlaryň sany barha artýar. Ýurdumyzyň halkara howa
menzilleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmakda öňdebaryjy
daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýär. Şunuň
bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň raýat
awiasiýasy pudagynda uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmäge hem-de halkara
kadalara laýyk gelýän döwrebap hyzmatlary ýola goýmaga aýratyn üns
berilýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň halkara howa menzilleriniň
maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek maksady bilen taýýarlanan teklibi
makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Soňra
hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ýekşenbe
güni ýurdumyzda Türkmen alabaýynyň baýramynyň giňden bellenip geçiljekdigini,
türkmen alabaýynyň merdana halkymyzyň gadymdan gelýän milli buýsanjydygyny
aýtdy. Pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylary Türkmen
alabaýynyň baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady.
Mejlise gatnaşyjylar hem hormatly Prezidentimizi
hem-de Gahryman Arkadagymyzy şanly sene mynasybetli gutladylar.
Mejlisde
döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar
boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly
geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglygyny, maşgala
abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan
işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
tdh.gov