17.10.2026
Düýn hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow Ermenistan Respublikasynda Biodürlülik baradaky
maslahatyň çäklerinde geçirilen Liderler sammitine gatnaşdy.
Ozal
habar berlişi ýaly, 15-nji oktýabrda döwlet Baştutanymyz Azerbaýjan
Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow goňşy ýurda iş saparynyň maksatnamasyny tamamlap, BMG-niň
Biologik köpdürlülik baradaky Konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň maslahatynyň
(COP17) çäklerinde guralan Liderler sammitine gatnaşmak üçin Baku şäherinden
Ermenistan Respublikasyna ugrady.
Döwlet
Baştutanymyz Ermenistana ugramak üçin Azerbaýjan Respublikasynyň Geýdar Aliýew
adyndaky Halkara howa menziline bardy.
...Birnäçe
wagtdan soňra, hormatly Prezidentimiziň uçary Ýerewanyň Halkara howa menziline
gelip gondy. Bu ýerde belent mertebeli türkmen myhmanyny Ermenistan
Respublikasynyň resmi adamlary we Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary
mähirli garşyladylar.
Soňra
döwlet Baştutanymyzyň awtoulag kerweni ýokary derejedäki sammitiň geçirilýän
ýerine — “Meridian” sergi we çäreler merkezine ugrady.
Türkmenistan
bilen Ermenistan Respublikasynyň arasyndaky netijeli döwletara gatnaşyklar däp
bolan dostluk, özara hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýar.
Ýokary derejede ýola goýlan yzygiderli dialog söwda-ykdysady we
medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy işjeň ösdürmäge hem-de täze many-mazmun bilen
baýlaşdyrmaga ýardam berýär. Şeýle hem ýurtlarymyz iri halkara düzümleriň
çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler.
BMG-niň
Biodürlülik baradaky maslahatynyň çäklerinde Ýerewanda geçirilýän Liderler
sammiti tebigy ekoulgamlary goramak işinde dünýä jemgyýetçiliginiň
tagallalaryny birleşdirmäge gönükdirilendir. Howanyň üýtgemegi bilen
baglanyşykly wehimleriň barha artýan şertlerinde bu abraýly meýdança döwlet
Baştutanlaryna dünýäde ekologiýa durnuklylygyny üpjün etmek üçin syýasy
mehanizmleri işläp taýýarlamaga mümkinçilik berýär.
Türkmenistanyň
ekologiýa syýasaty ýurdumyzyň döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlarynyň
hataryna çykarylyp, amala aşyrylýan giň möçberli milli maksatnamalarda öz
beýanyny tapýar. Ýurdumyz daşky gurşawy goramagyň we tebigy serişdelerden
netijeli peýdalanmagyň häzirki hem-de geljekki nesilleriň abadançylygynyň
hökmany şerti bolup durýandygyndan ugur alýar. Şunuň bilen baglylykda, bu
ugurda alnyp barylýan işler çölleşmä garşy göreşmek, bioköpdürlüligi gorap
saklamak hem-de suw serişdelerinden netijeli peýdalanmak boýunça çäreleriň giň
toplumyny öz içine alýar.
Halkara
giňişlikde Türkmenistan möhüm ekologiýa meseleleri boýunça dünýä
jemgyýetçiliginiň tagallalaryny birleşdirmäge gönükdirilen anyk başlangyçlar
bilen yzygiderli çykyş edýär. Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen
baglanyşykly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek, şeýle hem Aral
deňziniň basseýni üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak baradaky
teklipleriň yzygiderli öňe sürülmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.
Ýurdumyz
“ýaşyl” ykdysadyýet ýörelgelerini ornaşdyrmaga, uglerodyň daşky gurşawa zyňyndylaryny
peseltmäge hem-de gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmäge aýratyn üns
berýär. Yzygiderli geçirilýän ählihalk bag ekmek dabaralary bu ugurda alnyp
barylýan giň möçberli işleriň aýdyň mysallarynyň biridir. Onuň çäklerinde her
ýyl millionlarça düýp bag nahallary oturdylyp, şäherleriň daşynda ýaşyl
zolaklar döredilýär.
Türkmenistan
öz üstüne alan halkara borçnamalaryna berk ygrarly bolmak bilen, BMG-niň
tebigaty goramak boýunça konwensiýalarynyň, şol sanda Biologik köpdürlülik
hakynda konwensiýanyň hem-de howa boýunça Pariž ylalaşygynyň düzgünlerini
berjaý edýär. Ýurdumyzyň ekologiýa döwlet strategiýasy özünde milli bähbitleri
ählumumy ösüş ýörelgeleri bilen sazlaşykly utgaşdyrýar.
Bu
giň möçberli çärä BMG-niň Baş Sekretary, döwlet hem-de Hökümet Baştutanlary,
tebigaty goramak boýunça guramalaryň ýolbaşçylary, BMG-niň wekilleri hem-de
halkara bilermenler gatnaşdylar.
Sammitiň
geçirilýän ýerinde hormatly Prezidentimizi Ermenistan Respublikasynyň
Premýer-ministri Nikol Paşinýan hem-de BMG-niň Baş Sekretary Antoniu Guterriş
mähirli garşyladylar we bilelikde ýadygärlik surata düşdüler.
Wekiliýet
baştutanlarynyň bilelikde resmi surata düşmek dabarasyndan soňra, BMG-niň
Biodürlülik baradaky maslahatynyň çäklerindäki Liderler sammiti öz işine
başlady.
Sammitiň
gün tertibine ekoulgamlary we biologik köpdürlüligi goramak, ekologiýa
başlangyçlaryny maliýeleşdirmek hem-de BMG-niň Biodürlülik baradaky
maslahatynyň esasy maksatnamasyna (COP17) taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly
meseleler girizildi.
Hormatly
Prezidentimiz öz çykyşynda, ilki bilen, Ermenistan Respublikasynyň
Premýer-ministri Nikol Paşinýana sammitiň ýokary guramaçylyk derejesi,
bildirilen myhmansöýerlik hem-de netijeli işlemäge döredilen ähli şertler üçin
tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, Liderleriň şu gezekki sammitiniň
döwletleriň dünýäde biologik köpdürlüligi gorap saklamaga hem-de kabul eden
borçnamalaryndan anyk hereketlere geçmäge umumy syýasy erklerini tassyklamak
üçin mümkinçilik döredýändigini belledi.
«Türkmenistan
BMG-niň Biologik köpdürlülik hakynda Konwensiýasynyň hem-de Kunmin-Monreal
ählumumy Çarçuwaly maksatnamasynyň maksatlaryny hem-de ýörelgelerini yzygiderli
goldaýar. Biz bioköpdürlüligiň azalmagynyň, howanyň üýtgemeginiň, çölleşmäniň
we topragyň ýaramazlaşmagynyň ekologiýa howpsuzlygyna hem-de ýurtlaryň durnukly
ösüşine gönüden-göni täsir edýän özara baglanyşykly wehimler bolup
durýandygyndan ugur alýarys.
Garagum
sährasyndan başlap, Köpetdagyň we Köýtendagyň daglyklaryna hem-de Hazar
deňziniň kenar ýakasyna çenli özboluşly tebigy ekoulgamlara eýe bolan
Türkmenistan tebigy baýlyklaryň goralyp saklanmagyna döwlet syýasatynyň möhüm
ugry hökmünde garaýar» diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we ýurdumyzyň bu işde birnäçe
ileri tutulýan ugurlara esaslanýandygyny nygtady.
Hormatly
Prezidentimiz Türkmenistanyň aýratyn goralýan tebigy çäkleriň milli ulgamlaryny
kämilleşdirmäge, ekologiýa gözegçiligini ösdürmäge, haýwanlaryň we ösümlikleriň
seýrek görnüşlerini goramaga möhüm ähmiýet berýändigini belläp, halkara
hyzmatdaşlar bilen bilelikde ählumumy çarçuwaly maksatnamanyň maksatlaryny
nazara almak bilen işlenip taýýarlanylan Türkmenistanyň 2026 — 2035-nji ýyllar
üçin bioköpdürlüligi gorap saklamak boýunça Milli strategiýasynyň we
Hereketleriň meýilnamasynyň bu ugurdaky işiň möhüm guraly bolup durýandygyny
nygtady.
Döwlet
Baştutanymyz serhetüsti ekoulgamlary, haýwanlaryň migrasiýa ýollaryny we tebigy
serişdeleri gorap saklamak maksady bilen, sebit hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegini
ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda belläp, ýurdumyzyň Hazar deňziniň ekologiýa
abadançylygyna, Aral deňziniň basseýniniň ekoulgamyny goramaga hem-de çölleşmä
garşy göreşmäge aýratyn ähmiýet berýändigini aýtdy.
Nygtalyşy
ýaly, bu wezipeleriň netijeli çözülmegi döwletleriň ylalaşykly hereketlerini,
ylmy taýdan esaslandyrylan çözgütleri hem-de hyzmatdaşlygyň uzak möhletli
mehanizmlerini talap edýär.
Hormatly
Prezidentimiz Birleşen Milletler Guramasynyň, onuň ýöriteleşdirilen
edaralarynyň we tebigaty goramak boýunça halkara mehanizmleriniň kuwwatyny doly
derejede ulanmagyň zerurdygyna ünsi çekip, tebigy mirasy gorap saklamak hem-de
ylmy barlaglary ösdürmek ulgamynda ýurdumyzyň ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlyga
aýratyn ähmiýet berýändigini belledi. “Bütindünýä mirasynyň “Aram guşaklygynyň
Turan çölleri” transmilli obýektiniň düzümine Türkmenistanyň tebigy çäkleriniň
girizilmegi halkara hyzmatdaşlygyň ekoulgamlary gorap saklamaga ýardam
berýändiginiň aýdyň mysalydyr.
BMG-niň
ugurdaş edaralary bilen hyzmatdaşlygy, şol sanda tebigy prosesleri ylmy esasda
öwrenmek, suw hem-de deňiz ekoulgamlaryny gorap saklamak we ekologik
gözegçiligiň usullaryny kämilleşdirmek ulgamlarynda özara hyzmatdaşlygy mundan
beýläk-de ösdürmegi möhüm hasaplaýarys” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we
bioköpdürlüligi goramak ulgamynda ählumumy maksatlary gazanmak üçin BMG-niň
ulgamynyň ylmy, bilermenlik we institusional mümkinçiliklerini doly derejede
ulanmagyň zerurdygyna berk ynam bildirdi.
Hormatly
Prezidentimiz tebigaty goramak boýunça halkara borçnamalaryny berjaý etmek üçin
ähli zerur şertleriň üpjün edilmeginiň ileri tutulýan wezipe bolup durýandygyny
belläp, ösüp barýan ýurtlaryň maliýe serişdelerine we döwrebap tehnologiýalara
elýeterliliginiň üpjün edilmeginiň, milli kuwwatyň pugtalandyrylmagynyň, şeýle
hem genetiki serişdeleri ulanmakdan alynýan bähbitleriň adalatly we deňhukukly
paýlanylmagynyň, şol sanda olaryň yzygiderliligi baradaky sanly maglumatlaryň
möhüm ähmiýete eýedigini nygtady.
“BMG-niň
Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynyň çäklerinde Türkmenistan ekologiýa
howpsuzlygy we howanyň üýtgemegine garşy durnuklylyk ulgamynda halkara
hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen başlangyçlary öňe sürmegi dowam
eder. Hususan-da, biz yzygiderli syýasy we bilermenlik hyzmatdaşlygyny alyp
barmak, anyk başlangyçlary ilerletmek hem-de halkara hyzmatdaşlygy
pugtalandyrmak üçin açyk köptaraply meýdança hökmünde Aşgabat howa dialogyny
döretmek ugrunda çykyş edýäris.
Çölleşmä
garşy göreşmäge we gurak sebitleriň howanyň üýtgemeginiň täsirlerine
durnuklylygyny ýokarlandyrmaga aýratyn ähmiýet berýäris. Şunuň bilen
baglylykda, Türkmenistan Merkezi Aziýa ýurtlary üçin çölleşmä garşy göreşmek
boýunça sebit merkezini döretmek başlangyjyny öňe sürýär. Bu ugurlara
ekoulgamlary gorap saklamak, tebigy serişdelerden netijeli peýdalanmak hem-de
Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça toplumlaýyn halkara tagallalaryň
möhüm bölegi hökmünde garaýarys” diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi
we Türkmenistanyň ösüp barýan ýurtlaryň, şol sanda deňze çykalgasy bolmadyk
döwletleriň bähbitlerini hem-de özboluşly zerurlyklaryny nazara almazdan,
ählumumy ekologiýa maksatlaryna ýetmegiň mümkin däldigine berk ynanýandygyny
nygtady. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Birleşen Milletler
Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji
maslahatynyň 2024 — 2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasynda
hem-de Awaza syýasy Jarnamasynda berkidilen çözgütleriň aýratyn ähmiýetini
belledi.
Döwlet
Baştutanymyz howanyň üýtgemegi hem-de ekologiýa bilen baglanyşykly maliýe
serişdelerine elýeterliligi giňeltmek, tebigaty goramak boýunça döwrebap we
sanly tehnologiýalary paýlaşmak, şeýle hem howanyň üýtgemeginiň täsirlerine
durnukly infrastrukturany ösdürmek maksady bilen, halkara goldawyň
işjeňleşdirilmeginiň zerurdygyny belläp, şunda adalatlylyk, raýdaşlyk we
deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgeleriniň bioköpdürlüligi gorap saklamak boýunça
halkara tagallalaryň esasyny düzmelidigini nygtady.
“Bu
ugurda umumy ekologiýa maksatlaryna ýetmegiň bähbidine döwletleriň bilimlerini
we mümkinçiliklerini, toplan tejribesini birleşdirmäge mümkinçilik berýän
köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk mehanizmleri, şol sanda Günorta — Günorta ugry
boýunça özara gatnaşyklar möhüm orun eýelemelidir” diýip, hormatly
Prezidentimiz aýtdy we BMG-niň Biologik köpdürlülik hakynda Konwensiýasynyň
taraplarynyň geçiriljek 17-nji maslahatynyň kabul edilen borçnamalary ýerine
ýetirmäge we halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga goşmaça itergi bermelidigine
ynam bildirdi.
Çykyşynyň
ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň ähli
gyzyklanma bildirýän döwletler hem-de halkara guramalar bilen netijeli
hyzmatdaşlyga taýýardygyny tassyklap, syýasy erkiň, ylmy maglumatlaryň hem-de
amaly mümkinçilikleriň birleşdirilmeginiň häzirki we geljekki nesilleriň
bähbidine Ýer ýüzüniň tebigy mirasyny gorap saklamaga mümkinçilik berjekdigini
aýtdy.
Döwlet
Baştutanymyzyň çykyşy uly üns bilen diňlenildi.
Sammitiň
jemleri boýunça Ýerewan Jarnamasy kabul edildi.
Ermenistan
Respublikasyna iş saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, hormatly
Prezidentimiz Ýerewan şäheriniň Halkara howa menziline bardy we bu ýerden
Watanymyza ugrady.
Birnäçe
wagtdan hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň Halkara howa menziline geldi. Bu
ýerde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary mähirli garşyladylar.
Şeýlelikde,
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Bakuwda hem-de Ýerewanda
geçirilen ýokary derejeli çärelere gatnaşmagy ählumumy hyzmatdaşlygyň
jogapkärçilikli gatnaşyjysy hökmünde Türkmenistanyň belent abraýynyň nobatdaky
aýdyň mysaly boldy. Döwlet Baştutanymyzyň sammitlerdäki beýan eden teklipleri
hem-de başlangyçlary ýurdumyzyň sebitde we dünýäde ekologiýa abadançylygynyň
hem-de durnukly ösüşiň bähbidine giň halkara hyzmatdaşlyga taýýardygyny
tassyklady.
tdh.gov