16.10.2026
Düýn
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Aziýada hyzmatdaşlygy we
ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň nobatdaky sammitine gatnaşmak üçin iş
sapary bilen Azerbaýjan Respublikasyna ugrady.
...Ir
bilen döwlet Baştutanymyz Azerbaýjana ugramak üçin paýtagtymyzyň Halkara howa
menziline geldi. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň resmi adamlary
ugratdylar.
Türkmenistan
hem-de Azerbaýjan Respublikasy deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, milli
bähbitleri nazara almak ýörelgeleri esasynda ösdürilýän strategik
hyzmatdaşlygyň, köpasyrlyk dostlugyň we hoşniýetli goňşuçylygyň mizemez
nusgasyny görkezýärler. Yzygiderli esasda alnyp barylýan ýokary derejedäki
gatnaşyklar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer
ulgamlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge kuwwatly itergi berýär.
Gündogar — Günbatar ugry boýunça halkara üstaşyr ulag we energetika
geçelgelerini döretmekde möhüm halka bolup çykyş edýän iki döwletiň
geostrategik mümkinçiliklerini netijeli durmuşa geçirmek ikitaraplaýyn gün
tertibinde aýratyn orun eýeleýär.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy
berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň nobatdaky sammitine gatnaşmak üçin Azerbaýjan
Respublikasyna amala aşyrýan sapary ýurdumyzyň halkara giňişlikdäki belent
abraýynyň nobatdaky subutnamasydyr.
Aziýada
hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşi Aziýa giňişliginde
parahatçylygy, durnuklylygy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen
ýokary wekilçilikli hem-de abraýly döwletara forumdyr. Bu Geňeş syýasy,
ykdysady, ekologiýa, ynsanperwer, şeýle hem täze wehimlere garşy durmak ýaly
esasy bäş ugry öz içine alyp, köptaraplaýyn we köpugurly dialog üçin amatly
meýdança bolup durýar.
Türkmen
wekiliýetiniň bu ýokary derejeli foruma gatnaşmagy sebit we halkara gün
tertibiniň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmakda ýurdumyzyň köptaraply
dialog ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarlydygynyň subutnamasydyr.
Aziýada
hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň mümkinçilikleriniň
peýdalanylmagy ulag-logistika, durnukly energetika, ekologiýa we howanyň
üýtgemegine garşy durmak ýaly ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň
gözýetimleri açýar. Türkmenistan Geňeşde synçy döwlet bolmak bilen, bu meýdança
ynanyşykly gatnaşyklaryň netijeli guraly hökmünde garaýar hem-de Ýewraziýa
giňişliginde özara hormat goýmak ýagdaýyny pugtalandyrmakda deňagramly
çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga işjeň ýardam berýär.
BMG-niň
Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk
derejesine esaslanýan ýurdumyzyň parahatçylyk döredijilikli daşary syýasy ugry
Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň berk binýady we sebitde durnuklylygy üpjün
etmekde ygtybarly şert bolup çykyş edýär. Ýurdumyz halkara giňişlikde netijeli
başlangyçlary öňe sürüp, ýüze çykýan gapma-garşylyklary parahatçylykly we
syýasy-diplomatik ýollar arkaly çözmäge gönükdirilen “Dialog — parahatçylygyň
kepili” filosofiýasyny yzygiderli ilerledýär. Türkmenistanyň BMG-niň çäklerinde
yzygiderli öňe sürýän we halkara gatnaşyklarda ynanyşmagy pugtalandyrmaga
gönükdirilen giň möçberli Kararnamalary bu ugruň netijeli häsiýetiniň aýdyň
subutnamasydyr.
Öňüni
alyş diplomatiýasy ýurdumyzyň parahatçylyk döredijilik strategiýasynda aýratyn
orun eýeleýär. Ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýän BMG-niň Merkezi Aziýa üçin
öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk
Türkmenistanyň köptaraplaýyn we ynanyşykly dialoga ygrarlydygyny aýdyň
görkezýär. Oňyn Bitaraplygyň we öňüni alyş diplomatiýasynyň bu üstünlikli nusgasy
halkara jemgyýetçiligiň giň goldawyna eýe bolup, ählumumy durnuklylygy üpjün
etmäge uly goşant goşýar.
...Birnäçe
wagtdan hormatly Prezidentimiziň uçary Baku şäheriniň iki ýurduň Döwlet
baýdaklary bilen bezelen Geýdar Aliýew adyndaky Halkara howa menziline gelip
gondy.
Bu
ýerde döwlet Baştutanymyzy Azerbaýjan Respublikasynyň resmi adamlary hem-de
Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar.
Sammitiň
geçirilýän ýeri — Baku Kongresler merkezinde döwlet Baştutanymyz Serdar
Berdimuhamedowy Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew mähirli
garşylady.
Wekiliýet
Baştutanlarynyň bilelikdäki surata düşmek dabarasyndan soňra, Aziýada
hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň VII sammiti öz işine
başlady.
Azerbaýjan
Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew sammite gatnaşyjylary mähirli
mübärekläp, çakylygy kabul edip, Azerbaýjana gelendikleri üçin hoşallyk
bildirdi we şu günki duşuşygyň özara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm ädim
boljakdygyny belledi.
Soňra
sammite gatnaşýan wekiliýet ýolbaşçylaryna söz berildi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow, ilki bilen, öz çykyşynda Azerbaýjan
Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewe sammitiň ýokary guramaçylyk derejesi,
bildirilen myhmansöýerlik hem-de netijeli işlemäge döredilen amatly şertler
üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Şeýle-de Türkmenistanyň Aziýada
hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşine yklymda
parahatçylygy, howpsuzlygy, özara ynanyşmagy we durnukly ösüşi pugtalandyrmaga
ýardam bermäge gönükdirilen möhüm halkara meýdança hökmünde garaýandygyny
belledi.
“Biz
Azerbaýjan Respublikasynyň Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň
çäreleri Geňeşinde başlyklyk etmeginiň netijelerine ýokary baha berýäris. Şunuň
bilen baglylykda, Azerbaýjanyň bu formatyň başlygy hökmünde onuň maksatlaryna
hem-de wezipelerine berk ygrarly bolmak bilen, hyzmatdaşlygy we özara
ynanyşmagy pugtalandyrmak boýunça çäreleri durmuşa geçirmekde yzygiderlilik
görkezendigini, şol bir wagtda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge işjeň ýardam
berendigini aýratyn bellemek isleýärin.
Şu
günki sammit çuňňur geosyýasy we geoykdysady özgerişlikleriň döwründe geçýär.
Häzirki zaman halkara ýagdaýlary we täze wehimler döwletlerden parahatçylygy,
howpsuzlygy pugtalandyrmagyň hem-de halkara gatnaşyklarda durnuklylygy üpjün etmegiň
bähbidine ylalaşykly tagallalary talap edýär. Şunda halkara hukugyň we Birleşen
Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň kadalarynyň berk berjaý edilmegi aýratyn
ähmiýete eýe bolýar.
Şunuň
bilen baglylykda, biz halkara durnuklylygy üpjün etmäge gönükdirilen
bilelikdäki tagallalary amala aşyrmak üçin zerur bolan halkara-hukuk binýadyny
pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýäris. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan
2028-nji ýyly “Halkara hukuk ýyly” we 2027 — 2037-nji ýyllary BMG-niň “Dialog
we öňüni alyş diplomatiýasynyň onýyllygy” diýip yglan etmek baradaky
başlangyçlar bilen çykyş etdi” diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi
hem-de halkara hukugyň we öňüni alyş diplomatiýasynyň mümkinçilikleriniň
giňeldilmeginiň dialogyň çäklerinde, ilkinji nobatda, gapma-garşylyklaryň öňüni
almaga, ynanyşmagy pugtalandyrmaga we özara kabul ederlikli çözgütleri işläp
taýýarlamaga ýardam berjekdigine ynam bildirdi.
Döwlet
Baştutanymyz halkara jemgyýetçilik tarapyndan bu başlangyçlaryň
goldanyljakdygyna ynam bildirip, ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýän BMG-niň
Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň
mümkinçiliklerini has giň ulanmagyň möhümdigini nygtady.
“Syýasy
şertler bilen birlikde, ykdysady baglanyşygy pugtalandyrmak, özara bähbitli söwdany
giňeltmek we ygtybarly ulag-logistika zynjyrlaryny döretmek dünýäde howpsuzlygy
hem-de durnukly ösüşi üpjün etmegiň möhüm şerti bolup durýar. Dünýä
ykdysadyýetiniň üýtgäp durýan döwründe ulag ugurlaryny
diwersifikasiýalaşdyrmak, multimodal ýük daşamalaryny ösdürmek hem-de sebit
hyzmatdaşlygyna bökdençlik döredýän infrastruktura we amaly päsgelçilikleri
aradan aýyrmak aýratyn ähmiýete eýe bolýar.
Türkmenistanyň
başlangyjy boýunça kabul edilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2026 — 2035-nji
ýyllar üçin Durnukly ulagyň onýyllygy hakyndaky Kararnamasyny dowam etmek
bilen, ýurdumyz ulag we logistika ulgamlarynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge
gönükdirilen başlangyçlary yzygiderli öňe sürýär. Şolaryň hatarynda Merkezi we
Günorta Aziýanyň Hazar deňziniň üsti bilen Ýewropa bazarlaryna çykmagyny üpjün
edýän yklymara ulag ugurlaryny döretmek hem-de Durnukly ulag arabaglanyşygynyň
ählumumy atlasyny işläp taýýarlamak ýaly başlangyçlar bar.
Umuman,
biz Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça ulag
geçelgeleriniň mümkinçilikleriniň has netijeli ulanylmagy, şeýle hem logistika
ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi we söwda amallarynyň
ýeňilleşdirilmegi ugrunda çykyş edýäris.
Aziýada
hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň çäklerinde ulag
meseleleri boýunça ministrler derejesindäki dialogy ösdürmek maksadalaýyk
bolardy diýip hasaplaýarys. Şeýle format milli tejribäni paýlaşmaga, bar bolan
päsgelçilikleri ýüze çykarmaga hem-de ähli gyzyklanma bildirýän döwletleriň
bähbidine amaly maslahatlary işläp taýýarlamaga mümkinçilik berer” diýip,
hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi. Şunuň bilen baglylykda,
sanlylaşdyrmak ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygyň ähmiýetiniň hem barha
artýandygyny, emeli aňyň we beýleki öňdebaryjy tehnologiýalaryň ykdysadyýeti
ösdürmek, döwlet dolandyryşynyň netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de diplomatik
gurallary kämilleşdirmek üçin giň mümkinçilikleri açýandygyny belledi.
“Şunuň
bilen birlikde, olaryň ulanylmagy halkara hukuga, ynanyşmak we ähli döwletleriň
bähbitlerini nazara almak ýörelgelerine esaslanýan jogapkärçilikli çemeleşmäni
talap edýär.
Şunuň
bilen baglylykda, Türkmenistan halkara gatnaşyklarda we diplomatiýada emeli aňy
parahatçylykly ulanmak boýunça Halkara kodeksi işläp taýýarlamak başlangyjy
bilen çykyş edýär.
Howanyň
üýtgemegi hem-de ekologiýa howpsuzlygy häzirki döwrüň çynlakaý wehimleri
bolmagynda galýar. Türkmenistan bu ulgamlarda halkara hyzmatdaşlygyň
pugtalandyrylmagy ugrunda yzygiderli çykyş edýär. Biz howanyň ählumumy üýtgeýän
şertlerinde suw serişdelerinden netijeli peýdalanmak, tebigaty goraýan döwrebap
tehnologiýalary ornaşdyrmak hem-de milli ykdysadyýetleriň durnuklylygyny
ýokarlandyrmak maksady bilen, biziň formatymyza gatnaşyjy döwletleriň
tagallalaryny birleşdirmäge aýratyn ähmiýet berýäris.
Halkara
ekologiýa hyzmatdaşlygyny ösdürmäge goşant goşmak maksady bilen, Türkmenistan
howanyň üýtgemegine garşy uýgunlaşmak, çölleşmä we gurakçylyga garşy göreşmek,
suw serişdelerinden netijeli peýdalanmak hem-de “ýaşyl” çözgütleri ilerletmek
boýunça tejribe alyşmak we çemeleşmeleri ylalaşmak üçin köptaraplaýyn
platformany — Aşgabat howa dialogyny döretmek başlangyjyny öňe sürýär” diýip,
hormatly Prezidentimiz aýtdy we gyzyklanma bildirýän döwletleri hem-de halkara
hyzmatdaşlary bu başlangyjy goldamaga çagyrdy.
Döwlet
Baştutanymyz Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň
durnukly ekologiýa ösüşiniň bähbidine bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek
hem-de netijeli çözgütleri ilerletmek üçin ähli mümkinçilikleriniň bardygyna
ynam bildirip, ynsanperwer ulgamyň özara hyzmatdaşlygyň aýrylmaz bölegi bolup
durýandygyny belledi. Nygtalyşy ýaly, Geňeşe gatnaşyjy döwletleriň taryhy
baglanyşygy, baý medeni mirasy we köpasyrlyk hoşniýetli goňşuçylyk däpleri
özara düşünişmegi hem-de ynanyşmagy pugtalandyrmak üçin berk binýat döredýär.
Hormatly
Prezidentimiz Türkmenistanyň Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň
çäreleri Geňeşiniň ýaşlar platformalarynyň çäklerinde akademiki alyşmalaryň
giňeldilmegini we hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini doly goldaýandygyny aýtdy we
şunuň bilen baglylykda, parahatçylykly dialog medeniýetini gaýtadan dikeltmek
işine ösüp gelýän nesli çekmegiň guraly hökmünde ýaşlar diplomatiýasyny düýpli
ösdürmegiň zerurdygyny nygtady.
“Ýurtlarymyzyň
parahatçylyk, özara hormat goýmak we netijeli medeniýetara dialog taglymlaryny
ilerledip biljek işjeň we zehinli ýaşlaryndan ybarat Ynanyşmagyň ýaş
ilçileriniň torunyň döredilmegi bu ugurda anyk ädim bolup bilerdi” diýip,
hormatly Prezidentimiz aýtdy we Türkmenistanyň Aziýada hyzmatdaşlygy we
ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň alyp barýan işine uly ähmiýet
berýändigini hem-de onuň maksatlarydyr ýörelgelerini yzygiderli goldaýandygyny,
synçy döwlet hökmünde ýurdumyzyň Aziýada köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge
gönükdirilen netijeli başlangyçlary hem-de teklipleri ilerletmäge mundan
beýläk-de goşant goşmaga taýýardygyny tassyklady.
Prezident
Ilham Aliýew döwlet Baştutanymyza çuň manyly çykyşy üçin hoşallyk bildirip,
beýan eden teklipleriniň hem-de başlangyçlarynyň möhüm ähmiýetini belledi.
Şeýle
hem sammitiň dowamyndaky çykyşlarda ynanyşmak çärelerini pugtalandyrmak,
howanyň üýtgemegine garşy uýgunlaşmak, Aziýada ulag-logistika strategiýalaryny
utgaşdyrmak, halkara ulag geçelgelerini ösdürmek, azyk howpsuzlygyny hem-de
ekologiýa durnuklylygyny üpjün etmek, sanly özgertmeleri çaltlandyrmak bilen
baglanyşykly meselelere seredilip geçildi.
Şeýlelikde,
Türkmenistan Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň
sammitiniň çäklerinde ulag-logistika hyzmatdaşlygyny diwersifikasiýalaşdyrmaga,
ekologiýa meselelerini çözmäge, şol sanda daşky gurşawy goramaga we suw
serişdelerinden netijeli peýdalanmaga, ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmäge
gönükdirilen başlangyçlary öňe sürdi. Hormatly Prezidentimiziň beýan eden
teklipleri Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek we ählumumy
abadançylygy üpjün etmek üçin dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalaryny
birleşdirmäge çalyşýandygynyň nobatdaky subutnamasy boldy.
Hormatly Prezidentimiziň Azerbaýjan Respublikasyna iş
sapary dowam edýär.
tdh.gov