20.10.2026
Düýn
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş
maslahatyny geçirdi. Onda
ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işler
bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Ilki
bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Häkim welaýatda dowam
edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda welaýatda pagta ýygymy dowam edip, ýetişdirilen hasyly
gysga möhletde we ýitgisiz ýygnap almak boýunça zerur işler alnyp barylýar.
Möwsümde oba hojalyk tehnikalary netijeli işledilýär. Şeýle hem welaýatda
bugdaý ekişini ýokary hilli we agrotehniki möhletlerde geçirmek üçin zerur
çäreler görülýär. Bu ugurda oba hojalyk tehnikalary we gurallary doly güýjünde
işledilýär. Ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwy tutulýar, gögeriş alnan
ýerlerde degişli ideg işleri geçirilýär.
Şeýle
hem häkim welaýatda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli geçiriljek dabaraly
çärelere taýýarlyk görlüşi hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl
açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly
desgalarda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatda ýetişdirilen pagta hasylyny ýitgisiz
ýygnap almagyň, bugdaý ekişini öz wagtynda we ýokary hilli geçirmegiň zerur
talap bolup durýandygyny belledi we şunuň bilen baglylykda, häkime birnäçe anyk
tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady
taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda
açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň
öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy
tabşyrdy.
Soňra
Balkan welaýatynyň häkimi R.Jumaýew welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba
hojalyk işleri barada hasabat berdi.
Hasabatda
bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatda dowam edýän pagta ýygymynyň depginini
güýçlendirmek hem-de ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnap almak boýunça degişli
işler dowam edýär. Şeýle hem welaýatda bugdaý ekişini ýokary hilli geçirmek
üçin zerur çäreler görlüp, ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak,
gögeriş alnan ýerlerde ideg etmek işleri ýerine ýetirilýär.
Mundan
başga-da, häkim Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli welaýatda geçiriljek
medeni-köpçülikleýin çärelere taýýarlyk görlüşi hem-de Oba milli maksatnamasyna
laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we
önümçilik maksatly desgalardaky hem-de binalardaky gurluşyk işleri barada
hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin işleriň
agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda we öz wagtynda geçirilmeginiň zerurdygyny
belledi hem-de şunuň bilen baglylykda, häkime welaýatyň ekerançylyk
meýdanlarynda alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Şeýle
hem döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda
açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky
gurluşyk işleriniň alnyp barlyşyny gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra
Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk
işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hasabatda
bellenilişi ýaly, welaýatda pagta ýygymynyň depginini güýçlendirmek hem-de
ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnap almak boýunça zerur çäreler görülýär. Şunuň
bilen birlikde, welaýatda bugdaý ekişini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda
ýokary hilli geçirmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. Ekişde oba hojalyk
tehnikalary netijeli işledilip, ekiş geçirilen ýerlerde endigan gögeriş
alynýar. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak barada öňde goýlan
wezipelerden ugur alnyp, welaýatda ýetişdirilen şaly hasylyny ýygnap almak
boýunça degişli işler dowam edýär.
Mundan
başga-da, häkim Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli welaýatda guraljak
dabaraly çärelere taýýarlyk görlüşi hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda,
şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş we önümçilik
maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, pagta ýygymynyň depginini güýçlendirmek, ýygym
möwsümine gatnaşýan ähli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek, bugdaý
ekişini agrotehniki möhletlerde we ýokary hilli geçirmek babatda häkime degişli
tabşyryklary berdi.
Şeýle
hem döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde
şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly
binalardaky we desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine
ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra
Lebap welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba
hojalyk işleri barada hasabat berdi.
Hasabatda
bellenilişi ýaly, şu günler welaýatda dowam edýän pagta ýygymynyň depginini
güýçlendirmek boýunça zerur çäreler görülýär. Şunuň bilen birlikde, welaýatyň
ekerançylyk meýdanlarynda bugdaý ekişi dowam edip, ekiş geçirilen ýerlerde
gögeriş suwuny tutmak, kadaly gögeriş alnan meýdanlarda bolsa ideg işleri
ýerine ýetirilýär. Şeýle hem welaýatda ýetişdirilen şaly hasylyny öz wagtynda we
ýitgisiz ýygnap almak hem-de döwlet harmanyna tabşyrmak boýunça zerur işler
geçirilýär.
Şeýle
hem häkim Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli welaýatda geçiriljek çärelere
taýýarlyk görlüşi hem-de şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän
medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy
barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda oba
hojalygynda ýaýbaňlandyrylan agrotehniki çäreleriň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi
we şunuň bilen baglylykda, daýhan yhlasy bilen ýetişdirilen pagta hasylyny öz
wagtynda we ýitgisiz ýygnap almagyň, bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde
geçirmegiň zerurdygyny belledi hem-de häkime degişli tabşyryklary berdi.
Şeýle
hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen
maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi
meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli
ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra
Mary welaýatynyň häkimi B.Orazgylyjow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba
hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda welaýatda pagta ýygymynyň depginini güýçlendirmek, pagta
hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, ýygnalan hasyly kabul ediş harmanhanalarynda,
pagta arassalaýjy kärhanalarda bökdençsiz kabul etmek boýunça degişli işler
geçirilýär. Şunuň bilen birlikde, welaýatda bugdaý ekişini talabalaýyk geçirmek
üçin zerur çäreler görlüp, ekişde oba hojalyk tehnikalary doly güýjünde
işledilýär. Ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş we ösüş suwuny tutmak işleri
alnyp barylýar. Welaýatyň gant şugundyry ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi,
mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de ösüş suwuny tutmak işleri ýerine
ýetirilýär.
Mundan
başga-da, häkim welaýatda Türkmen alabaýynyň baýramyny guramaçylykly geçirmek
boýunça görülýän taýýarlyk işleri hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda,
şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň
ýagdaýy barada hasabat berdi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzirki wagtda welaýatyň ekerançylyk
meýdanlarynda dowam edýän möwsümleýin işleriň, hususan-da, pagta ýygymynyň we
bugdaý ekişiniň ýokary hilli we agrotehniki möhletlerde ýerine ýetirilmeginiň
zerur talap bolup durýandygyny belledi we häkime birnäçe anyk tabşyryklary
berdi.
Şeýle
hem hormatly Prezidentimiz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu
ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli hem-de öz wagtynda ýerine ýetirilmegini
gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň oba
hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işleriň barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, şu günler ekerançylyk meýdanlarynda ýetişdirilen pagta hasylyny ýitgisiz
ýygnap almak, ýygnalan hasyly kabul ediş harmanhanalarynda we pagta arassalaýjy
kärhanalarda bökdençsiz kabul etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Bu
işlerde ulanylýan oba hojalyk tehnikalarynyň we awtoulaglaryň netijeli
işledilmegi üçin zerur çäreler görülýär.
Şunuň
bilen birlikde, bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek, ekiş geçirilen
meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan meýdanlarda ideg etmek boýunça
işler dowam edýär.
Bu
işler bilen bir hatarda, Daşoguz hem-de Lebap welaýatlarynda ýetişdirilen şaly
hasylyny ýygnap almak işleri alnyp barylýar. Mary welaýatynda bolsa gant
şugundyry ekilen meýdanlarda ideg etmek işleri soňky tapgyrda dowam edip,
ýetişdirilen hasyly ýygnap almaga taýýarlyk görülýär.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň
milli ykdysadyýetimizdäki möhüm ornuna ünsi çekdi we şunuň bilen baglylykda,
wise-premýere ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan möwsümleýin
agrotehniki çäreleriň ýokary hilli geçirilmegini gözegçilikde saklamagy
tabşyrdy.
Soňra
döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki wagtda
ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda dowam edýän möwsümleýin işlere ýene-de bir
gezek ünsi çekdi we welaýatlarda pagta ýygymynyň depginini güýçlendirmek hem-de
hasyly gysga möhletde, ýitgisiz ýygnamak üçin ähli zerur işleri ýerine
ýetirmegiň, bugdaý ekişini agrotehniki möhletlere laýyklykda, ýokary hilli
geçirmegiň, ekişde oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny doly güýjünde,
netijeli işletmegiň zerurdygyny belledi.
Şeýle
hem döwlet Baştutanymyz bugdaý ekilen meýdanlarda gögeriş suwuny wagtynda
tutup, kadaly gögeriş almak üçin ähli zerur çäreleri görmegi, haşal otlara
garşy göreş çärelerini wagtynda geçirmegi, Daşoguz we Lebap welaýatlarynda şaly
hasylyny ýitgisiz ýygnap almagy, Mary welaýatynda gant şugundyrynyň ýygymyna
başlamaga gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.
Mundan
başga-da, hormatly Prezidentimiz welaýatlarda bugdaý we pagta öndürijiler bilen
hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda şu ýylyň hasyly üçin ýerine ýetirilen
işler boýunça hasaplaşyklary wagtynda geçirmegiň hem-de Türkmen alabaýynyň
baýramy mynasybetli geçiriljek çärelere gowy taýýarlyk görmegiň möhümdigini
belledi.
Şunuň
bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli
maksatnamasyna laýyklykda, welaýatlarda şu ýyl meýilleşdirilen işleriň öz
wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegi üçin ähli zerur çäreleri görmegi
tabşyrdy.
Hormatly
Prezidentimiz iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk,
maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
tdh.gov