07.11.2026
Düýn Gazagystan Respublikasyna iş
saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Iordaniýa
Haşimit Patyşalygynyň Patyşasy Abdulla II ibn Al Husseýn bilen duşuşdy.
Söhbetdeşler emeli aň ulgamynda howpsuzlyk
boýunça Akaba prosesiniň Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlary derejesindäki
duşuşygyň çäklerinde duşuşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirip,
Türkmenistanyň hem-de Iordaniýanyň dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge we özara
bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga uly ähmiýet
berýändiklerini bellediler.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň
Iordaniýa bilen deňhukukly we özara hormat goýmak esasynda ýola goýlan
hyzmatdaşlygy giňeltmäge ygrarlydygyny tassyklap, şu duşuşygyň ikitaraplaýyn
gatnaşyklary ösdürmäge we hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemäge möhüm
goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.
“Biz Iordaniýa bilen Birleşen Milletler
Guramasynyň we beýleki halkara guramalaryň çäklerinde özara gyzyklanma
bildirilýän meseleler boýunça hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge, şeýle hem
parahatçylygy, ynanyşmagy we durnuklylygy pugtalandyrmaga gönükdirilen
başlangyçlary goldamaga taýýardyrys” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de
häzirki wagtda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlary
boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny
belledi.
Döwlet Baştutanymyz şeýle hem häzirki döwürde
emeli aň tehnologiýalarynyň çalt depginler bilen ösmegini nazara almak bilen,
olaryň howpsuz we jogapkärli ulanylmagyny üpjün etmek meselesiniň halkara gün
tertibiniň möhüm ugurlarynyň birine öwrülýändigini belläp, Akaba prosesiniň
çäklerinde bu mesele boýunça halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň we döwletleriň
tagallalaryny utgaşdyrmagyň aýratyn ähmiýetini nygtady.
Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow Patyşa Abdulla II-ni özi üçin islendik amatly wagtda
sapar bilen Türkmenistana gelmäge çagyrdy. Iordaniýanyň Patyşasy çakylygy
hoşallyk bilen kabul edip, şu günki duşuşygyň döwletara gatnaşyklary mundan
beýläk-de ösdürmäge itergi berjekdigine ynam bildirdi.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow hem-de Iordaniýa Haşimit Patyşalygynyň Patyşasy Abdulla
II ibn Al Husseýn birek-birege berk jan saglyk, alyp barýan jogapkärli döwlet
işlerinde uly üstünlikleri, iki ýurduň dostlukly halkyna bolsa mundan beýläk-de
abadançylyk arzuw etdiler.
tdh.gov