04.11.2026
Düýn
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy
goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini
geçirdi. Mejlisde ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda şu ýylyň on
aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi. Şeýle hem Garaşsyz
döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmäge, harby we hukuk goraýjy
edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge hem-de işini has-da
kämilleşdirmäge degişli meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ilki
bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýewe
söz berildi.
Ol
şu ýylyň on aýynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerini ösdürmegiň maksatnamasynyň
çäklerinde ýurdumyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak boýunça ýerine ýetirilen
işler hem-de nobatdaky harby gulluga çagyrmak möwsüminiň barşy, harby
gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça görlen çäreler, şeýle-de
mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaraly harby
ýörişiň netijeleri barada hasabat berdi. Şeýle hem Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň
sekretary, goranmak ministri ýakynda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent
Serkerdebaşysynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby
bölüminiň täze binalar we desgalar toplumynyň açylyp ulanmaga berlendigi üçin
ähli harby gullukçylaryň adyndan ýene bir gezek hoşallyk bildirdi.
Ýurdumyzyň
Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, Ýaragly Güýçleri
mundan beýläk-de ösdürmek hem-de onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek,
şeýle hem harby gullukçylaryň gulluk we ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak
boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegi tabşyrdy.
Baş
prokuror B.Muhamedow şu ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işler, aýratyn-da,
kanunçylyk namalarynyň berjaý edilişine geçirilen prokuror gözegçiliginiň
netijeleri we bu düzümi ösdürmegiň maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi barada
hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, kanunlaryň, hukuk namalarynyň ýerine
ýetirilişine prokuror gözegçiligini dowam etmegiň, jemgyýetiň we döwletiň
bähbitlerini goramagyň zerur talap bolup durýandygyny aýtdy hem-de bu babatda
anyk tabşyryklary berdi.
Soňra
içeri işler ministri M.Hydyrow hasabat döwründe ýolbaşçylyk edýän düzümi
tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, şol sanda jemgyýetçilik
düzgün-tertibini we ýangyn howpsuzlyk kadalarynyň berjaý edilişini üpjün etmek,
ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak maksady bilen görlen çäreler barada hasabat
berdi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, jemgyýetçilik hukuk tertibiniň, ýol hereketiniň
kadalarynyň we ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň talabalaýyk berjaý edilmegini
üpjün etmegiň zerurdygyny belledi hem-de bu ugurda ilat arasynda düşündiriş
işlerini geçirmek babatda tabşyryklary berdi.
Ýokary
kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýew ýanwar — oktýabr aýlarynda degişli ösüş
maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleriň hem-de bu düzümiň işini mundan
beýläk-de kämilleşdirmek we oňa öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmak, kazyýet
edaralarynyň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça geçirilen
işler barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, raýatlaryň hukuklaryny, döwlet we jemgyýetçilik
bähbitlerini goramak boýunça alnyp barylýan işleri has-da netijeli dowam
etmegiň möhümdigini belledi hem-de şunuň bilen baglylykda, Ýokary kazyýetiň
başlygyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra
milli howpsuzlyk ministri D.Meredow şu ýylyň on aýynda döwletimiziň milli
bähbitlerini goramak we ýurdumyzda asudalygy üpjün etmek boýunça alnyp barlan
işler barada hasabat berdi.
Ýurdumyzyň
Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, döwletimiziň milli
bähbitlerini goramak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmek babatda ministre
anyk tabşyryklary berdi
Döwlet
serhet gullugynyň başlygy I.Ilamanow şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda
Watanymyzyň mukaddes serhetleriniň goraglylygyny üpjün etmek, serhet
birikmeleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, harby gullukçylaryň
gulluk şertlerini we ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak boýunça alnyp
barlan işler barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň döwlet serhediniň dost-doganlyk
serhedi bolup durýandygyny belledi hem-de serhet goşunlarynyň işini
kämilleşdirmek we maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, şeýle hem
serhetçileriň gulluk, ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça alnyp
barylýan işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra
adalat ministri M.Taganow ýolbaşçylyk edýän düzümi tarapyndan şu ýylyň on
aýynda ýerine ýetirilen işler, şol sanda milli hukuk binýadyny kämilleşdirmek,
düzüme öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmak, işgärleriň hünär derejesini
ýokarlandyrmak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň milli hukuk
ulgamyny halkara ölçeglere laýyklykda kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan
işleri mundan beýläk-de netijeli dowam etmegiň zerurdygyny belledi hem-de bu
babatda ministre anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet
gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew bu düzümi ösdürmegiň maksatnamasyny
durmuşa geçirmegiň çäklerinde şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda alnyp barlan
işleriň netijeleri, hususan-da, gullugyň işine öňdebaryjy tehnologiýalary
ornaşdyrmagyň hasabyna gümrük amallaryny kämilleşdirmek we bu düzümiň
maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça ýerine ýetirilen işler barada
hasabat berdi.
Ýurdumyzyň
Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, gümrük işini has-da
kämilleşdirmegiň we düzümiň işine döwrebap usullary ornaşdyrmagyň möhümdigini
belledi hem-de bu babatda gullugyň başlygyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet
migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow hasabat döwründe ýerine ýetirilen işler,
şol sanda düzümiň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, şeýle hem öňdebaryjy
tejribäni ornaşdyrmak maksady bilen alnyp barlan işler barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, migrasiýa işini yzygiderli kämilleşdirmegiň we
hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmagyň häzirki döwürde zerur talap bolup
durýandygyny aýtdy hem-de şunuň bilen baglylykda, gullugyň ýolbaşçysyna birnäçe
anyk tabşyryklary berdi.
Ýurdumyzyň
Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň
agzalaryna ýüzlenip, goranyş häsiýetli Harby doktrinamyzyň talaplaryna
laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň howpsuzlygyny hem-de çäk
bitewüligini ýokary derejede üpjün etmek, ýurdumyzyň goranmak ukybyny
berkitmek, Watan goragçylarynyň, olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş
şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli çäreleriň durmuşa
geçirilýändigini belledi we bu ugurda alnyp barylýan işleriň mundan beýläk hem
dowam etdiriljekdigini aýtdy.
Döwlet
howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar
boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Mejlisiň
ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent
Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow oňa gatnaşanlara berk jan
saglyk, halkymyzyň parahat hem-de bagtyýar durmuşynyň bähbidine alyp barýan
jogapkärli gulluklarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.
tdh.gov