01.11.2026
Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda
ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.
Ilki
bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny
döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.
Mejlisde
ministrliklerden we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan gelip gowşan
teklipleriň esasynda döwletimizi durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, halkymyzyň
ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly kanun taslamalaryny
taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Türkmenistanyň
Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Merkezi Aziýa döwletleriniň
IV parlamentara forumyna gatnaşmak üçin golaýda Täjigistan Respublikasynyň
Duşenbe şäherinde iş saparynda boldy. Saparyň çäklerinde Täjigistan
Respublikasynyň parlamentiniň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar geçirildi. Olarda
Türkmenistan bilen dostlukly ýurduň arasynda deňhukuklylyk, birek-birege hormat
goýmak ýörelgelerine esaslanýan däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň
söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, medeni-ynsanperwer, ulag-üstaşyr ulgamlarda
we beýleki ugurlarda yzygiderli ösdürilýändigi, olary giňeltmäge gyzyklanma bildirilýändigi
nygtaldy.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň hukuk binýadyny berkitmek,
kanunçylyk işini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň
möhümdigini belledi.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow ykdysadyýet, maliýe
we bank toplumy tarapyndan alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, milli we döwlet maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilip, ýurdumyzyň
senagat-innowasion ösüşine gönükdirilen özgertmeler dowam etdirilýär,
makroykdysady durnuklylyk üpjün edilýär hem-de ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesi
yzygiderli ýokarlandyrylýar. Milli ykdysadyýetimizi depginli ösdürmäge we
diwersifikasiýalaşdyrmaga, önümçilikleri innowasion esasda ýola goýmaga uly
möçberde maýa goýumlar gönükdirilip, döwrebap önümçilik we durmuş maksatly
binalar, desgalar gurlup ulanmaga berilýär hem-de täze iş orunlary döredilýär.
Şeýle
hem zähmet gatnaşyklaryny, ilatyň iş bilen üpjünçiligini we durmuş taýdan
goraglylygyny gowulandyrmak, bank we ätiýaçlandyryş hyzmatlaryny,
standartlaşdyryş ulgamyny ösdürmek, milli statistika edaralarynyň işini
döwrebaplaşdyrmak, halkara maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlygy we daşary
ykdysady işi ösdürmek, toplumyň edaralarynda sanly hyzmatlary we döwrebap sanly
maliýe tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, ykdysadyýeti düzgünleşdirmegiň
gurallaryny hem-de kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça çäreler durmuşa
geçirilýär.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda milli ykdysadyýeti ösdürmek we
býujet-salgyt ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça netijeli işleriň alnyp
barylýandygyny belledi hem-de wise-premýere ýurdumyzyň durnukly ösüşini üpjün
etmek maksady bilen, ykdysadyýet, maliýe we bank toplumynyň işini
kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegi tabşyrdy.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow metan gazlarynyň
zyňyndylaryny azaltmak we peýdaly ulanmak babatda halkara hyzmatdaşlygy ýola
goýmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleri tarapyndan bu ugurda,
hususan-da, Bütindünýä bankynyň degişli taslamasynyň çäklerinde öňdebaryjy
daşary ýurt kompaniýalary bilen işler alnyp barylýar. Munuň özi önümçilik
işlerinde daşky gurşawy aýawly saklamakda anyk çäreleri durmuşa geçirmäge
mümkinçilik berýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň
garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda daşky gurşawy aýawly saklamak boýunça
netijeli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy we wise-premýere nebitgaz
toplumynda metan gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak babatda halkara
hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda we
welaýatlarda möwsümleýin işleriň alnyp barlyşy hem-de ählihalk bag ekmek
dabarasyna we Hasyl toýuna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda bugdaý ekişi möwsümi dowam edýär. Bugdaý ekilen
meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak we mineral dökünler bilen iýmitlendirmek
işleri geçirilýär. Şeýle hem ýetişdirilen pagta hasylyny ýygnap almak,
ýygnalýan hasyly harmanhanalarda kabul etmek, pagta arassalaýjy kärhanalarda
gaýtadan işlemek boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär.
Türkmenistanyň
Prezidentiniň “Türkmenistanda 2026-njy ýylda bag ekmek hakynda” Kararyna
laýyklykda, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek we
ekilen bag nahallaryna talabalaýyk ideg etmek, şeýle hem Milli tokaý
maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, şu ýylyň noýabrynda
Aşgabat we Arkadag şäherlerinde hem-de welaýatlarda ählihalk bag ekmek dabarasyny
geçirmek boýunça degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar.
Ýurdumyzda
her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde bereketli türkmen topragynyň
sahawatynyň şanyna Hasyl toýy giňden bellenilýär. Şunuň bilen baglylykda, 8-nji
noýabrda Aşgabat şäherinde hem-de welaýatlarda baýramçylyk çärelerini ýokary
guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça degişli çäreler görülýär.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny
toplumlaýyn ösdürmek, bugdaý ekişini geçirmek, pagta ýygymynyň depginini
artdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň möhümdigini belledi.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz wise-premýere ählihalk bag ekmek dabarasyna,
Hasyl toýy mynasybetli geçiriljek baýramçylyk çärelerine gowy taýýarlyk görmegi
hem-de ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow elektrik
energetikasy pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça
alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, ýurdumyzyň sebitleriniň, şol sanda Balkan welaýatynyň sarp edijilerini
hem-de welaýatyň çäginde ýerleşýän nebit ýataklaryny elektrik energiýasy bilen
ygtybarly üpjün etmek maksady bilen, energetika pudagy tarapyndan degişli işler
alnyp barylýar. Şunda öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyga
möhüm ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet
Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklipleri hödürledi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda elektrik energetika
pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge möhüm ähmiýet berilýändigini
aýtdy. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň sarp edijilerini elektrik energiýasy
bilen ygtybarly üpjün etmek maksady bilen taýýarlanan teklipleri makullap,
wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew şu ýylyň noýabr aýynda Türkiýe
Respublikasynyň Antalýa şäherinde geçiriljek BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky
Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň (COP31)
çäklerinde guraljak sergä Türkmenistanyň milli pawilýony bilen gatnaşmagy
boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, Türkmenistanyň milli pawilýonynda ekologiýa we howanyň üýtgemegi babatda
ýurdumyzda durmuşa geçirilýän işler görkeziler. Munuň özi ýurdumyzyň daşky
gurşawy goramak boýunça netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürýändiginiň aýdyň
beýanydyr. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň
garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň daşky gurşawy
goramak boýunça halkara hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýändigini we bu ugurda
geçirilýän halkara çärelere işjeň gatnaşýandygyny belledi we şunuň bilen
baglylykda, wise-premýere Türkiýe Respublikasynda geçiriljek ekologiýany
goramaga bagyşlanan halkara sergä ýurdumyzyň milli pawilýony bilen ýokary
derejede gatnaşmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa şu ýylyň noýabr aýynda geçiriljek
esasy çäreleriň we medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyp ulanmaga
berilmeginiň Tertibi barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, geljek aýda 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew
batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli dürli
çäreleriň, şol sanda türkmen halkynyň baý taryhyny, medeniýetini, milli
däp-dessurlaryny ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek boýunça çäreleriň,
aýratyn tapawutlanan ýaşlara Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň gowşurylyş
dabarasynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Ýokary okuw mekdepleriniň
talyplarynyň arasynda dürli dersler boýunça halkara internet olimpiadalarynyň,
Aşgabat şäheriniň çagalar baglarynda, orta mekdeplerde we çagalar sungat
mekdeplerinde «Gül çagalar aýdym-sazly mekanda» atly aýdym-sazly festiwalyň,
şeýle hem halypa ýazyjy-şahyrlaryň ömür-döredijiligine bagyşlanan döredijilik
çäreleriniň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.
Hormatly
Prezidentimiziň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty
netijesinde, şu ýylyň noýabr aýynda paýtagtymyzda Koreý medeniýetiniň
hepdeliginiň, Ýewropanyň medeniýet günleriniň, Garaşsyz Döwletleriň
Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň medeni hyzmatdaşlyk boýunça Geňeşiniň
nobatdaky mejlisiniň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Şeýle hem Aşgabat şäherinde
«Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly V halkara teatr festiwalynyň
geçirilmegi göz öňünde tutulýar.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda bellenilýän
baýramlar bilen bagly noýabr aýynda geçiriljek esasy çärelere gowy taýýarlyk
görmegiň, täze desgalaryň düýbüni tutmak we ulanmaga bermek dabarasyny ýokary
derejede geçirmegiň wajypdygyny nygtady. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz
wise-premýere Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni, Hasyl toýy
mynasybetli geçiriljek çärelere gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow şu ýylyň noýabr aýynda Saglygy
goraýyş boýunça XIII türkmen-german forumyny geçirmäge görülýän taýýarlyk
barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryndan ugur alyp, hormatly
Prezidentimiziň yzygiderli hemaýat-goldawy esasynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş
ulgamyny dünýä ülňülerine laýyklykda döwrebaplaşdyrmak babatynda uly işler
amala aşyrylýar. Bu ugurda iri halkara guramalar, dünýä ýurtlary, aýratyn hem
Germaniýa Federatiw Respublikasy bilen hyzmatdaşlyk yzygiderli pugtalandyrylýar
we giňeldilýär. Hususan-da, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň çäklerinde 2011 —
2026-njy ýyllar aralygynda Germaniýada we Türkmenistanda saglygy goraýyş
boýunça köp sanly forumlar geçirildi hem-de olarda iki ýurduň saglygy goraýyş
ulgamlaryna degişli wajyp meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Dostlukly
ýurtlaryň arasynda bu ugurda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak
maksady bilen, nobatdaky forumy Saglygy goraýyş we derman senagaty
ministrliginiň Halkara okuw-ylmy merkezinde sanly ulgam arkaly geçirmek hem-de
onda pediatriýanyň, onkologiýanyň, rewmatologiýanyň we neýrohirurgiýanyň wajyp
meselelerini ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar.
Forumyň
işine Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Saglygy goraýyş
ministrliginiň we öňdebaryjy klinikalarynyň professorlarynyň, ýurdumyzyň
hassahanalarynyň lukmanlarynyň, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet
lukmançylyk uniwersitetiniň professor-mugallymlarynyň we talyplarynyň sanly
ulgam arkaly gatnaşmaklary meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet
Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň saglygy goraýyş
ulgamynyň işiniň yzygiderli kämilleşdirilýändigini, dünýä döwletleriniň, şol
sanda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň saglyk merkezleri bilen netijeli
hyzmatdaşlygyň alnyp barylýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz Saglygy
goraýyş boýunça XIII türkmen-german forumyny sanly ulgam arkaly geçirmek
baradaky teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow
Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XIII sammitiniň netijeleri
barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, hormatly Prezidentimiz iş saparynyň çäklerinde bu sammite gatnaşyp, ýokary
derejeli duşuşykda Türkmenistanyň synçy döwlet hökmünde bu guramanyň işlerine
işjeň gatnaşýandygyny aýratyn belläp geçdi hem-de türki döwletleriň arasynda
dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak, söwda-ykdysady,
medeni-ynsanperwer, ekologiýa we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek
boýunça ýurdumyzyň ileri tutýan garaýyşlaryny we anyk tekliplerini beýan etdi.
Saparyň
dowamynda döwlet Baştutanymyzyň Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp
Ärdogan bilen duşuşygy hem geçirildi. Gepleşiklerde syýasy-diplomatik dialogy
işjeňleşdirmek, söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek, medeniýet, ylym, bilim
we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak meselelerine aýratyn üns
berildi.
Saparyň
dowamynda möhüm dabaralaryň geçirilmegi onuň syýasy ähmiýetini has-da artdyrdy.
Hususan-da, hormatly Prezidentimize Türkiýäniň Hajettepe uniwersitetiniň
halkara gatnaşyklar ugry boýunça hormatly doktory akademiki derejesi berildi.
Bu belent at döwlet Baştutanymyzyň döwletara gatnaşyklary ösdürmekde, halkara
hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda, parahatçylygyň we ynanyşmagyň bähbidine alyp
barýan giň gerimli işlerine berlen ýokary bahadyr. Mundan başga-da, Arkadagly
Gahryman Serdarymyza Türkiýäniň Daşary ykdysady gatnaşyklar geňeşi (DEIK)
tarapyndan “Strategik dostluk nyşanynyň” gowşurylmagy aýratyn ähmiýetli waka
boldy.
Saparyň
dowamynda Ankara şäherinde Türki döwletleriň medeni seýilgähiniň açylyş
dabarasy hem geçirildi. Bu dabaranyň çäklerinde türki halklaryň taryhy-medeni
mirasyny we milli gymmatlyklaryny beýan edýän ak öýler, şol sanda türkmen
halkynyň milli binagärlik sungatynyň ajaýyp nusgasy bolan türkmeniň ak öýi
hem-de milli buýsanjymyz hasaplanýan ahalteke bedewiniň heýkeli ýerleşdirildi.
Wise-premýer,
daşary işler ministri Türkiýe Respublikasyna amala aşyrylan iş saparynyň
üstünlikli geçmegi, onuň dowamynda gazanylan möhüm netijeler we döwlet
Baştutanymyza gowşurylan ýokary sylaglar mynasybetli hormatly Prezidentimizi
tüýs ýürekden gutlady.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Garaşsyz, hemişelik
Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty amala
aşyrýandygyny, hyzmatdaş ýurtlar, şol sanda iri halkara guramalar bilen
netijeli gatnaşyklaryň ösdürilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet
Baştutanymyz wise-premýer, daşary işler ministrine Türki Döwletleriň Guramasy
bilen hyzmatdaşlyk etmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegi tabşyrdy.
Soňra
wise-premýer, daşary işler ministri hasabaty dowam edip, Birleşen Milletler
Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «2028-nji ýyl — Halkara hukuk ýyly» atly
Kararnamasyny ýerine ýetirmek boýunça görülýän çäreler barada aýtdy.
Bellenilişi
ýaly, Birleşen Milletler Guramasy we oňa agza döwletler bilen hyzmatdaşlygy
ösdürmek, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryny hem-de ýörelgelerini
berkitmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň esasy
ugurlarynyň biridir. Bu babatda Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk hukuk
derejesine esaslanyp, halkara parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak,
döwletleriň arasynda ynanyşmagy ösdürmek, ýüze çykýan meseleleri
syýasy-diplomatik we parahatçylykly ýollar arkaly çözmek boýunça möhüm
başlangyçlary öňe sürýär. Şol başlangyçlaryň hatarynda döwlet Baştutanymyzyň
2028-nji ýyly «Halkara hukuk ýyly» diýip yglan etmek baradaky teklibi aýratyn
ähmiýete eýedir. Mälim bolşy ýaly, 2026-njy ýylyň 24-nji iýulynda Birleşen
Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «2028-nji ýyl — Halkara hukuk
ýyly» atly Kararnama kabul edildi. Munuň özi ýurdumyzyň halkara hukugyň
ähmiýetini ýokarlandyrmak ugrunda alyp barýan işleriniň möhüm netijesidir.
Bu
Kararnamany iş ýüzünde durmuşa geçirmek, şeýle hem 2026-njy ýyl üçin kabul
edilen çäreleriň meýilnamasynyň dowamlylygyny üpjün etmek maksady bilen,
degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň gatnaşmagynda
«2028-nji ýylda Halkara hukuk ýylyny geçirmäge taýýarlyk görmek we ony geçirmek
boýunça Türkmenistanyň 2027-2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli
meýilnamasynyň» taslamasy boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda öňe sürýän başlangyçlarynyň
dünýäde parahatçylygy, durnukly ösüşi we netijeli hyzmatdaşlygy berkitmäge
gönükdirilendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz
wise-premýer, daşary işler ministrine ýurdumyzyň başlangyjy bilen kabul edilen
«2028-nji ýyl — Halkara hukuk ýyly» atly Kararnamany amala aşyrmak boýunça
degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annaýew ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň
maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, hyzmatlaryň ýokary hilini üpjün
etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, Halkara raýat awiasiýasy guramasynyň (ICAO) standartlaryna we kadalaryna
laýyklykda, ýurdumyzyň raýat awiasiýasy pudagynyň işiniň netijeliligini has-da
ýokarlandyrmak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şunda öňdebaryjy daşary
ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýär. Munuň özi
ýolagçylara edilýän hyzmatlaryň hilini has-da ýokarlandyrmaga ýardam berýär.
Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli
teklibi hödürledi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň raýat
awiasiýasynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak we hyzmatlaryň
hilini ýokarlandyrmak boýunça işleriň alnyp barylýandygyny belledi.
Döwlet
Baştutanymyz uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen taýýarlanan
teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Mejlisde
döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar
boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly
geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala
abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan
işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
tdh.gov