12.11.2026
Düýn türkmen halkynyň Milli
Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow
Türkiýe Respublikasyna iş saparynyň ikinji gününde Birleşen Milletler
Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň
31-nji maslahatynyň (COP31) çäginde geçirilen Liderler sammitine gatnaşdy.
Maslahata
dünýäniň 200-e golaý ýurdundan döwlet we hökümet Baştutanlary, ministrler,
halkara guramalaryň ýolbaşçylary, ekologiýa ulgamyndaky bilermenler, işewür
toparlaryň, raýat jemgyýetiniň wekilleri gatnaşýarlar. Onuň gün tertibine azyk
howpsuzlygy, oba hojalygy, saglyk, energetika, ulag, söwda, maliýe, ylym-bilim,
senagat, tehnologiýalar, şäherleri durnukly ösdürmek we zyňyndylary azaltmak
boýunça milli borçnamalary pugtalandyrmak, ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa
geçirmek bilen baglanyşykly meseleler, durmuş-medeni maksatnamalar girizildi.
Türkmen
halkynyň Milli Lideriniň Türkiýäniň Antalýa şäherinde geçirilýän bu dünýä
derejesindäki maslahata gatnaşmagy ýurtlarymyzyň diňe bir ikitaraplaýyn
görnüşde däl, eýsem, halkara giňişlikde hem işjeň hyzmatdaşlyk edýändiginiň
nobatdaky beýanydyr.
...Türkmenistanyň
Halk Maslahatynyň Başlygy sapar wagty özi üçin niýetlenen kabulhanasyndan
maslahatyň geçirilýän ýerine — «Antalýa Ekspo merkezine» ugrady. Bu ýerde
Gahryman Arkadagymyzy BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş hem-de Türkiýe
Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan mähirli garşyladylar we
bilelikde ýadygärlik surata düşdüler.
Sammite
gatnaşýan ähli wekiliýet Baştutanlarynyň bilelikdäki resmi surata düşmek
dabarasyndan soňra, Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly
konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň açylyş dabarasy boldy.
Açylyş dabarasynda Türkiýe Respublikasynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň
çykyşlary ýaýbaňlandyryldy hem-de wideoşekiller görkezildi. Soňra BMG-niň Baş
sekretary Antoniu Guterriş sammite gatnaşyjylary mübärekledi. Ol öz çykyşynda
häzirki döwrüň möhüm ähmiýetini belläp, howanyň bu babatda görülýän çärelerden
has çalt üýtgeýändigini aýtdy we dünýä jemgyýetçiligini has netijeli çäreleri
görmäge çagyrdy.
Sammitiň
plenar mejlisiniň açylyş dabarasyndaky çykyşlarda howanyň üýtgemegi bilen
baglanyşykly milli borçnamalary ýerine ýetirmek we ekologik taýdan arassa
energiýa çeşmelerine geçmek meselelerine üns çekildi. Mejlise gatnaşyjylar
ýapyk aýlawly ykdysadyýet standartlaryny, galyndysyz senagat ýörelgelerini
ornaşdyrmak, metanyň daşky gurşawa zyňyndylaryny azaltmak meselelerini içgin
ara alyp maslahatlaşdylar.
Gahryman
Arkadagymyz maslahatyň Liderler sammitiniň plenar mejlisinde eden çykyşynda,
ilki bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly
konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatyna gatnaşmaga çakylyk,
şeýle hem bildirilen myhmansöýerlik we bu halkara çäräniň ýokary guramaçylyk
derejesi üçin Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti jenap Rejep Taýyp Ärdogana
minnetdarlyk bildirdi. Şeýle-de ýurdumyzyň bu maslahata howanyň üýtgemeginiň
soraglary boýunça özara düşünişmegi berkitmek, howa baradaky ählumumy dialogy
dünýä ösüşinde hereketlendiriji güýje öwürmek işinde möhüm çäre hökmünde garaýandygy
nygtaldy.
Milli
Liderimiz Türkmenistanyň howa babatdaky strategiýasy esasynda Birleşen
Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyndan we
Pariž ylalaşygyndan gelip çykýan halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmäge berk
ygrarly bolup durýandygyny aýdyp, munuň parnik gazlarynyň zyňyndylaryny
azaltmaga, energiýanyň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendigini,
häzirki döwrüň ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmaga
degişli anyk çäreler bilen berkidilýändigini belledi.
“Ählumumy
metan borçnamasyny durmuşa geçirmek wajyp ugur bolup durýar. Bu işde milli
energetika üpjünçilik ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň ýitgisini
azaltmak, zyňyndylara gözegçiligi kämilleşdirmek boýunça çäreler toplumy amala
aşyrylýar. Türkmenistan howanyň ýagdaýy baradaky hasabatlylygy we aýdyňlygy
kämilleşdirmäge uly üns berýär. Biziň ýurdumyz howanyň üýtgemegi baradaky
Dördünji milli habarnamany taýýarlady hem-de Türkmenistanyň Milli derejede
goşandyny kesgitleýän nobatdaky üçünji täzelenen habarnama boýunça işleri
tamamlady.
Biz
howa gün tertibi babatda milli tagallalara sebit hyzmatdaşlygynyň düzüm bölegi
hökmünde esasly seredýäris. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady, durmuş,
ekologiýa, tebigaty goramak, suw-energetika we beýleki ugurlardaky ösüşi özara
baglanyşyklydyr. Bu şertlerde toplumlaýyn çemeleşmek sebitiň ýurtlaryna bar
bolan soraglary netijeli çözmek üçin özara bähbitleri hasaba almaga mümkinçilik
berer diýip pikir edýäris. Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly
tehnologiýalar boýunça sebit merkeziniň döredilmegi bu ugurda möhüm
üstünlikleriň biri boldy” diýip, Gahryman Arkadagymyz çykyşynda nygtady.
“Mälim
bolşy ýaly, bu merkezi döretmek başlangyjyny Türkmenistan öňe sürdi we sebitiň
döwletleriniň hem-de halkara hyzmatdaşlaryň goldawyny gazandy” diýip, Halk
Maslahatynyň Başlygy sözüni dowam etdi we Türkmenistanyň başlangyjyna netijeli,
jogapkärçilikli garandyklary, ony goldandyklary hem-de amala aşyrmaga
gatnaşandyklary üçin ähli gyzyklanma bildiren taraplara minnetdarlygyny beýan
etdi. Milli Liderimiz Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly
tehnologiýalar boýunça sebit merkeziniň 2027-nji ýylyň başynda Aşgabatda öz
işine başlaýandygyny habar berip, bu işiň ylalaşylan guramaçylyk-hukuk
gurallaryna we halkara standartlara laýyklykda, Birleşen Milletler Guramasy
hem-de beýleki halkara düzümler bilen ysnyşykly hyzmatdaşlykda durmuşa
geçiriljekdigine ünsi çekdi.
“Çölleşme
Merkezi Aziýa üçin düýpli mesele bolup durýar. Bu babatda hem Türkmenistan
Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen düzümleriniň gatnaşmagynda we
goldamagynda toplumlaýyn hem-de bilelikdäki işleriň wajypdygyny belleýär. Biz
bu işiň netijeli usulyny-da gönüden-göni Merkezi Aziýanyň çäklerinde
hyzmatdaşlyk etmegiň zerur gurallaryny döretmek arkaly tapyp bileris diýip
hasap edýäris. Merkezi Aziýa ýurtlary üçin çölleşmä garşy göreşmek boýunça
sebit merkezini döretmek hakynda Türkmenistanyň başlangyjy şuny göz öňünde
tutýar. Bu başlangyjy iş ýüzünde öňe sürmek maksady bilen, Türkmenistan Birleşen
Milletler Guramasynyň Çölleşmä garşy göreşmek boýunça konwensiýasynyň
Sekretariaty hem-de gyzyklanma bildirýän halkara hyzmatdaşlar bilen
gatnaşyklary dowam etdirer” diýip, hormatly Arkadagymyz sözüni dowam etdi.
«Awaza»
milli syýahatçylyk zolagynda 2025-nji ýylyň awgustynda Birleşen Milletler
Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji
maslahatynyň geçirilmegi Türkmenistanyň halkara durnukly ösüş gün tertibine
goşan möhüm goşandy boldy. Maslahatyň dowamynda ozal BMG tarapyndan makullanan,
2024 — 2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasyna resmi taýdan
badalga berildi. Resminamada döwletleriň howanyň üýtgemeginiň ýaramaz
netijelerine durnuklylygyny ýokarlandyrmaga, uýgunlaşma usullaryny ösdürmäge
aýratyn üns berilýär. Şeýle hem onda häzirki zaman tehnologiýalaryny
ornaşdyrmaga, halkara maliýe serişdelerine elýeterliligi giňeltmäge uly orun
berilýär. “Türkmenistan Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň toparyna
başlyklyk edýän döwlet hökmünde Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň howa bilen
bagly bölegini netijeli durmuşa geçirmegi üpjün etmegi möhüm diýip hasaplaýar”
diýip, Milli Liderimiz belledi we şu maksat bilen, häzirki maslahatyň
çäklerinde «Awazadan Antalýa çenli: howa bilen bagly hereketleri ilerletmek we
Hereketleriň Awaza maksatnamasyny durmuşa geçirmek» atly mowzuklaýyn sessiýany
geçirmegiň göz öňünde tutulýandygyny mälim etdi.
Gahryman
Arkadagymyz halkara tagallalary howa bilen bagly meseleleri çözmek işinde
jemlemäge möhüm ähmiýet berlip, howa meselesinde halkara hyzmatdaşlyga täze
itergi bermekden ugur alnyp, Türkmenistan tarapyndan birnäçe başlangyjyň teklip
edilýändigini aýtdy. Hususan-da, Türkmenistan 2028 — 2037-nji ýyllary Birleşen
Milletler Guramasynyň Howanyň durnuklylygynyň we uýgunlaşmagyň onýyllygy diýip
yglan etmek mümkinçiligine seretmegi teklip edýär. Bu başlangyç halkara
bileleşigiň ünsüni döwletleriň howa bilen bagly durnuklylygyny ýokarlandyrmak
we serişdeleri ýurtlara hem-de sebitlere gönükdirmek boýunça anyk wezipeleri
çözmek üçin jemlemäge mümkinçilik berer. Şeýle hem gatnaşygyň täze inklýuziw
görnüşini — howa gün tertibiniň soraglary boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak
üçin açyk halkara platforma hökmünde Howa boýunça Aşgabat dialogyny döretmek,
gyzyklanma bildirýän halkara hyzmatdaşlaryň gatnaşmagynda Howa boýunça Aşgabat
dialogynyň çäklerinde Aşgabatda 2027-nji ýylda birinji halkara duşuşygy
geçirmek teklip edilýär.
Türkmenistan
Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, Bütindünýä
meteorologiýa guramasy, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy,
Ählumumy ykdysady gaznasy we beýleki gyzyklanma bildirýän halkara hyzmatdaşlar
bilen bilelikde Howanyň üýtgemeginiň we onuň ýaramaz netijeleriniň sanly
atlasyny taýýarlamak başlangyjyny öňe sürýär. Bu başlangyjyň esasy maksady
howanyň üýtgemegine yzygiderli gözegçilik etmek, onuň ýaramaz netijelerine baha
bermek, oňa uýgunlaşmagyň has netijeli çärelerini kesgitlemek üçin toplumlaýyn
maglumat-seljeriş usulyny döretmekden ybaratdyr. Mundan başga-da, Türkmenistan
köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň täze görnüşini — ösüp barýan döwletleriň ekologiýa
taýdan arassa döwrebap tehnologiýalara, innowasion çözgütlere we howa bilen
bagly maliýeleşdirmä elýeterliligini giňeltmäge gönükdirilen Howa bilen bagly
tehnologiýalary bermek boýunça ählumumy hyzmatdaşlyk formatyny döretmegi teklip
edýär.
Daşky
gurşawy goramagyň halkara hukuk esaslaryny mundan beýläk-de kämilleşdirmek
maksady bilen, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda
Halkara ekologiýa kodeksini işläp taýýarlamak mümkinçiligine seretmek
ugrunda-da çykyş edýär. “Bu resminama daşky gurşawy goramak, howanyň
üýtgemegine garşy göreşmek, biologik köpdürlüligi gorap saklamak we tebigy
serişdeleri durnukly peýdalanmak babatda hereket edýän halkara düzgünleri,
kadalary hem-de standartlary tertipleşdirmäge ýardam berer diýip hasap edýäris”
diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy we Türkmenistanyň Pariž ylalaşygynyň, howa
boýunça ählumumy forumlarda gazanylan ylalaşyklaryň çäklerinde geljekde hem öz
üstüne alan halkara borçnamalaryna gyşarnyksyz eýerjekdigini belledi. Milli
Liderimiz çykyşynyň ahyrynda ýurdumyzyň ähli gyzyklanma bildirýän döwletler
hem-de halkara guramalar bilen anyk we netijeli hyzmatdaşlyk etmäge
taýýardygyny tassyklady.
Türkmenistanyň
Halk Maslahatynyň Başlygynyň çykyşy uly üns bilen diňlenildi.
Türkiýä
iş saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri
Antalýa şäheriniň Halkara howa menziline bardy we bu ýerden Watanymyza ugrady.
Gahryman Arkadagymyzy Türkiýe Respublikasynyň resmi adamlary ugratdylar.
Paýtagtymyzyň
Halkara howa Arkadag menzilinde Milli Liderimizi ýurdumyzyň resmi adamlary,
şeýle hem Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly
ygtyýarly ilçisi Şener Jebeji mähirli garşyladylar.
Bu
ýerde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkiýäniň ýurdumyzdaky doly
ygtyýarly wekili bilen gürrüňdeş boldy.
Ilçi
Gahryman Arkadagymyzyň Türkiýä amala aşyran saparynyň iki doganlyk ýurduň
arasynda dürli ugurlar boýunça ösdürilýän hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmakda
möhüm ädim boljakdygyny belledi. Şeýle hem diplomat Milli Liderimiziň “COP31”
maslahatynyň Liderler sammitinde beýan eden teklipleriniň ählumumy ekologiýa
abadançylygyny üpjün etmekde ähmiýetini nygtady hem-de Türkiýä şu gezekki
saparyň üstünlikli geçmegi bilen gutlady.
Gahryman
Arkadagymyz hemmelere üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.
Şeýlelikde,
türkmen halkynyň Milli Lideriniň Türkiýe Respublikasyna amala aşyran iş sapary
we Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly
konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň çäklerinde Liderler
sammitine gatnaşmagy Türkmenistanyň howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly
ählumumy gün tertibine berk ygrarlydygyny nobatdaky gezek görkezdi. Gahryman
Arkadagymyzyň sammitiň belent münberinden öňe süren teklipleri bolsa ýurdumyzyň
halkara dialogyň işjeň gatnaşyjysydygyny tassyklady.
***
Birleşen
Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna
gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatynyň çäklerinde ýaýbaňlandyrylan
Türkmenistanyň milli pawilýony ýurdumyzda daşky gurşawy goramak we howanyň
üýtgemegine garşy göreşmek ulgamynda alnyp barylýan giň möçberli işleriň aýdyň
beýany boldy. Ekspozisiýa dünýä jemgyýetçiligini döwletimiziň ekologik taýdan
arassa, suw we serişde tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmakdan başlap, metan
zyňyndylaryny azaltmak, “ýaşyl” ykdysadyýet ýörelgelerini ilerletmek boýunça
toplumlaýyn başlangyçlary bilen tanyşdyrýar. Hususan-da, «Türkmenistany
bagy-bossanlyga öwürmek» şygary bilen her ýyl geçirilýän ählihalk bag ekmek
dabaralaryna aýratyn üns çekilýär. Güýzki we ýazky bag ekmek çäreleriniň
dowamynda ýurdumyzda her ýyl millionlarça düýp bag nahaly oturdylýar. Şeýle hem
sergi bölüminde Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri»
atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabyna aýratyn orun berlipdir.
Milli
Liderimiziň Türkiýe Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Türkmenistan bilen
halkara guramalaryň arasynda birnäçe resminama hem gol çekildi. Hususan-da,
Türkmenistanyň bilim ministri Çagalar, ýaşlar we howa bilen bagly hereketler
barada Jarnama gol çekdi. Gol çekmek dabarasyna BMG-niň Çagalar gaznasynyň
(ÝUNISEF) Howa we daşky gurşaw boýunça ählumumy tejribe ugrunyň direktory,
ÝUNISEF-niň “COP31” maslahatyndaky wekiliýetiniň ýolbaşçysy Gernot Laganda,
BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratna gatnaşdylar.
Ýurdumyz
bilen halkara guramalaryň arasynda gol çekilen resminamalaryň hatarynda
Birleşen Milletler Guramasynyň Senagat ösüşi boýunça guramasy (UNIDO)
tarapyndan «Türkmenistanda 2026 — 2030-njy ýyllar üçin gidrohlorftoruglerodlary
dolanyşykdan tapgyrlaýyn çykarmak boýunça guramaçylyk işiniň meýilnamasy — III
tapgyrynyň taslamasyny ýerine ýetirmek üçin Ylalaşyk; Birleşen Milletler
Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň (UNDP) Türkmenistandaky wekilhanasy,
Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we Energetika ministrlikleri bilen
bilelikde «Türkmenistanyň uzakda ýerleşýän ilatly nokatlarynda energiýa
geçişini goldamak» atly taslama resminamasy; Türkmenistan üçin 2026 — 2030-njy
ýyllar üçin Çarçuwaly maksatnama (FAO); Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky
döwlet komiteti bilen Suw serişdelerini dolandyrmak boýunça halkara
institutynyň arasynda suw serişdelerini dolandyrmak babatda hyzmatdaşlyk etmek
hakynda Ähtnama bar.
tdh.gov