Düýn hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam
arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de
welaýatlarynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Ilki
bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradow welaýatda dowam edýän möwsümleýin
oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişine taýýarlyk görmegiň
çäklerinde galla oragyndan boşan meýdanlary sürmek, ekişde ulanyljak oba
hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny hem-de bugdaý tohumlaryny möwsüme
taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda
hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de ösüş suwuny
tutmak işleri dowam edýär. Bu işlerde oba hojalyk tehnikalary netijeli
peýdalanylýar. Welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda ýetişdirilen ýeralmanyň we
gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýygnap almak işleri bilen birlikde, bu ekinleriň
güýzki ekişine taýýarlyk görülýär.
Şeýle
hem häkim «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” hem-de «Türkmenistanyň
Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap
merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji
ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna» laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp
ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly
desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatda dowam edýän
möwsümleýin işleriň, hususan-da, gowaça ideg etmek, şeýle hem oba hojalyk
ekinleriniň geljek ýylyň hasylynyň düýbüni tutmak işleriniň agrotehnikanyň
kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmeginiň möhüm ähmiýetini belledi we bu
babatda häkime anyk görkezmeleri berdi.
Şunuň
bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz häkime şu ýyl welaýatda açylyp ulanylmaga
berilmegi meýilleşdirilýän binalardaky we desgalardaky gurluşyk işleriniň
ýokary hilli we öz wagtynda ýerine ýetirilmegini yzygiderli gözegçilikde
saklamagy tabşyrdy.
Soňra
Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda dowam edýän oba hojalyk
işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, ýerleri indiki ekiş möwsümine taýýarlamak maksady bilen, galla oragyndan
boşan meýdanlarda sürüm işleri geçirilýär. Şeýle hem ekişde ulanyljak oba hojalyk
tehnikalaryny we bugdaý tohumlaryny möwsüme taýýar etmek boýunça zerur çäreler
görülýär. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, ösüş suwuny
tutmak we mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri dowam edýär. Ýurdumyzda
azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak boýunça öňde goýlan wezipelerden ugur
alnyp, welaýatda ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ýetişdirilen
hasylyny ýygnap almak, bu önümler bilen içerki bazarlarymyzy üpjün etmek
boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär. Şunuň bilen birlikde, bu ekinleriň
güýz möwsüminde ekiljek meýdanlaryny hem-de tohumlaryny taýýarlamak boýunça
degişli işler alnyp barylýar.
Şeýle
hem häkim şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän
desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk önümlerine islegiň barha artýan
şertlerinde ekinlerden bol we ýokary hilli hasyl almak üçin önümçilikde
agrotehnikanyň kadalarynyň berk berjaý edilmeginiň zerur talap bolup
durýandygyny belledi we bu babatda häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Şeýle
hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen
maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi
meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli we bellenen
möhletlerde ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy.
Soňra
Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba
hojalyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda welaýatda galla oragy tamamlaýjy tapgyrda dowam edýär.
Geljek ýylyň hasylynyň düýbüni tutmaga taýýarlyk görmek maksady bilen, galla
oragyndan boşan meýdanlarda sürüm işleri ýerine ýetirilýär. Şeýle hem ekişde
ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny we bugdaý öndürijiler üçin ýokary hilli
tohumlary möwsüme taýýar etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Welaýatyň
gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen
iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Bu işler bilen
bir hatarda, welaýatda ýazlyk ýeralmanyň we gök-bakja ekinleriniň hasylyny
ýygnap almak hem-de bu önümler bilen içerki bazarlarymyzy üpjün etmek, şeýle
hem bu ekinleriň güýzki ekiş möwsümine taýýarlyk görmek boýunça degişli işler
geçirilýär. Welaýatyň şaly ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna
laýyklykda ideg etmek hem-de mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri alnyp
barylýar.
Häkim
“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady
taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda,
şu ýyl welaýatda açylyp ulanylmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş
we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hem hasabat
berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda dowam edýän
möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehniki möhletlerde we talabalaýyk
geçirilmeginiň zerurdygyny belledi hem-de häkime bu babatda birnäçe anyk
tabşyryklary berdi.
Şeýle
hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen
maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz
öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli we
öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra
Lebap welaýatynyň häkimi M.Annanepesow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba
hojalyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, welaýatda geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişine taýýarlyk görmegiň
çäklerinde ekiş geçiriljek ýerleri sürmek we topragy mineral dökünler bilen
iýmitlendirmek işleri ýerine ýetirilýär. Şeýle hem ekişde ulanyljak oba hojalyk
tehnikalaryny we bugdaý tohumlaryny möwsüme taýýarlamak boýunça zerur işler
alnyp barylýar. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, mineral
dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär.
Ilatymyzy ýurdumyzda öndürilýän azyk önümleri bilen bolelin üpjün etmek barada
öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, welaýatda
gök-bakja ekinleriniň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak, sowadyjy ammarlarda
saklamak we ilata ýetirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şeýle hem bu
ekinleriň güýz möwsüminde ekiljek meýdanlarynda sürüm we tekizleýiş işleri geçirilýär.
Welaýatyň şaly ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg
işleri ýerine ýetirilýär.
Şeýle
hem häkim “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” hem-de Oba milli
maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanylmaga berilmegi
meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk
işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalygynda ýokary
görkezijileri gazanmak üçin ylmy taýdan esaslandyrylan toplumlaýyn çäreleriň
görülmeginiň zerurdygyny belledi we şunuň bilen baglylykda, welaýatyň
ekerançylyk meýdanlarynda dowam edýän möwsümleýin işleriň agrotehnikanyň
kadalaryny berk berjaý etmek arkaly geçirilmegini yzygiderli gözegçilikde
saklamagy häkime tabşyrdy.
Şunuň
bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz häkime welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga
berilmegi meýilleşdirilen desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli we öz
wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra
Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk
işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda welaýatda galla oragyndan boşan meýdanlary sürmek, geljek
ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişinde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny, şeýle
hem ýokary hilli bugdaý tohumlaryny taýýarlamak işleri alnyp barylýar.
Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen
iýmitlendirmek hem-de ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Bu işlerde
oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanylýar. Welaýatyň ekerançylyk
meýdanlarynda ýeralmanyň, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinleriniň
ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak hem-de bu önümleri ilata ýetirmek, şeýle hem
güýz möwsüminde bu ekinleriň ekiljek meýdanlaryny ekişe taýýarlamak boýunça
degişli işler geçirilýär. Şunuň bilen birlikde, welaýatda gant şugundyrynyň
ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek üçin zerur çäreler görülýär. Ekiş
geçirilen meýdanlarda gögeriş suwy tutulýar.
Häkim
ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň
Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda
açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly
desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hem hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, agrotehniki çäreleriň öz
wagtynda we talabalaýyk geçirilmeginiň oba hojalyk önümçiliginiň netijeliligini
hem-de alynýan önümiň hilini kesgitleýän esasy şertleriň biri bolup
durýandygyny belledi we häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Şeýle
hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen
maksatnamalarda göz öňünde tutulan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň
möhüm ähmiýetini belläp, welaýatda bu ugurda alnyp barylýan işleri yzygiderli
gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň oba
hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzda dowam edýän oba hojalyk işleriniň çäklerinde
ýygnalan bugdaý hasylyny galla kabul ediş kärhanalaryndan ammarlara we
elewatorlara daşamak hem-de talabalaýyk saklamak boýunça degişli işler alnyp
barylýar. Geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişine taýýarlyk görmek maksady
bilen, galla oragyndan boşan meýdanlarda sürüm we tekizleýiş işleri geçirilýär.
Ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny we ýokary hilli bugdaý tohumyny
möwsüme taýýar etmek üçin zerur çäreler görülýär. Welaýatlaryň gowaça ekilen
meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda hatarara bejergi, mineral
dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de ösüş suwuny tutmak işleri utgaşykly alnyp
barylýar. Şeýle hem Daşoguz, Lebap welaýatlarynyň şaly ekilen meýdanlarynda
ideg etmek işleri, Mary welaýatynda bolsa gant şugundyrynyň ekişi dowam edýär.
Gant şugundyrynyň gögeriş alan meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna
laýyklykda ideg işleri geçirilýär.
Ýurdumyzda
azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak barada öňde goýlan wezipelerden ugur
alnyp, welaýatlarda ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ýetişdirilen hasylyny
ýygnap almak we ilata ýetirmek boýunça işler alnyp barylýar. Şunuň bilen
birlikde, bu ekinleriň güýz möwsüminde ekiljek ýerlerini hem-de tohumlaryny
taýýarlamak boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwletimiziň oba hojalyk
pudagyny ösdürmäge aýratyn üns berýändigini, döwrebap tehnikalary satyn almaga,
suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga, täze suwaryş ulgamlaryny gurmaga,
tohumçylygy we maldarçylygy ösdürmäge uly möçberde maýa serişdeleriniň
gönükdirilýändigini belledi we şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda azyk
bolçulygyny has-da pugtalandyrmak hem-de gaýtadan işleýän senagaty çig mal bilen
üpjün etmek boýunça pudagyň öňünde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine
ýetirilişini hemişe gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy.
Soňra
döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki wagtda dowam
edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ýene-de bir gezek ünsi
çekdi hem-de gowaça ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehnikanyň
talaplaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegini, bugdaýyň, şeýle hem beýleki oba
hojalyk ekinleriniň geljek ýylyň hasylynyň düýbüni tutmak işleriniň öz wagtynda
geçirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny
tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan
işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
tdh.gov