02.03.2026
Şu gün hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny
geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler
bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Ilki bilen, Ahal welaýatynyň
häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Häkim welaýatda möwsümleýin oba hojalyk
işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, sebitde
dowam edýän oba hojalyk işleriniň çäklerinde bugdaý ekilen meýdanlarda
agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda degişli ideg işleri, hususan-da, mineral
dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär.
Gowaça ekişine guramaçylykly girişmek we ony talabalaýyk geçirmek maksady bilen,
meýdanlary, ýokary hilli gowaça tohumyny möwsüme taýýarlamak boýunça zerur
çäreler görülýär. Welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda ýazlyk ýeralmanyň,
gök-bakja ekinleriniň ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek babatda degişli
işler alnyp barylýar. Şeýle hem häkim Halkara zenanlar güni mynasybetli
welaýatda geçirilmegi göz öňünde tutulýan medeni-köpçülikleýin çärelere
taýýarlyk işleri, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga
berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky
gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty
diňläp, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda möwsümleýin agrotehniki çäreleriň
guramaçylykly geçirilmeginiň oba hojalyk ekinlerinden ýokary hasyl almagyň
esasy şertleriniň biridigini belledi we häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Şeýle-de Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin
meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini
gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Balkan welaýatynyň häkimi
H.Aşyrmyradow welaýatda dowam edýän oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, bugdaýyň
ýokary hasylyny ýetişdirmek we ilatymyzy galla önümleri bilen bolelin üpjün
etmek boýunça öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, welaýatyň bugdaý ekilen
meýdanlarynda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri
ýerine ýetirilýär. Şu ýylyň pagta hasylynyň düýbüni tutmaga taýýarlyk görmek
boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde gowaça ekiljek meýdanlarda tekizleýiş
we geriş çekmek, pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumyny, oba
hojalyk tehnikalaryny ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler ýerine
ýetirilýär. Ýazlyk ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ekişini bellenen
möhletlerde tamamlamak babatda zerur çäreler görülýär. Mundan başga-da, häkim
Halkara zenanlar güni mynasybetli welaýatda geçiriljek baýramçylyk çärelerine
görülýän taýýarlyk işleri, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça
maksatnamalara laýyklykda meýilleşdirilen işleriň barşy barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty
diňläp, ekerançylyk işinde ylmy taýdan esaslandyrylan agrotehniki kadalaryň
berk berjaý edilmeginiň ýokary hilli önüm almaga ýardam berýändigini belledi we
häkime welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň talabalaýyk alnyp
barylmagyny üpjün etmegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz döwlet
maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde sebitde şu ýyl üçin
meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini
gözegçilikde saklamak barada tabşyryklary berdi.
Daşoguz welaýatynyň häkimi
D.Babaýew welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, hormatly
Prezidentimiziň ýurdumyzda oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberini
artdyrmak, azyk bolçulygyny pugtalandyrmak boýunça öňde goýan wezipelerine
laýyklykda, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda möwsümleýin işer dowam edýär.
Bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda mineral dökünler
bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Gowaça
ekişine taýýarlyk görmegiň çäklerinde meýdanlarda tekizlemek, çil çekmek, ýuwuş
suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, pagta öndürijiler
üçin welaýatyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hilli gowaça
tohumyny, oba hojalyk tehnikalaryny ekiş möwsümine taýýarlamak babatda zerur
çäreler görülýär. Welaýatda soganyň, kelemiň ekişine girişildi. Şeýle hem häkim
Halkara zenanlar güni mynasybetli geçiriljek dabaraly çärelere taýýarlyk
görlüşi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara
laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän
medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada
hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi
we häkime bugdaýa ideg etmek hem-de ýazky ekiş möwsümine taýýarlyk görmek
işlerini yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şeýle-de döwlet
Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen
maksatnamalara laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýokary
hilli, öz wagtynda alnyp barylmagyny gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Lebap welaýatynyň häkimi
D.Genjiýew welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat
berdi.
Bellenilişi ýaly, sebitde şu
ýyl bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, ak ekin
meýdanlarynda goşmaça mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak
işleri ýerine ýetirilýär. Şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda
topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak, tekizleýiş, çil çekmek, ýuwuş
suwuny tutmak işleri dowam edýär. Pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça
tohumyny taýýarlamak ugrunda degişli işler geçirilýär. Ekerançylyk
meýdanlarynda ýazlyk ýeralmanyň, soganyň ekişi tamamlaýjy tapgyrda alnyp
barylýar. Ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş suwy tutulýar. Şeýle-de häkim Halkara
zenanlar güni mynasybetli welaýatda geçiriljek dabaralara taýýarlyk görlüşi, şu
ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we
önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işlerine gatnaşýan ähli düzümleriň
sazlaşykly işiniň üpjün edilmeginiň zerurdygyny belledi we bu babatda häkime
anyk görkezmeleri berdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga
berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky işleriň öz wagtynda ýerine
ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Mary welaýatynyň häkimi
D.Annaberdiýew welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat
berdi.
Hasabatda nygtalyşy ýaly, şu
günler bugdaý ekilen meýdanlarda ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen
iýmitlendirmek işleri utgaşykly dowam etdirilýär. Gowaça ekişine taýýarlyk
görmegiň çäklerinde ekerançylyk meýdanlarynda tekizlemek we geriş çekmek, pagta
öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumyny taýýarlamak işleri ýerine
ýetirilýär. Welaýatda ýazlyk ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ekişini bellenen
agrotehniki möhletlerde geçirmek babatda zerur çäreler görülýär. Mundan
başga-da, häkim Halkara zenanlar güni mynasybetli welaýatda meýilleşdirilen
dabaraly çäreleri guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan işler,
ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryna laýyklykda, şu ýyl
welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş,
önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, oba hojalyk önümçiliginiň ähli tapgyrlarynda agrotehnikanyň
kadalarynyň berk berjaý edilmeginiň zerur talap bolup durýandygyny nygtap,
häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalarda bellenen
wezipeleriň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini
aýdyp, bu ugurdaky işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň oba hojalygynda dowam edýän
möwsümleýin işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, şu günler
welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda,
mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine
ýetirilýär. Gowaça ekişine guramaçylykly girişmek, jogapkärli möwsümi
talabalaýyk geçirmek maksady bilen, meýdanlary hem-de pagta öndürijiler üçin
ýokary hilli gowaça tohumyny ekiş möwsümine taýýarlamak babatda zerur çäreler
görülýär. Ilaty ýurdumyzda öndürilýän gök-bakja önümleri bilen bolelin üpjün
etmek boýunça geçirilýän işleriň çäklerinde ýazlyk gök-bakja ekinleriniň
ekiljek meýdanlaryny, tohumlaryny ekiş möwsümine taýýarlamak, ýeralmanyň we gök
ekinleriň ekişini guramaçylykly geçirmek ugrunda degişli işler dowam edýär.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetimizdäki strategik
ornuna ünsi çekdi we möwsümleýin oba hojalyk işlerinde ylmy taýdan
esaslandyrylan agrotehniki kadalaryň berk berjaý edilmeginiň önümçilikde ýokary
netijeleri gazanmak bilen bir hatarda, ýer-suw serişdelerinden netijeli
peýdalanmaga, topragyň şorlaşmagynyň öňüni almaga ýardam berýändigini belledi
hem-de wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz iş
maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň
ähmiýetine ýene bir gezek ünsi çekdi we welaýatlaryň gowaça ekiljek ýerlerinde
tekizlemek, çil we geriş çekmek, Daşoguz, Lebap welaýatlarynda ýuwuş suwuny
tutmak işleriniň agrotehniki kadalara laýyklykda alnyp barylmagyny üpjün
etmegi, pagta öndürijileri ýokary hilli gowaça tohumy bilen öz wagtynda,
ýeterlik möçberde üpjün etmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi, oba hojalyk
tehnikalaryny ýazky ekiş möwsümine doly taýýar etmegi, welaýatlaryň bugdaý
meýdanlarynda ideg etmek, goşmaça dökünleri bermek işini agrotehniki
möhletlerde geçirmegi, bugdaý meýdanlarynda ösüş suwunyň tutulyşyna aýratyn üns
bermegi tabşyrdy. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz ýeralmanyň, gök-bakja
ekinleriniň ýazky ekişini agrotehniki möhletlerde, ýokary hilli geçirmegiň, Daşoguz
welaýatynda bu ekinleriň tohumlaryny we ekiljek ýerlerini ekiş möwsümine doly
taýýar etmegiň, welaýatlaryň bugdaý, pagta öndürijileri bilen hyzmat ediji
edara-kärhanalaryň arasynda ýerine ýetirilen işler boýunça hasaplaşyklaryň
wagtynda geçirilmegini berk gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz Halkara
zenanlar güni bolan 8-nji mart baýramy mynasybetli welaýatlarda meýilleşdirilen
çäreleri ýokary derejede geçirmegiň, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, sebitlerde şu
ýyl göz öňünde tutulan işleriň öz wagtynda, ýokary hilli ýerine ýetirilmegi
üçin zerur çäreleri görmegiň möhümdigini belledi we bu babatda degişli
tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala
abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
tdh.gov