24.07.2026
Şu gün hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky
mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy
D.Gulmanowa milli kanunçylygy döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler
barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, Mejlisde adam hukuklarynyň we
azatlyklarynyň, kanuny bähbitleriniň goralmagy, gozgalmaýan emläge bolan
hukuklaryň döwlet belligine alynmagy, döwletimiziň halkara resminamalara goşulmagyny
hukuk taýdan goldamak boýunça Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalaryny
taýýarlamak, hereket edýän birnäçe kanunçylyk namalaryna döwrebap üýtgetmeleri,
goşmaçalary girizmek boýunça degişli işler geçirilýär.
Mejlisde halkara guramalar,
daşary döwletleriň parlamentleri bilen gatnaşyklar yzygiderli ösdürilýär.
Hususan-da, milli parlamentde Türkmenistana sapar bilen gelen Koreý-türkmen
parlamentara dostluk toparynyň başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen
duşuşyk geçirildi. Onda iki ýurduň arasynda parlamentara gatnaşyklary mundan
beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň wekilleri
Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň, Halkara Migrasiýa
Guramasynyň ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary bilen bilelikde geçiren duşuşyklaryna,
okuw maslahatlaryna gatnaşdylar.
Hormatly Prezidentimiz
ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny berkitmek, kanunçylyk namalaryny
döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini
belledi.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow Türkmenistanyň maýa goýum forumyny
geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň degişli Kararyna laýyklykda, bu forumy şu ýylyň oktýabrynda Aşgabatda geçirmek meýilleşdirilýär. Maýa goýum forumynda we ugurdaş çärelerde Türkmenistanyň ykdysady ösüşi, maýa goýum babatda özüne çekijiligi, ýangyç-energetika, senagat pudaklarynyň ähmiýetli ugurlary, ygtybarly ulag-aragatnaşyk ulgamlarynyň ösüşi, durnukly ösüş üçin sanly we “ýaşyl” özgertmeler, sanly maliýe tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, agrotelekeçilik, howanyň üýtgemegine durnukly oba hojalyk ulgamy, daşky gurşawy goramak, söwda we hyzmatlar ulgamlarynyň ösüşi, halkara maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlygyň ugurlary, döwlet-hususy hyzmatdaşlygyny ösdürmek, ykdysadyýetiň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna gönükdirilen strategik ugurlar boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimize daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek we
bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça netijeli işleriň alnyp
barylýandygyny aýtdy hem-de şu ýylyň oktýabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň maýa
goýum forumyny geçirmek barada taýýarlanylan teklibi goldap, wise-premýere
degişli işleri alyp barmagy tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary G.Agajanow “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy
tarapyndan amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly,
ýurdumyzyň ýerasty baýlyklaryndan netijeli peýdalanmak maksady bilen, seýrek
duş gelýän minerallaryň gözleg-barlag işlerini halkara tejribä laýyklykda
ýerine ýetirmek babatda degişli çäreler görülýär. Şunda daşary ýurtlaryň
öňdebaryjy kompaniýalary bilen netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýulýar. Munuň özi
ýerasty baýlyklary ýüze çykarmakda möhüm ähmiýete eýedir. Şunuň bilen
baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi
hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, Diýarymyzda ýerasty baýlyklary ýüze çykarmak, olary netijeli
peýdalanmak boýunça maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýerasty baýlyklaryň gözlegi boýunça
halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak maksady bilen taýýarlanylan teklibi goldap,
wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda we welaýatlarda
möwsümleýin işleriň barşy barada hasabat berdi.
Häzirki wagtda welaýatlarda
möwsümleýin oba hojalyk işleriniň çäklerinde gowaça ekilen meýdanlarda
agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri, hususan-da, hatarara bejergi,
ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Pagta ýygymy möwsümine taýýarlyk
görmegiň çäklerinde pagta ýygýan kombaýnlary, beýleki oba hojalyk
tehnikalaryny, pagta arassalaýjy kärhanalary, pagta kabul ediş
harmanhanalaryny, hasyly daşamakda ulanyljak tehnikalary möwsüme taýýarlamak
üçin degişli işler geçirilýär. Bugdaý ekişine guramaçylykly girişmek maksady
bilen, bugdaý ekiljek meýdanlarda sürüm, tekizlemek işleri, ekişde ulanyljak
oba hojalyk tehnikalaryny abatlamak, ekiş üçin zerur bolan bugdaý tohumyny
taýýarlamak işleri dowam edýär. Maldarçylyk hojalyklarynda mallary talabalaýyk
idetmek, olaryň baş sanyny artdyrmak we önüm berijiligini ýokarlandyrmak
maksady bilen, mallar üçin ot-iýmleriň ätiýaçlyk gorlaryny döretmek babatda-da
degişli işler alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegi dowam etdirmegiň, gowaça ekilen meýdanlarda ideg işlerini öz wagtynda geçirmegiň, pagta arassalaýjy kärhanalary, pagta hasylyny daşaýan awtoulaglary möwsüme doly taýýar etmegiň wajypdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere geljek ýylyň bugdaý hasyly üçin ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça işleri netijeli dowam etdirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow Energetika ministrligi tarapyndan ýerine
ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda
ministrligiň garamagyndaky edara-kärhanalaryň önümçilik kuwwatyny
ýokarlandyrmak, ýurdumyzyň sarp edijilerini elektrik energiýasy bilen ygtybarly
üpjün etmek, döwrebap tehnologiýalary, häzirki zaman enjamlary önümçilige
ornaşdyrmak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Munuň özi energetika
kuwwatynyň has-da artmagyna, sarp edijileriň elektrik energiýasy bilen doly
üpjün edilmegine, elektrik energiýasynyň belli bir möçberini daşary ýurtlara
ibermäge, täze önümçilikleri ýola goýmaga ýardam berýär.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, ýurdumyzda elektroenergetika pudagyny ösdürmek we onuň
maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça netijeli işleriň alnyp
barylýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere içerki sarp edijileri
elektrik energiýasy bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam
etdirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew mekdep harytlarynyň satuw-söwdasyny guramak
boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, täze okuw
ýylynyň öňüsyrasynda okuwçylar we talyplar üçin zerur bolan harytlaryň
söwdasyny guramak babatda degişli işler geçirilýär. Söwda nokatlarynda okuw
esbaplaryny we beýleki dokma önümlerini ilatymyza hödürlemek göz öňünde
tutulýar. Wise-premýer şu ýylyň 1-nji awgustyndan başlap mekdep harytlarynyň
satuw-söwdasyny ýurdumyzyň welaýatlarynda we etraplarynda, Aşgabat, Arkadag
şäherlerinde guramagyň teklip edilýändigini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, ilatymyzyň dürli görnüşli mekdep harytlaryna bolan isleglerini
öwrenip, täze okuw ýylyna taýýarlyk bilen bagly göçme söwda nokatlaryny
guramagyň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz bu ugurda taýýarlanylan
teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasary B.Seýidowa şu ýylyň awgust aýynda geçiriljek esasy çäreleriň Tertibi
barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, geljek aýyň
dowamynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly
at-myradyň mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35
ýyllyk baýramy mynasybetli dürli dabaralaryň, sergileriň, maslahatlaryň,
wagyz-nesihat çäreleriniň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Tomusky dynç alyş
möwsüminde çagalaryň arasynda medeni-köpçülikleýin çäreleriň, döredijilik,
zehin bäsleşikleriniň, sport ýaryşlarynyň, çeper okaýyşlaryň, milli oýunlar
boýunça bäsleşikleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Ýurdumyzyň taryhy-medeni
ýadygärlikler toplumlarynda “Taryhy ýadygärlikleriň ata-babalarymyzdan miras
galan gymmatlyklary öwrenmekdäki orny” atly meýdan şertlerindäki okuw
maslahatlarynyň, “Köpetdag” döwlet tebigy goraghanasynda bolsa “Köpetdagyň
tebigy gözellikleri” atly maslahatyň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Höwesjeň
aýdymçy ýaşlaryň arasynda yglan edilen “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň
Lebap we Mary welaýatlary boýunça jemleýji tapgyrlarynyň, “Çalsana, bagşy!”
bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň
mekany» ýylynda ýurdumyzda köp sanly çäreleriň geçirilýändigini aýtdy. Şunuň
bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere awgust aýyndaky çärelere
gowy taýýarlyk görmegi hem-de olary ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow Abu-Dabi welosport klubunyň hem-de ýurdumyzyň
welosport boýunça ýygyndy toparynyň türgenleriniň bilelikdäki okuw-türgenleşik
ýygnanyşygyny geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda paýtagtymyzda meýilleşdirilýän
okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça
zerur işler alnyp barylýar. Bu çäräniň çäklerinde usuly-okuw maslahatlaryny we
beýleki çäreleri guramak göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda,
wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, ýurdumyzda sporty ösdürmek, zehinli türgenleri ýüze çykarmak
boýunça işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz Aşgabat
şäherinde welosport boýunça bilelikdäki okuw-türgenleşigini guramaçylykly
geçirmek babatda beýan edilen teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri
geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Birleşen Milletler
Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynda Türkmenistanyň ileri tutýan
garaýyşlary barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, BMG bilen strategik
hyzmatdaşlygy ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň
biri bolup durýar. Häzirki wagtda Daşary işler ministrligi tarapyndan geljek
sessiýa taýýarlyk görmek üçin degişli işler amala aşyrylýar. Döwlet
Baştutanymyzyň halkara hem-de sebitleýin syýasy giňişlikde öňe sürýän
başlangyçlary esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynda
Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlary taýýarlanyldy. Bu resminama esasy
ugurlaryň birnäçesinden ybaratdyr. Şunda ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy
berkitmek möhüm ugurlaryň hatarynda kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň
Baş Assambleýanyň 81-nji sessiýasyna parahatçylygy we durnuklylygy berkitmegiň
bähbidine halkara jemgyýetçiligiň tagallalaryny birleşdirmegiň wajyp tapgyry
hökmünde garaýandygy bellenildi. Bu ugurda ýurdumyz köp ýyllaryň dowamynda
BMG-niň we onuň düzüm birlikleriniň çäginde birnäçe başlangyçlary öňe sürdi.
Şolaryň hatarynda “Parahatçylyk we ynanyşmak”, “Dialog — parahatçylygyň kepili”
ýörelgeleri bilen bagly, şeýle hem “Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we
durnukly ösüş işini goldamakda hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny
we ähmiýeti” atly Kararnamalary görkezmek bolar.
Baş Assambleýanyň nobatdaky
sessiýasynda bolsa Türkmenistan BMG-niň howandarlygynda parahatçylyk,
howpsuzlyk we öňüni alyş diplomatiýasy ýörelgelerine esaslanan Ählumumy
parahatçylyk strategiýasyny taýýarlamak boýunça döwletara geňeşmeleri geçirmegi
meýilleşdirýär. Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy berkitmäge toplumlaýyn
çemeleşmäni ilerletmek maksady bilen, ýurdumyz ynanyşmak, dialog we öňüni alyş
diplomatiýasy üçin giňişligi mundan beýläk-de ösdürmegiň tarapdary bolup çykyş
eder. Bu ugurda Türkmenistan 2027 — 2037-nji ýyllary Birleşen Milletler
Guramasynyň “Dialogyň we öňüni alyş diplomatiýasynyň onýyllygy” diýip yglan
etmegi teklip eder. Türkmenistan Milletler Bileleşiginiň çäklerinde
Köptaraplylygyň we döwletleriň özygtyýarly deňliginiň dostlary toparyny
döretmek başlangyjy bilen çykyş etmegi-de teklip eder.
Hormatly Prezidentimiziň
Parahatçylyk we bitaraplyk uniwersitetini döretmek baradaky başlangyjyny iş
ýüzünde durmuşa geçirmek maksady bilen, BMG we onuň düzüm birlikleri bilen
degişli işler alnyp barlar. Bu ugurda indiki ädim hökmünde Türkmenistanyň
Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Parahatçylyk we
bitaraplyk kafedrasynyň ýanynda Parahatçylyk, bitaraplyk we öňüni alyş
diplomatiýasy boýunça akademiki merkezi döretmek boýunça geňeşmeler geçiriler.
Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda Halkara
gatnaşyklarda we diplomatiýada emeli aňy parahatçylykly ulanmak boýunça halkara
kodeksi işläp taýýarlamagy teklip eder. Bu ugurda BMG-niň howandarlygynda
Aşgabatda Sanly ynanyşmak we emeli aňy jogapkärçilikli ulanmak meseleleri
boýunça halkara bilermenler dialogyny geçirmek meýilleşdirilýär. Ýurdumyz
BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň
işini mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn goldamak maksady bilen, «Birleşen
Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit
merkeziniň orny» atly nobatdaky Kararnamanyň taslamasyny Baş Assambleýanyň
garamagyna hödürlär.
Durnukly ösüş we ulag
ugurlardaky hyzmatdaşlyk hem möhüm ähmiýete eýedir. Hormatly Prezidentimiziň
öňe sürýän başlangyçlary esasynda Türkmenistan dünýä derejesinde ulag
diplomatiýasynyň öňdebaryjy merkezi hökmünde çykyş edýär. Şunuň bilen
baglylykda, ýurdumyzyň başlangyjy bilen Baş Assambleýanyň 80-nji sessiýasynda
2026 — 2035-nji ýyllar üçin «BMG-niň Durnukly ulag boýunça onýyllygyny» yglan
etmek baradaky Kararnama kabul edildi. Kararnamanyň çäklerinde döwletimiz
onýyllygyň maksatlarynyň durmuşa geçirilişine gözegçilik etmek üçin ählumumy
seljeriş we maglumat guraly hökmünde Durnukly ulag arabaglanyşygynyň ählumumy
atlasyny döretmek boýunça işleri dowam etdirer.
Ýurdumyz 2024 — 2034-nji
ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň, Awaza syýasy Jarnamasynyň iş
ýüzünde amala aşyrylmagyna işjeň gatnaşmagyny dowam etdirer. Türkmenistanyň
çäginde Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda Durnukly söwda
logistikasy we gümrük hyzmatdaşlygy boýunça halkara merkezi döretmegiň
mümkinçiligine garamak teklip ediler. Şonuň ýaly-da, döwletimiz BMG-niň
howandarlygynda Hazar deňzi arkaly Günorta we Merkezi Aziýany Ýewropa bilen
baglanyşdyrýan sebitüsti ulag geçelgesini döretmek başlangyjyny öňe sürer.
Ekologik howpsuzlygy, howanyň
üýtgemegi we energiýa serişdelerinden rejeli peýdalanmagy üpjün etmek
Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy, onuň ýöriteleşdirilen edaralary
bilen bilelikde amala aşyrýan hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň biridir. Bu
ugurda ýurdumyz halkara hyzmatdaşlygy institusional esasda ösdürmäge, howanyň
üýtgemegi bilen bagly başlangyçlaryny ilerletmäge gönükdirilen täze
köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk meýdançasy bolan Aşgabat howa dialogyny döretmek
başlangyjyny öňe sürer. Türkmenistan gurak we suw ýetmezçiliginden kynçylyk
çekýän sebitleriň howa durnuklylygyny pugtalandyrmak boýunça başlangyç bilen
çykyş eder.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň
ýurdumyzyň başlangyjy esasynda kabul edilen «Durnukly ösüşi üpjün etmekde
ygtybarly we durnukly energetika arabaglanyşygynyň esasy orny» atly
Kararnamasynyň düzgünlerini durmuşa geçirmek maksady bilen, «Hemmeler üçin
durnukly energetika» atly ýokary derejeli foruma taýýarlyk görmek babatda
geňeşmeler geçiriler.
Ynsanperwer hyzmatdaşlygy
ösdürmek hem wajyp ugurlaryň biri bolup durýar. Döwlet Baştutanymyzyň
başlangyjy esasynda Türkmenistan zenanlaryň we ýaşlaryň dialogyny ösdürmäge
aýratyn üns berýär. Bu ugurda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogyny
mundan beýläk-de ilerletmegi, onuň BMG-niň Parahatçylygy gurmak boýunça
komissiýasy we Zenanlar düzümi bilen «Zenanlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» gün
tertibiniň çäklerinde hyzmatdaşlygyny giňeltmegini üpjün eder. Mundan başga-da,
halkara gatnaşyklarda, parahatçylykly başlangyçlarda ýaşlaryň işjeňligini
artdyrmak, Merkezi Aziýanyň ýaşlar dialogynyň işini goldamak dowam etdiriler.
Ýurdumyz «Ýaşlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» gün tertibiniň çäklerinde
ýaşlaryň halkara we sebit başlangyçlaryna amaly taýdan gatnaşygyny giňeltmäge
ýardam berer.
Halkara hukugy we Birleşen
Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyk hem möhüm ugurlaryň hatarynda görkezildi.
Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça Türkmenistan halkara hukugyň ähmiýeti
boýunça ählumumy teklipleri yzygiderli öňe sürýär. Şeýle teklipleriň biri hem
2028-nji ýyly «Halkara hukugyň ýyly» diýip yglan etmek baradaky başlangyçdyr.
Ol döwletleriň arasyndaky gatnaşyklary dolandyrýan halkara kadalaryň hem-de
BMG-niň Tertipnamasynyň ähmiýetini ýene-de bir gezek nygtaýar. Halkara hukugyň
ýylyna görülýän taýýarlygyň çäklerinde Türkmenistanda halkara hukugyň,
ýaragsyzlanmagyň, bitaraplygyň, öňüni alyş diplomatiýasynyň we durnukly ösüşiň
özara baglanyşygyna bagyşlanan halkara maslahaty geçirmek teklip edilýär.
Türkmenistan Birleşen
Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň 2026 — 2028-nji ýyllar üçin
agzasy, BMG-niň beýleki düzüm birlikleriniň, komissiýalarynyň agzasy hökmünde
işini işjeň dowam etdirer. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň
81-nji sessiýasynyň dowamynda 2031-2032-nji ýyllar üçin BMG-niň Howpsuzlyk
geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna, guramanyň beýleki saýlawly wezipelerine
ýurdumyzyň saýlanmagy boýunça taýýarlyk işleri alnyp barlar.
Türkmenistanyň Baş
Assambleýanyň nobatdaky sessiýasynda ileri tutýan garaýyşlaryny Birleşen
Milletler Guramasynyň Sekretariatyna ibermek, guramanyň agza ýurtlarynyň
arasynda ýaýratmak we agzalan resminamanyň mazmuny barada milli we halkara
köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde maglumatlary ýerleşdirmek göz öňünde
tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen köpugurly
hyzmatdaşlygy ösdürmäge, ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmäge möhüm
ähmiýet berýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz
taýýarlanylan teklipleri goldap, wise-premýer, daşary işler ministrine Birleşen
Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasyna gowy taýýarlyk
görmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary B.Annaýew demir ýol ulagy pudagyny kämilleşdirmek boýunça
alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzy
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde
welaýatlarda demir ýol stansiýalarynyň döwrebap binalaryny gurmak göz öňünde tutulyp,
häzirki wagtda bu babatda degişli işler amala aşyrylýar. Munuň özi pudagyň
işiniň netijeliligini has-da artdyrmaga, onuň işgärleri üçin döwrebap we oňaýly
iş şertlerini döretmäge ýardam berer. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer
döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklipleri hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, ýurdumyzda demir ýol ulagy pudagyny döwrebaplaşdyrmak boýunça
netijeli işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz Ahal, Balkan
we Mary welaýatlarynda demir ýol stansiýalarynyň döwrebap binalaryny gurmak
boýunça taýýarlanylan teklipleri makullap, wise-premýere zerur işleri geçirmegi
tabşyrdy.
Mejlisde döwlet durmuşyna
degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli
çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini
jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar
Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw
etdi.
tdh.gov