29.07.2026
Türkmen
halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedow «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary bilen
duşuşyp, olaryň okuw-türgenleşikleri we durmuşy bilen içgin gyzyklandy. Şeýle
hem Gahryman Arkadagymyz toparyň agzalarynyň öňde boljak halkara ýaryşlarda
şowly çykyş etmegine ak pata berdi. Bu bolsa atçylyk sportuna ykbalyny baglan
ýaşlary täze belentliklere, beýik ýeňişlere ruhlandyrdy.
Hormatly
Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke
atlarynyň arasynda geçiriljek atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä
çempionatyna ýurdumyzyň ýokary derejeli wekiliýetiniň gatnaşmagy bilen bagly
çärelere taýýarlyk görmek boýunça guramaçylyk döwlet topary döredildi. Toparyň
başlygy Gahryman Arkadagymyz bu ugurda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli guramaçylyk
işlerini yzygiderli gözegçilikde saklap, bu barada gymmatly maslahatlaryny
berýär.
Duşuşygyň
dowamynda Milli Liderimiz ýaşlaryň diňe bir türgenleşikleri däl, eýsem,
okuwlary, durmuşy we ene-atalarynyň ýagdaýy bilen hem içgin gyzyklandy. Bu
bolsa ýurdumyzda ýaşlar, olaryň geljegi we hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagy
bilen baglanyşykly meseleleriň rowaçlanmagy ugrunda uly alada edilýändigini
görkezýär. Gahryman Arkadagymyz toparyň her bir agzasy bilen içgin söhbetdeş
boldy, olaryň geljekki maksatlary barada gyzyklandy. Munuň özi ýaşlaryň öňde
boljak ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä
çempionatynda üstünlik gazanmaklary üçin Milli Liderimiziň ak patasy hökmünde
kabul edildi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň ýurdumyzda atçylygy we atçylyk sportuny ösdürmek ugrundaky tagallalary, bedew atlara erk etmekdäki nusgalyk göreldesi, öwüt-ündewleri ýaşlary täze ýeňişlere ruhlandyrýar. Häzirki döwrüň ýaşlary baradaky alada Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň röwşen geljeginiň kepilidir. Duşuşygyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Ýaşlar — Watanyň daýanjy” atly kitabynyň ähmiýeti, ýaşlar syýasatynyň durmuşa geçirilişi barada aýdyp, döwletimizde ýaş nesiller üçin ähli zerur şertleriň döredilýändigine ünsi çekdi. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 2007-nji ýylda döredilen “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary at çapmagyň, çylşyrymly hereketleriň ussady hökmünde ykrar edilen ýaşlardan ybaratdyr. Toparyň dürli ýyllardaky gazanan ýeňişleri türkmen halkynyň Milli Lideriniň çäksiz aladasynyň, parasatly öwüt-ündewleriniň, nusgalyk göreldesiniň netijesidir.
Duşuşygyň
barşynda Gahryman Arkadagymyz halkara çärelerde Türkmenistanyň abraýyny belende
göterjek oglan-gyzlar bilen gürrüňdeş bolup, toparyň agzalarynyň üstünlikli
çykyş etmekleri ugrunda döwlet tarapyndan ähli zerur şertleriň döredilýändigini
belledi we olaryň halkara çärelerde öz ukyp-başarnyklaryny görkezip, üstünlik gazanmaklaryny,
türkmen tuguny belentde parlatmaklaryny arzuw etdi. Türkmen halkynyň Milli
Lideri toparyň agzalarynyň halkara ýaryşlarda halkymyza mahsus merdanalygy,
ussatlygy we saýlap alan hünärine bolan yhlasyny görkezjekdiklerine ynam
bildirdi hem-de Watanymyzyň hemişe ýaşlaryň beýik maksatlaryna goldaw
berjekdigini aýtdy. Gahryman Arkadagymyz duşuşygyň barşynda ýaşlaryň
Watanymyzyň abraýyny goramaklary, ony jandan eziz görmekleri barada
maslahatlaryny berdi.
Halkara
bäsleşikler jemlenenden soňra, ýurdumyzyň durmuşynda möhüm orny eýeleýän
mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramynyň dabaralary ýaýbaňlandyrylar.
Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz “Garaşsyz, baky Bitarap
Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda atçylyk we atly sport
çäreleriniň ýokary derejede geçiriljekdigine, ahalteke bedewleriniň
toý-baýramlaryň bezegine öwrüljekdigine, toparyň çykyşlarynyň şanly wakalary
has-da dabaralandyrjakdygyna ynam bildirdi. Gahryman Arkadagymyz halkara
çärelerde “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalarynyň täze
oýunlary we çylşyrymly hereketleri bilen dünýäni haýrana goýmaklaryny arzuw
etdi. Munuň özi behişdi bedewlerimiziň Ýer ýüzündäki abraýynyň belende
galmagyny üpjün eder.
Toparyň
agzalary döwlet derejesinde döredilýän mümkinçilikler üçin Gahryman
Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize çuňňur hoşallyklaryny beýan edip,
özlerine bildirilýän ynamy abraý bilen ödäp, öňde boljak halkara bäsleşiklerde
täze ýeňişleri gazanyp, ahalteke bedewleriniň dünýädäki şöhratynyň has-da
belende galmagyna mynasyp goşant goşjakdyklaryna ynandyrdylar.
Türkmenistanyň
Halk Maslahatynyň Başlygy ýaşlara milli atçylyk sportuny ösdürmekde, ony dünýä
ýaýmakda mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw etdi we bu ýerden ugrady.
***
Şu
günler hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanyň
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, guramaçylyk döwlet toparynyň
başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew döwlet toparynyň agzalary bilen bilelikde
halkara çärelere ýokary derejede taýýarlyk görmek üçin Niderlandlar
Patyşalygynyň Kronenberg şäherinde iş saparynda bolýar. Bu ýerde halkymyzyň
dünýä beren milli gymmatlyklarynyň naýbaşysy bolan ahalteke bedewleriniň
halkara derejede geçirilýän bäsleşiklere gatnaşdyrylmagy we onuň çäklerinde
guraljak çäreleriň guramaçylygy boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şunda
Türkmenistanyň wekiliýetiniň halkara çärelere gatnaşygyny, ähli meýilleşdirilen
çäreleriň guramaçylyk-taýýarlyk işleriniň ýokary derejede alnyp barylýandygyny
bellemeli.
Guraljak
çäre, onuň geçiriljek ýerini kesgitlemek, milli bezeg işleri bilen baglanyşykly
meselelere zerur üns berilýär. Şeýle hem öňde boljak çärelere taýýarlygyň
dowamynda ýurdumyzyň wekilçilikli toparynyň agzalary ýerli atşynaslar, bu ugur
boýunça ylmy işleri alyp barýan halkara derejeli hünärmenler bilen duşuşyklary
guraýarlar. Munuň özi ahalteke atlarynyň arasynda geçiriljek atly sport we
gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatyna gatnaşjak türkmen toparlarynyň
çykyşlarynyň guramaçylykly geçirilmegi ugrunda hemmetaraplaýyn tagalla
edilýändiginiň beýanydyr.
Kronenberg
şäherinde geçirilen duşuşyklaryň çäklerinde halkara çäreleri guramaga
niýetlenen meýdança bilen tanyşdyrylyş çäresi boldy. Şunda atly sport
ýaryşlarynyň, gözellik bäsleşiginiň geçiriljek ýerleriniň özboluşly
aýratynlyklary, ýaryşlary guramagyň tertibi barada pikir alşyldy. Bellenilişi
ýaly, meýdançanyň çäklerinde halkara ýaryşlaryň bezegleri, dürli ýazgylar
häzirki zaman talaplaryna doly laýyk derejede ýerleşdiriler. Ýerli
hünärmenlerdir atşynaslar özara tejribe alşylmagynyň wajypdygyny aýdyp, türkmen
halkynyň milli atşynaslyk däpleri bilen içgin tanyşmak we ony Ýewropa
ýurtlarynyň atşynaslarynyň arasynda netijeli peýdalanmak bilen baglanyşykly
meseleleriň ähmiýetine üns berdiler. Munuň özi dünýä ýurtlarynda atşynaslyk,
aýratyn-da, ahalteke atlaryny seýislemegiň usullary bilen baglanyşykly
maglumatlaryň bir ýere jemlenmeginde we onuň dünýä atşynaslary üçin elýeterli
bolmagynda ähmiýetlidir.
Ahalteke
atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň türkmen sungatynyň naýbaşy
görnüşleriniň biri hökmünde ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň
sanawyna girizilmegi milli hem-de dünýä medeniýetiniň gymmatlygy hasaplanýan
bedewlerimiziň Ýer ýüzündäki at-abraýyny has-da dabaralandyrdy. Munuň özi
paýhasly pederlerimiziň atlary seýislemek boýunça taryhyň dowamynda döreden
nusgalyk ýörelgeleriniň halkara derejedäki ykrarnamasydyr. Şunuň bilen
baglylykda, geçirilýän duşuşyklarda dünýäde uly şöhrat gazanan ahalteke
bedewleriniň taryhyna, olaryň özboluşly aýratynlyklaryna, bäsleşikleri
geçirmegiň tertibine degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar. Bu bolsa
meýilleşdirilen çäreleriň guramaçylyk derejesine örän jogapkärçilikli we
toplumlaýyn esasda çemeleşilýändiginiň güwäsidir.
tdh.gov