31.07.2026
Şu
gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we
Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl konsultatiw
duşuşygyna gatnaşmak maksady bilen Gyrgyz Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy.
Döwlet
Baştutanymyz Gyrgyzystanyň Yssyk-köl welaýatyna ugramak üçin ir bilen
paýtagtymyzyň Halkara howa menziline geldi. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi
ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.
Bu
günki gün Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny
mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Merkezi Aziýada
giň özara hyzmatdaşlyk ugrunda çykyş edýär we sebiti uzak möhletli
parahatçylyk, durnuklylyk, durmuş-ykdysady ösüş zolagyna öwürmäge uly goşant goşýar.
Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik
Bitaraplyk hukuk derejesi Türkmenistanyň netijeli daşary syýasatynyň binýadyny
düzýär. Ýurdumyzyň bu hukuk derejesinden gelip çykýan parahatçylyk
döredijilikli taglymlar “Açyk gapylar” syýasatynda, deňhukukly dialogda, özara
bähbitli hyzmatdaşlykda öz beýanyny tapýar. Türkmenistan birek-biregiň
bähbitleriniň nazara alynmagynyň sebitiň doganlyk halklarynyň arasynda
ynanyşmagy we hoşniýetli goňşuçylygy pugtalandyrmagyň esasy şerti bolup
durýandygyny iş ýüzünde subut edýär.
2021-nji
ýylda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet
Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň üstünlikli geçirilendigini, şu ýylyň
oktýabrynda bolsa Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň
döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň ýurdumyzda guraljakdygyny
bellemek gerek. Gahryman Arkadagymyzyň birnäçe ýyl mundan ozal sebitiň
ýurtlarynyň arasynda ýokary derejedäki yzygiderli syýasy dialogy ýola goýmak
baradaky öňe süren başlangyjy türkmen diplomatiýasynyň taryhynda möhüm tapgyr
boldy. Konsultatiw duşuşyklar sebitiň döwletleriniň özara düşünişmegi, giň
gerimli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça tagallalary utgaşdyrmagyň ýolunda
wajyp ädim bolup, doganlyk halklaryň köpasyrlyk hoşniýetli goňşuçylyk
däplerine, taryhy-medeni umumylygyna esaslanýar.
Däp
bolan bäştaraplaýyn formata Azerbaýjan Respublikasynyň goşulmagy sebit
hyzmatdaşlygynyň ösüşinde täze sahypany açýar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen
halkynyň Milli Lideriniň Azerbaýjany sebit dialogyna goşmak baradaky
öňdengörüjilikli başlangyjynyň döwletara hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze
görnüşini döretmäge itergi berendigini nygtamak gerek. Gahryman Arkadagymyzyň
bu teklibi Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky köpri hökmünde Merkezi Aziýa
döwletleriniň we Azerbaýjanyň mümkinçiliklerini birleşdirmek babatda giň
gözýetimleri açýar. “Merkezi Aziýa — Azerbaýjan” formaty bilelikdäki iri maýa
goýum, energetika we ulag taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin berk binýady
goýýar. Ýurtlarymyzyň tagallalarynyň utgaşdyrylmagy özara haryt dolanyşygynyň
möçberini artdyrmaga, Ýewraziýa yklymynda durnukly hem-de bitewi
ulag-energetika ulgamyny döretmäge ýardam berýär.
Dost-doganlyk
gatnaşyklary, medeni gymmatlyklaryň, däp-dessurlaryň umumylygy, özara hormat
goýmagyň ýokary derejesi altytaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de
çuňlaşdyrmak üçin amatly şertleri döredýär. Ýurdumyzyň bu formatda netijeli we
başlangyçly çemeleşmesi ähli gatnaşyjylaryň bähbitlerine laýyk gelýän
çözgütleri kabul etmäge ýardam berýär.
...Birnäçe
wagtdan hormatly Prezidentimiziň uçary sammite gatnaşýan ýurtlaryň Döwlet
baýdaklary bilen bezelen Yssyk-köl Halkara howa menziline gelip gondy. Haly
düşelen ýodajygyň iki tarapynda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzülipdir.
Bu
ýerde döwlet Baştutanymyzy Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň
Başlygy, Prezidentiň Diwanynyň ýolbaşçysy Adylbek Kasymaliýew we ýurdumyzyň
resmi wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar. Belent mertebeli türkmen
myhmanynyň hormatyna Gyrgyzystanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly
çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Munuň özi mizemez dost-doganlyk gatnaşyklarynyň
aýdyň nyşanyna öwrüldi.
Howa
menzilinden hormatly Prezidentimiziň awtoulag kerweni sammitiň geçirilýän
ýerine — Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň Çolpon-Ata şäherindäki döwlet
kabulhanasynyň Kongresler merkezine ugrady. Kongresler merkezinde Arkadagly
Gahryman Serdarymyzy Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow mähirli
garşylady. Döwlet Baştutanlarynyň bilelikdäki resmi surata düşmek dabarasyndan
soňra, bu ýerde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet
Baştutanlarynyň resmi däl konsultatiw duşuşygy geçirildi.
Prezident
Sadyr Žaparow sammite gatnaşyjylary mähirli mübäreklemek bilen, çakylygy kabul
edip Gyrgyzystana gelendikleri üçin hoşallygyny beýan etdi. Şeýle hem ol şu ýyl
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň
konsultatiw duşuşygynda Türkmenistanyň başlyklyk edýändigini aýdyp, muňa ýokary
baha berdi hem-de Awazada geçiriljek konsultatiw duşuşyga çakylygy üçin
hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirdi.
Gazagystanyň
Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew hem öz çykyşynda XXI asyrda Merkezi Aziýany
ösdürmek maksady bilen, dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we hyzmatdaşlyk hakynda
Şertnama Türkmenistanyň goşulandygy üçin döwlet Baştutanymyza hoşallygyny beýan
etdi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow çykyşynyň başynda Gyrgyz Respublikasynyň
Prezidenti Sadyr Žaparowa bildirilen myhmansöýerlik we duşuşygyň guramaçylyk
derejesi üçin minnetdarlygyny beýan etdi hem-de pursatdan peýdalanyp, duşuşyga
gatnaşyjylara Gahryman Arkadagymyzyň mähirli salamyny, duşuşygyň netijeli
geçmegi baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Döwlet Baştutanymyz Yssyk-kölüň kenarynda
täze, ajaýyp desgalaryň açylmagy bilen gyrgyz tarapyny gutlap, bu döwrebap
infrastrukturanyň diňe bir kölüň kenarýakasyny bezemek bilen çäklenmän, eýsem,
tutuş sebitiň syýahatçylyk mümkinçiliklerini ösdürmek üçin hem kuwwatly itergi
boljakdygyna ynam bildirdi.
Hormatly
Prezidentimiz duşuşykda Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewi
mübärekläp, geçen ýyl Daşkentde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň
Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynda Azerbaýjanyň bu formata doly hukukly
gatnaşmagy baradaky çözgüdiň biragyzdan kabul edilendigini aýtdy hem-de
Prezident Ilham Aliýewi we dostlukly ýurduň halkyny bu waka bilen ýene-de bir
gezek gutlady.
Arkadagly
Gahryman Serdarymyz sözüni dowam edip, döwletara hyzmatdaşlygyň bu täze
altytaraplaýyn guralynyň halklarymyzy we ýurtlarymyzy has-da ýakynlaşdyrmaga,
doganlyk gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine, bilelikdäki
mümkinçilikleri ulanmak arkaly hyzmatdaşlyga goşmaça itergi berjekdigine berk
ynam bildirdi.
Bellenilişi
ýaly, şu ýylyň 8-nji oktýabrynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi
Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň
konsultatiw duşuşygynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Ýurdumyz bu ähmiýetli
waka örän jogapkärçilikli çemeleşip, sammitiň netijeli, ýokary guramaçylyk derejesinde
geçirilmegi üçin ähli zerur işleri amala aşyrýar. Şunuň bilen baglylykda,
hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň gatnaşyjy döwletlere duşuşygyň gün
tertibiniň taslamasyny iberendigini, onda esasy bäş ugruň öz beýanyny
tapýandygyny aýtdy. Hususan-da, gün tertibinde möhüm sebit we halkara
parahatçylyk, durnuklylyk, howpsuzlyk meseleleri boýunça pikir alyşmalar;
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň syýasy-diplomatik
hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak; söwda-ykdysady gatnaşyklary
çuňlaşdyrmak, energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmek, durnukly
ulag-logistika geçelgelerini ösdürmek; daşky gurşawy goramak hem-de howanyň
üýtgemegine uýgunlaşmak, Amyderýanyň we Syrderýanyň suw serişdelerini rejeli
peýdalanmak, Aral deňzini gaýtadan dikeltmek ulgamynda tagallalary
utgaşdyrmakda bilelikdäki çäreler; medeni, ylym-bilim gatnaşyklaryny ösdürmek,
talyp we ýaşlar alyşmalaryny giňeltmek ýaly ugurlar bar.
Hormatly
Prezidentimiz Türkmenistanyň bu teklip edilýän meseleleriň Merkezi Aziýa
ýurtlary we Azerbaýjan üçin möhüm ähmiýete eýediginden ugur alýandygyny aýtdy
hem-de Awazada sammite taýýarlyk görülýän hem-de onuň geçiriljek günlerinde
birnäçe halkara forumlaryň we medeni çäreleriň guraljakdygyny nygtady. Döwlet
Baştutanymyz çykyşynyň ahyrynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň şeýle
halkara duşuşyklary guramaga hem-de geçirmäge, ozal hem bolşy ýaly,
jogapkärçilikli çemeleşjekdigine ynam bildirdi hem-de ähli döwlet
Baştutanlaryna hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýändikleri üçin ýene-de bir gezek
minnetdarlygyny beýan etdi.
Hormatly Prezidentimiziň
çykyşy uly üns bilen diňlenildi.
Çykyşlar tamamlanandan soňra,
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň
resmi däl konsultatiw duşuşygynyň jemleri boýunça Çolpon-Ata Jarnamasyna gol
çekildi. Jarnamada döwlet Baştutanlary Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan
Respublikasynyň arasyndaky sebit hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagynyň bu
ýurtlaryň halklarynyň düýpli bähbitlerine laýyk gelýändigini, sebitde
durnuklylygy hem-de abadançylygy üpjün etmäge ýardam berýändigini nygtap,
dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak, ynanyşmak gatnaşyklaryny
mundan beýläk-de berkitmäge ygrarlydyklaryny tassyklaýarlar.
Duşuşyk tamamlanandan soňra,
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwlet Baştutanlary bilen
bilelikde Yssyk-köl welaýatynyň Kara-Oý obasynda “Baku” myhmanhanasynyň açylyş
dabarasyna gatnaşdy. Dabaranyň dowamynda belent mertebeli myhmanlar täze
desgada döredilen mümkinçilikler we şertler bilen tanyşdylar.
Ýurdumyzda hem syýahatçylyk
pudagynyň yzygiderli ösdürilýändigini bellemek gerek. Hazar
deňziniň ekologik taýdan arassa kenarynda ýerleşýän “Awaza” milli syýahatçylyk
zolagy ýokary derejeli dynç alyş infrastrukturasyny özünde jemleýär.
Gyrgyz
Respublikasyna iş saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, hormatly
Prezidentimiz Watanymyza ugramak üçin Yssyk-köl Halkara howa menziline geldi.
Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň
Başlygy, Prezidentiň Diwanynyň ýolbaşçysy Adylbek Kasymaliýew we ýurdumyzyň
resmi wekiliýetiniň agzalary ugratdylar.
Birnäçe wagtdan hormatly
Prezidentimiz paýtagtymyzyň Halkara howa menziline geldi. Bu ýerde Arkadagly
Gahryman Serdarymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary garşyladylar.
Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiziň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl konsultatiw duşuşygyna gatnaşmagy Bitarap Türkmenistanyň Merkezi Aziýada hem-de goňşy sebitlerde parahatçylygy, durnuklylygy, abadançylygy pugtalandyrmaga saldamly goşant goşýandygynyň nobatdaky aýdyň mysaly boldy.
tdh.gov