Täzelikler | TSSE
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Baş sahypa

Täzelikler

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

20.07.2026
17

 

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Häkim welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu günler sebitiň galla oragyndan boşan meýdanlarynda sürüm işleri geçirilýär. Ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny, bugdaý tohumyny möwsüme taýýarlamak babatda zerur çäreler görülýär. Gowaça ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri, hususan-da, hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri geçirilýär. Sebitde güýzlük ýeralmanyň, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ekişine taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Şeýle hem häkim şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatda gowaça ideg işleriniň, geljek ýylyň bugdaý hasylynyň düýbüni tutmak boýunça alnyp barylýan işleriň öz wagtynda, talabalaýyk ýerine ýetirilmeginiň möhümdigini belledi hem-de birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Balkan welaýatynyň häkimi R.Jumaýew welaýatda dowam edýän oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu günler bugdaý ekişine taýýarlyk görmegiň çäklerinde meýdanlary sürmek we tekizlemek, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny, bugdaý tohumyny möwsüme taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri geçirilýär. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň güýz möwsüminde ekiljek meýdanlaryny ekişe taýýarlamak üçin zerur çäreler görülýär. Şeýle-de häkim ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi we gowaça ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmeginiň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek üçin ekişe taýýarlyk işleriniň ýokary guramaçylykly alnyp barylmagynyň möhümdigini aýtdy we häkime degişli tabşyryklary berdi. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri hakynda hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ýerleri ekiş möwsümine taýýarlamak üçin welaýatyň galla oragyndan boşan meýdanlarynda sürüm, tekizleýiş işleri alnyp barylýar. Ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny, bugdaý tohumyny möwsüme taýýarlamak işleri geçirilýär. Sebitiň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Gök-bakja, beýleki oba hojalyk ekinleriniň güýzki ekişine taýýarlyk görülýär. Şaly ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ideg etmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri dowam edýär. Şeýle-de häkim ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, gowaça ideg işleriniň, geljek ýylyň bugdaý hasylynyň düýbüni tutmaga taýýarlyk işleriniň ýokary hilli hem-de öz wagtynda geçirilmeginiň zerur talap bolup durýandygyny belledi we bu ugurda alnyp barylýan işleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Lebap welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu günler bugdaý ekişine taýýarlyk görmegiň çäklerinde galla oragyndan boşan meýdanlarda sürüm, tekizlemek, topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri alnyp barylýar. Ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny, bugdaý tohumyny möwsüme taýýarlamak boýunça zerur işler ýerine ýetirilýär. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Ilatymyzy ýurdumyzda öndürilýän azyk önümleri bilen bolelin üpjün etmek barada öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, welaýatda ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň güýz möwsüminde ekiljek meýdanlaryny taýýarlamak işleri geçirilýär. Şaly ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri dowam edýär. Şeýle-de häkim şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, gowaça ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde ýerine ýetirilmeginiň, geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişine talabalaýyk taýýarlyk görmegiň möhümdigini belledi we degişli tabşyryklary berdi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Mary welaýatynyň häkimi B.Orazgylyjow welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sebitde geljek ýylyň hasylynyň düýbüni tutmak üçin bugdaý oragyndan boşan meýdanlary sürmek, tekizlemek, topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak, ýokary hilli bugdaý tohumyny we oba hojalyk tehnikalaryny möwsüme taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Ýeralmanyň, gök-bakja, beýleki oba hojalyk ekinleriniň güýz möwsüminde ekiljek meýdanlaryny ekişe taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Ýetişdirilen gök-bakja önümleri içerki bazarlarymyzda elýeterli bahadan ilata ýetirilýär. Gant şugundyry ekilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak, hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar. Şeýle-de häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, gowaça ideg işleriniň, bugdaý ekişine taýýarlyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň geljekde bol hasyl almagyň esasy şertleriniň biridigini belledi hem-de birnäçe görkezmeleri berdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi.

Nygtalyşy ýaly, bugdaý ekişine taýýarlyk işleriniň çäklerinde häzirki wagtda ekiş geçiriljek meýdanlary sürmek, tekizlemek, oba hojalyk tehnikalaryny hem-de ýokary hilli bugdaý tohumyny möwsüme taýýar etmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. Welaýatlaryň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Daşoguz hem-de Lebap welaýatlarynyň şaly ekilen meýdanlarynda, Mary welaýatynda güýzlük gant şugundyry ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri geçirilýär. Diýarymyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak barada öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, ýeralmanyň, gök-bakja we beýleki azyklyk oba hojalyk ekinleriniň güýzki ekişine taýýarlyk görülýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetimizdäki möhüm ornuny belledi we häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin işlere ünsi çekdi hem-de wise-premýere gowaça ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmegini, bugdaýyň, beýleki oba hojalyk ekinleriniň ekişine ýokary hilli taýýarlyk görülmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, agrotehniki çäreleriň öz wagtynda, ýokary hilli ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

tdh.gov


Bulary hem okaň