Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
Hytaý Halk Respublikasyna saparynyň çäklerinde HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň
çakylygy boýunça Ikinji jahan urşunda gazanylan ýeňşiň 80 ýyllygynyň hormatyna
Pekinde geçirilen dabaraly çärelere gatnaşdy.
Pekiniň
Týananmen meýdançasynda wekiliýet ýolbaşçylarynyň bilelikde surata düşmek
dabarasyndan soňra, bu ýerde dabaraly harby ýöriş geçirildi. Bu dabaraly ýöriş
Hytaýyň parahatçylyga, milli gahrymanlaryň ýagty ýadygärligini hatyralamaga
ygrarlydygynyň beýany boldy.
Häzirki
wagtda hemişelik Bitaraplyk Türkmenistanyň halkara giňişlikde parahatçylyk
döredijilikli ornuny üpjün edýän daşary syýasatynyň binýadyna öwrüldi. BMG-niň
Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen bu hukuk ýagdaýy ýurdumyza
sebit we ählumumy meseleleri kadalaşdyrmakda ygtybarly hyzmatdaş hökmünde çykyş
etmäge ýardam berýär. Hemişelik Bitaraplyk we öňüni alyş diplomatiýasy
parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatymyzyň esasy sütünleri bolup durýar.
Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk derejesi beýleki döwletleriň içerki işlerine
goşulmazlyk ýörelgelerine ygrarlydygyny görkezýär, öňüni alyş diplomatiýasy
bolsa bu syýasatyň logiki dowamy bolup, ýurdumyzyň gapma-garşylyklaryň öňüni
almaga gönükdirilen işjeň strategiýasydyr. Bu iki ýörelge özara berk baglanyşyklydyr.
Bitaraplyk ynanyşmak üçin binýady döretse, öňüni alyş diplomatiýasy ony durmuşa
geçirmegiň guraly bolup durýar. Türkmenistan gepleşikler üçin bitarap meýdança
hökmünde çykyş edip, dialog üçin şertleri döretmäge çalyşýar.
Ýurdumyz
halkara guramalar, ilkinji nobatda, BMG, sebit we halkara düzümleri bilen
hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýär. Türkmenistan öz parahatçylyk döredijilikli
syýasatyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ählumumy howpsuzlyga, durnukly ösüşe
goşant goşýar. Şeýle çemeleşme diňe sebit gün tertibi bilen çäklenmän, eýsem,
has giňişleýin halkara başlangyçlarda hem öz beýanyny tapýar. Döwletimiz
ählumumy ähmiýeti bolan birnäçe esasy ugurlar boýunça teklipler bilen çykyş
edýär. Türkmenistanyň parahatçylyk döredijilikli işi diňe bir syýasy we
diplomatik başlangyçlar bilen çäklenmeýär. Bu ugurda ykdysady diplomatiýa hem
möhüm orun degişlidir. Ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýy dünýäniň ähli
ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge mümkinçilik berýär. Munuň
özi energetika howpsuzlygy bilen baglylykda aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Tebigy
gazyň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistan energiýa serişdeleriniň
iberilýän ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmagy maksat edinýär. Türkmenistan —
Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy ýaly taslamalar
ykdysady başlangyçlaryň parahatçylyk döredijilikli maksatlara hyzmat etmeginiň
aýdyň mysalydyr. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi Owganystanyň ykdysadyýetiniň
ösmegine, ýurtdaky ýagdaýy durnuklylaşdyrmaga şert döreder. Türkmenistan
Merkezi Aziýany Kawkazyň üsti bilen Ýewropa bilen birleşdirýän “Lapis Lazuli”
üstaşyr ulag geçelgesini döretmek boýunça taslamalara işjeň gatnaşýar. Munuň
özi sebit söwdasyny we ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam berýär.
Türkmenistan
ekologiýa howpsuzlygy ulgamynda-da halkara hyzmatdaşlygyň tarapdary bolup
durýar. Howanyň ählumumy derejede üýtgeýän we suw serişdeleriniň ýetmezçilik
edýän şertlerinde ýurdumyz suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, çölleşmä garşy
göreşmek bilen baglanyşykly meseleleri çözmek babatda tagallalary birleşdirmäge
çagyrýar. Bu başlangyçlar diňe bir daşky gurşawy goramaga däl, eýsem, ýüze
çykyp biljek gapma-garşylyklaryň öňüni almaga hem gönükdirilendir. Mundan
başga-da, Türkmenistan ynsanperwer meseleleri çözmäge, häzirki döwrüň
wehimlerine garşy göreşmäge gönükdirilen başlangyçlary işjeň öňe sürýär.
Ýurdumyzyň Bitaraplygy we işjeň parahatçylyk döredijilikli syýasaty dünýä
bileleşiginiň ýokary bahasyna mynasyp bolýar. 2025-nji ýylda BMG-niň Baş
Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň üçünji gezek
ykrar edilmegi munuň aýdyň güwäsidir.
Häzirki
wagtda türkmen-hytaý gatnaşyklary hem özara hormat goýmaga, umumy bähbitlere
esaslanýan köpugurly hyzmatdaşlygyň üstünlikli nusgalarynyň biri bolup durýar.
Bu hyzmatdaşlyk syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, energetika,
medeni-ynsanperwer ulgamlarda yzygiderli ösdürilýär. Häzirki dünýä we sebit
ýagdaýlary bilen baglylykda, bu gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy iki ýurduň,
şeýle hem tutuş Ýewraziýa yklymynyň durnuklylygyna, ösüşine oňyn täsirini
ýetirýär. Türkmenistan bilen Hytaý strategik hyzmatdaşlar bolmak bilen,
parahatçylyk, durnukly ösüş ýörelgelerine ygrarlydyklaryny görkezýärler. Bu
hyzmatdaşlyk özara hormat goýmaga, deňhukuklylyga esaslanyp, diňe bir iki ýurduň
däl, eýsem, tutuş sebitiň gülläp ösmegine-de gönükdirilendir. Şeýle ygrarlylyk
ýurtlarymyzyň daşary syýasatynda, bilelikdäki taslamalarda, halkara guramalaryň
çäklerindäki işjeň hyzmatdaşlygynda öz beýanyny tapýar.
Iki
ýurt hem halkara gatnaşyklarda deňhukuklylyk we beýleki döwletleriň içerki
işlerine goşulmazlyk ýörelgelerinden ugur alýar. Türkmenistan bitarap döwlet
hökmünde gapma-garşylyklaryň öňüni almak üçin dialogy, diplomatik çözgütleri
öňe sürýär. Hytaý hem, öz nobatynda, ählumumy wehimlere garşy inklýuziw
çemeleşmäni yzygiderli ilerledýär. Ykdysady hyzmatdaşlyk iki ýurduň arasyndaky
gatnaşyklarda esasy orny eýeleýär. Energetika, ulag we infrastruktura
ulgamlaryndaky taslamalar diňe bir iki ýurduň milli ykdysadyýetleriniň ösüşine
ýardam bermek bilen çäklenmän, eýsem, sebitde durnuklylygy pugtalandyrmaga hem
mümkinçilik döredýär. Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisi munuň aýdyň
mysalydyr. Bu transmilli gaz geçirijisi adaty täjirçilik taslamasy bolman,
energetika howpsuzlygyny üpjün edýän we uzak möhletleýin ykdysady ösüş üçin
binýady döredýän strategik taslamadyr.
Döwletara
gatnaşyklarda medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyga uly üns berilýär. Özara
Medeniýet günleriniň geçirilmegi, akademiki alyşmalar we ylmy hyzmatdaşlyk
halklaryň arasynda özara düşünişmegi pugtalandyrýar. Şeýle dialog medeni
gatnaşyklaryň döwletleri ýakynlaşdyrmaga ýardam berýändiginiň aýdyň nusgasydyr.
Umuman, Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyk iki ýurduň
parahatçylyk, özara düşünişmek, durnukly ösüş ýörelgeleri esasyndaky netijeli
dialogynyň anyk mysaly bolup durýar. Olaryň bilelikdäki tagallalary sebitde
uzak möhletli durnuklylyk we abadançylyk üçin berk binýady döredip, ählumumy
meseleleriň çözgüdine saldamly goşant goşýar.
Döwlet
Baştutanymyz Hytaýa şu gezekki saparynyň dowamynda giň gerimli çärä — «ŞHG+»
formatyndaky ýokary derejeli duşuşyga gatnaşdy. Hormatly Prezidentimiziň bu
sapary Türkmenistanyň köpugurly daşary syýasatynyň pugtalanýandygyny we onuň
sebitiň döwletleri bilen dialogy giňeltmegi maksat edinýändigini tassyklaýan
möhüm waka öwrüldi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şeýle abraýly çärä
gatnaşmagy ýurdumyzyň sebitde durnukly ösüşi üpjün etmekde eýeleýän ähmiýetli
ornuny nobatdaky gezek görkezdi.
Döwlet
Baştutanymyzyň Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy bilen geçiren ýokary derejeli
gepleşikleri saparyň esasy wakasy boldy. Iki ýurduň Baştutanlary strategik
ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berip, ikitaraplaýyn
gatnaşyklaryň meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da,
energetika ulgamynda üstünlikli hyzmatdaşlyk edilýändigi bellenildi. Şeýle hem
taraplar söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçiliklerine seretdiler.
Saparyň
çäklerinde hormatly Prezidentimiz HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji
orunbasary bilen duşuşdy. Söhbetdeşligiň dowamynda söwda-ykdysady,
ulag-logistika ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meseleleri ara alnyp
maslahatlaşyldy. Taraplar medeni-ynsanperwer, ýokary tehnologiýalar
ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň zerurdygyny nygtadylar.
Birnäçe
möhüm ikitaraplaýyn resminamalara gol çekilmegi saparyň esasy netijeleriniň
biri boldy. Bu resminamalar dürli ugurlary öz içine alyp, strategik
hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmak we bilelikdäki taslamalary durmuşa
geçirmek üçin berk hukuk binýadyny döredýär.
...Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow HHR-e iş saparynyň maksatnamasyny tamamlap,
Pekiniň Halkara howa menziline bardy we bu ýerden Watanymyza ugrady. Döwlet
Baştutanymyzy dostlukly ýurduň resmi adamlary ugratdylar. Birnäçe sagatdan
soňra, hormatly Prezidentimiziň uçary Aşgabadyň Halkara howa menziline gelip
gondy. Bu ýerde Arkadagly Gahryman Serdarymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary
mähirli garşyladylar hem-de dostlukly ýurda saparynyň üstünlikli geçmegi bilen
tüýs ýürekden gutladylar.
Umuman,
hormatly Prezidentimiziň HHR-e amala aşyran sapary türkmen-hytaý gatnaşyklaryny
ösdürmekde möhüm ädim bolup, onuň strategik häsiýetini tassyklady.
Gepleşikleriň netijeleri we gol çekilen resminamalar özara bähbitli
hyzmatdaşlyk üçin täze gözýetimleri açyp, iki ýurduň abadançylygyna
gönükdirilen giň gerimli taslamalary durmuşa geçirmäge ýardam berer. Döwlet
Baştutanymyzyň bu sapary Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk derejesiniň
ýörelgelerine laýyklykda, netijeli dialoga hem-de ählumumy meseleleriň
çözgütlerini işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşmaga taýýardygyny görkezdi.
tdh.gov