08.11.2025
Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde «Merkezi
Aziýa — Amerikanyň Birleşen Ştatlary» formatyndaky sammite gatnaşdy.
Ýurdumyzyň Gahryman
Arkadagymyz tarapyndan binýady goýlan, hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine
esaslanýan daşary syýasaty häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň
baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunda ähli gyzyklanma bildirýän
taraplar bilen netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge möhüm ähmiýet berilýär.
Türkmenistan sebit we ählumumy gün tertibiniň wajyp meseleleriniň çözgütlerini
işläp taýýarlamakda başlangyçly çykyş edip, parahatçylygyň, howpsuzlygyň, durnuklylygyň
üpjün edilmegine, ählumumy abadançylygyň bähbidine strategik hyzmatdaşlygyň
pugtalandyrylmagyna mynasyp goşant goşýar. Türkmenistan halkara gatnaşyklarda
deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, hemme taraplaryň bähbitlerini nazara almak
ýörelgelerinden ugur alýar. Şeýle çemeleşme döwletara gatnaşyklaryň, şol sanda
sebit boýunça goňşy ýurtlar we Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen gatnaşyklaryň
berkidilmegine ýardam edýär.
Mälim bolşy ýaly, “C5+1”
formaty Merkezi Aziýanyň 5 döwletini — Türkmenistany, Gazagystany,
Gyrgyzystany, Täjigistany, Özbegistany hem-de Amerikanyň Birleşen Ştatlaryny
birleşdirýän diplomatik platformadyr. 2015-nji ýylda ýola goýlan bu başlangyç
sebitiň ýurtlarynyň we ABŞ-nyň arasynda özara gyzyklanma bildirilýän esasy
meseleler boýunça dialogy hem-de hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilendir.
Bu mehanizmiň çäklerinde daşary işler ministrleriniň, döwlet Baştutanlarynyň
derejesinde geçirilýän duşuşyklar umumy meseleleri bilelikde çözmek üçin
netijeli meýdança bolup hyzmat edýär.
...Hormatly Prezidentimiziň
awtoulag kerweni Ak tama geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz mähirli
garşylanyldy. Hormatly Prezidentimiz Ak tamyň Ruzwelt otagynda Hormatly
myhmanlar kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald
Trampyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Prezident Donald Tramp belent
mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, «Merkezi Aziýa — Amerikanyň Birleşen
Ştatlary» formatyndaky sammite gatnaşmaga çakylygy kabul edendigi üçin hoşallyk
bildirdi.
Döwlet Baştutanymyz duşuşmak
üçin Ak tama gelmäge, şeýle hem «Merkezi Aziýa — Amerikanyň Birleşen Ştatlary»
formatyndaky sammite gatnaşmaga çakylyk üçin ABŞ-nyň Prezidentine minnetdarlyk
bildirip, bu formatyň ýurtlarymyzyň arasynda ugurlaryň giň gerimi boýunça
hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin täze mümkinçilikleri açýandygyny belledi we
bu duşuşygyň Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky däp
bolan dostlukly gatnaşyklary ösdürmegiň ýolunda möhüm tapgyr boljakdygyna ynam
bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2025-nji ýylyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilendigini aýdyp, Birleşen Ştatlaryň ýurdumyzyň bu başlangyjyny goldandygyny, Türkmenistanyň hem Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen dostlukly, özara bähbitli gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berýändigini nygtady.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň
Prezidenti Donald Tramp türkmen-amerikan hyzmatdaşlygyny ähli esasy ugurlar
boýunça mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga taýýardyklaryny tassykladylar.
Soňra hormatly Prezidentimiz
«Merkezi Aziýa — Amerikanyň Birleşen Ştatlary» formatyndaky sammite gatnaşdy.
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň başlyklyk etmeginde geçirilen ýokary derejeli
duşuşyga Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz
Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti
Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem
gatnaşdylar.
Sammitiň öňüsyrasynda döwlet
Baştutanlarynyň bilelikde resmi surata düşmek dabarasy boldy.
Prezident Donald Tramp sammite
gatnaşyjylary mübärekläp, çakylygy kabul edip Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna
gelendikleri üçin hoşallygyny beýan etdi hem-de bu ýokary derejedäki duşuşygyň
altytaraplaýyn hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarjakdygyna ynam
bildirdi.
Soňra sammite gatnaşyjylara
söz berildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow çykyş edip, «Merkezi Aziýa — Amerikanyň Birleşen Ştatlary»
formatyndaky sammite gatnaşmaga çakylyk üçin Prezident Donald Trampa
minnetdarlyk bildirdi we bu formatyň döredilen wagtyndan bäri gazanylan oňyn
netijelere ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň howpsuzlyk, ykdysadyýet,
energetika, daşky gurşaw ýaly möhüm strategik ugurlarda hyzmatdaşlygy
giňeltmäge çalyşýandygyny belläp, sammitiň netijeleriniň Merkezi Aziýa bilen
ABŞ-nyň arasynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge ýardam
berjekdigine ynam bildirdi hem-de Prezident Donald Trampa mähirli kabul
edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz agzalan
formatyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň sebitiň durnukly ösüşini üpjün etmäge
ýardam berjekdigini aýtdy.
Prezident Donald Tramp döwlet
Baştutanymyza hoşallyk bildirdi.
Sammitiň dowamynda
altytaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri gyzyklanma bildirilip ara alnyp
maslahatlaşyldy hem-de bilelikdäki işiň geljekki ileri tutulýan ugurlary
kesgitlenildi.
Ýokary derejeli duşuşygyň
çäklerinde ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň, Gazagystan
Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Täjigistan
Respublikasynyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Hökümetleriniň arasynda
meýiller hakynda Beýannama, medeni miras babatda Türkmenistanyň, Gazagystan
Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Täjigistan
Respublikasynyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Hökümetleriniň arasynda
meýiller hakynda Beýannama kabul edildi.
Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna
iş saparynyň maksatnamasyny tamamlap, hormatly Prezidentimiz Waşington
şäheriniň Andrews Halkara howa menziline bardy. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz
Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili
A.Ataýewany doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlady. Şeýle hem döwlet
Baştutanymyz A.Ataýewa Gahryman Arkadagymyzyň adyndan gül dessesini gowşuryp,
Milli Liderimiziň iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Türkmenistanyň BMG-niň
ýanyndaky hemişelik wekili A.Ataýewa gutlaglar üçin hormatly Prezidentimize we
Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirip, berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt
bähbitli, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlarynyň mundan beýläk-de rowaçlyklara
beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdi.
Birnäçe sagatdan döwlet
Baştutanymyzyň uçary paýtagtymyzyň Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde
hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň resmi adamlary mähirli garşyladylar.
Şeýlelikde, hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Merkezi Aziýa — Amerikanyň Birleşen
Ştatlary» formatyndaky sammite gatnaşmagy Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk,
köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk ýörelgelerine ygrarlydygyny, bu platforma milli
hem-de sebit bähbitlerini ilerletmek üçin möhüm mehanizm hökmünde garaýandygyny
tassyklady. Ýurdumyz ulag özara baglanyşygy, energetika howpsuzlygy, ekologik
durnuklylyk ýaly meselelere halkara jemgyýetçiligiň ünsüni çekip, ählumumy gün
tertibine goşant goşýar we üstaşyr geçiriji, energetika merkezi hökmünde
sebitdäki ornuny barha pugtalandyrýar.
***
Hormatly Prezidentimiziň
Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň resmi
wekiliýetiniň agzalary birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdiler. Olaryň
dowamynda özara gyzyklanma bildirilýän meseleler boýunça pikir alşyldy.
tdh.gov