03.10.2026
Düýn hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini
geçirdi. Onda şu ýylyň dokuz aýynda ýurdumyzda alnyp barlan
işleriň jemleri jemlenildi.
Ilki
bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda
Türkmenistanyň Mejlisinde ýerine ýetirilen işler barada maglumat berdi.
Bellenilişi ýaly, şu döwürde Türkmenistanyň Kanunlarynyň 8-si we Mejlisiň
kararlarynyň 14-si kabul edildi. “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna
bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja” atly Türkmenistanyň
ýubileý medalyny döretmek hakynda” we “Türkmenistanda ahalteke bedew atlarynyň
döwlet goragy hakynda” Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi. Şeýle hem
raýatlaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak, önümçilik desgalarynyň
senagat howpsuzlygyny üpjün etmek, buhgalterçilik hasaba alnyşyny we maliýe
hasabatlylygy kämilleşdirmek, işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak,
awtomobil ýollary we ýol işi, daşky gurşawy, suwuň biologik serişdelerini
goramak, migrasiýa syýasatynyň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak bilen
baglanyşykly hereket edýän kanunlara degişli üýtgetmeler we goşmaçalar
girizildi.
Mejlisde
daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçilerinden
ynanç hatlarynyň 7-si kabul edildi. Şeýle hem dünýä döwletleriniň
parlamentleriniň, daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň we halkara
guramalaryň wekilleri bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp
maslahatlaşmak boýunça duşuşyklaryň 37-si geçirildi. Halkara guramalaryň
ýurdumyzyň degişli ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen
bilelikde guran okuw maslahatlarynyň 93-sine gatnaşyldy. Kanun çykaryjylyk
işinde tejribe alyşmak maksady bilen, Mejlisiň wekilleriniň daşary ýurtlara iş
saparlarynyň 20-si amala aşyryldy.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow berkarar döwletimizi mundan beýläk-de
ösdürmegiň we ýurdumyzyň hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň möhüm ähmiýete
eýedigini we şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmegi
dowam etmegiň zerurdygyny belledi.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow şu ýylyň dokuz
aýynyň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly,
hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy, şol sanda ösüş
depgini senagat pudagynda 3 göterime, gurluşykda 6,7 göterime, ulag-aragatnaşyk
pudagynda 10,4 göterime, söwdada 8,4 göterime, oba hojalygynda 4,1 göterime we
hyzmatlar ulgamynda 8,4 göterime deň boldy.
Geçen
ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda
jemi öndürilen önüm 9,9 göterim artyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn
önümçilik netijeleri gazanyldy. Hasabat döwründe, geçen ýylyň degişli döwri
bilen deňeşdirilende, bölek satuw haryt dolanyşygy 10,5 göterim, daşary söwda
dolanyşygy bolsa 8,3 göterim artdy.
Şu
ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynyň jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji
böleginiň meýilnamasy 100,1 göterim we çykdajy böleginiň meýilnamasy 97,2
göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe býujetden maliýeleşdirilýän we
hojalyk hasaplaşygyndaky döwlet kärhanalarynda zähmet haklary, pensiýalar,
döwlet kömek pullary hem-de talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi.
Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa
goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 3,5 göterim
ýokarlandy. Şeýle hem Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde
2026-njy ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işler, şol sanda
dürli maksatly desgalaryň gurluşygy barada aýdyldy.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, ykdysadyýet, maliýe we bank toplumynyň işini
kämilleşdirmegi dowam etmegiň, geljek ýylyň Döwlet býujetiniň taslamasyny
seljerip, bu ugurda alnyp barylýan işleri çaltlandyrmagyň möhümdigini aýtdy.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz wise-premýere jemi içerki önümiň ösüş
depginini durnukly saklamak, pudaklary sazlaşykly ösdürmek boýunça zerur
çäreleri geçirmegi tabşyrdy.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow ýurdumyzda nebitiň we
gazyň çykarylyşyny artdyrmak, olary dünýä bazaryna çykarmagyň ugurlaryny
köpeltmek boýunça 2026-njy ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda ýerine ýetirilen
işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, “Türkmennebit”
döwlet konserni tarapyndan nebit çykarmagyň meýilnamasy 109,1 göterim ýerine
ýetirildi.
Hasabat
döwründe nebiti gaýtadan işleýän zawodlar tarapyndan nebiti gaýtadan işlemegiň
meýilnamasy 106,8 göterim ýerine ýetirildi. Benzin öndürmegiň meýilnamasy 119,3
göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 114,7 göterim, çalgy ýaglaryny
öndürmegiň meýilnamasy 100 göterim, suwuklandyrylan gazy öndürmegiň meýilnamasy
112 göterim berjaý edildi. Tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy bolsa
109,1 göterim ýerine ýetirildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, nebitgaz toplumynyň işini yzygiderli
kämilleşdirmegiň, toplumyň kärhanalaryny doly kuwwatynda işledip, ýokary hilli
önümleri öndürmegiň wajypdygyny nygtady. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz
wise-premýere nebitgaz ýataklarynyň täze gorlaryny açmak boýunça alnyp barylýan
işleri dowam etmegi tabşyrdy.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew gözegçilik edýän
toplumynda şu ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, şeýle hem
ýurdumyzyň welaýatlarynda oba hojalyk işleriniň geçirilişi barada hasabat
berdi.
Hasabat
döwründe oba hojalyk pudagy boýunça önümçiligiň ösüş depgini, geçen ýylyň
degişli döwri bilen deňeşdirilende, 124,2 göterime barabar boldy. Bu görkeziji
Oba hojalyk ministrligi boýunça 113,3 göterime, Daşky gurşawy goramak
ministrligi boýunça 103,4 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti
boýunça 105,1 göterime, “Türkmenpagta” döwlet konserni boýunça 140,3 göterime,
“Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi boýunça 125,8 göterime,
“Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigi boýunça 100,2 göterime, Azyk senagaty
döwlet birleşigi boýunça 120,3 göterime, Maldarçylyk we guşçulyk senagaty
döwlet birleşigi boýunça 102,5 göterime hem-de “Türkmen atlary” döwlet
birleşigi boýunça 104,3 göterime deň boldy. Maýa goýum serişdelerini
özleşdirmegiň meýilnamasy 144,2 göterim ýerine ýetirildi.
Häzirki
wagtda ýurdumyzda bugdaý ekişi, şeýle hem pagta ýygymy dowam edýär. Pagta
hasylyny gysga wagtda ýygnap almak hem-de pagta arassalaýjy kärhanalarda kabul
edilen hasyly gaýtadan işlemek boýunça degişli işler geçirilýär.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda alnyp barylýan
oba hojalyk işlerini, şol sanda pagta ýygymynyň depginini artdyrmak boýunça
işleri berk gözegçilikde saklamagyň möhümdigini belledi. Şeýle hem döwlet
Baştutanymyz wise-premýere bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek
boýunça zerur işleri amala aşyrmagy tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gurluşyk we senagat toplumy
tarapyndan 2026-njy ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň
netijeleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe toplum
tarapyndan öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 120,9
göterim berjaý edildi.
Öndürilen
önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy Gurluşyk we binagärlik
ministrligi boýunça 102,8 göterim, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi
boýunça 128,3 göterim, Energetika ministrligi boýunça 107 göterim ýerine
ýetirildi. Awtomobil ýollary
ministrligi tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 107,1 göterim
berjaý edildi. “Türkmenhimiýa” döwlet konserni boýunça bu görkeziji 127,7
göterime deň boldy. Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça ýerine ýetirilen
işleriň meýilnamasyna 130,9 göterim amal edildi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gurluşyk we senagat
toplumy boýunça öndürilýän önümleriň möçberini has-da artdyrmak üçin degişli
işleri alyp barmagyň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet
Baştutanymyz wise-premýere himiýa kärhanalarynyň doly kuwwatynda işlemegini
gazanmak, energetika pudagyny yzygiderli ösdürmek, awtomobil ýollaryny gurmak
hem-de durkuny täzelemek işlerini dowam etmek babatda degişli tabşyryklary
berdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew gözegçilik edýän
ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, şeýle hem telekeçilik
ulgamynda şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri
barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar
ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri
bilen deňeşdirilende, 113,2 göterime barabar boldy.
Dokma
senagaty ministrligi boýunça önüm öndürmekde, geçen ýylyň degişli döwri bilen
deňeşdirilende, 106,4 göterim ösüş depgini üpjün edilip, nah ýüplügiň
önümçiligi 102,3 göterime, nah matalaryňky 100,9 göterime, tikin we trikotaž
önümleriniňki 102,6 göterime, gön önümleriniňki 100,5 göterime deň boldy.
“Türkmenhaly”
döwlet birleşiginiň kärhanalarynda gazanylan umumy girdejiniň ösüş depgini
107,6 göterime barabar boldy. Hasabat döwründe Döwlet haryt-çig mal biržasy
tarapyndan 222 birža söwdasy geçirilip, olarda 23 müň 460 şertnama hasaba
alyndy. 2026-njy ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda Söwda-senagat edarasy
boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 107,3 göterime barabar boldy.
Hasabat döwründe 18 sergi we 10 maslahat geçirildi. Senagatçylar we telekeçiler
birleşmesi boýunça oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 110,4
göterime, senagat önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 109,2 göterime deň boldy.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň söwda
toplumynyň önümçilik kärhanalaryny netijeli peýdalanmagyň, bazarlaryň hem-de
söwda nokatlarynyň azyk we beýleki zerur harytlar bilen üpjünçiligini
gözegçilikde saklamagyň möhümdigini belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz
wise-premýere dokma kärhanalarynyň işini döwrebaplaşdyrmak boýunça işleri dowam
etmegi tabşyrdy.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa gözegçilik edýän
ulgamynda şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri
barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe 2026-njy ýylyň
“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly
diýlip yglan edilmegi, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli
dürli medeni çäreler we dabaralar geçirildi. “Ýaňlan, Diýarym!”
telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry, “Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent
maksatlarynyň aýdyň ýollary” atly aýdym-sazly dabara guraldy.
Türkmenistanyň
Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasy mynasybetli türkmen
toýy bilen bagly aýdym-sazly çykyşlar ýerine ýetirildi. Medeniýet, sungat we
döredijilik işgärlerine döwlet sylaglary gowşurylyp, Türkmenistanyň
Prezidentiniň yglan eden “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky
bäsleşigiň jemleri jemlendi.
Hasabat
döwründe Koreýa Respublikasynda Türkmenistanyň Medeniýet günleri üstünlikli
geçirildi. Niderlandlar Patyşalygynda geçirilen Ahalteke atlarynyň arasynda
atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatynyň çäklerinde “Ahalteke
bedewi — gözelligiň naýbaşy nusgasy” atly ahalteke bedewleriniň gözelligini
çeper beýan edýän halkara bäsleşik, amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi,
ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň meşhur sungat ussatlarynyň konserti guraldy.
Gahryman
Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň ahalteke bedewleriniň dünýä
ýüzündäki abraýyny has-da belende götermek, milli atçylyk mirasymyzy giňden
wagyz etmek barada berýän tabşyryklaryndan ugur alnyp, “Sport” teleýaýlymynda
“Bedew” atly täze gepleşik taýýarlanyp başlandy. Şeýle hem ýurdumyzyň
köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, Türkmen döwlet neşirýat gullugy
tarapyndan ýerine ýetirilen işler barada aýdyldy.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, medeniýet ulgamynyň işini
kämilleşdirmek, medeni mirasymyzy giňden wagyz etmek boýunça alnyp barylýan
işleri dowam etmegiň wajypdygyny aýtdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz
wise-premýere taryhy-medeni ýadygärliklerimizi aýawly saklamak boýunça zerur
işleri yzygiderli geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow gözegçilik edýän ulgamlarynda şu
ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada
hasabat berdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, şu ýylyň dokuz aýynyň dowamynda
ylymly-bilimli nesli terbiýelemäge gönükdirilen özgertmeler dowam etdirildi,
okatmagyň öňdebaryjy usullary bilim işine giňden ornaşdyryldy. Okuwçy we talyp
ýaşlar halkara bilim bäsleşiklerine gatnaşyp, jemi 1040 medal gazandylar.
Bilimler
we talyp ýaşlar güni mynasybetli ähli bilim edaralarynda «Garaşsyz, baky
Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» atly dabaraly nyzamlar,
ilkinji okuw sapaklary geçirildi. Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly
Prezidentimiziň adyndan 1-nji synp okuwçylaryna noutbuk kompýuterleri sowgat
berildi.
Döwlet
Baştutanymyzyň gatnaşmagynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň
hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze
binalar toplumlarynyň, şeýle hem Ahal we Lebap welaýatlarynda täze bilim
edaralarynyň dabaraly açylyp ulanmaga berilmegi baýramçylyk çäreleriniň
ähmiýetini has-da artdyrdy.
Hasabat
döwründe ylmy barlaglaryň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna, täze
tehnologiýalaryň önümçilige ornaşdyrylmagyna gönükdirilen işler dowam
etdirildi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň
alymlaryna professor, dosent, uly ylmy işgär alymlyk atlary dakyldy.
2026-njy
ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda öňüni alyş-bejeriş işleriniň öňdebaryjy
usullaryny amaly lukmançylyga ornaşdyrmak boýunça degişli işler alnyp baryldy.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek
boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna näsag çagalara
operasiýalar we bejergiler amala aşyryldy. Sentýabr aýynda “Ýol hereketiniň
howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlyk çäreler toplumy geçirildi.
Şeýle
hem bedenterbiýäni, sporty ösdürmek boýunça işler dowam etdirildi.
Türgenlerimiz halkara ýaryşlarda ýokary netijeleri görkezip, jemi 554 medal
gazandylar.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ylym, bilim,
saglygy goraýyş we sport ulgamynyň işini yzygiderli kämilleşdirmegiň, bilim
edaralarynda ýaşlara döwrebap ylym-bilim bermek işine aýratyn üns bermegiň
zerurdygyny aýtdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz wise-premýere Saglygy goraýyş
we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli ulanmaga beriljek häzirki
zaman saglygy goraýyş desgalarynyň açylyş dabarasyna gowy taýýarlyk görmegi we
ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow
şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda ministrlik tarapyndan ýerine ýetirilen
işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hormatly
Prezidentimiziň alyp barýan daşary syýasatyny durmuşa geçirmek, hemişelik
Bitarap Türkmenistanyň daşary ýurt döwletleri we halkara guramalar bilen
ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryny ösdürmek babatda öňde goýlan
wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, Daşary işler ministrligi tarapyndan
hasabat döwründe degişli işler amala aşyryldy.
Mälim
bolşy ýaly, ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde ýokary derejedäki
saparlar we duşuşyklar möhüm orun eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmen
halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň
şu ýylyň dokuz aýynyň dowamynda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna, Hytaýa,
Awstriýa, Russiýa Federasiýasyna, Beýik Britaniýa, Eýrana, Owganystana hem-de
Niderlandlar Patyşalygyna saparlary guraldy.
Hormatly
Prezidentimiz şu ýylyň dokuz aýynyň dowamynda Gazagystana, Azerbaýjana,
Gruziýa, Gyrgyzystana hem-de Koreýa Respublikasyna saparlary amala aşyrdy.
Dünýäniň
abraýly halkara guramalary bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlygy ösdürmek
ýurdumyzyň daşary syýasy strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.
Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň Awstriýa Respublikasyna
saparynyň çäklerinde Atom energiýasy boýunça halkara agentligiň Baş direktory,
BMG-niň Senagat ösüşi boýunça guramasynyň Baş direktory, BMG-niň Baş
sekretarynyň orunbasary bilen duşuşyklary geçirildi.
Mundan
başga-da, hasabat döwründe BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň Baş
direktory, Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça
Geňeşiň Baş sekretary, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasyna başlyklyk
edýän Şweýsariýa Konfederasiýasynyň wise-prezidenti, Daşary işler federal
departamentiniň başlygy hem-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary
ýurdumyzda saparda boldular.
Türkmenistanyň
2026-njy ýylda GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde dürli geňeşleriň,
komissiýalaryň mejlisleri, beýleki duşuşyklar hem-de çäreler geçirilýär. Şunuň
bilen baglylykda, 22-nji maýda paýtagtymyzda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň
Geňeşiniň mejlisi geçirildi.
Hasabat
döwründe Daşary işler ministrliginiň üsti bilen jemi 608 wekiliýet döwletimize
sapar bilen geldi we Türkmenistandan daşary ýurtlarda 1011 wekiliýet saparda
boldy. Şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda sanly ulgam arkaly dürli derejedäki
duşuşyklaryň 355-si geçirildi. Şeýle hem hasabat döwründe Türkmenistanda daşary
ýurt döwletleri we halkara guramalar bilen bilelikde 1682 resmi gepleşikler we
duşuşyklar guraldy.
Döwletimiziň
halkara gatnaşyklarynyň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny berkitmek hem esasy
wezipeleriň hatarynda durýar. Ýylyň başyndan bäri 187 halkara resminamalar
baglaşyldy. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen beýleki döwletleriň
daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeleri geçirmek boýunça işler
hem amala aşyrylýar. Bu babatda hasabat döwründe Türkmenistanyň daşary işler
ministriniň Awstriýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Beýik Britaniýanyň,
Hytaýyň, Gazagystanyň, Seýşeller Respublikasynyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň,
Ýaponiýanyň, Niderlandlar Patyşalygynyň daşary işler ministrleri we Amerikanyň
Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretary bilen syýasy geňeşmeleri geçirildi.
Şunuň
bilen birlikde, 2026-njy ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda Hindistanyň, Marokko
Patyşalygynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Germaniýanyň, Zimbabweniň,
Azerbaýjanyň, Ugandanyň, Koreýa Respublikasynyň, Ermenistanyň, Belarus
Respublikasynyň, Kamboja Patyşalygynyň, Ukrainanyň, Türkiýäniň, Täze
Zelandiýanyň, Indoneziýanyň, Ýaponiýanyň we Bangladeşiň daşary syýasat
edaralary bilen geňeşmeler guraldy.
Şeýle
hem hasabat döwründe Türkmenistanyň daşary işler ministriniň BMG-niň Baş
sekretary, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň Başlygy, Ýewropanyň
täzeleniş we ösüş bankynyň prezidenti, Halkara Deňiz Guramasynyň Baş sekretary
hem-de Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnama guramasynyň
Ýerine ýetiriji sekretary bilen gepleşikleri geçirildi.
Daşary
ýurt döwletleriniň ilçihanalarynyň üsti bilen diplomatik gatnaşyklaryny
ösdürmek we olary has-da kämilleşdirmek Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy
işiniň wajyp ugurlarynyň biri bolup durýar. Şu ýylyň ýanwar — sentýabr
aýlarynda Çad Respublikasynyň, Indoneziýanyň, Italiýanyň, Koreýa
Respublikasynyň, Argentinanyň, Müsür Arap Respublikasynyň, Finlýandiýanyň,
Keniýanyň, Alžiriň, Germaniýanyň, Türkiýäniň, Fransiýanyň, Ýewropa
Bileleşiginiň Türkmenistanda täze bellenilen ilçileriniň we BMG-niň
Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysynyň ynanç hatlaryny gowşurandyklary
bellenildi.
Şol
bir wagtda, Türkmenistanyň Tailand Patyşalygyndaky, Amerikanyň Birleşen
Ştatlaryndaky, Irlandiýadaky, Maldiwler Respublikasyndaky ilçileri, şeýle hem
BMG-niň we Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik
wekilleri ynanç hatlaryny gowşuryp, resmi taýdan işe başladylar.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dünýä ýurtlary bilen
söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we ylym-bilim ulgamlaryndaky gatnaşyklary
yzygiderli berkitmegiň, abraýly halkara guramalar bilen gatnaşyklary ösdürmek
boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň möhümdigini belledi.
Döwlet
Baştutanymyz wise-premýer, daşary işler ministrine ýylyň ahyryna çenli
geçiriljek halkara çärelere, halkara maslahatlara hem-de Garaşsyz döwletimiziň
Bitaraplyk baýramyna gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annaýew gözegçilik edýän düzümlerinde
2026-njy ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri
barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ulag-kommunikasiýa toplumy boýunça
ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 114,7 göterime deň boldy.
Ulaglaryň ähli görnüşi arkaly ýük daşamagyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli
döwri bilen deňeşdirilende, 108 göterime, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini
bolsa 102 göterime barabar boldy.
Hasabat
döwründe Demir ýol ulaglary ministrligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň
ösüş depgini 107,4 göterime, Awtomobil ulaglary ministrligi boýunça hyzmatlaryň
ösüş depgini 115,8 göterime, “Türkmenhowaýollary” döwlet gullugy boýunça
hyzmatlaryň ösüş depgini 121,8 göterime, Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy
boýunça bu görkeziji 105 göterime, Aragatnaşyk ministrligi boýunça bolsa 115,3
göterime barabar boldy.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ulag we aragatnaşyk
toplumynyň öňünde goýlan wezipeleri doly ýerine ýetirmek üçin toplumyň işini
kämilleşdirmegiň, ýurdumyzda ýolagçy we ýük dolanyşygyny artdyrmak boýunça
zerur işleri geçirmegiň möhümdigini nygtady. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz
wise-premýere demir ýol ulgamynyň geçirijilik ukybyny artdyrmak boýunça zerur
çäreleri görmegi tabşyrdy.
Soňra
hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, şu ýylyň
dokuz aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleriniň kabul edilen
maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýändigini aýtdy.
Döwlet
Baştutanymyz jemi içerki önümiň ösüşiniň hasabat döwründe 6,3 göterim derejede
durnukly saklanyp gelýändigini kanagatlanma bilen belledi. Ykdysadyýetimiziň
pudaklarynda özgertmeler üstünlikli dowam edýär, önümçilik pudaklary yzygiderli
döwrebaplaşdyrylýar. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda iri senagat
desgalarynyň, täze şäherçeleriň, ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar
baglarynyň hem-de beýleki desgalaryň gurluşygynyň dowam edýändigini aýratyn
belledi.
Döwlet
Baştutanymyz ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek, raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş
derejesini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegiň
wajypdygyna ünsi çekdi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sözüni dowam edip, «Garaşsyz, baky Bitarap
Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýurdumyzda, şeýle hem
daşary ýurtlarda atçylyk we atly sport çärelerini ýokary derejede geçirmek
boýunça guramaçylyk döwlet toparynyň döredilendigini aýtdy. Ýylyň dowamynda
Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda bu guramaçylyk döwlet topary behişdi
bedewlerimiziň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak boýunça uly işleri alyp bardy. Şunuň
bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ahalteke bedewlerini wasp etmek we olaryň
şöhratyny dünýä ýaýmak boýunça döredijilik bäsleşiklerini geçirmegi dowam
etmek, bäsleşiklerde tapawutlanan raýatlary ýylyň ahyrynda sylaglamak boýunça
degişli işleri geçirmek barada guramaçylyk döwlet toparyna ýüzlendi.
Pursatdan
peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda «Garaşsyz, baky Bitarap
Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly hem-de mukaddes
Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli çäreleriň ýokary derejede
geçirilendigi üçin hemmelere minnetdarlyk bildirdi.
Soňra
wise-premýer, daşary işler ministri şu ýylyň sentýabr aýynda ýurdumyzda
geçirilen halkara çäreleriň ähmiýeti barada aýtdy. Bellenilişi ýaly, hormatly
Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda geçen aýda ýurdumyzda
möhüm milli we halkara ähmiýetli iri çäreler geçirildi. Olaryň arasynda geçirilen
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini, Garaşsyzlygymyzyň 35
ýyllyk baýramyny bellemek bolar.
Şeýle-de
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň
dowamynda atçylyk we atly sport babatda ýurdumyzda we daşary döwletlerde milli
hem-de halkara derejelerde köp sanly çäreler guraldy. Türkmenistanyň
Prezidentiniň döwrebaplaşdyrylan Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasy
uly ruhubelentlige beslendi. Halypa çapyksuwarlaryň arasynda geçirilen toý
çapyşygy dabaranyň naýbaşy wakasy boldy. Onda türkmen halkynyň Milli Lideri
Gahryman Arkadagymyzyň ýokary derejede ussatlygyny görkezmegi aýratyn ähmiýete
eýe boldy.
Wise-premýer,
daşary işler ministri hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza
sentýabr aýynda möhüm çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegine
döredilen şertler we berlen goldawlar üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Mejlisde
döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar
boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly
geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala
abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan
işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
tdh.gov