25.04.2026
Düýn hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky
mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa
ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler
barada maglumat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda degişli
ministrliklerden we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan gelip gowşan
teklipleriň esasynda “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp
geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja” atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny
döretmek hakynda”, “Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň döwlet belligine
alynmagy hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalaryny taýýarlamak,
Türkmenistanyň Gümrük kodeksine, başga-da käbir kanunçylyk namalaryna
üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek, şeýle hem döwletimiziň halkara
resminamalara goşulmagyny hukuk taýdan goldamak boýunça degişli işler alnyp
barylýar.
Daşary ýurtlar, halkara guramalar bilen özara
bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek, döwletimiziň alyp barýan parahatçylyk
söýüjilikli, ynsanperwer syýasatyny parlament diplomatiýasy arkaly dünýä ýaýmak
maksady bilen, Mejlisiň wekilleri Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde
geçirilen Parlamentara Birleşigiň 152-nji Assambleýasyna, onuň çäklerinde
guralan forumlara we duşuşyklara gatnaşdylar. Şeýle-de zenanlaryň jemgyýetdäki
orny, olaryň durmuş kepillikleri babatda tejribe alyşmak hem-de ýurdumyzyň bu
ugurda gazananlaryny paýlaşmak maksady bilen, Merkezi Aziýa döwletleriniň zenan
ýolbaşçylarynyň dialogynyň birinji mejlisine sanly ulgam arkaly gatnaşylandygy
barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz täze kanun
taslamalaryny işläp taýýarlamak boýunça netijeli işleriň geçirilýändigini
aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň kanunçylyk
binýadyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň
möhümdigine ünsi çekdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
H.Geldimyradow döwletimiz tarapyndan ýurdumyzyň oba hojalyk önüm öndürijilerini
goldamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň
parasatly syýasaty esasynda ýurdumyzyň ähli sebitlerini depginli ösdürmek,
welaýatlarda senagat we hyzmatlar ulgamlary bilen birlikde, oba hojalyk pudagyny
döwrebaplaşdyrmak, şäher we oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini, iş
üpjünçiligini has-da gowulandyrmak babatda giň gerimli işler durmuşa
geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer oba hojalyk önüm
öndürijilerini höweslendirmek maksady bilen, maldarçylygy, guşçulygy ösdürmek,
oba hojalyk önümlerini öndürmek, gaýtadan işlemek we hyzmatlary ýerine ýetirmek
bilen bagly maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmek üçin zerur çäreleriň
görülýändigini aýtdy hem-de döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi
hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
ýurdumyzyň ähli welaýatlaryny ösdürmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini
has-da gowulandyrmak boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz oba hojalyk önümlerini öndürijileri maliýe taýdan goldamak
maksady bilen taýýarlanylan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri
geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
G.Agajanow “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan Seýdiniň nebiti gaýtadan
işleýän zawodynyň işini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada
hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda konserniň garamagyndaky nebiti
gaýtadan işleýän zawodlaryň, hususan-da, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän
zawodynyň kuwwatlyklaryny ýokarlandyrmak, nebiti çuňňur gaýtadan işlemek,
önümçilik desgalaryny döwrebaplaşdyrmak bilen bagly zerur işler amala
aşyrylýar. Bu işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegi önümçilik desgalaryny
döwrebap enjamlar bilen üpjün etmäge, önümçilik tapgyrlaryny kämilleşdirmäge
mümkinçilik berer. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň
garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
ýurdumyzda nebitgaz senagatyny döwrebap derejede ösdürmek boýunça
maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň önümçilik desgalaryny
döwrebaplaşdyrmak babatda taýýarlanylan teklibi goldap, wise-premýere degişli
işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda we welaýatlarda möwsümleýin işleriň alnyp
barlyşy, Türkmen bedewiniň milli baýramyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat
berdi.
Nygtalyşy ýaly, welaýatlarda gowaça ekişi
möwsümi dowam edýär. Hususan-da, oba hojalyk tehnikalaryny netijeli işletmek,
ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak, ilkinji hatarara bejergi
işleri geçirilýär. Azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak maksady bilen, bugdaý
ekilen meýdanlarda ideg işleri alnyp barylýar. Mineral dökünler bilen
iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak, galla oragy möwsümine taýýarlyk işleriniň
çäklerinde galla kabul ediş kärhanalaryny, elewatorlary, bugdaý ýygýan
kombaýnlary taýýarlamak işleri dowam edýär. Häzirki wagtda pile öndürijiler
tarapyndan agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, ýüpek gurçuklaryna ideg etmek
işleri alnyp barylýar.
Şeýle hem wise-premýer hormatly
Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň döredýän mümkinçilikleri netijesinde,
asyrlaryň dowamynda türkmen topragynda kemala getirilen, halkymyzyň milli
buýsanjy, göz guwanjy, gymmatly baýlygy bolan ahalteke bedewleriniň şanyna
bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan baýramçylyk
çäreleriniň bellenen meýilnama laýyklykda dowam edýändigini aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp,
ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmek boýunça işleri dowam etdirmegiň,
welaýatlarda gowaça ekişini bellenen möhletlerde geçirmegiň hem-de
tamamlamagyň, bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehniki kadalara laýyklykda ideg
işlerini dowam etdirmegiň möhümdigini belledi. Hormatly Prezidentimiz
wise-premýere Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan baýramçylyk
çärelerine gowy taýýarlyk görmegi we olary ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
B.Annamämmedow Türkmen bedewiniň milli baýramyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde
paýtagtymyzda ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, Aşgabady bagy-bossanlyga
öwürmek, paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň medeniýetli dynç
almaklary üçin has amatly şertleri döretmek, baýramçylyk çärelerine gowy
taýýarlyk görmek we olary ýokary derejede geçirmek boýunça zerur çäreler
görülýär. Şunuň bilen baglylykda, medeni-durmuş maksatly binalaryň
daş-töwereginde, seýilgählerde, bag ekilen ýerlerde abadanlaşdyryş işleriniň
alnyp barylýandygy aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
ýurdumyzda, şol sanda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde Türkmen bedewiniň milli
baýramy mynasybetli baýramçylyk çäreleriniň geçirilýändigini aýtdy. Döwlet
Baştutanymyz wise-premýere baýramçylyk çäreleri bilen bagly paýtagtymyzda bezeg
işlerini geçirmegi, abadanlaşdyrmak işlerini dowam etdirmegi we baýramçylyga
gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
N.Atagulyýew ýurdumyzyň dokma senagaty pudagyny has-da kämilleşdirmek boýunça
alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bu
ugurdaky işleriň çäklerinde ýerli çig mal serişdelerinden daşary ýurt
bazarlarynda uly isleg bildirilýän dürli görnüşli, ýokary hilli ýüň ýüplügi
öndürmek üçin zerur çäreler görülýär. Munuň özi içerki bazaryň isleglerini
kanagatlandyrmak bilen birlikde, ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini
artdyrmaga hem ýardam eder. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet
Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
ýurdumyzda dokma senagatyny ösdürmek boýunça netijeli işleriň alnyp
barylýandygyny, döwrebap dokma kärhanalarynda ýokary hilli önümleriň
öndürilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere Mary welaýatynyň
Baýramaly şäherindäki dokma toplumynda täze önümçiligi işe girizmek boýunça
degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
B.Seýidowa şu ýylyň maý aýynda geçiriljek esasy çäreleriň we medeni-durmuş
maksatly binalary açyp ulanmaga bermegiň Tertibi barada hasabat berdi.
Nygtalyşy ýaly, geljek aýyň dowamynda 2026-njy
ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany
ýyly» diýlip yglan edilmegi, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramy,
Ýeňiş güni, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni, Aşgabat
şäheriniň güni, Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli dürli çäreleriň,
dabaralaryň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. «Çalsana, bagşy!» atly bäsleşigiň
Aşgabat, Arkadag şäherleri, Ahal we Balkan welaýatlary boýunça jemleýji
tapgyrlarynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Türki medeniýetiň halkara guramasy
bilen alnyp barylýan medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň çäklerinde TÜRKSOÝ-yň
opera günleri mynasybetli konsertiň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet
baýdagynyň güni mynasybetli Konstitusiýa binasyna, Baş baýdaga gül goýmak
dabarasynyň, «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde bolsa baýramçylyk konsertiniň
geçirilmegi meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet
Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
ýurdumyzda şu ýylyň maý aýynda Ýeňiş güni, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we
Döwlet baýdagynyň güni, Aşgabat şäheriniň güni, Türkmen halysynyň baýramy
mynasybetli geçiriljek çärelere gowy taýýarlyk görmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz wise-premýere ulanmaga berilýän medeni-durmuş
maksatly binalaryň açylyş dabaralaryna gowy taýýarlyk görmegi we olary ýokary
derejede geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
B.Mämmedow Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli
ýurdumyzda geçiriljek çäreler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, bu sene mynasybetli
watandaşlarymyzyň gahrymançylygyna goýulýan hormatyň hem-de belent sarpanyň
nyşany hökmünde tutuş ýurdumyz boýunça medeni-jemgyýetçilik çäreleri guramak
meýilleşdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň parahatçylyk, dostluk, watançylyk
baradaky öwüt-nesihatlarynyň ähmiýetine bagyşlanan ylmy-amaly maslahatlar, uruş
döwrüniň gahrymançylykly sahypalaryny şöhlelendirýän söhbetdeşlikler,
aýdym-sazly duşuşyklar, sergiler, Aşgabat şäherinde “Halk hakydasy”
ýadygärlikler toplumynda, welaýatlardaky söweşjeň şöhratyň mukaddes ýerlerine
öwrülen ýadygärliklerde gül goýmak, uruş we zähmet weteranlaryna baýramçylyk
sowgatlarynyň gowşurylyş dabaralary geçiriler. Şunuň bilen baglylykda,
wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklipleri hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
ýurdumyzda gahrymançylygyň belent nusgasyny görkezen uruş we zähmet weteranlary
üçin ähli şertleriň döredilýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere
uruş weteranlaryna, uruş ýyllarynda ýurdumyzda zähmet çeken enelerimize Ýeňiş
güni mynasybetli ýadygärlik sowgatlary gowşurmagy, bu ugurda degişli işleri
geçirmegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Aziýa — Ýuwaş umman
sebitiniň ýurtlary bilen alyp barýan hyzmatdaşlygy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, Aziýa — Ýuwaş umman
sebitiniň ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek hormatly Prezidentimiziň
daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Bu babatda Gahryman Arkadagymyz
köp ýyllaryň dowamynda şu sebitde ýerleşýän ýurtlar bilen ikitaraplaýyn
gatnaşyklary ýola goýmak we olary dowamly berkitmek ugrunda uly işleri amala
aşyrdy. Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bu sebitde
ýerleşýän döwletler bilen özara gatnaşyklar has-da pugtalanýar. Hususan-da,
Hytaý Halk Respublikasy, Ýaponiýa, Koreýa Respublikasy we Malaýziýa bilen
syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn
gatnaşyklary ulgamlaýyn giňeltmek boýunça işler yzygiderli esasda alnyp
barylýar. Şunuň bilen baglylykda, Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlarynyň
häzirki zaman dünýä syýasatynda uly orun eýeleýändigini hem-de döwletimiziň
olar bilen gatnaşyklaryny, Garaşsyzlyk ýyllarynda toplanan hyzmatdaşlygyň baý
tejribesini göz öňünde tutup, birnäçe teklipler beýan edildi.
Döwlet Baştutanymyzyň daşary syýasatynda Aziýa
— Ýuwaş umman sebitinde ýerleşýän ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň
möhüm wezipeleriň biri bolup durýandygyny nazara alyp, döwletimiziň bu sebitiň
ýurtlaryndaky diplomatik wekilçiligini has-da giňeltmek maksady bilen,
Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky we Malaýziýadaky ilçilerini,
degişlilikde, şol bir wagtda, Maldiwler Respublikasyna we Bruneý-Darussalam
Döwletine ilçi hökmünde bellemek baradaky teklip beýan edildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
ýurdumyzyň dünýä döwletleri, şol sanda Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary
bilen diplomatik gatnaşyklary yzygiderli alyp barýandygyny belledi. Döwlet
Baştutanymyz bu ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek boýunça taýýarlanan
teklipleri makullap, wise-premýer, daşary işler ministrine degişli işleri
geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
B.Annaýew ýurdumyzyň aragatnaşyk pudagy üçin ýokary bilimli hünärmenleri
taýýarlamak boýunça durmuşa geçirilýän işler barada hasabat berdi. Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda bu ugurda Halkara elektroaragatnaşyk birleşigi bilen
netijeli hyzmatdaşlyk edilýär. Munuň özi pudaga innowasion tehnologiýalary
ornaşdyrmakda, emeli aň we maglumat-telekommunikasiýa ulgamlary babatda işleri
alyp barmakda, öňdebaryjy çözgütleri ornaşdyrmakda wajyp ähmiýete eýedir. Şunuň
bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi
hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak
boýunça maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini, bu ugurda ýokary
derejeli hünärmenleri taýýarlamaga hem möhüm ähmiýet berilýändigini aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz Halkara elektroaragatnaşyk birleşigi bilen bilelikde hünär okuwyny
guramak baradaky teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi
tabşyrdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler
Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ýurdumyzda Türkmen bedewiniň milli baýramynyň
giňden bellenip geçilýändigini nygtady. “Ahalteke bedewlerimiz halkymyzyň milli
buýsanjy, gymmatly baýlygydyr. Biz geljekde hem ýurdumyzda atçylygy ösdürmek,
olaryň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak boýunça alyp barýan işlerimizi dowam
etdireris” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Pursatdan peýdalanyp, hormatly
Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylary we mähriban halkymyzy Türkmen bedewiniň
milli baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady.
Mejlise gatnaşyjylar hem döwlet Baştutanymyzy
we Gahryman Arkadagymyzy şanly sene mynasybetli tüýs ýürekden gutladylar.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da
birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul
edildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa
gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň
gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
tdh.gov