17.01.2026
Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda
döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.
Ilki
bilen, döwlet Baştutanymyz Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa söz berdi. Ol Mejlis
tarapyndan ýurdumyzyň kanunçylygyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça
alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.
Nygtalyşy
ýaly, häzirki wagtda Türkmenistanyň Jenaýat, Jenaýat iş ýörediş we
Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodekslerine, “Migrasiýa hakynda”,
“Balyk tutmak we suwuň biologik serişdelerini gorap saklamak hakynda”
Türkmenistanyň Kanunlaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça degişli
işler alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, welaýatlarda täze döredilen
etraplarda halk maslahatlarynyň agzalarynyň, Mejlisiň möhletinden öň çykyp
giden deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň hem-de
Geňeşleriň çykyp giden agzalarynyň ýerine saýlawlary bellemek boýunça
Türkmenistanyň Mejlisiniň karary kabul edildi. Resminama laýyklykda, saýlawlary
şu ýylyň 29-njy martynda, ýekşenbe gününde geçirmek bellenildi.
Hormatly
Prezidentimiz döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmek üçin ýurdumyzyň hukuk
binýadyny yzygiderli kämilleşdirmegiň, kabul edilen kanunlara üýtgetmeleri we goşmaçalary
girizmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow Birleşen Milletler Guramasynyň
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň (SPECA)
hepdeligini geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, hepdeligiň çäklerinde ykdysady forumy, degişli iş toparlarynyň
mejlislerini, duşuşyklary we beýleki çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar.
Olaryň dowamynda sebitde ykdysady, energiýa serişdeleri, suw we daşky gurşawy
goramak ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek, energetika, ulag baglanyşygynyň
netijeliligini ýokarlandyrmak, BMG-niň standartlaryny ulanmak arkaly sanly
söwda-ykdysady geçelgelerini has-da kämilleşdirmek bilen bagly meseleler ara
alnyp maslahatlaşylar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet
Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, Birleşen Milletler Guramasy we onuň
ýöriteleşdirilen edaralary bilen hyzmatdaşlygyň ýurdumyzyň alyp barýan
syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi hem-de
wise-premýere BMG-niň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite
maksatnamasynyň (SPECA) hepdeligini geçirmäge gowy taýýarlyk görmegi we ony
ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň infrastrukturasyny
döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, zawodlar toplumynyň “Kenar” toplaýjy-ýükleýji nebit kärhanasy
nebit önümlerini kabul etmekde, saklamakda hem-de sarp edijilere demir ýol we
deňiz ýollary arkaly ibermekde esasy düzüm birligi bolup hyzmat edýär. Bu kärhananyň
has-da döwrebaplaşdyrylmagy öndürilýän nebit önümleriniň ygtybarly kabul
edilmegini, saklanmagyny, ýüklenmegini hem-de daşalmagyny üpjün etmäge,
ýurdumyzyň ulag-logistika mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga ýardam berer. Şunuň
bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi
hödürledi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda nebiti gaýtadan işleýän senagaty
döwrebap derejede ösdürmek, öndürilýän nebit önümlerini sarp edijilere
ygtybarly ýetirmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy hem-de
“Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän
zawodlar toplumyny döwrebaplaşdyrmak bilen bagly taýýarlanan teklibi goldap,
wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gözegçilik edýän düzümleri,
hususan-da, “Türkmenhimiýa” döwlet konserni tarapyndan alnyp barylýan işler
barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň oba
hojalyk önüm öndürijilerini agrotehniki kadalara laýyklykda mineral dökünler
bilen üpjün etmek barada berýän tabşyryklaryny ýerine ýetirmek üçin konserniň
kärhanalarynda yzygiderli işler alnyp barylýar. Şunlukda, oba hojalykçylar
mineral dökünler bilen doly üpjün edilip, bu önümleriň artýan bölegi daşary
ýurtlara eksport edilýär.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, oba hojalyk önüm öndürijilerini mineral dökünler
bilen üpjün etmekde himiýa pudagynyň uly ornuny belledi we “Türkmenhimiýa”
döwlet konserni tarapyndan bu ugurda alnyp barylýan işleri yzygiderli dowam
etdirmegi wise-premýere tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew ýurdumyzyň goşulyşan Aziýa —
Ýuwaş umman sebitinde serhetüsti söwdany ýeňilleşdirmek hakynda çarçuwaly
Ylalaşygy ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Ylalaşyga gatnaşyjy ýurtlarda häzirki wagtda milli toparlar döredildi. Şunuň
bilen baglylykda, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi
tarapyndan bu ugurda daşary ýurt tejribesi öwrenilip, Türkmenistanyň söwda
amallaryny ýönekeýleşdirmek boýunça pudagara iş toparyny döretmek babatda
degişi işler alnyp barylýar. Bu toparyň döredilmegi halkara ylalaşyklardan
gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek bilen birlikde, sebit we dünýä ýurtlary
bilen bu ugurda utgaşykly hereket etmegi dowam etdirmäge hem mümkinçilik berer.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklip
hödürlenildi.
Arkadagly
Gahryman Serdarymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen söwda-ykdysady
gatnaşyklaryny giňeltmek boýunça netijeli işleriň durmuşa geçirilýändigini
belledi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň söwda amallaryny ýönekeýleşdirmek
boýunça pudagara iş toparyny döretmek baradaky teklibi makullap, wise-premýere
bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa medeniýet ulgamynyň işini mundan
beýläk-de kämilleşdirmek babatda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Nygtalyşy
ýaly, medeniýet ulgamynyň işini döwrebap guramak, maddy-enjamlaýyn we
kanunçylyk binýadyny yzygiderli kämilleşdirmek, medeni mirasymyzy öwrenmek,
giňden wagyz etmek, syýahatçylygy ösdürmek, medeniýet ulgamynda halkara
hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Medeniýet ugurly
bilim edaralarynyň okuw meýilnamalary we maksatnamalary yzygiderli
kämilleşdirilip, bilim işini guramagyň usullary häzirki zaman şertlerinden ugur
alnyp ýerine ýetirilýär. Ýurdumyzyň muzeýlerinde saklanýan gymmatlyklaryň
sanyny artdyrmak, muzeýlere sanly ulgamy ornaşdyrmak babatda-da zerur çäreler
görülýär. Şunuň bilen birlikde, kitaphanalaryň işini kämilleşdirmäge, ilata
edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Häzirki
wagtda elektron kitaplaryň web saýty döredilip, onda dürli neşir önümleriniň
elektron nusgalary we audio kitaplar ýerleşdirildi. Şeýle-de teatrlarda we
sirklerde şanly seneler, baýramçylyklar mynasybetli täze sahna oýunlarynyň
hem-de tomaşalarynyň ilkinji görkezilişlerini guramak boýunça alnyp barylýan
işler barada hasabat berildi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň işini döwrebap
guramagyň, maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagyň möhüm ähmiýetini belledi
we wise-premýere ulgamyň işini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri
yzygiderli dowam etdirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa 2026-njy ýylda aspirantura we
alymlyk derejelerine dalaşgärlige hem-de kliniki ordinatura kabul etmegiň
meseleleri barada hasabat berdi.
“Berkarar
döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda”, “Türkmenistanyň
Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmegiň Maksatnamasynda” hem-de “Saglyk” Döwlet maksatnamasynda göz öňünde
tutulan wezipeleri durmuşa geçirmek, ylym ulgamynyň işini mundan beýläk-de
kämilleşdirmek, sanly ykdysadyýeti dolandyrmak babatda ýaş alymlaryň täze
neslini kemala getirmek, innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan inženerleri,
tehnologlary, lukmanlary we beýleki hünärmenleri taýýarlamak üçin ýurdumyzyň
degişli ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde degişli
işler geçirildi. Olaryň netijesinde “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan —
bedew batly at-myradyň mekany” şygary astynda geçýän 2026-njy ýylda ylmy-barlag
edaralarynda, ýokary okuw mekdeplerinde aspirantura we alymlyk derejelerine
dalaşgärlige hem-de kliniki ordinatura kabul etmegiň sany baradaky resminamanyň
taslamasy taýýarlanyldy. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet
Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda ylym ulgamynyň yzygiderli
kämilleşdirilýändigini, alymlary we ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga
uly ähmiýet berilýändigini belledi hem-de 2026-njy ýylda aspirantura we alymlyk
derejelerine dalaşgärlige, kliniki ordinatura kabul etmek boýunça resminama gol
çekdi we degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň
protokol gullugynyň işini kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler
barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan dürli
ýurtlar we halkara guramalar bilen özara bähbitli gatnaşyklary yzygiderli
esasda ösdürýär. Ýurdumyzda syýasy, ykdysady, medeni we beýleki ugurlarda
hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmak
üçin ýokary derejeli resmi saparlar, iri halkara forumlar, döwlet we Hökümet
derejesinde köptaraplaýyn duşuşyklar guralýar. Şunuň bilen birlikde,
Türkmenistan daşary ýurtlarda geçirilýän şeýle çärelere işjeň gatnaşýar.
Bularyň ählisi halkara standartlara, diplomatik protokol tejribesine laýyk
gelýän ýokary derejeli guramaçylyk we protokol üpjünçiligini talap edýär. Şunuň
bilen baglylykda, wise-premýer, daşary işler ministri “Diplomatik gulluk
hakynda”, “Döwlet protokoly hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň esasynda
protokol işini kämilleşdirmek maksady bilen, birnäçe teklipleri beýan etdi.
Bu
ugurda hünärmenleri taýýarlamagyň möhüm meseleleriň biri bolup durýandygyny
nazara almak bilen, ýurdumyzyň diplomatik gullugy ulgamynyň ýaş işgärleriniň
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň
düzüminde hereket edýän «Diplomatik protokol» atly okuw merkezinde
ýöriteleşdirilen hünär kämilleşdiriş okuwlaryny geçmekleri teklip edildi. Şeýle
hem Türkmenistanyň protokol gullugy işgärlerini özara tejribe alyşmak üçin
daşary ýurtlarda guralýan okuwlara ibermek, şonuň ýaly-da, bu ugurdaky
hünärmenleri gysga möhletli okuwlary geçirmek üçin ýurdumyza çagyrmak teklip
edildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň
ählumumy abadançylyga gönükdirilen daşary syýasaty alyp barýandygyny, dünýä döwletleri
we halkara guramalar bilen gatnaşyklary yzygiderli ösdürýändigini belledi.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň protokol gullugynyň
işini kämilleşdirmäge gönükdirilen teklipleri goldap, wise-premýer, daşary
işler ministrine bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew gözegçilik edýän düzümleri
tarapyndan ýurdumyzyň ulag-logistika ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek,
üstaşyr kuwwatyny pugtalandyrmak, halkara ulag geçelgelerindäki ornuny
giňeltmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly,
Aşgabat — Türkmenbaşy demir ýoly Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşi üçin
strategik ähmiýete eýe bolup, ýurdumyzyň dürli künjeklerini Türkmenbaşy Halkara
deňiz porty bilen baglanyşdyrýar hem-de milli demir ýollarymyzy «Lapis Lazuli»,
TRACECA, Demirgazyk — Günorta, Gündogar — Günbatar halkara ulag geçelgelerine
utgaşdyrmakda esasy halka bolup hyzmat edýär. Şu nukdaýnazardan, Aşgabat —
Türkmenbaşy demir ýoluny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak möhüm wezipeleriň biri
bolup durýar. Şunuň bilen
baglylykda, wise-premýer hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklibi
hödürledi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ulag-logistika pudagyny ösdürmek,
üstaşyr kuwwatyny berkitmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny
aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Aşgabat — Türkmenbaşy demir ýolunyň ýurdumyzyň
durmuş-ykdysady ösüşi üçin strategik ähmiýetini belläp, ony döwrebaplaşdyrmak
babatda taýýarlanan teklibi makullady we bu ugurda degişli işleri geçirmegi
tabşyrdy.
Mejlisde
döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar
boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly
geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala
abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan
işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
tdh.gov