31.10.2025
Şu gün hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky
mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň on aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň
jemleri jemlenildi.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy
D.Gulmanowa şu ýylyň ýanwar — оktýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri
barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, şu döwürde Türkmenistanyň Kanunlarynyň
17-si kabul edildi. Şolaryň hatarynda “Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we
ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslary hakynda” Türkmenistanyň Konstitusion
kanuny, “Türkmenistanyň Raýat kodeksini tassyklamak we herekete girizmek
hakynda”, “Kazyýet hakynda”, “Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda”,
“Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna” atly Türkmenistanyň ýubileý
medalyny döretmek hakynda”, “Ýük markalary hakynda Halkara konwensiýasyna
degişli Teswirnama goşulmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunlary bar. Mundan
başga-da, jenaýat, arbitraž, raýat we jenaýat iş ýörediş, maşgala, zähmet
gatnaşyklary, salgytlar, administratiw önümçilik, awtomobil ulagy, migrasiýa,
içeri işler edaralary, gümrük meseleleri bilen baglanyşykly hereket edýän käbir
kanunçylyk namalaryna üýtgetmelerdir goşmaçalar girizildi. Şu döwürde Mejlisiň
kararlarynyň 18-si kabul edildi.
Mejlisde daşary döwletleriň
Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileriniň 9-syndan ynanç
hatlary kabul edildi, dünýä ýurtlarynyň parlamentleriniň, diplomatik
wekilhanalaryň wekilleri bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça
duşuşyklaryň 55-si geçirildi. Mejlisiň deputatlary we hünärmenleri kanun
çykaryjylyk işini kämilleşdirmek, döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegini
üpjün etmek boýunça halkara guramalar bilen bilelikde guralan maslahatlaryň 97-sine
gatnaşdylar. Kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşmak maksady bilen, Mejlisiň
wekilleriniň daşary ýurtlara iş saparlarynyň 34-si guraldy. “Awaza” milli
syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler
boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde Parlament forumy, şeýle hem Bitaraplygyň
dostlary toparyna agza ýurtlaryň parlament ýolbaşçylarynyň “Parlamentara dialog
— dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy üpjün etmegiň möhüm guraly” atly
utgaşykly görnüşdäki ikinji duşuşygy guramaçylykly geçirildi.
Hökümet mejlisinde Mejlisiň
Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky milli parlamentiň wekiliýetiniň Russiýa
Federasiýasyna saparynyň netijeleri barada-da maglumat berildi. Bellenilişi
ýaly, saparyň çäklerinde RF-niň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň we
Döwlet Dumasynyň Başlyklary bilen duşuşyklar geçirildi. Duşuşyklaryň dowamynda
ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Parlamentara hyzmatdaşlygyň hukuk esaslaryny berkitmek maksady bilen,
Türkmenistanyň Mejlisi bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň
Federasiýa Geňeşiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga gol çekildi.
Hormatly Prezidentimiz
ýurdumyzyň kanunçylygyny yzygiderli kämilleşdirmegiň möhümdigini belledi. Şunuň
bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bu ugurda Mejlisiň alyp barýan işlerini
netijeli dowam etdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow, ilki bilen, hormatly Prezidentimizi
hem-de Gahryman Arkadagymyzy Türkmenistanyň milli pul birliginiň — manadyň
dolanyşyga girizilmeginiň 32 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady.
Soňra wise-premýer şu ýylyň
ýanwar — oktýabr aýlarynyň deslapky makroykdysady görkezijileri barada hasabat
berdi. Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterime
deň boldy, şol sanda ösüş depgini senagat pudagynda 1,7 göterime, gurluşykda
8,1 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 10,4 göterime, söwdada 9,7 göterime,
oba hojalygynda 5,2 göterime, hyzmatlar ulgamynda 8,3 göterime deň boldy.
2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 10,1
göterim artyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik görkezijileri
gazanyldy. Hasabat döwründe bölek satuw haryt dolanyşygy 13 göterim, daşary
söwda dolanyşygy bolsa 9,2 göterim ýokarlandy. Şu ýylyň on aýynyň deslapky
jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasynyň 100 göterim,
çykdajy böleginiň meýilnamasynyň 96,3 göterim ýerine ýetirilmegine garaşylýar.
Ýurdumyzyň iri we orta
kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2024-nji ýylyň degişli döwrüne görä,
11,9 göterim ýokarlandy. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary,
talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň
hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri
bilen deňeşdirilende, 3,7 göterim artdy. Şeýle hem Oba milli maksatnamasyny
durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýerine ýetirilen işler baradaky maglumatlar beýan
edildi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, ykdysadyýet, maliýe we bank toplumynyň işiniň ýurdumyzyň
hemmetaraplaýyn ösüşi bilen aýrylmaz baglydygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda,
döwlet Baştutanymyz wise-premýere toplumyň işini kämilleşdirmegi dowam
etdirmegi tabşyrdy.
Wise-premýer hasabatyny dowam
edip, 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasy barada aýtdy. Nygtalyşy
ýaly, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan” ugur alnyp, şeýle hem
döwlet Baştutanymyzyň degişli Kararyna laýyklykda, geljek ýyl üçin baş maliýe
meýilnamasynyň, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy
ugurlarynyň hem-de maýa goýum Maksatnamasynyň taslamalary işlenip
taýýarlanyldy. Şunuň bilen birlikde, dürli pudaklary, welaýatlary, Aşgabat we
Arkadag şäherlerini ösdürmäge gönükdiriljek maliýe serişdeleriniň möçberleri,
Döwlet býujetiniň girdeji bölegi barada hasabat berildi. Şunuň bilen
baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna 2026-njy ýyl üçin Döwlet
býujetiniň taslamasy hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz
Türkmenistanyň 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujetiniň we Türkmenistany
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň hem-de maýa goýum
Maksatnamasynyň taslamalarynyň işlenip taýýarlanandygyna ünsi çekdi. Geljek
ýylyň Döwlet býujetiniň taslamasynda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň
hasabyna ykdysadyýetiň ulgamlaryna düýpli maýa goýumlary gönükdirmek
meýilleşdirilýär. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň 2026-njy ýyl üçin Döwlet
býujetiniň taslamasynyň Türkmenistanyň Mejlisiniň garamagyna iberilýändigini
aýtdy we degişli hata gol çekdi.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary B.Amanow ýurdumyzda nebitiň we gazyň çykarylyşyny
artdyrmak, olary dünýä bazaryna çykarmagyň ugurlaryny giňeltmek boýunça şu
ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada
hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan
nebit çykarmagyň meýilnamasy 109,3 göterim, nebiti gaýtadan işleýän zawodlar
tarapyndan nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 108,6 göterim ýerine
ýetirildi. Benzin öndürmegiň meýilnamasy 107,5 göterim, dizel ýangyjyny
öndürmegiň meýilnamasy 100,7 göterim boldy. Şeýle hem tebigy we ugurdaş gazy
çykarmagyň meýilnamasy 101,8 göterim amal edildi. Şunuň bilen bir hatarda,
polipropilen, çalgy ýaglaryny, suwuklandyrylan gazy öndürmek, tebigy gazy
daşary ýurtlara ibermek boýunça gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler barada
aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, nebitgaz toplumynyň bar bolan önümçilik kuwwatyny netijeli
peýdalanmagyň, nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak boýunça alnyp barylýan
işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere
geologiýa-gözleg, buraw işleriniň netijeliligini artdyrmak bilen bagly işlere
berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew gözegçilik edýän toplumynda 2025-nji ýylyň
geçen on aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, ýurdumyzyň welaýatlarynda
oba hojalyk işleriniň geçirilişi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, oba
hojalyk pudagy boýunça önümçiligiň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri
bilen deňeşdirilende, 114,2 göterime deň boldy. Bu görkeziji Oba hojalyk
ministrligi boýunça 106,1 göterime, Daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça
101,5 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 128,2 göterime,
“Türkmenpagta” döwlet konserni boýunça 131,1 göterime, “Türkmengallaönümleri”
döwlet birleşigi boýunça 104 göterime, “Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigi
boýunça 101 göterime, Azyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 108,8 göterime,
Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 102 göterime,
“Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 100,8 göterime deň boldy. Maýa goýum
serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasy 254,9 göterim ýerine ýetirildi.
Häzirki wagtda möwsümleýin oba
hojalyk işleri dowam edýär. Welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda
agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda gögeriş we ösüş suwuny tutmak, pagta
hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak işleri alnyp barylýar. Ýurdumyzy
bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek, bag nahallaryna
talabalaýyk ideg etmek maksady bilen, ählihalk bag ekmek dabarasyny
guramaçylykly geçirmek, şeýle hem Hasyl toýy mynasybetli baýramçylyk çärelerini
giňden belläp geçmek boýunça degişli taýýarlyk işleri geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmekde oba hojalyk pudagyna
uly ornuň degişlidigini, şoňa görä, pudagy toplumlaýyn ösdürmegi, onuň
maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmegi dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz wise-premýere önümçiligiň möçberini artdyrmagy we
hilini ýokarlandyrmagy hemişe üns merkezinde saklamagy, möwsümleýin oba hojalyk
işlerini agrotehniki kadalara laýyklykda alyp barmagy dowam etdirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gurluşyk we senagat toplumy tarapyndan şu
ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada
hasabat berdi.
Nygtalyşy ýaly, hasabat
döwründe toplum tarapyndan öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň
meýilnamasy 104,1 göterim berjaý edildi. Degişli meýilnama Gurluşyk we
binagärlik ministrligi boýunça 113,8 göterim, Senagat we gurluşyk önümçiligi
ministrligi boýunça 106,2 göterim, Energetika ministrligi boýunça 109,7 göterim
ýerine ýetirildi. “Türkmenhimiýa” döwlet konserni boýunça bu görkeziji 100,1
göterime ýetdi. Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet
agentligi tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 103,4 göterim berjaý
edildi. Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça edilen işleriň möçberi 109 million
manada deň boldy.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, gurluşyk we senagat toplumynyň kärhanalarynyň işiniň
netijeliligini ýokarlandyrmagyň, elektrik energiýasyny öndürmekde zerur işleri
alyp barmagyň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz «Türkmenhimiýa» döwlet
konserni tarapyndan alnyp barylýan işlere berk gözegçilik etmek barada
tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa gözegçilik edýän ulgamynda şu ýylyň geçen on
aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, 2025-nji
ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi, hemişelik
Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy, milli senenamamyzda göz öňünde tutulan
baýramçylyklar we şanly seneler mynasybetli dürli medeni çärelerdir dabaralar
geçirildi. Yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň jemleri jemlendi.
Medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyp ulanmaga berilmegi mynasybetli medeni
çäreler guraldy. Hasabat döwründe Azerbaýjan Respublikasynyň Baku we Genje
şäherlerinde, Özbegistan Respublikasynyň Daşkent hem-de Hywa şäherlerinde
Türkmenistanyň Medeniýet günleri üstünlikli geçirildi.
Rim şäherindäki Kapitoliý
muzeýinde “Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýalary” atly arheologik serginiň
açylyş dabarasy boldy. Serginiň açylyş dabarasynyň hormatly Prezidentimiziň
Italiýa Respublikasyna amala aşyran resmi saparyna gabat gelmegi hem-de bu
möhüm çärä döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagy türkmen-italýan gatnaşyklarynyň
yzygiderli ösdürilýändigini we taryhyň gadymy döwürlerinden gözbaş alýan
dostlugyň barha berkäp, täzeden galkynýandygyny aýdyň görkezdi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, halkymyzyň baý medeni mirasyny gorap saklamakda, dünýä
ýaýmakda medeniýet ulgamyna uly ornuň degişlidigini aýtdy we medeniýet
ulgamynyň işini kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Şunuň
bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere taryhy-medeni
ýadygärlikleri rejelemek, dikeltmek, gorap saklamak babatda alnyp barylýan
işleri dowam etdirmegi, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen, Medeniýet
günlerini, festiwallary geçirmäge-de aýratyn ähmiýet bermegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň
ýanwar — oktýabr aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat
berdi.
Bellenilişi ýaly, hasabat
döwründe ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji nesilleri
terbiýelemäge, bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge
gönükdirilen özgertmeler dowam etdirildi. Bilim işine okatmagyň öňdebaryjy innowasion
usullary giňden ornaşdyryldy, okuw kitaplary neşir edildi. Şeýle hem halkara
ylmy-amaly, okuw-usuly maslahatlaryň, halkara olimpiadalaryň, ders
bäsleşikleriniň ençemesi geçirildi. Mekdep okuwçylary, talyplar halkara ders we
internet bäsleşiklerinde jemi 815 medala mynasyp boldular.
Hasabat döwründe “Saglyk”
Döwlet maksatnamasyna laýyklykda işler dowam etdirilip, keselleriň öňüni
almagyň we bejermegiň öňdebaryjy usullary amaly lukmançylyga ornaşdyryldy.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek
boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna näsag çagalara
operasiýalar, bejergiler amala aşyryldy. Oktýabr aýynda “Saglygy goraýyş, bilim
we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly halkara
sergi hem-de ylmy maslahat ýokary derejede geçirildi. Saglygy goraýyş we derman
senagaty işgärleriniň hünär baýramy mynasybetli Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk
etrabynda saglyk öýi, Mary welaýatynda 300 orunlyk inçekesel hassahanasy açylyp
ulanmaga berildi. Aşgabat şäherinde 500 orunlyk köpugurly hassahananyň, Ahal
welaýatynyň Tejen etrabynyň Tejen şäherinde 300 orunlyk etrabara köpugurly
hassahananyň, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde 400 orunlyk Enäniň we
çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň düýbi tutuldy. Gahryman Arkadagymyzyň
“Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik
eseriniň XVII jildiniň we “Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler” atly kitabynyň
tanyşdyrylyş dabaralary geçirildi.
Hasabat döwründe bedenterbiýäni,
sporty ösdürmek, ussat türgenleri taýýarlamak boýunça işler hem dowam
etdirildi. Sportuň milli we guşakly alyş göreşi, şeýle-de küşt boýunça 8, 10 we
12 ýaşly türgenleriň arasynda halkara ýaryşlar guramaçylykly geçirildi.
Ýurdumyzyň milli ýygyndy toparlarynyň agzalary halkara ýaryşlara gatnaşyp, jemi
818 medala mynasyp boldular.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, ylym, bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlaryny
döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň, bilim işgärleriniň
hünär derejesini yzygiderli ýokarlandyrmagyň möhümdigini belledi. Döwlet
Baştutanymyz wise-premýere «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda saglygy
goraýyş ulgamynyň işini kämilleşdirip durmagy, bedenterbiýäni we sporty
ösdürmek işini talabalaýyk alyp barmagy tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Daşary işler ministrligi
tarapyndan şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň
netijeleri barada hasabat berdi.
Bitarap Watanymyzyň daşary
ýurtlar we halkara guramalar bilen ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn
hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen daşary syýasy ugruny yzygiderli durmuşa
geçirmek, döwlet Baştutanymyzyň beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady
bilen, hasabat döwründe degişli çäreler görüldi. Nygtalyşy ýaly, ýylyň başyndan
bäri hormatly Prezidentimiz Özbegistan Respublikasyna, Ýaponiýa, Russiýa
Federasiýasyna, Gazagystan Respublikasyna, Mongoliýa, Hytaý Halk
Respublikasyna, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna, Täjigistan Respublikasyna,
Italiýa Respublikasyna saparlary amala aşyrdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Monako
Knýazlygyna, Gazagystana, Gyrgyzystana, Özbegistana, Fransiýa Respublikasyna,
Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna, Azerbaýjan Respublikasyna,
Owganystana saparlary boldy.
Şu ýylyň awgustynda “Awaza”
milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp
barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak maksady bilen,
Gazagystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, San-Tome we Prinsipiniň, Ermenistanyň
Prezidentleri, Eswatininiň Patyşasy, Liwiýa Döwletiniň Prezident Geňeşiniň
Başlygy Türkmenistana saparlary amala aşyrdylar. 22-nji awgustda ýokary
derejeli üçtaraplaýyn duşuşyga gatnaşmak üçin Azerbaýjanyň we Özbegistanyň
Prezidentleri Türkmenistanda saparda boldular.
Hormatly Prezidentimiz
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji ýubileý sessiýasynyň
işine gatnaşmak üçin şu ýylyň sentýabrynda ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherine amala
aşyran saparynyň çäklerinde BMG-niň Baş sekretary, Eswatininiň Patyşasy,
Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti, Portugaliýa Respublikasynyň,
Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidentleri, Kuweýt Döwletiniň Mirasdüşer Şazadasy
bilen duşuşyklary geçirdi. Hasabat döwründe birnäçe ýurtlaryň Hökümet
ýolbaşçylarynyň we ýokary wezipeli wekilleriniň Türkmenistana saparlary boldy.
Sebitara we halkara guramalar
bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň
esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýylyň başyndan bäri Birleşen Milletler
Guramasynyň Baş sekretary, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Halkara sergiler
býurosynyň, Türki Döwletleriň Guramasynyň, Türki medeniýetiň halkara
guramasynyň, Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň Baş sekretarlary we
beýleki halkara guramalaryň ýolbaşçylarydyr wekilleri Türkmenistana sapar bilen
geldiler.
Şu ýylyň ýanwar — oktýabr
aýlarynda daşary ýurt wekiliýetleriniň Türkmenistana, ýurdumyzyň
wekiliýetleriniň daşary ýurtlara amala aşyran saparlary hyzmatdaşlar bilen
netijeli gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigine şaýatlyk edýär. Sanly ulgam
arkaly dürli derejedäki duşuşyklaryň 492-si geçirildi. Şeýle hem ýurdumyzda
daşary ýurt döwletleriniň, halkara guramalaryň wekilleri bilen resmi
gepleşikleriň hem-de duşuşyklaryň 2 müň 356-sy guraldy. Ýylyň başyndan bäri
Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarynyň şertnama-hukuk binýadynyň üsti 179 sany
resminama bilen ýetirildi. Daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça gatnaşyklar
yzygiderli amala aşyrylýar. Hasabat döwründe Türkmenistanyň Daşary işler
ministrliginiň we beýleki ýurtlaryň daşary syýasat edaralarynyň arasynda
ikitaraplaýyn geňeşmeleriň birnäçesi geçirildi. Ýewropa Bileleşiginiň daşary
işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili — Ýewropa Komissiýasynyň
wise-prezidenti, halkara hyzmatdaşlyk boýunça Ýewropa komissary bilen
duşuşyklar guraldy.
Türkmenistanyň daşary syýasy
ugruny durmuşa geçirmekde ilçihanalar arkaly diplomatik gatnaşyklary mundan
beýläk-de pugtalandyrmaga uly üns berilýär. Bu ugurda yzygiderli işler amala
aşyryldy. Ýylyň başyndan bäri birnäçe ýurtlaryň täze bellenen Adatdan daşary we
Doly ygtyýarly ilçileri ynanç hatlaryny gowşurdylar. Şol bir wagtda
Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky, Nepaldaky, Kipr
Respublikasyndaky, Mongoliýadaky, Bahreýn Patyşalygyndaky, Monako
Knýazlygyndaky, Serbiýa Respublikasyndaky, Täze Zelandiýadaky, Irlandiýa
Respublikasyndaky, Efiopiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileri ynanç
hatlaryny gowşurdylar. Ýurdumyzyň Eýran Yslam Respublikasyndaky, Türkiýe
Respublikasyndaky konsullary resmi taýdan işe başladylar.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, wise-premýer, daşary işler ministrine dünýä döwletleri bilen
syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ylym-bilim
ulgamlaryndaky gatnaşyklary ösdürmek boýunça netijeli hyzmatdaşlygy dowam
etdirmegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hormatly Prezidentimiziň
Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna amala aşyrjak iş saparyna taýýarlyk görlüşi
barada hasabat berdi.
Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň çakylygy esasynda döwlet Baştutanymyzyň
ýokary derejedäki ikitaraplaýyn duşuşygy geçirmek we «Merkezi Aziýa — ABŞ»
sammitine gatnaşmak maksady bilen Waşington şäherine boljak iş saparyna
taýýarlyk görülýär.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky
gatnaşyklaryň ýokary derejede ösdürilýändigini belledi. “Waşingtonda geçiriljek
sammit bolsa ýurtlarymyzyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da
berkitmäge ýardam eder” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýer,
daşary işler ministrine Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna boljak iş saparyna
taýýarlyk görmek babatda degişli tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew gözegçilik edýän düzümlerinde 2025-nji ýylyň
ýanwar — oktýabr aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat
berdi. Bellenilişi ýaly, ulag-kommunikasiýa toplumy boýunça ýerine ýetirilen
işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 113 göterime deň boldy. Awtomobil, demir
ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary arkaly ýük daşamagyň meýilnamasy 100,6
göterim, ýolagçy gatnatmagyň meýilnamasy 105 göterim berjaý edildi. Hasabat
döwründe Demir ýol ulaglary ministrligi boýunça hyzmatlaryň ösüş depgini 106
göterime, Awtomobil ulaglary ministrligi boýunça hyzmatlaryň ösüş depgini 113,1
göterime, “Türkmenhowaýollary” döwlet gullugy boýunça hyzmatlaryň ösüş depgini
110,3 göterime, Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy boýunça 108,6 göterime,
Aragatnaşyk ministrligi boýunça bolsa 120 göterime barabar boldy.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, milli ulag ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli
berkitmegiň we döwrebaplaşdyrmagyň, ýerine ýetirilýän işleriň, hyzmatlaryň
hilini ýokarlandyrmagyň, sanly hyzmatlaryň görnüşlerini artdyrmagyň hem-de ony
giňden ornaşdyrmagyň möhümdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet
Baştutanymyz wise-premýere ýolagçy gatnatmagyň we ýükleri daşamagyň möçberini
artdyrmak üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, şu ýylyň on
aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleriniň Garaşsyz Watanymyzyň üstünlikli
ösýändigini görkezýändigini belledi. “Biziň alyp barýan syýasatymyzyň
netijesinde ata Watanymyzy ösdürmäge gönükdirilen döwlet maksatnamalary
üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ykdysadyýetimiziň pudaklarynda özgertmeler
üstünlikli dowam edýär. Önümçilik pudaklary yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar.
Täze, döwrebap kärhanalary gurmaga we bar bolanlaryny döwrebaplaşdyrmaga uly
möçberde maýa goýumlar gönükdirilýär” diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz hasabat
döwründe jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,3 göterime deň bolandygyny
kanagatlanma bilen belledi. Nebitgaz, söwda, ulag-aragatnaşyk toplumlarynda,
oba hojalyk pudagynda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Ylym, bilim, saglygy
goraýyş, sport, şeýle hem medeniýet ulgamlarynda özgertmeler üstünlikli dowam
edýär. Daşary syýasatymyz parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, özara
bähbitli hyzmatdaşlyk kadalaryna berk eýermek esasynda amala aşyrylýar. Şeýle
hem häzirki wagtda täze senagat desgalarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň, dynç alyş we
saglyk merkezleriniň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, beýleki desgalaryň
gurluşygy dowam edýär.
Soňra hormatly Prezidentimiz
Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ýurdumyzda her ýyly döwrebap
atlandyrmak boýunça ýylyň şygarynyň yglan edilýändigini we nyşanyň kabul
edilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Mejlisiň
Başlygy D.Gulmanowa ýüzlenip, deputatlaryň halkymyz bilen maslahatlaşyp, täze,
2026-njy ýyla at bermek hem-de onuň nyşanyny kesgitlemek boýunça degişli
teklipleri taýýarlamalydygyna ünsi çekdi.
Mejlisde döwlet durmuşyna
degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli
çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini
jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar
Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw
etdi.
tdh