Şu gün hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky
mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meseleler ara alnyp
maslahatlaşyldy.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy
D.Gulmanowa ýurdumyzyň kanunçylygyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça
alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, Mejlisde
raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny, kanuny bähbitlerini goramak, ýurdumyzy
ykdysady, syýasy, medeni taýdan mundan beýläk-de ösdürmek, halkymyzyň
ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, döwletimiziň halkara
başlangyçlaryny hukuk taýdan goldamak bilen baglanyşykly kanun taslamalaryny
taýýarlamak hem-de hereket edýän kanunlara döwrüň talabyna laýyklykda
üýtgetmeleridir goşmaçalary girizmek boýunça işler dowam etdirilýär.
Şeýle hem milli parlamentiň
ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa «Türkmenistanyň at
gazanan arhitektory» diýen hormatly ady dakmak hakynda Mejlisiň kararyny okady.
Kararda bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň
baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda türkmen halkynyň Milli
Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy
bilen hem-de hut özüniň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanylan «Saglyk» Döwlet
maksatnamasyny we bu ugurda kabul edilen milli maksatnamalary durmuşa geçirmek
boýunça bimöçber işler alnyp barylýar. Bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy
ösdürmekde dünýä bileleşigi, aýratyn-da, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy
tarapyndan ykrar edilen nusgalyk işler amala aşyryldy. Gurbanguly
Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça
haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna ilatyň, hususan-da, eneleriň
we çagalaryň saglygy bilen bagly meselelere uly ähmiýet berilýär.
Ynsan saglygyny goramakda,
keselleriň öňüni almakda durmuşa geçirilýän işler, gazanylan üstünlikler ençeme
halkara güwänamalar bilen ykrar edildi. Ýurdumyzyň paýtagtynda, sebitde ilkinji
«akylly» şäher bolan Arkadag şäherinde we welaýatlarda saglygy goraýşy halkara
ölçeglere laýyklykda ösdürmek hem-de innowasion tehnologiýalara, öňdebaryjy
lukmançylyk ylmyna we tejribesine esaslanýan kämil, binagärlik taýdan
tapawutlanýan döwrebap, nusgalyk saglygy goraýyş we bejeriş edaralarynyň, sport
desgalarynyň uly toplumy gurlup ulanmaga berildi. Şolaryň hatarynda Aşgabat
şäherinde Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezini we Halkara
sagaldyş-dikeldiş merkezini, Arkadag şäherinde Enäniň we çaganyň saglygyny
goraýyş merkezini we köpugurly hassahanany, Balkan welaýatynda iki sany
köpugurly hassahanany, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde köpugurly
hassahanany we onkologiýa hassahanasyny hem-de başga-da köp sanly saglygy
goraýyş edaralaryny görkezmek bolar. Arkadag şäherinde gurulýan lukmançylyk
klasteriniň önümçilik toplumlary bolsa ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman
senagaty ulgamyny täze derejelere çykarar.
Häzirki wagtda gurluşygy
ýokary depginlerde dowam etdirilýän Aşgabatdaky Halkara pediatriýa, Halkara
onkologiýa ylmy-kliniki merkezleri, Stomatologiýa merkezi, şeýle hem «Arçman»
şypahanasyndaky täze goşmaça binalar toplumy milli saglygy goraýyş ulgamynyň
maddy-enjamlaýyn binýadynyň üstüni ýetirer. Şeýle-de Aşgabat şäherinde köpugurly
hassahananyň, Ahal welaýatynyň Tejen şäherinde etrabara köpugurly hassahananyň,
Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş
merkeziniň gurluşygyna badalga berilmegi ýurdumyzda adam we onuň saglygy
hakyndaky aladanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýandygynyň
ýene-de bir subutnamasydyr.
Türkmenistanda gurulýan
saglygy goraýyş edaralarynyň binagärlik babatda ýokary ölçeglere, milli
äheňlere laýyk bolmagyny üpjün etmekde, şähergurluşyk işini ýokary derejelere
ýetirmekde, saglygy goraýyş edaralarynyň binagärlik-gurluşyk taslamalary
işlenip düzülende dünýäde gazanylan oňyn tejribeleri, innowasion
tehnologiýalary, öňdebaryjy inženerçilik, binagärlik, bezeg işläp
taýýarlamalaryny işjeň ulanmakda, taslama we binagärlik işleri boýunça ýokary
derejeli hünärmenleri taýýarlamakda, ýaşlary bu işlere çekmekde, ylmy
oý-pikiriň we tehniki ösüşiň gazananlaryny peýdalanmakda alyp barýan ägirt uly
işlerini, şeýle hem saglygy goraýyş babatda jemgyýetiň we döwletiň öňünde
bitiren aýratyn hyzmatlaryny göz öňünde tutup, halk wekillerinden, ýurdumyzyň
iri jemgyýetçilik birleşiklerinden, zähmet toparlaryndan, raýatlarymyzdan gelip
gowşan teklipleriň esasynda, Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň
güni mynasybetli, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 81-nji maddasyna laýyklykda,
Mejlisiň karary bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa
“Türkmenistanyň at gazanan arhitektory» diýen hormatly at dakyldy.
Döwlet Baştutanymyz mejlise
gatnaşyjylara ýüzlenip, «Türkmenistanyň at gazanan arhitektory» diýen hormatly
adyň dakylmagyny uly sylag hökmünde kabul edýändigini aýtdy. Arkadagly Gahryman
Serdarymyz özüne bu sylagyň gowşurylmagynyň ata Watanymyzyň gülläp ösmegi
ugrunda mundan beýläk-de yhlas bilen tutanýerli işlemäge borçly edýändigini
belledi we pursatdan peýdalanyp, berlen şeýle ýokary baha üçin mähriban
halkymyza tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça
«Türkmenistanda 2030-njy ýyla çenli maliýe bazaryny ösdürmegiň Strategiýasyny»
taýýarlamak boýunça geçirilen işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu
resminama türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň
Halk Maslahatynyň 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen mejlisinde öňde
goýan wezipelerine laýyklykda işlenip taýýarlanyldy. Strategiýada ýurdumyzda
maliýe bazaryny ösdürmegiň maksatlary, wezipeleri, esasy ugurlary we ony
durmuşa geçirmekden garaşylýan netijeler beýan edilýär. Resminama laýyklykda,
halkara standartlary, milli bähbitleri nazara almak bilen, dünýäniň ösen
ýurtlarynyň tejribesini göz öňünde tutup, maliýe bazarynyň institusional
gurluşyny hem-de Türkmenistanyň maliýe bazarynyň kanunçylyk binýadyny
kämilleşdirmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzda maliýe
serişdeleriniň netijeli dolanyşygyny üpjün etmek, maýa goýumlary artdyrmak,
milli ätiýaçlandyryş bazarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek we bazar
gatnaşyklaryna esaslanýan ykdysady gatnaşyklary giňeltmek boýunça çäreleri
geçirmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet
Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasyny hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, ýurdumyzda maliýe bazaryny ösdürmek we bu ugurda kanunçylyk binýadyny
kämilleşdirmek boýunça zerur işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Döwlet
Baştutanymyz maliýe serişdeleriniň netijeli dolanyşygyny üpjün etmek bilen
bagly taýýarlanylan Karara gol çekdi we wise-premýere degişli tabşyryklary
berdi.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary B.Amanow «Türkmennebit» döwlet konserniniň nebiti
gaýtadan işleýän zawodlarynyň tehnologik ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça
alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, konserniň
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň hem-de Seýdiniň
nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň önümçilik ulgamlary yzygiderli
kämilleşdirilýär, olar öňdebaryjy enjamlar bilen enjamlaşdyrylýar. Munuň özi
kärhanalaryň has-da netijeli işlemegini, öndürilýän önümleriň, hususan-da,
benziniň, polipropileniň, çalgy ýaglarynyň hiliniň ýokarlandyrylmagyna
mümkinçilik berýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň
garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, «Türkmennebit» döwlet konserniniň garamagyndaky nebiti
gaýtadan işleýän zawodlaryň önümçilik kuwwatyny netijeli peýdalanmak üçin
degişli işleri alyp barmagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň degişli desgasyny
döwrebaplaşdyrmak boýunça taýýarlanylan teklibi goldady we wise-premýere bu
ugurda zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda we welaýatlarda
möwsümleýin işleriň alnyp barlyşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, oba
hojalyk işleriniň çäklerinde geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişi dowam edýär.
Ekişde oba hojalyk tehnikalary netijeli işledilýär, ekiş geçirilen ýerlerde
gögeriş suwy tutulýar. Şunuň bilen bir hatarda, ýetişdirilen pagta hasylyny
gysga wagtda ýygnap almak, hasyly pagta arassalaýjy kärhanalarda, pagta kabul
ediş harmanhanalarynda kabul etmek, gaýtadan işlemek boýunça degişli işler
geçirilýär. Welaýatlaryň maldarçylyk hojalyklarynda mallary talabalaýyk
idetmek, olaryň baş sanyny artdyrmak maksady bilen, ot we iýmleriň ätiýaçlyk
gorlaryny döretmek babatda degişli işler alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegiň we onuň
maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmegiň, bugdaý ekişi möwsümini talabalaýyk
dowam etdirmegiň, bu işde oba hojalyk tehnikalaryny netijeli peýdalanmagyň
möhümdigini belledi. Pagta ýygymy möwsümini guramaçylykly geçirmek, ýygnalan
hasyly kabul etmek, gaýtadan işlemek boýunça hem degişli işleri netijeli alyp
barmak zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýere bu babatda
tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow Gurluşyk we senagat toplumynyň
işgärleriniň gününe görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, bu
hünär baýramçylygy mynasybetli «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda
«Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly
halkara sergini we maslahaty geçirmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem şanly senä
gabatlanyp, Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynda kuwwatlylygy gije-gündizde 20
müň kub metr bolan agyz suw arassalaýjy desganyň, Garabogazköl aýlagynyň
üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň açylyş dabaralaryny, Türkmenbaşy etrabynda
ýylda 1 million 155 müň tonna karbamid öndürýän toplumyň, Türkmenbaşy —
Garabogaz — Gazagystan serhedi awtomobil ýolunyň Türkmenbaşy — Garabogaz
böleginiň düýbüni tutmak dabaralaryny geçirmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen
bir hatarda, toplumyň zähmetde tapawutlanan işgärlerine hormatly Prezidentimiziň
adyndan gymmat bahaly sowgatlary gowşurmak dabarasy we beýleki medeni çäreler
guralar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna
degişli teklipleri hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli
geçiriljek halkara sergä we maslahata gowy taýýarlyk görmegiň hem-de olary
ýokary derejede geçirmegiň möhümdigini belledi we wise-premýere Balkan
welaýatynda geçiriljek dabaraly çärelere gowy taýýarlyk görmek babatda anyk
tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew ýurdumyzda daşary söwda dolanyşygyny
artdyrmak, eksport mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça alnyp barylýan işler
barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan
bu ugurda edilýän işlerde eksport we import edilýän önümler boýunça dünýä
bazarlarynyň ýagdaýy baradaky halkara maglumat ulgamlaryndan netijeli
peýdalanylýar. Şunda dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyga
möhüm ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer hormatly
Prezidentimiziň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz
hasabaty diňläp, ýurdumyzda daşary söwda dolanyşygyny artdyrmak, eksport
mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça netijeli işleriň amala aşyrylýandygyny
belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz eksport we import edilýän
harytlaryň nyrhlaryna gözegçilik etmek boýunça taýýarlanylan teklibi goldap,
wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa «Türkmenistanyň medeni diplomatiýasyny
ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyny tassyklamak hakynda»
Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararynyň taslamasy barada hasabat berdi.
Nygtalyşy ýaly, Strategiýanyň esasy maksady ýurdumyzyň medeni diplomatiýasyny
ösdürmekden, milli medeni mirasymyzyň, ata-babalarymyzdan gözbaş alýan ajaýyp
däp-dessurlarymyzyň halkara derejede ykrar edilmegini, millilige ýugrulan,
kämillige gönükdirilen ýol-ýörelgelerimiziň mynasyp wagyz edilmegini,
döwletleriň arasynda uzak möhletleýin gatnaşyklaryň ýola goýulmagyny
gazanmakdan ybaratdyr. Strategiýa halklary jebisleşdirmekde we dostlaşdyrmakda
medeniýetiň täsirini artdyryp, medeni diplomatiýanyň ornuny pugtalandyrmakda
uly ähmiýete eýe bolar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet
Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasyny hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, halkymyzyň milli medeni mirasynyň, gadymy däp-dessurlarymyzyň
dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýändigini, bu gymmatlyklarymyzyň
halkara derejede giňden ykrar edilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz
«Türkmenistanyň medeni diplomatiýasyny ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin
Strategiýasyny tassyklamak hakynda» Karara gol çekdi we wise-premýere degişli
tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman
senagaty işgärleriniň gününe görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, hünär
baýramçylygy mynasybetli «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň
täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergini we ylmy maslahaty
ýokary derejede geçirmek, täze saglygy goraýyş desgalaryny dabaraly ýagdaýda
ulanmaga bermek bilen baglanyşykly guramaçylyk işleri alnyp barylýar. Şunuň
bilen baglylykda, Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynda döwrebap saglyk
öýüniň, 300 orunlyk Mary welaýat inçekesel hassahanasynyň dabaraly ýagdaýda
açylyp ulanmaga berilmeginiň meýilleşdirilýändigi aýdyldy. Wise-premýer Aşgabat
şäherinde 500 orunlyk köpugurly hassahanany we Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň
Tejen şäherinde 300 orunlyk etrabara köpugurly hassahanany, Daşoguz welaýatynyň
Daşoguz şäherinde 400 orunlyk Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezini
gurmak hakynda, şeýle hem saglygy goraýyş işgärlerini döwlet sylaglary bilen
sylaglamak hakynda degişli resminamalaryň taslamalarynyň taýýarlanylandygy
barada hasabat berdi we olary döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň yzygiderli
ösdürilýändigini, halkara saglyk merkezleriniň, saglyk öýleriniň,
hassahanalaryň yzygiderli gurlup ulanmaga berilýändigini belledi. Şunuň bilen
baglylykda, döwlet Baştutanymyz «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny mundan beýläk-de
üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Aşgabat şäherinde 500 orunlyk
köpugurly hassahanany, Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň Tejen şäherinde 300
orunlyk etrabara köpugurly hassahanany, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde
400 orunlyk Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezini gurmak hakynda,
şeýle-de aýratyn tapawutlanan saglygy goraýyş işgärlerini döwlet sylaglary
bilen sylaglamak barada degişli resminamalara gol çekdi we wise-premýere
tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow ýurdumyzyň diplomatik
gullugynyň hukuk esaslaryny kämilleşdirmek, halkara hyzmatdaşlygyň
şertnama-hukuk binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan
işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň
garamagyna Halkara guramalaryň ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekilhanalary
hakynda Düzgünnamanyň taslamasy hödürlenildi.
Bellenilişi ýaly, hormatly
Prezidentimiziň başlangyçlary esasynda ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy,
Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy,
Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy hem-de beýleki dünýä, yklym we sebit derejesinde
hereket edýän halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça
yzygiderli çäreler görülýär. Döwlet Baştutanymyzyň parahatçylygy, howpsuzlygy
pugtalandyrmaga, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge, tebigaty goramaga,
ynsanperwer we beýleki ulgamlarda gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga gönükdirilen
tekliplerini durmuşa geçirmekde bu abraýly düzümler bilen işjeň hyzmatdaşlyk
alnyp barylýar. Ýurdumyzyň milli bähbitlerini ilerletmek we bu ulgamlarda
netijeli işleri geçirmek bilen baglylykda, halkara guramalaryň ýanynda
Türkmenistanyň hemişelik wekilhanalaryny döretmegiň möhümdigi bellenildi.
Häzirki wagtda Türkmenistan halkara guramalaryň 54-siniň agzasy bolup durýar.
Şolaryň 19-synda Türkmenistanyň hemişelik wekilleri resmi taýdan bellenildi.
Türkmenistanyň halkara
guramalaryň ýanyndaky hemişelik wekilhanalarynyň işiniň şertnama-hukuk
binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen, ýokarda agzalan Düzgünnama işlenip
taýýarlanyldy. Bu resminama Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we ugurdaş
kanunlaryň, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalarynyň esasynda
taýýarlanylyp, halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge we giňeltmäge
ýardam bermäge, ýurdumyzyň olaryň çäklerindäki işlerini utgaşdyrmaga
gönükdirilendir. Düzgünnama Türkmenistanyň hemişelik wekilhanalarynyň işini we
ygtyýarlyklaryny, beýleki degişli meseleleri düzgünleşdirýär. Şeýle hem onda
hemişelik wekilhanalaryň işiniň esaslarydyr maksatlary kesgitlenilýär. Şolaryň
hatarynda degişli halkara guramalarda resmi döwletara gatnaşyklary saklamak,
Türkmenistanyň we onuň raýatlarynyň hukuklaryny hem-de bähbitlerini goramak,
ýurdumyzyň daşary syýasy ugruny durmuşa geçirmek, halkara guramalar bilen
ulgamlaýyn esasda gatnaşyklary saklamak bilen baglanyşykly wezipeler bar.
Mundan başga-da, resminamada hukuk we guramaçylyk meseleleri kesgitlenilýär,
hemişelik wekiliň statusy, ileri tutulýan wezipeleridir ygtyýarlyklary bilen
bagly kadalaşdyryjy düzgünler beýan edilýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň halkara
guramalar bilen alyp barýan hyzmatdaşlygyny ösdürmek we pugtalandyrmak işlerini
dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz
«Halkara guramalaryň ýanyndaky Türkmenistanyň hemişelik wekilhanalary hakynda
Düzgünnamany tassyklamak hakynda» Karara gol çekdi we wise-premýer, daşary
işler ministrine degişli tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek,
innowasion tehnologiýalary döwrüň talaplaryna laýyklykda önümçilige ornaşdyrmak
boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly,
«Türkmenistanda 2026 — 2028-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň
Konsepsiýasynyň» taslamasy işlenip taýýarlanyldy. Konsepsiýanyň esasy maksady
sanly infrastrukturany ösdürmekden, döwlet edaralarynyň, ykdysadyýetiň ähli
pudaklarynyň netijeli ösmegi üçin amatly şertleri döretmekden, öňdebaryjy
önümçilik tehnologiýalaryny dolanyşyga we kanunçylyga ornaşdyrmak arkaly
ýurdumyzyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Konsepsiýada
halkara standartlara, milli bähbitlere laýyklykda, sanly ykdysadyýet babatda
kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, elektron hökümet ulgamyny, sanly bilim we
ylym ulgamyny, sanly lukmançylygy, maliýe tehnologiýalaryny ösdürmek, maglumat
geçiriş torlaryny döwrebaplaşdyrmak, halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, maýa
goýumlary çekmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer
hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli Kararyň taslamasyny hödürledi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz
hasabaty diňläp, ýurdumyzda milli ykdysadyýete sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça
netijeli işleriň durmuşa geçirilýändigini, elektron hökümet ulgamyny ösdürmäge
möhüm ähmiýet berilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz innowasion, ýokary
tehnologiýaly sanly ykdysadyýeti ösdürmek babatda alnyp barylýan işleri dowam
etdirmek maksady bilen, bu ugurda taýýarlanylan resminama gol çekdi we wise-premýere
degişli tabşyryklary berdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz
Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, 10-njy oktýabrda Saglygy goraýyş we
derman senagaty işgärleriniň gününiň giňden bellenip geçiljekdigini, ýurdumyzda
saglygy goraýyş ulgamyny maksatnamalaýyn ösdürmek boýunça giň gerimli işleriň
durmuşa geçirilýändigini aýtdy. Pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz
mejlise gatnaşyjylary hem-de saglygy goraýyş we derman senagaty işgärlerini bu
hünär baýramçylygy bilen tüýs ýürekden gutlady.
Mejlisde döwlet durmuşyna
degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli
çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini
jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar
Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw
etdi.
***
Ministrler Kabinetiniň sanly
ulgam arkaly geçirilen mejlisi tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimize
«Türkmenistanyň at gazanan arhitektory» diýen hormatly adyň dakylmagy
mynasybetli dabara geçirildi. Dabara Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary
gatnaşdylar. Dabara gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyza «Türkmenistanyň at
gazanan arhitektory» diýen hormatly adyň dakylmagy hem-de Saglygy goraýyş we
derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň
gowy arzuwlaryny beýan etdiler.
Bellenilişi ýaly, Berkarar
döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Aşgabat
şäherini ösdürmek boýunça başyny başlan şähergurluşyk maksatnamasy häzirki
wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli amala aşyrylýar. Soňky
ýyllarda Diýarymyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, paýtagtymyzda hem döwrebap
şäher gurşawyny döretmek boýunça özboluşly taslamalar durmuşa geçirilýär. Bu
işler bilen bir hatarda, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy döwrebaplaşdyrylýar.
Şunda paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda saglygy goraýyş desgalarynyň
gurulmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda işlenip
taýýarlanylan «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ägirt uly
işler alnyp barylýar.
Döwlet Baştutanymyz «Türkmenistanyň at gazanan
arhitektory» diýen hormatly adyň dakylandygy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk
bildirip, dabara gatnaşyjylary Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň
güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady hem-de eziz Watanymyzyň
gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
TDH