Düýn hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler
Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna
degişli birnäçe meselelere garaldy.
Ilki
bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, ýurdumyzy
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen
maksatnamalardan ugur alyp, döwletimiziň ykdysady, syýasy,
medeni durmuşynyň dürli ugurlaryna degişli kanun taslamalaryny
taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.
Mejlisiň deputatlary daşary ýurtlaryň parlamentleriniň hem-de
halkara guramalaryň wekilleri bilen ikitaraplaýyn gyzyklanma
döredýän meseleler boýunça hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny alyp
barýarlar. Şunuň bilen baglylykda, Pakistan Yslam
Respublikasynyň Senatynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk
Guramasynyň wekiliýetleri bilen duşuşyklaryň geçirilendigi
aýdyldy. Olaryň barşynda hyzmatdaşlygyň we kanun çykaryjylyk
işiniň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň wekilleri
döwlet edaralary tarapyndan halkara düzümler bilen bilelikde
geçirilen duşuşyklara we okuw maslahatlaryna gatnaşdylar,
Täjigistan Respublikasynyň Duşenbe şäherinde hem-de Bosniýa we
Gersegowinanyň Saraýewo şäherinde iş saparlarynda boldular.
Hormatly
Prezidentimiz ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösmegini üpjün
etmäge gönükdirilen kanunçylyk namalaryny işläp taýýarlamak
boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini
belledi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow Birleşen
Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen
köpugurly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrunda alnyp barylýan
işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi bilen
BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň arasynda durmuşa geçirilýän degişli
sebitleýin taslamanyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde Aşgabat
şäherinde we welaýatlaryň 6 etrabynda ýerleşýän, şu ministrligiň
garamagyndaky zähmet we ilatyň iş üpjünçilik bölümlerinde
okuw-maglumat merkezlerini döretmek göz öňünde tutulýar. Munuň özi
ýurdumyzda ýaşlara degişli hünär okuwlaryny geçmek arkaly olaryň
mümkinçiliklerini giňeltmäge we beýleki maksatlara
gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň
garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň daşary
syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biriniň Birleşen
Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen
köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmek bolup durýandygyny belledi.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Zähmet we ilaty durmuş
taýdan goramak ministrligi bilen BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň
arasynda amala aşyrylýan sebitleýin taslamanyň çäklerinde
okuw-maglumat merkezlerini döretmek baradaky teklibi makullap,
wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow ýangyç-energetika
toplumynda, hususan-da, “Türkmennebit” döwlet konserninde ýerine
ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly,
konserniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar
toplumynyň tehnologik desgalarynyň degişli awtomatik ulgamyny
döwrebaplaşdyrmak boýunça zerur işler alnyp barylýar. Munuň özi
toplumyň önümçilik-tehnologik desgalarynyň bökdençsiz we
ygtybarly işlemegini üpjün etmäge ýardam berer. Şunuň bilen
baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna
degişli teklibi hödürledi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, nebitiň çykarylýan möçberini
artdyrmagyň, öndürilýän önümleriň hilini ekologik standartlaryň
talaplaryna laýyk getirmegiň ýurdumyzyň nebiti gaýtadan
işleýän zawodlarynyň esasy wezipeleri bolup durýandygyny
belledi. Döwlet Baştutanymyz «Türkmennebit» döwlet konserniniň
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň
ygtybarly işlemegini üpjün etmäge gönükdirilen teklibi
makullap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi
tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk
pudagynda we welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň
alnyp barlyşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda galla hasylyny gysga wagtda ýygnap almak
boýunça işler dowam edýär. Däne ýygýan kombaýnlaryň we bugdaý
daşaýan awtoulaglaryň doly güýjünde işledilmegini üpjün etmek,
ýygnalan hasyly kabul etmek boýunça degişli işler geçirilýär.
Şunuň bilen bir hatarda, gowaça ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň
kadalaryna laýyklykda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen
iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Daşoguz
welaýatynda şaly ekilen meýdanlarda ideg işleri, Lebap
welaýatynda bolsa şaly ekişi dowam edýär. Mary welaýatynda
güýzlük gant şugundyry ekiljek meýdanlarda sürüm, tekizlemek,
geriş çekmek işleri alnyp barylýar. Şeýle hem ekiş geçirilen
ýerlerde gögeriş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Maldarçylyk
hojalyklarynda mallary talabalaýyk idetmek, olaryň baş sanyny
artdyrmak we önüm berijiligini ýokarlandyrmak maksady bilen,
mallar üçin ot-iýmleriň ätiýaçlyk goruny döretmek boýunça degişli işler
geçirilýär. Ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini we
ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, suw serişdelerini
tygşytly hem-de netijeli peýdalanmak, suwaryş, şor suw
akabalaryny arassalamak işleri ýerine ýetirilýär.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn
ösdürmegi dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Hormatly
Prezidentimiz wise-premýere ýurdumyzyň welaýatlarynda galla
oragyny guramaçylykly geçirmegi, ýygnalan hasyly tabşyrmak
boýunça alnyp barylýan işlere berk gözegçilik etmegi, gowaça
ekilen meýdanlarda ideg işlerini agrotehnikanyň kadalaryna
laýyklykda geçirmegi dowam etdirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gözegçilik
edýän toplumynda, hususan-da, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň
kärhanalarynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şunuň
bilen baglylykda, häzirki wagtda bu kärhanalaryň bökdençsiz we
ygtybarly işledilmegini gazanmak üçin zerur çäreleriň
görülýändigi aýdyldy.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda mineral dökünleri
öndürýän zawodlary netijeli işletmäge, oba hojalyk önüm
öndürijilerini mineral dökünler bilen öz wagtynda üpjün etmäge
möhüm ähmiýet berilýändigini aýtdy hem-de wise-premýere hereket
edýän himiýa kärhanalarynyň maddy-tehniki binýadyny berkitmek,
önümçilik kuwwatyny doly ulanmak boýunça netijeli işleri
geçirmegi dowam etdirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew Türkiýe
Respublikasynda Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisini
geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, sergide ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply
harytlar bilen birlikde, ýurdumyzyň eksport mümkinçilikleriniň
täze maksatnamalaýyn ugurlary, maýa goýum taslamalary
tanyşdyrylar. Sergä Türkmenistanyň eksport, maýa goýum ugurly
pudaklarynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň
agzalarynyň gatnaşmaklary göz öňünde tutulýar. Munuň özi
söwda-ykdysady, maýa goýum, ulag-logistika we beýleki ugurlarda
hyzmatdaşlygy giňeltmäge mümkinçilik döreder. Şeýle hem wise-premýer
ýurdumyzyň wekiliýetiniň Russiýa Federasiýasynda geçiriljek
halkara ykdysady foruma gatnaşmagy boýunça degişli işleriň
alnyp barylýandygyny aýtdy.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, döwletimiz tarapyndan daşary
ýurtlarda guralýan iri möçberli halkara çäreleriň netijeli
hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda uly ähmiýete eýedigini belledi
hem-de wise-premýere Türkiýe Respublikasynda Türkmenistanyň
eksport harytlarynyň sergisini geçirmek boýunça degişli işleri
alyp barmagy tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz dünýä ýurtlarynda
geçirilýän halkara çärelere işjeň gatnaşmak maksady bilen,
Russiýa Federasiýasynda geçiriljek halkara ykdysady foruma
ýurdumyzyň wekiliýetiniň gatnaşmagy bilen bagly resminama gol
çekdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa Medeniýet we
sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni
mynasybetli şu ýylyň 22 — 27-nji iýuny aralygynda Ahal welaýatynda
Medeniýet hepdeligini geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri
barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, hepdeligiň çäklerinde dürli mazmunly medeni çäreleri, şol
sanda Nowruz ýaýlasyndaky “Türkmeniň ak öýi” binasynda Medeniýet
hepdeliginiň açylyş dabarasyny, konsertleri, aýdym-sazly
çykyşlary, maslahatlary, sergileri, döredijilik
duşuşyklaryny, şygryýet agşamlaryny, filmleriň we sahna
oýunlarynyň görkezilişini, Magtymguly adyndaky milli sazly
drama teatry tarapyndan sahnalaşdyrylan “Şasenem-Garyp”
operasynyň görkezilişini geçirmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem
hepdelige gatnaşyjylaryň paýtagtymyzdaky “Magtymguly Pyragy”
medeni-seýilgäh toplumynda beýik şahyryň ýadygärligine gül
goýmak dabarasyna gatnaşmaklary meýilleşdirilýär. Şunuň bilen
baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna
degişli teklibi hödürledi.
Arkadagly
Gahryman Serdarymyz hasabaty diňläp, Medeniýet we sungat
işgärleriniň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlap,
Medeniýet hepdeligini ýokary derejede geçirmegiň, onuň geçýän
döwründe Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan
çärelere hem aýratyn ähmiýet bermegiň möhümdigine ünsi çekdi we
wise-premýere Medeniýet hepdeligini guramaçylykly geçirmäge
gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa 15 — 19-njy
iýun aralygynda paýtagtymyzda geçiriljek küşt boýunça halkara
ýaryşa taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Bellenilişi
ýaly, sport arkaly parahatçylygy dabaralandyrmakda Halkara
parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň möhüm wakasyna öwrüljek bu
ýaryşa dünýäniň köp sanly döwletlerinden, şeýle-de
Türkmenistandan 8, 10 we 12 ýaşly türgenler gatnaşarlar. Şunuň
bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna
degişli teklibi hödürledi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň halkara sport
abraýyny has-da ýokary derejelere galdyrmak, türkmen sportuny
ösdürmek ugrunda netijeli işleriň alnyp barylýandygyny, dürli
derejedäki halkara sport ýaryşlarynyň yzygiderli
geçirilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet
Baştutanymyz wise-premýere Aşgabat şäherindäki
Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde sportuň küşt görnüşi
boýunça türgenleriň arasyndaky halkara ýaryşa gowy taýýarlyk
görmegi we ony ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler
ministri R.Meredow Türkmenistanyň halkara ekologiýa
hyzmatdaşlygy babatda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, dürli döwletler we halkara guramalar bilen bu ugurda
gatnaşyklary yzygiderli ösdürmek ýurdumyzyň daşary
syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Döwlet
Baştutanymyzyň halkara we sebit derejesindäki forumlarda öňe
sürýän möhüm başlangyçlary we teklipleri ýurdumyzyň ekologiýa
ulgamynda halkara işlerini yzygiderli pugtalandyrmak üçin berk
esas bolup hyzmat edýär. Şunuň bilen baglylykda, hyzmatdaşlygy
mundan beýläk-de ösdürmek boýunça taýýarlanan birnäçe maglumatlar
we teklipler beýan edildi.
Ählumumy
ekologiýa hyzmatdaşlygy babatda howa, tebigaty goramak
meseleleriniň ähmiýeti nygtaldy. Hormatly Prezidentimiziň
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji
sessiýasyndaky çykyşynda bu meselelere aýratyn üns berildi.
Şonda döwlet Baştutanymyz BMG-niň Merkezi Aziýa üçin bitewi
ekologiýa strategiýasyny taýýarlamaga girişmegi teklip etdi.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz 2023-nji ýylyň dekabrynda Dubaý
şäherinde geçirilen BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky
Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji
maslahatynda (COP28) döwletimiziň ýokarda agzalan ugurlar
boýunça garaýyşlaryny dünýä jemgyýetçiligine ýetirdi. Forumyň
barşynda Türkmenistan halkara resminamalaryň birnäçesine
goşuldy. Häzirki wagtda ýurdumyzyň degişli ministrlikleri we
pudak edaralary tarapyndan ýokarda agzalan resminamalardan
gelip çykýan borçnamalary ýerine ýetirmek boýunça degişli işler
alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, 2024-nji ýylyň noýabrynda
Baku şäherinde geçirilen BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky
Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 29-njy
maslahatynda (COP29) hem 9 resminamanyň kabul edilendigi
bellenildi. Ýurdumyzyň bu maslahatyň resminamalaryna
goşulmagynyň mümkinçiliklerine seretmek maksady bilen, olary
öwrenmek boýunça şu ýylyň 21-nji iýunynda paýtagtymyzda daşky
gurşawy goramak meseleleri boýunça pudagara toparyň mejlisini
geçirmek teklip edilýär. Şeýle-de häzirki wagtda Birleşen Milletler
Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda
Türkmenistanyň ileri tutulýan garaýyşlaryny taýýarlamak
boýunça işler alnyp barylýar.
Mälim
bolşy ýaly, ýurdumyz çölleşmäge garşy göreş babatda örän işjeň
hereketleri amala aşyrýar. Bu ugurda 2024-nji ýylyň dekabrynda
Er-Riýad şäherinde BMG-niň Çölleşmä garşy göreşmek boýunça Konwensiýasyna
gatnaşyjy taraplaryň 16-njy maslahatynyň çäklerinde geçirilen
“Bitewi suw” sammitine türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman
Arkadagymyzyň gatnaşandygyny bellemek gerek. Bu forumyň
ýörelgelerine esaslanyp, Baş Assambleýanyň öňümizdäki
sessiýasyna hödürleniljek Türkmenistanyň ileri tutulýan
garaýyşlaryna Merkezi Aziýa we onuň bilen goňşy döwletler üçin
çölleşmäge garşy göreşmek boýunça sebit merkezini döretmek
baradaky meseläni goşmak teklip edilýär. Sebit hyzmatdaşlygy
barada aýdylanda, bu ugurda Hazar hem-de Aral deňizlerini, umuman,
Merkezi Aziýada ekologiýa meseleleri bilen bagly alnyp barylýan
işleri bellemek bolar. Şunuň bilen baglylykda, Hazar sebitiniň
ekologik howpsuzlygy baradaky meselä üns çekildi. Şundan ugur
almak bilen, Hazarýaka döwletleriň daşary işler ministrleriniň
duşuşygyny hem-de döwlet Baştutanlarynyň nobatdaky sammitini
geçirmek boýunça işleri işjeňleşdirmek teklip edilýär. Şunuň
bilen birlikde, Hazar ekologik başlangyjynyň Konsepsiýasynyň
taýýarlanylandygy we onuň ähli kenarýaka döwletleriň
garamagyna iberilendigi aýdyldy.
Türkmenistan
sebitde 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Aral boýunça Milli maksatnamany
kabul eden ýeke-täk döwletdir. Şol resminamanyň amala aşyrylmagy,
şeýle hem 2026 — 2030-njy ýyllar üçin täze maksatnamanyň
taslamasynyň taýýarlanylmagy bilen bagly meseleleri ara alyp
maslahatlaşmak üçin şu ýylyň 27-nji iýunynda Aşgabat şäherinde
daşky gurşawy goramak meseleleri boýunça pudagara toparyň
mejlisini geçirmek teklip edilýär. Mundan başga-da, Türkmenistanyň
2017 — 2019-njy ýyllarda Araly halas etmegiň halkara gaznasyna
başlyklyk edendigi bellenildi. Ýurdumyzyň bu guramada başlyklyk
etmeginiň Konsepsiýasynda Türkmenistanyň AHHG-nyň hukuk we
guramaçylyk düzümini kämilleşdirmek boýunça tagalla etjekdigi
barada nygtalýar. Bu ugurda degişli işler dowam etdirilýär. Şundan
ugur alnyp, birnäçe teklipler beýan edildi. Milli derejedäki
ekologiýa hyzmatdaşlygy babatda Türkmenistanyň Halkara suw
akarlarynyň gämi gatnawsyz görnüşlerini peýdalanmagyň hukugy
hakynda Konwensiýa goşulmagy baradaky meselä seretmegiň
maksadalaýykdygy aýdyldy. Bu resminama degişli ulgamda hukuk
düzgünlerini kesgitleýär. Bu meseläni şu ýylyň 5-nji iýulynda
Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetinde
geçiriljek pudagara mejlisiň gün tertibine goşmak teklip edilýär.
Milli
derejede halkara ekologiýa işlerini dowam etdirmek hem-de ýaşlar
baradaky döwlet syýasatyny iş ýüzünde durmuşa geçirmek maksady
bilen, ýurdumyzyň ýaşlaryny halkara ekologiýa hyzmatdaşlygyna
işjeň çekmek göz öňünde tutulýar. Bu işleriň çäklerinde abraýly
halkara guramalar, ilkinji nobatda, BMG-niň degişli edaralary
bilen bilelikde Türkmenistanyň ýaşlarynyň howanyň üýtgemegi
boýunça başlangyçlarynyň 2025-nji ýyl üçin “Ýol kartasy” işlenip
taýýarlanyldy. Şunuň bilen baglylykda, bu resminamany
tassyklamak üçin Hökümet derejesine çykarmak teklip edilýär.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda daşky gurşawy
goramak, ekologik abadançylygy gazanmak boýunça halkara
derejede öňde goýlan wezipeleri berjaý etmäge möhüm ähmiýet
berilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet
Baştutanymyz bu ugurda halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy
ösdürmek boýunça taýýarlanan teklipleri goldap, wise-premýer,
daşary işler ministrine degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş
direktory M.Çakyýew “Sanly çözgüt — 2025” atly innowasion
taslamalaryň bäsleşigini geçirmek boýunça alnyp barylýan işler
barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda zehinli
ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen guralýan bu bäsleşigi emeli
aň, robototehnika we awtomatizasiýa, “akylly” oba hojalyk
tehnologiýalary, “akylly” şäher, bilim we elektron okuw, sanly
lukmançylyk hem-de hyzmatlar ulgamy ýaly ugurlar boýunça geçirmek
meýilleşdirilýär. Bäsleşikde hödürleniljek taslamalar milli
ykdysadyýetimiziň dürli pudaklaryna sanly çözgütleri we täze
işläp taýýarlamalary ornaşdyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolar.
Şunuň bilen baglylykda, agentligiň ýolbaşçysy hormatly
Prezidentimiziň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti
ösdürmekde maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini
aýdyp, her ýyl geçirilýän innowasion taslamalaryň bäsleşigine
programma üpjünçiligini işläp düzýän we innowasion oýlap
tapyşlar bilen meşgullanýan ýaşlaryň giňden gatnaşmagynyň bu
ugurdaky özgertmeleriň rowaçlanýandygyny görkezýändigini
belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz «Sanly çözgüt
— 2025» atly innowasion taslamalaryň bäsleşigini yglan etmek
baradaky teklibi goldap, agentligiň ýolbaşçysyna bu ugurda
degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Mejlisde
döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere
seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly
ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk
jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp
ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
tdh.gov