Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda
şu ýylyň bäş aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.
Ilki
bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, milli kanunçylygy döwrüň
talaplaryna laýyk getirmegiň çäklerinde alnyp barylýan işler barada maglumat
berdi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady
özgertmeleriň hukuk esaslaryny pugtalandyrmak maksady bilen, şu ýylyň ýanwar —
maý aýlarynda Türkmenistanyň Kanunlarynyň 8-si kabul edildi. Şolaryň hatarynda
ýurdumyzyň kazyýet edaralarynyň işini kämilleşdirmek we Ýük markalary hakynda
halkara Konwensiýasyna degişli Teswirnama goşulmak bilen bagly kanunlar bar.
Şunuň bilen birlikde, Jenaýat, Arbitraž, Raýat we Jenaýat iş ýörediş, maşgala,
zähmet gatnaşyklary, salgytlar, ýubileý medaly, administratiw önümçilik,
awtomobil ulagy, migrasiýa bilen baglanyşykly hereket edýän kanunlara degişli
üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. Mundan başga-da, Mejlisiň kararlarynyň
10-sy kabul edildi.
Häzirki
wagtda adam hukuklaryny we azatlyklaryny hem-de kanuny bähbitlerini goramak,
saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawyny döretmek, ylmy-intellektual eýeçiligi
ösdürmek, wirtual aktiwler, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy
mynasybetli ýubileý medalyny döretmek bilen baglanyşykly täze Kanunlaryň
taslamalaryny taýýarlamak, şeýle hem hereket edýän birnäçe Kanunlary
kämilleşdirmek boýunça işler alnyp barylýar.
Ýylyň
başyndan bäri daşary ýurt döwletleriniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly
ygtyýarly ilçilerinden ynanç hatlarynyň 6-sy kabul edildi. Mundan başga-da,
Mejlisde dünýä döwletleriniň parlamentleriniň, ýurdumyzdaky daşary ýurt
wekilhanalarynyň hem-de halkara guramalaryň wekilleri bilen ikitaraplaýyn
hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak boýunça duşuşyklaryň 30-sy
geçirildi.
Mejlisiň
deputatlary we hünärmenleri kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmek meseleleri
boýunça ýurdumyzyň degişli döwlet edaralarynyň halkara guramalar bilen
bilelikde guran okuw maslahatlarynyň 48-sine gatnaşdylar. Halkara tejribäni
öwrenmek maksady bilen, milli parlamentiň wekilleriniň daşary ýurtlara iş
saparlarynyň 17-si amala aşyryldy.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwletimiziň alyp barýan netijeli
syýasatynyň, halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmagyň kabul edilýän
Kanunlarda öz beýanyny tapmalydygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet
Baştutanymyz döwrüň talap edýän täze Kanunlaryny işläp taýýarlamak işlerini
dowam etmegiň möhümdigine ünsi çekdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow şu ýylyň ýanwar — maý
aýlarynda gazanylan makroykdysady görkezijiler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, durmuşa geçirilen toplumlaýyn çäreleriň netijesinde, milli
ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň durnukly ösüşi üpjün edildi we ilatymyzyň
ýaşaýyş-durmuş derejesi has-da ýokarlandy. Hasabat döwründe jemi içerki önüm
6,3 göterim artdy, şol sanda ösüş depgini senagat pudagynda 0,8; gurluşykda
4,7; ulag we aragatnaşyk pudagynda 10,8; söwdada 9,9; oba hojalygynda 4 we
hyzmatlar ulgamynda 8,6 göterime deň boldy.
2024-nji
ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önümiň möçberi 9,7
göterim artdy. Ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik görkezijileri
gazanyldy.
Şu
ýylyň bäş aýynda, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bölek satuw
haryt dolanyşygy 12,5; daşary söwda dolanyşygy 5,4 göterim ýokarlandy.
Hasabat
döwründe Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 101,2; çykdajy bölegi 97,6 göterim
ýerine ýetirildi. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet
haky, 2024-nji ýylyň degişli döwrüne görä, 11,4 göterim ýokarlandy. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we
talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň
hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri
bilen deňeşdirilende, 16,3 göterim artdy.
Şeýle
hem Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berildi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ykdysadyýetiň durnukly
ösüşini üpjün etmek, jemi içerki önümiň ösüş depginini ýylyň ahyryna çenli
bellenen derejede saklamak üçin zerur çäreleri görmegiň wajypdygyny bellemek
bilen, wise-premýere ýurdumyzy ösdürmek boýunça kabul edilen döwlet
maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow gözegçilik edýän
pudaklarynda 2025-nji ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň
netijeleri barada hasabat berdi.
Hasabat
döwründe “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebiti çykarmagyň
meýilnamasy 109 göterim ýerine ýetirildi.
Bellenilişi
ýaly, nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 108; benzin öndürmegiň meýilnamasy
102,8; dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 101,2; çalgy ýaglaryny öndürmegiň
meýilnamasy 121,1 göterim berjaý edildi. Suwuklandyrylan gazy öndürmekde 102,2
göterim ösüş depgini üpjün edildi.
Şeýle
hem hasabat döwründe tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy 102,5
göterim ýerine ýetirildi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, nebitgaz toplumynyň
kuwwatyny yzygiderli ýokarlandyrmagyň, munuň üçin önümçilik işini yzygiderli
döwrebaplaşdyrmagyň, häzirki zaman tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmagy dowam
etmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz
wise-premýere ýurdumyzda nebitiň we tebigy gazyň çykarylyşyny artdyrmak boýunça
alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda şu ýylyň
ýanwar — maý aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri hem-de welaýatlarda
alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi
ýaly, oba hojalyk pudagy boýunça önümçiligiň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli
döwri bilen deňeşdirilende, 113 göterime deň boldy. Bu görkeziji Oba hojalyk
ministrligi boýunça 100,7; Daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça 100; Suw
hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 140,2; “Türkmenpagta” döwlet konserni
boýunça 121,6; “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi boýunça 108,4;
“Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigi boýunça 100,8; Azyk senagaty döwlet
birleşigi boýunça 103,3; Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigi
boýunça 101,1 hem-de “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 101 göterime deň
boldy.
Hasabat
döwründe oba hojalyk pudagy boýunça maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň
meýilnamasy 311,8 göterim ýerine ýetirildi.
Şeýle
hem wise-premýer häzirki wagtda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri
barada aýtdy. Bellenilişi ýaly, şu gün ussat daýhanlaryň, tejribeli
hünärmenleriň, alymlaryň we mehanizatorlaryň gatnaşmagynda tejribe maslahatlary
geçirilip, hormatly ýaşulularyň gatnaşmagynda Ahal, Lebap we Mary
welaýatlarynda bugdaý oragyna başlanyldy. Balkan we Daşoguz welaýatlarynda
bolsa orak möwsümine 11-nji iýunda başlamak boýunça degişli taýýarlyk işleri
alnyp barylýar.
Şunuň
bilen bir hatarda, welaýatlaryň gowaça, ýeralma, gök-bakja we beýleki oba
hojalyk ekinleri ekilen ýerlerinde agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg
etmek, ýetişdirilen gök ekinleriň hasylyny ýygnap almak boýunça degişli işler
geçirilýär.
Şeýle
hem wise-premýer döwlet Baştutanymyza ussat pileçilerimiz tarapyndan ýurdumyz
boýunça 2 müň 100 tonnadan gowrak pile öndürilip, bu ugurda bellenen
şertnamalaýyn borçnamanyň üstünlikli berjaý edilendigi baradaky hoş habary
aýtdy.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, önümçilik kuwwatyny doly
peýdalanmagyň, ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmagyň oba hojalyk pudagynyň
esasy wezipeleri bolup durýandygyny, şunuň bilen baglylykda, bu ugurda alnyp
barylýan işleri netijeli dowam etmegiň, ekin meýdanlarynda oba hojalyk işlerini
öz wagtynda geçirmegiň möhümdigini nygtady.
Döwlet
Baştutanymyz bugdaý oragynyň hem ýetip gelendigini aýdyp, wise-premýere hasyly
ýitgisiz ýygnap almak işlerine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.
Soňra
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalaryna
ýüzlenip, zähmetsöýer pileçilerimiziň Watan harmanyna 2100 tonnadan gowrak pile
tabşyryp, şu ýylky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine
ýetirendiklerini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz ussat pileçileri bu zähmet üstünligi
bilen tüýs ýürekden gutlady.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gurluşyk we senagat toplumynda
şu ýylyň bäş aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe toplum tarapyndan öndürilen önümleriň we
ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 109 göterim berjaý edildi.
Gurluşyk
we binagärlik ministrligi boýunça öndürilen önümleriň, ýerine ýetirilen işleriň
we hyzmatlaryň meýilnamasy 113,4 göterim amal edildi.
Senagat
we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan öndürilen önümleriň, ýerine
ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 114,8 göterime deň boldy.
Hasabat
döwründe Energetika ministrligi tarapyndan önümleri öndürmegiň hem-de amala
aşyrylan işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 108,8 göterim berjaý edildi.
“Türkmenhimiýa” döwlet konserni boýunça bu görkeziji 105,6 göterime barabar
boldy.
Hasabat
döwründe Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi
tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 104,8 göterim, Aşgabat
şäheriniň häkimligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 111,8 göterim
berjaý edildi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gurluşyk we senagat
toplumynyň, himiýa pudagynyň önümçilik kärhanalarynyň doly kuwwatynda
işledilmegini gazanmagyň möhümdigini belledi.
Döwlet
Baştutanymyz wise-premýere energetika pudagynyň kuwwatyny yzygiderli
artdyrmagy, şeýle hem täze önümçilik desgalaryny gurmak we olary innowasion
tehnologiýalar bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegi
tabşyrdy.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew gözegçilik edýän
ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, şeýle hem telekeçilik
ulgamynda şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri
barada hasabat berdi.
Hasabat
döwründe Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda
dolanyşygynyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende,
123,1 göterime, öndürilen önümleriň ösüş depgini 100,7 göterime barabar boldy.
Dokma
senagaty ministrligi boýunça önüm öndürmegiň ösüş depgini 108 göterim üpjün
edildi. Şol sanda, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önümçiligiň
ösüşi nah ýüplük boýunça 130,4; nah matalarda 136,7; gön önümleri babatda 124,5
göterime deň boldy.
“Türkmenhaly”
döwlet birleşigi boýunça önüm öndürmegiň meýilnamasy 100,6 göterim ýerine
ýetirildi.
Döwlet
haryt-çig mal biržasy tarapyndan hasabat döwründe 124 birža söwdasy geçirilip,
olarda 11 müň 714 şertnama hasaba alyndy.
Şu
ýylyň ýanwar — maý aýlarynda Söwda-senagat edarasy boýunça ýerine ýetirilen
işleriň ösüş depgini 103 göterime barabar boldy.
Senagatçylar
we telekeçiler birleşmesi boýunça şu ýylyň bäş aýynda oba hojalyk we azyk
önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 107,2; senagat önümlerini öndürmegiň ösüş
depgini 108,2 göterime deň boldy.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň bazarlarynda we
söwda nokatlarynda azyk önümleriniň hem-de zerur bolan beýleki harytlaryň
üpjünçiligini üns merkezinde saklamagyň wajypdygyny belledi. Şunuň bilen
baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere öndürilýän önümleriň we ýerine
ýetirilýän hyzmatlaryň möçberidir görnüşlerini artdyrmagy, şeýle hem dokma
kärhanalarynyň işini döwrebap ýola goýmagy tabşyrdy.
Döwlet
Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, hasabatdan görnüşi
ýaly, geçen bäş aýyň dowamynda dünýäniň köp sanly döwletleri bilen
söwda-ykdysady gatnaşyklarda gowy netijeleriň gazanylandygyny kanagatlanma
bilen belledi.
Hormatly
Prezidentimiz Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň
türkmen böleginiň täze düzümi bilen bagly degişli resminama gol çekdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa gözegçilik edýän ulgamlarynda
2025-nji ýylyň ýanwar — maý aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada
hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe Türkmenistanyň
Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaralary we çäreleri ýokary
derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparynyň birinji mejlisi, dutarçy
bagşy-sazandalaryň arasynda yglan edilen “Çalsana, bagşy!” atly bäsleşigiň
Aşgabat we Arkadag şäherleri, Ahal hem-de Balkan welaýatlary boýunça jemleýji
tapgyrlary, şeýle hem “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” atly
aýdym-sazly festiwal guramaçylykly geçirildi.
Ýurdumyzda
köp sanly halkara medeni çäreler, şol sanda sergiler, konsertler, festiwal
guraldy. Medeniýet, sungat we döredijilik işgärleri daşary ýurtlarda geçirilen
halkara medeni çärelere gatnaşdylar. Türkmen wekiliýeti Magtymguly Pyragynyň we
Döwletmämmet Azadynyň aramgählerine zyýarat etmek maksady bilen, Eýran Yslam
Respublikasynda saparda boldy.
Şeýle
hem kitaphanalar, muzeýler, Türkmen döwlet neşirýat gullugy, Oguz han adyndaky
«Türkmenfilm» birleşigi, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri tarapyndan
ýerine ýetirilen işler barada hasabat berildi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere tomusky dynç
alyş möwsüminiň başlanmagy bilen baglylykda, medeni edaralarda we teatrlarda
çagalar üçin gyzykly çäreleri guramagy, milli mirasymyzy hemmetaraplaýyn
öwrenmek we ýaşlaryň arasynda wagyz etmek boýunça zerur işleri alyp barmagy,
taryhy-medeni ýadygärliklerimizi aýawly saklamak boýunça zerur işleri
yzygiderli geçirip durmagy tabşyrdy.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa gözegçilik edýän
ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri
barada hasabat berdi.
Hasabat
döwründe ýaş nesliň döwrebap bilim almagy ugrunda toplumlaýyn işler amala
aşyryldy, okatmagyň öňdebaryjy usullary bilim işinde giňden ulanyldy, okuw
kitaplarydyr gollanmalar neşir edildi. Mekdep okuwçylary, talyp ýaşlar halkara
ders we internet bäsleşiklerinde jemi 711 medala we dürli derejeli diplomlara
mynasyp boldular. Ýurdumyzda umumybilim berýän orta mekdepleriň uçurymlarynyň
gatnaşmagynda “Soňky jaň” dabaralary guramaçylykly geçirildi.
Şu
ýylyň bäş aýynda ylym ulgamynyň kämilleşdirilmegine, innowasion
tehnologiýalaryň önümçilige ornaşdyrylmagyna we halkara hyzmatdaşlygyň
giňeldilmegine gönükdirilen işler dowam etdirildi. Aspirantura, doktorantura
hem-de alymlyk derejelerine dalaşgärlige jemi 114 adam kabul edildi.
Hasabat
döwründe öňüni alyş-bejeriş işleriniň öňdebaryjy usullaryny amaly lukmançylyga
ornaşdyrmak boýunça işler alnyp baryldy. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky
Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň
serişdeleriniň hasabyna näsag çagalara operasiýalar we bejergiler amala
aşyryldy. Saglygy goraýyş boýunça XII Türkmen-german forumy, BMG-niň Çagalar
gaznasy bilen bilelikde Immunizasiýa hepdeligi, Daniýa Patyşalygynyň Kopengagen
şäherinde Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebiti boýunça
edarasynda Türkmenistanyň güni geçirildi.
Bedenterbiýäni
we sporty ösdürmek boýunça hem netijeli işler alnyp baryldy. Şu ýylyň ýanwar —
maý aýlarynda türgenlerimiz halkara ýaryşlara gatnaşyp, jemi 349 medala mynasyp
boldular. Bütindünýä saglyk güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli
ýörişler, bedenterbiýe-sport çäreleri, Aşgabat şäherindäki Olimpiýa
şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda sportuň milli we guşakly
alyş göreşi boýunça halkara ýaryş guramaçylykly geçirildi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň bilim, ylym,
saglygy goraýyş, bedenterbiýe we sport ulgamlarynda netijeli işleri alyp
barmagyň, tomus möwsüminiň başlanmagy bilen, çagalaryň we ýetginjekleriň boş
wagtlaryny gyzykly geçirmekleri üçin dynç alyş çärelerini guramagyň möhümdigine
ünsi çekdi.
Saglygy
goraýyş ulgamynyň işini yzygiderli kämilleşdirmek, ýaşlary bedenterbiýe we
köpçülikleýin sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek üçin netijeli işleri alyp
barmak zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýere bu babatda
birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa
söz berildi. Ol, ilki bilen, hormatly Prezidentimizi şu ýylyň 1-2-nji iýunynda
Mongoliýa döwlet saparynyň ýokary derejede geçmegi bilen tüýs ýürekden gutlady.
Bellenilişi ýaly, Ulan-Bator şäherinde ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň
barşynda köpugurly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň giň meselelerine
garaldy.
Syýasy-diplomatik
ulgamda netijeli türkmen-mongol dialogy barada aýdylanda, taraplaryň halkara
giňişlikde, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde mundan beýläk-de özara
gatnaşyklara ygrarlydygy tassyklanyldy. Şunda ählumumy parahatçylygy we
howpsuzlygy üpjün etmek ýaly möhüm meselelere aýratyn üns berildi. Şunuň bilen
baglylykda, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji mejlisiniň çäginde bilelikdäki
işi dowam etmek göz öňünde tutulýar.
Söwda-ykdysady
hyzmatdaşlygy giňeltmek babatda Ulan-Bator şäherinde geçirilen Türkmen-mongol
işewürler forumynyň netijeli bolandygy bellenildi. Onuň barşynda maýa goýum
işi, ulag we logistika, aragatnaşyk, dokma senagaty, oba hojalygy, işewür
gatnaşyklar hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi,
şeýle hem ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi.
Medeni-ynsanperwer
ulgamda türkmen-mongol gatnaşyklaryna uly üns berildi. Bellenilişi ýaly,
saparyň çäklerinde Türkmenistanyň milli amaly-haşam sungatynyň eserleriniň
sergisi, türkmen halysynyň sergi-ýarmarkasy hem-de iki ýurduň sungat
ussatlarynyň bilelikdäki konserti guraldy. Şunuň bilen bir hatarda, bilim we
ylym ugry boýunça hyzmatdaşlygyň giň meselelerine garaldy, degişli ylalaşyklara
we ähtnamalara gol çekildi.
Hormatly
Prezidentimiziň Mongoliýa amala aşyran döwlet saparynyň netijeleri boýunça jemi
14 resminama gol çekildi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri soňra şu ýylyň ýanwar
— maý aýlarynda ministrlik tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň netijeleri
barada hasabat berdi.
Bitarap
Watanymyzyň daşary syýasy ugruny yzygiderli durmuşa geçirmek, ikitaraplaýyn we
köptaraplaýyn görnüşde dostlukly gatnaşyklary hem-de netijeli hyzmatdaşlygy
mundan beýläk-de ösdürmek, döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryny ýerine ýetirmek
we bu ugurda öňde goýlan wezipeleri çözmek maksady bilen, hasabat döwründe
degişli işler geçirildi.
Bellenilişi
ýaly, hormatly Prezidentimiz ýylyň başyndan bäri “Merkezi Aziýa — Ýewropa
Bileleşigi” görnüşindäki birinji sammite gatnaşmak üçin Özbegistan
Respublikasyna, Russiýa Federasiýasyna, “Merkezi Aziýa — Italiýa” görnüşindäki
birinji sammite gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna iş saparlaryny,
Ýaponiýa sapary, şeýle hem Mongoliýa döwlet saparyny amala aşyrdy.
Hasabat
döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
Başlygy Gahryman Arkadagymyz Monako Knýazlygynda saparda boldy, şeýle hem
Gazagystan Respublikasyna, Gyrgyz Respublikasyna we Özbegistan Respublikasyna
dostlukly saparlary, Fransiýa Respublikasyna resmi sapary we Russiýa
Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy.
Şu
ýylyň mart aýynda Gruziýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana resmi sapary
boldy. Mundan başga-da, aprel aýynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş
sekretary ýurdumyza sapary amala aşyrdy.
Hasabat
döwründe daşary ýurt wekiliýetleriniň Türkmenistana, şeýle hem ýurdumyzyň
wekiliýetleriniň daşary ýurtlara bolan saparlary daşary ýurtly hyzmatdaşlar
bilen netijeli gatnaşyklaryň okgunly ösýändigine şaýatlyk edýär. Sanly ulgam
arkaly dürli derejedäki duşuşyklaryň 293-si geçirildi. Şeýle hem Türkmenistanda
daşary ýurt döwletleriniň we halkara guramalaryň wekilleri bilen resmi
gepleşikler hem-de duşuşyklar guraldy. Ýylyň başyndan bäri ýurdumyzyň halkara
gatnaşyklarynyň şertnamalaýyn-hukuk binýadynyň üsti 73 resminama bilen
ýetirildi.
Daşary
syýasat edaralarynyň ugry boýunça ikitaraplaýyn duşuşyklar, Daşary işler
ministrlikleriniň arasyndaky geňeşmeler yzygiderli geçirilýär. Şeýle hem
ilçihanalar arkaly diplomatik gatnaşyklary pugtalandyrmak we giňeltmek boýunça
yzygiderli işler alnyp barylýar. Munuň özi Türkmenistanyň daşary syýasatynyň
möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dünýä ýurtlary bilen özara
bähbitli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmegiň we berkitmegiň Garaşsyz, hemişelik
Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup
durýandygyny belledi.
Döwlet
Baştutanymyz şeýle hem halkara guramalar bilen özara bähbitli we uzak möhletli
gatnaşyklary pugtalandyrmagy üns merkezinde saklamagyň wajypdygyny nygtap,
wise-premýer, daşary işler ministrine bu ugurdaky hyzmatdaşlygy dowam etmegi
tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory
M.Çakyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda alnyp
barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Hasabat döwründe bu toplum
boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 115,3 göterime deň
boldy.
Awtomobil,
demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary arkaly ýük daşamagyň meýilnamasy
103,4; ýolagçy gatnatmagyň meýilnamasy 102 göterim ýerine ýetirildi.
Şu
ýylyň bäş aýynda “Türkmendemirýollary” agentligi boýunça ýerine ýetirilen
hyzmatlaryň ösüş depgini 104,6; “Türkmenawtoulaglary” agentligi boýunça 110;
“Türkmenhowaýollary” agentligi boýunça 120,5; “Türkmendeňizderýaýollary”
agentligi boýunça 113,4; “Türkmenaragatnaşyk” agentligi boýunça bolsa 120,8
göterime deň boldy.
Şeýle
hem “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň
Konsepsiýasyny” durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýerine ýetirilen işler barada aýdyldy.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýolagçy we ýük
gatnawlaryny artdyrmak, ýolagçy gatnatmak boýunça hyzmatlaryň ýokary hilini we
howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça netijeli işleri alyp barmagyň, halkara
ulag-üstaşyr gatnawlary üçin amatly şertleri döretmek arkaly ýurdumyzyň
logistika mümkinçiliklerinden doly peýdalanmagyň, olary mundan beýläk-de işjeň
ösdürmegiň möhümdigini belledi we agentligiň ýolbaşçysyna bu ugurda birnäçe
anyk tabşyryklary berdi.
Soňra
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalaryna
ýüzlenip: “Garaşsyz ýurdumyzda şu ýylyň bäş aýynda ýerine ýetirilen işleriň
netijeleri kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini
görkezýär” diýip belledi.
Jemi
içerki önümiň ösüşi hasabat döwründe 6,3 göterim derejede durnukly saklanyp
gelýär. Ýurdumyzda kabul edilen ähli maksatnamalar üstünlikli durmuşa
geçirilýär. Iri senagat we durmuş maksatly desgalaryň, şol sanda täze
şäherçeleriň, ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, beýleki
binalaryň we desgalaryň gurluşygy netijeli dowam edýär diýip, döwlet
Baştutanymyz aýtdy.
“Biziň
esasy wezipämiz halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmakdan
ybaratdyr” diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady we şoňa görä-de, ýurdumyzy
2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynyň
amala aşyrylyşyny hemişe berk gözegçilikde saklamagyň möhümdigine ünsi çekdi.
Döwlet
Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ýurdumyzda üç günläp,
ýagny 6-njy, 7-nji, 8-nji iýunda Gurban baýramynyň bellenilip geçiljekdigini,
bu mukaddes baýramyň gadymdan gelýän medeni-ruhy mirasymyzy, däp-dessurlarymyzy
özünde jemleýändigini aýtdy.
“Gurbanlyk
günleri berýän sadakalaryňyz kabul bolsun!” diýip, hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow aýtdy we pursatdan peýdalanyp, mejlise gatnaşyjylary,
mähriban halkymyzy mukaddes Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady.
Mejlise
gatnaşyjylar hem döwlet Baştutanymyzy we Gahryman Arkadagymyzy mukaddes Gurban
baýramy bilen tüýs ýürekden gutladylar.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly
geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglygyny, maşgala
abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan
jogapkärli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
tdh.gov