07.05.2026
Düýn Türkmenistanyň Prezidenti,
ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar
Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň
harby we hukuk goraýjy edaralarynda şu ýylyň dört aýynda alnyp barlan işleriň
netijelerine seredildi. Şeýle hem Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy
üpjün etmäge, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny
berkitmäge, işini has-da kämilleşdirmäge degişli meseleleriň birnäçesi ara
alnyp maslahatlaşyldy.
Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň
sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew çykyş edip, ýurdumyzyň Ýaragly
Güýçlerini ösdürmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça şu ýylyň ýanwar —
aprel aýlarynda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Şeýle hem Watan
goragçylarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, hünär derejesini
ýokarlandyrmak maksady bilen alnyp barylýan işler barada aýdyldy. Çagyryş
boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary gullukdan boşatmagyň we harby
gulluga nobatdaky çagyrylyşyň barşy barada hasabat berildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
döwletimiziň goranyş häsiýetli Harby doktrinasyna laýyklykda, ýurdumyzyň
Ýaragly Güýçlerini mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri
dowam etdirmegiň möhümdigini belledi we bu babatda degişli tabşyryklary berdi.
Şeýle-de döwlet Baştutanymyz 9-njy maýda Ýeňiş güni mynasybetli göz öňünde
tutulan çäreleriň ýokary guramaçylykda geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Baş prokuror B.Muhamedow ýylyň başyndan bäri
ýerine ýetirilen işler, şol sanda kanunçylygyň berjaý edilişine gözegçilik
etmek, bu düzümiň edaralaryna hukuk işiniň döwrebap usullaryny hem-de
öňdebaryjy tejribäni ornaşdyrmak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda kanunylygy
pugtalandyrmak, düzgün bozulmalaryň öňüni almak boýunça işleri has netijeli
alyp barmagyň möhümdigine ünsi çekip, bu babatda Baş prokurora birnäçe anyk
tabşyryklary berdi. Mejlisiň dowamynda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent
Serkerdebaşysy prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda
Permana hem-de Karara gol çekdi.
Içeri işler ministri M.Hydyrow ýolbaşçylyk
edýän düzümlerinde şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda alnyp barlan işleriň
netijeleri barada hasabat berdi. Hususan-da, ýol hereketiniň kadalaryny we
ýangyn howpsuzlygyny berjaý etmek, hukuk bozulmalarynyň öňüni almak boýunça
görülýän çäreler barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
ýurdumyzda jemgyýetçilik tertibini üpjün etmegiň, ýol hereketiniň kadalarynyň,
ýangyn howpsuzlygynyň düzgünleriniň berk berjaý edilmegine gözegçilik etmegiň,
tomus möwsüminde howanyň gyzmagy bilen baglylykda, daşky gurşawy ýangyn
howpundan goramak boýunça degişli taýýarlyk işlerini geçirmegiň zerurdygyny
belledi hem-de bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Ýokary kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýew şu
ýylyň dört aýynda kazyýet işini has-da kämilleşdirmek boýunça görlen çäreler
barada hasabat berdi. Şeýle hem düzümi ösdürmegiň maksatnamasynyň durmuşa
geçirilişi we döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine
ýetirilişi barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
ýurdumyzda kanunylygy has-da berkitmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam
etdirmegi, kazylaryň hünär bilimini yzygiderli ýokarlandyrmagy üns merkezinde
saklamagy tabşyrdy.
Milli howpsuzlyk ministri D.Meredow hasabat
döwründe ýerine ýetirilen işler, şol sanda ýurdumyzda asudalygy üpjün etmek,
düzümiň işine döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak babatda görlen çäreler
barada hasabat berdi.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent
Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, döwletimiziň howpsuzlygyny we milli
bähbitlerini goramak, ministrligiň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak
boýunça işleri mundan beýläk-de netijeli dowam etdirmek babatda birnäçe anyk
görkezmeleri berdi.
Döwlet serhet gullugynyň başlygy I.Ilamanow
döwletimiziň mukaddes serhetleriniň ygtybarly goralmagyny üpjün etmek, serhet
goşunlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, ýurdumyzyň Ýaragly
Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek
boýunça şu ýylyň dört aýynda amala aşyrylan işleriň netijeleri barada hasabat
berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
ýurdumyzyň döwlet serhediniň dost-doganlyk serhedi bolup durýandygyny aýtdy
hem-de onuň goraglylygyny pugtalandyrmak, serhetçileriň hünär taýýarlygyny
ýokarlandyrmak boýunça zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.
Adalat ministri M.Taganow hasabat döwründe
milli kanunçylyk binýadyny häzirki döwrüň talaplaryna laýyk getirmek, raýatlara
degişli hukuk kömegini bermek, ministrligi ösdürmegiň maksatnamasynyň
wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça alnyp barlan işler barada
hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp,
kanunçylyk namalarynyň taslamalarynyň Konstitusiýamyza, hereket edýän kanunlara
doly laýyk gelmegini üpjün etmegiň zerurdygyny belledi hem-de raýatlara
kanunçylygy düşündirmek, hukuk kömegini bermek boýunça işleri dowam etdirmek
babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet gümrük gullugynyň başlygy
M.Hudaýkulyýew şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň
netijeleri, gullugyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagyň çäklerinde
gümrük nokatlaryny döwrebaplaşdyrmagyň, sanly ulgamy we işiň döwrebap usullaryny
ornaşdyrmagyň barşy barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, gümrük
nokatlarynda gümrük düzgünleriniň berjaý edilişine gözegçilik etmegiň möhüm
talap bolup durýandygyny aýtdy hem-de döwrebap tehnikalary, iş usullaryny
yzygiderli ornaşdyrmak babatda gullugyň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary
berdi.
Hormatly Prezidentimiz Döwlet howpsuzlyk
geňeşiniň agzalaryna ýüzlenip, goranyş häsiýetli Harby doktrinamyzyň
talaplaryna laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň howpsuzlygyny
we çäk bitewüligini ýokary derejede üpjün etmek, ýurdumyzyň goranmak ukybyny
berkitmek, Watan goragçylarynyň, olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş
şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli çäreleriň durmuşa
geçirilýändigini aýtdy hem-de bu işleriň mundan beýläk-de dowam
etdiriljekdigini belledi.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde
başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler
kabul edildi.
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly
Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow mejlisi
jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, halkymyzyň asuda hem-de bagtyýar
durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan jogapkärli gulluklarynda uly üstünlikleri
arzuw etdi.
tdh.gov