Düýn Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent
Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň
nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzyň harby we hukuk
goraýjy edaralarynda şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda alnyp barlan işleriň
netijeleri, Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we
hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň
işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen bagly meseleler girizildi.
Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew çykyş edip, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerini ösdürmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça ýylyň başyndan bäri görlen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem Watan goragçylarynyň gulluk we ýaşaýyş-durmuş şertlerini
gowulandyrmak, serkerdeleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, ýaş hünärmenleri
taýýarlamak maksady bilen alnyp barylýan işler barada aýdyldy. Şunuň bilen
birlikde, çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary gullukdan
boşatmagyň we harby gulluga nobatdaky çagyrylyşyň barşy barada hasabat berildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, goranyş häsiýetli Harby doktrinany durmuşa
geçirýän döwletimiziň goranmak ukybyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak we
kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini
belledi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Diýarymyzda Ýeňiş
güni mynasybetli geçiriljek çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesine ünsi çekip,
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministrine birnäçe anyk
tabşyryklary berdi.
Baş prokuror
B.Muhamedow hasabat döwründe ýerine ýetirilen işler, şol sanda milli
kanunçylygyň berjaý edilişine gözegçilik etmek, sanly ulgamy ornaşdyrmak,
düzümleýin edaralarda hukuk serişdeleriniň döwrebap usullaryny ulanmak boýunça
görlen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň garamagyna
“Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda” Kararyň taslamasy
hödürlenildi.
Ýurdumyzyň
Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, “Prokurorlary wezipä
bellemek we wezipeden boşatmak hakynda” Karara gol çekdi. Döwlet Baştutanymyz
kanunlaryň we kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň ýerine ýetirilişini berk
gözegçilikde saklamagyň möhümdigini belledi hem-de kanunylygy pugtalandyrmak,
kanun bozulmalarynyň öňüni almak boýunça alnyp barylýan işleri netijeli dowam
etdirmegiň wajypdygyna aýratyn ünsi çekip, Baş prokurora birnäçe görkezmeleri
berdi.
Soňra içeri işler ministri M.Hydyrow ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Hususan-da, ýol hereketiniň kadalaryny we ýangyn howpsuzlygyny berjaý etmek boýunça görülýän çäreler, ministrligiň işgärleri üçin döredilýän gulluk we ýaşaýyş-durmuş şertleri barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, içeri
işler edaralarynyň öňünde durýan wezipelere ünsi çekdi hem-de ýol hereketiniň
kadalaryny we ýangyn howpsuzlygynyň düzgünlerini berjaý etmek boýunça ýerine
ýetirilýän işleri netijeli dowam etdirmegi tabşyrdy. Ýurdumyzyň
Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy tomus möwsüminde ýangyn howpsuzlygyny
üpjün etmek babatda degişli taýýarlyk işlerini geçirmegiň möhümdigini belläp,
birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Ýokary
kazyýetiň başlygy B.Hojamgulyýew şu ýylyň dört aýynda kazyýet işini has-da
kämilleşdirmek, ýolbaşçylyk edýän edarasyny ösdürmegiň maksatnamasyny durmuşa
geçirmek boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem işgärleri
taýýarlamak, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek
boýunça alnyp barlan işler barada aýdyldy.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, döwletiň we jemgyýetiň bähbitlerini, raýatlaryň
hukuklaryny goramak, kazyýet kararlarynyň kanunylygyna gözegçilik etmek boýunça
alnyp barylýan işleri yzygiderli dowam etdirmegiň möhümdigini belläp, Ýokary
kazyýetiň başlygyna birnäçe tabşyryklary berdi.
Milli
howpsuzlyk ministri N.Atagaraýew hasabat döwründe ýerine ýetirilen işler, şol
sanda döwletimizde abadançylygy saklamak, döwrebap tehniki serişdeleri we işiň
netijeli usullaryny ulanmak babatda görlen çäreler barada hasabat berdi.
Ýurdumyzyň
Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, bu düzümi ösdürmegiň
maksatnamasyny durmuşa geçirmäge möhüm ähmiýet berilmeginiň wajypdygyny
belledi. Döwlet Baştutanymyz öňde durýan wezipelere ünsi çekip, ministrligiň
ýolbaşçysyna birnäçe görkezmeleri berdi.
Döwlet
serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew Watanymyzyň mukaddes serhetleriniň
ygtybarly goralmagyny üpjün etmek, serhet goşunlarynyň maddy-enjamlaýyn
binýadyny pugtalandyrmak, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent
Serkerdebaşysynyň tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça şu ýylyň dört aýynda
amala aşyrylan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, goňşy döwletler bilen dost-doganlygyň serhedi
bolup durýan ýurdumyzyň serhetleriniň goragyny we asudalygyny ygtybarly üpjün
etmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Harby gullukçylaryň hünär taýýarlygynyň
ýokarlandyrylmagy, serhet galalarynyň mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrylmagy,
Watan goragçylarynyň netijeli gullugy üçin göwnejaý şertleriň döredilmegi ileri
tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, gullugyň
ýolbaşçysyna anyk tabşyryklar berildi.
Adalat
ministri M.Taganow hasabat döwründe milli kanunçylyk binýadyny häzirki döwrüň
talaplaryna laýyk getirmek, türkmenistanlylara degişli hukuk kömegini bermek,
ösüş maksatnamasynyň wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmek üçin görlen
çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň milli kanunçylyk binýadyny mundan
beýläk-de kämilleşdirmegiň we kadalaşdyryjy hukuk namalaryny hasaba almak,
adalat edaralaryna sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça işleri dowam etdirmegiň
ähmiýetini belledi hem-de ministre birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet
gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew 2025-nji ýylyň ýanwar — aprel
aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, Watanymyzyň serhedinden
ýükleriň, şol sanda üstaşyr ýükleriň kadaly geçirilmegi boýunça amala aşyrylan
toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem degişli ösüş maksatnamasyny
durmuşa geçirmegiň çäklerinde sanly ulgamy we işiň döwrebap usullaryny
ornaşdyrmagyň barşy barada aýdyldy.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň gümrük serhedinden geçirilýän ýüklere
gözegçilik etmek, olary gümrük taýdan resmileşdirmek işiniň talabalaýyk ýerine
ýetirilmeginiň möhümdigini belläp, gullugyň ýolbaşçysyna gümrük nokatlarynyň
işini has-da kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi
tabşyrdy.
Döwlet
migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakow ýylyň başyndan bäri bu düzümi ösdürmegiň
maksatnamasyny durmuşa geçirmek, sanlylaşdyrmagyň we bu ulgama öňdebaryjy iş
tejribesini giňden ornaşdyrmagyň hasabyna onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny
döwrebaplaşdyrmak maksady bilen amala aşyrylan işler barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, migrasiýa edaralarynyň işini döwrüň talaplaryna
laýyklykda guramaga, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmaga aýratyn üns bermegiň
zerurdygyny belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz şu ýyl ýurdumyzda halkara
derejede möhüm çäreleriň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigini aýtdy we
gullugyň öňünde durýan wezipeleriň guramaçylykly ýerine ýetirilmegi babatda
birnäçe tabşyryklary berdi.
Ýurdumyzyň
Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy mejlisi jemläp, diňe goranyş
häsiýetine eýe bolan Türkmenistanyň Harby doktrinasynyň talaplaryna laýyklykda,
Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň harby howpsuzlygyny we bitewüligini
ýokary derejede üpjün etmek boýunça çäreleriň görülýändigini aýtdy. Şunuň bilen
birlikde, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak, Watan
goragçylarynyň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da
ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli çäreleriň durmuşa geçirilýändigini we bu
ugurdaky işleriň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini belledi.
Döwlet
howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar
boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Mejlisiň
ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent
Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow oňa gatnaşanlara berk jan
saglyk, halkymyzyň asuda hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan
jogapkärli gulluklarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.
tdh.gov