Düýn “Awaza” milli syýahatçylyk
zolagynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Deňze çykalgasy
bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin
ýurdumyza sapar bilen gelen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary
Antoniu Guterriş bilen duşuşdy.
Döwlet Baştutanymyz belent mertebeli myhmany türkmen
topragynda mübärekläp, Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk
ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmaga çakylygy kabul
edendigi üçin minnetdarlygyny beýan etdi hem-de «Hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny
goldamak arkaly ösüşe ýardam bermek» şygary bilen geçýän bu maslahatyň deňze
çykalgasy bolmadyk döwletleriň bähbidine 2024-nji ýylyň dekabrynda kabul edilen
Hereketleriň täze maksatnamasyny netijeli durmuşa geçirmäge ýardam berjekdigine
ynam bildirdi.
BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş türkmen
topragynda mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip,
ýene-de Türkmenistanda bolýandygyna örän şatdygyny aýtdy. Myhman türkmen
tarapynyň häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmäge we uzak möhletleýinlik,
özara hormat goýmak esasynda köpugurly hyzmatdaşlygy ýola goýmaga işjeň
çemeleşýändigine ýokary baha berip, parahatçylyk döredijiligiň uly tejribesini
toplan Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün
etmek işinde BMG-niň möhüm we strategik hyzmatdaşy hökmünde çykyş edýändigini
nygtady. Şeýle hem belent mertebeli myhman ýurdumyzda BMG-niň Deňze çykalgasy
bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny ýokary guramaçylyk
derejesinde geçirmek üçin döredilen mümkinçiliklere hem-de bu ugurda
Türkmenistanyň tagallalaryna ýokary baha berdi we munuň üçin döwlet
Baştutanymyza BMG-niň ähli wekilleriniň adyndan hoşallyk bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz BMG-niň giň gerimli
maslahatynyň ýokary guramaçylykly geçmegi üçin türkmen tarapynyň mundan
beýläk-de ähli tagallalary etjekdigini belläp, forumyň şowly geçmegini arzuw
etdi.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň hemişelik
Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanyp, parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty
durmuşa geçirýändigini, dünýäde parahatçylygy, abadançylygy we durnukly ösüşi
üpjün etmek boýunça giň halkara hyzmatdaşlygy alyp barýandygyny aýtdy hem-de
şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy bilen ýola
goýlan hyzmatdaşlygynyň hemişe strategik häsiýete eýedigini nygtady.
Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, 2025-nji
ýyl ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň taryhynda ähmiýetli sene bolup durýar. Şu ýyl
Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmegine 80 ýyl, Türkmenistanyň Bitaraplyk
hukuk ýagdaýyna eýe bolmagyna 30 ýyl bolýar. Şeýle hem Türkmenistanyň
başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň
Kararnamasyna laýyklykda, 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak
ýyly” diýlip yglan edilendigine üns çekildi.
Ine, şu günler hem Hazar deňziniň türkmen kenarynda
Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler
boýunça üçünji maslahaty geçirilýär. Bu ýokary derejeli maslahatyň
Türkmenistanda geçirilmegi bolsa hyzmatdaşlygymyzyň giňeldilmegine aýratyn
ähmiýet berilýändigini görkezýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Bellenilişi ýaly, deňze çykalgasy bolmadyk
ösüp barýan döwletleriň ýüzbe-ýüz bolýan meseleleri boýunça halkara
hyzmatdaşlygy ösdürmek häzirki döwürde möhüm bolup durýar. Türkmenistan bu
ugurda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň we özara sebit gatnaşyklarynyň has-da
işjeňleşdirilmegini goldaýar. Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler ähli
gyzyklanma bildirýän taraplaryň – hökümetleriň, halkara guramalaryň, hususy
pudagyň, akademiki bileleşikleriň, raýat jemgyýetiniň gatnaşmagynda on ýylda
bir gezek geçirilýän bu möhüm çäräniň dünýäde durnukly ösüşi gazanmakda, özara
arabaglanyşygy ýola goýmakda we ulag geçelgelerini döretmekde möhüm ädim
boljakdygyna ynam bildirdiler.
Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz
Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy
ösdürmäge goşýan goşandy üçin Antoniu Guterrişe tüýs ýürekden minnetdarlyk
bildirdi.
Baş sekretar Türkmenistanyň BMG-niň Durnukly
ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça gazanýan uly üstünliklerini kanagatlanma bilen
nygtap, tutuş adamzadyň abadançylygynyň bähbidine öz parahatçylyk döredijilik
mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmagy maksat edinýän türkmen tarapynyň
möhüm halkara başlangyçlarynyň we köpugurly işiniň ähmiýetini aýratyn belledi.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary
Antoniu Guterriş Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky strategik dialogyň
sebitde we dünýäde parahatçylygy hem-de durnukly ösüşi pugtalandyrmaga mundan
beýläk-de ýardam berjekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny
beýan etdiler.
tdh.gov