Düýn Gazagystan
Respublikasynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow Prezident Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşdy.
Dostlukly
ýurduň Baştutany hormatly Prezidentimizi mähirli mübärekläp, Gazagystan
Respublikasynyň Türkmenistan bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryna we köpugurly
hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berýändigini belledi.
Döwlet
Baştutanymyz «Merkezi Aziýa — Italiýa» görnüşindäki birinji sammite gatnaşmaga
çakylyk hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlygyny beýan edip, bu
ýokary derejedäki duşuşygyň we onuň çäklerinde kabul ediljek çözgütleriň
sebitiň ýurtlary bilen Italiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de
ösdürmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi.
Şeýle
hem hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe
iberen mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi hem-de ýakynda Türküstan
şäherine amala aşyran saparynyň dowamynda Gahryman Arkadagymyza bildirilen
myhmansöýerlik üçin minnetdarlygyny beýan etdi.
Dostlukly
ýurduň Prezidenti sammite gatnaşmaga çakylygy kabul edendigi üçin döwlet
Baştutanymyza hoşallyk bildirip, ýurtlarymyzyň arasyndaky strategik
hyzmatdaşlygyň häzirki ýokary derejesini belledi.
Şeýle
hem Prezident Kasym-Žomart Tokaýew türkmen halkynyň Milli Lideriniň şu ýylyň
aprel aýynda Gazagystana amala aşyran dostlukly saparynyň gazak-türkmen
gatnaşyklaryny täze derejä çykarandygyny belläp, Gahryman Arkadagymyza iň gowy
arzuwlaryny beýan etdi.
Söhbetdeşler
sebit we ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri, hususan-da, parahatçylygy we
durnuklylygy pugtalandyrmak, durnukly energetikany we ulag ulgamyny üpjün
etmek, suw serişdelerini peýdalanmak, daşky gurşawy goramak we howanyň
üýtgemegi ýaly meselelerde Türkmenistanyň hem-de Gazagystanyň garaýyşlarynyň
gabat gelýändigini kanagatlanma bilen bellediler.
Döwlet
Baştutanymyz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we
ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmegi bilen baglylykda, Türkmenistanda goňşy
ýurtlaryň gatnaşmagynda birnäçe iri çäreleriň geçiriljekdigini aýtdy. Şu ýylyň
12-nji dekabrynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna hem-de ýurdumyzyň
hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek halkara forum
olaryň iň esasysy bolar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz foruma
gatnaşmaga çakylygy kabul edendigi üçin Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe
minnetdarlyk bildirdi.
Şeýle
hem döwlet Baştutanymyz dostlukly ýurduň Prezidentini «Awaza» milli
syýahatçylyk zolagynda geçiriljek BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan
ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin Türkmenistana çagyrdy.
Bellenilişi
ýaly, ýurtlarymyzyň iri halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen
Milletler Guramasynyň çäklerinde birek-biregi goldamagy asylly däbe öwrüldi.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň halkara
başlangyçlaryny yzygiderli goldaýandygy üçin Gazagystan tarapyna minnetdarlyk
bildirdi. Öz gezeginde, Türkmenistan hem Gazagystanyň halkara giňişlikde öňe
sürýän tekliplerini goldaýar.
Ikitaraplaýyn
gatnaşyklaryň özara gyzyklanma bildirilýän meseleleri boýunça pikir alyşmagyň
dowamynda söwda, energetika, ulag we kommunikasiýa ulgamlary hyzmatdaşlygyň
ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda bellenildi.
Söhbetdeşler
özara haryt dolanyşygynyň netijeli häsiýetini belläp, söwda ulgamyndaky
gatnaşyklary ösdürmek üçin iki ýurduň hem uly mümkinçilikleriniň bardygyny
nygtadylar.
Medeni-ynsanperwer
ulgamdaky hyzmatdaşlyk döwletara gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolup çykyş
edýär. Iki ýurtda festiwallaryň we Medeniýet günleriniň geçirilmegi,
döredijilik we ylmy işgärleriň yzygiderli gatnaşyklary medeniýetleri özara
baýlaşdyrmaga ýardam berýär.
Duşuşygyň
ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Gazagystan
Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew şu gezekki duşuşygyň
ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga täze itergi
berjekdigine ynam bildirip, birek-birege we iki ýurduň doganlyk halkyna iň gowy
arzuwlaryny beýan etdiler.
tdh.gov.