Hormatly halkara
sergi-ýarmarka gatnaşyjylar!
Gadyrly myhmanlar!
Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň
Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ata Watanymyz
Türkmenistanda ilkinji gezek geçirilýän «Turkmentextile Expo — 2025» atly
halkara sergi-ýarmarkanyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Türkmen dokmaçylyk sungaty halkymyzyň
döredijilik zehininiň, gözellige bolan söýgüsiniň, ruhy dünýäsiniň janly
beýanydyr. Häzirki döwürde hem bu sungaty ösdürmek, ýaş nesillere asyl
nusgasynda geçirmek, ony dünýä tanatmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan
ugurlarynyň biridir. Türkmen dokmaçylyk sungatynyň umumadamzat medeni mirasynyň
bir bölegi hökmünde tanalmagy halkymyzyň şan-şöhratyny has-da belende göterýär.
Türkmen dokmaçylyk sungaty müňýyllyklaryň dowamynda nesilden-nesle geçip gelen
baý milli mirasymyzyň möhüm bölegidir. Bu sungat diňe bir gündelik egin-eşik
ýa-da öý bezegi hökmünde däl, eýsem, halkymyzyň milli medeniýetiniň, sungatynyň
özboluşly beýany hökmünde-de aýratyn ähmiýete eýedir.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
döwrebap binasynda guralýan bu halkara sergi-ýarmarkada türkmenistanlylary we
halkara jemgyýetçiligi ýurdumyzyň dokma senagatynyň Garaşsyzlyk ýyllarynda
ýeten sepgitleri, dokma kärhanalarynyň iň täze önümleridir tehnologiýalary
bilen tanyşdyrmaga mümkinçilik dörediler. Sergi-ýarmarkanyň ekspozisiýalarynda
diňe bir içerki bazar üçin däl, eýsem, eksporta niýetlenen ýüpek matalaryň,
lybaslaryň we beýleki dokma önümleriniň hem bolmagy bu giň möçberli çärä
gatnaşýan daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ünsüni özüne çeker hem-de bu ugurda
Türkmenistanyň daşary ýurt maýa goýumlaryna açykdygyny aýdyň görkezer.
Hormatly adamlar!
Gadyrly myhmanlar!
Türkmenistanyň dokma önümleri dünýäde ekologik
taýdan arassalygy, ýokary hillidigi we tebigy çig maldan taýýarlanýandygy bilen
giň meşhurlyga eýedir. Kuwwatly önümçilik üpjünçilik ulgamlary we çig mal
binýady bolan Türkmenistanyň dokma toplumy ýurdumyzyň ykdysadyýetinde öňdäki
orunlaryň birini eýeleýär. Türkmen dokma önümleri häzirki wagtda onlarça ýurda
eksport edilýär. Önümçilige dünýä ylmynyň gazananlaryny we netijeli innowasion
tilsimatlary ornaşdyrmagyň hasabyna senagaty hem-de milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň
ählisini mundan beýläk-de ösdürmek şu günüň möhüm wezipeleriniň biridir.
Şeýle-de ýurdumyzda bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet
berilýär. Öňde goýlan bu belent maksadyň türkmen paýtagtynda geçirilýän halkara
sergi-ýarmarkanyň dowamynda dolulygyna öz beýanyny tapjakdygyna berk ynanýaryn.
Sergi-ýarmarka gatnaşýan hormatly adamlar!
Eziz dostlar!
Sizi «Turkmentextile Expo — 2025» atly halkara
sergi-ýarmarkanyň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden
gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, uzak ömür, dokma pudagyny ösdürmekde alyp
barýan tutanýerli işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar
Berdimuhamedow.
tdh.gov