Düýn hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Ak bugdaý
etrabyna iş saparyny amala aşyryp, welaýatyň çäklerinde galla
oragynyň depgini bilen tanyşdy hem-de etrabyň Magtymguly daýhan
birleşiginde bugdaý oragyna ak pata berdi. Munuň özi ýurdumyzda
döwletli tutumlaryň rowaçlyklara beslenýändiginiň nobatdaky
beýanyna öwrüldi.
Häzirki
wagtda Ahal welaýaty ýurdumyzda bereketli bugdaý hasylyny
öndürýän welaýat bolmak bilen, bu ýerde daýhanlaryň bol hasyl
ýetişdirmekleri we ekerançylygyň ylmy esasda ösdürilmegi
ugrunda toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. Munuň özi oba hojalyk
toplumynyň düzümlerinde Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan
giň möçberli özgertmeleriniň hormatly Prezidentimiziň
baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändigini
görkezýär.
Ir
bilen döwlet Baştutanymyz Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň
Magtymguly daýhan birleşiginiň ak ekin meýdanlaryna geldi. Bu
ýerde hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynyň
ýolbaşçylary, Magtymguly daýhan birleşiginiň gallaçy
kärendeçisi mähirli garşyladylar.
Berkarar
döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe azyk üpjünçiligini
pugtalandyrmak, oba hojalygynda geçirilýän özgertmeleri has-da
kämilleşdirmek, bu ugurdaky işleri döwrebap usulda guramak we
pudaga hususy önüm öndürijileri giňden çekmek işleri
maksatnamalaýyn esasda alnyp barylýar. Bu bolsa toprakdan alynýan
hasylyň ýokarlanmagyny, oba hojalyk ekinleriniň görnüşleriniň
artdyrylmagyny, şeýlelikde, bazarlarda önüm bolçulygynyň üpjün
edilmegini şertlendirýär.
Kärendeçi
daýhan ekerançylaryň netijeli zähmet çekmegi ugrunda amatly
şertleriň döredilýändigini, döwletimiziň bugdaýdan we beýleki
oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almak ugrunda yzygiderli
tagalla edilýändigini nygtap, hormatly Prezidentimizden öz
yhlasly zähmeti bilen ýetişdiren bugdaý hasylyny ormaga ak pata
bermegini haýyş etdi.
Arkadagly
Gahryman Serdarymyz kärendeçiniň haýyşy boýunça birkemsiz hasyl
toplan bugdaýy orup, galla oragyna badalga berdi.
Hormatly
Prezidentimiziň ak patasy bilen ýurdumyzyň toprak-howa
şertlerine laýyk gelýän we häzirki zamanyň telematik enjamlary
bilen üpjün edilen kuwwatly tehnikalar hem bereketli hasylyň
oragyna girişdiler. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Magtymguly
daýhan birleşiginiň bugdaý meýdanynda galla oragynyň alnyp
barlyşyny synlady.
Hormatly
Prezidentimiziň baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň bu
möhüm pudagy ösüşiň hil taýdan täze derejesine çykdy. Obasenagat
toplumynyň düzümleriniň hem-de hyzmat edýän pudaklaryň tehniki
taýdan enjamlaşdyrylmagyna, döwrebaplaşdyrylmagyna, bugdaý
oragynda ulanylýan ýokary öndürijilikli häzirki zaman
tehnikalarynyň satyn alynmagyna döwlet derejesinde uly ähmiýet
berilýär. Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda bolşy
ýaly, oba hojalygynda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeler
hem pudagyň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşiniň üpjün
edilmegine gönükdirilendir. Şol bir wagtyň özünde oba
zähmetkeşleriniň, gallaçy kärendeçileriň netijeli işiniň ýola
goýulmagyna zerur üns berilýär. Şunuň bilen baglylykda, daýhanlar
ýokary hilli tohumlar, mineral dökünler, döwrebap oba hojalyk tehnikalary
bilen doly üpjün edilýär we tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklar öz
wagtynda amala aşyrylýar. Munuň özi daýhanlaryň işe bolan höwesini
artdyrmak bilen, olary täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar.
Döwlet
Baştutanymyz galla kombaýnlarynyň işini synlaýan pursatlarynda
ýetişdirilen hasylyň kesgitlenen möhletlerde ýygnalyp alynmagy
babatda wise-premýer T.Atahallyýewe birnäçe tabşyryklary berdi.
Oba hojalyk önümlerini öndürijiler üçin dünýä meşhur
kompaniýalaryň ýokary öndürijilikli tehnikalarynyň we
gurallarynyň satyn alynýandygyny belläp, hormatly Prezidentimiz
oba hojalyk tehnikalarynyň örän netijeli ulanylmalydygyna ünsi
çekdi.
Wise-premýer
oba hojalyk toplumynyň ähli düzümleriniň maddy-enjamlaýyn
binýadynyň berkidilmegi, häzirki zaman tehnikalarynyň
yzygiderli satyn alynmagy babatda döwlet derejesinde alada
edilýändigi üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk
bildirip, öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine
ýetirilmegi ugrunda ähli tagallalaryň ediljekdigine ynandyrdy.
Döwlet
Baştutanymyz ýurdumyzyň ak ekin meýdanlarynda alnyp barylýan
işler, bugdaý oragynyň depginleri we hasyllylygyň derejesi bilen
gyzyklandy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary tutuş
ýurdumyz boýunça galla oragynyň batly depginlerde dowam
edýändigini aýdyp, geçen hepde hormatly Prezidentimiziň ak
patasy bilen Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynda, şu gün bolsa
Balkan hem Daşoguz welaýatlarynda galla oragyna girişilendigi,
oragy guramaçylykly geçirmek ugrunda ýokary derejeli taýýarlyk
işleriniň alnyp barlandygy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly,
hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk toplumynyň ösdürilmegine
berýän goldawy netijesinde galla oragy möwsüminde “John Deere”,
“СLAAS” ýaly meşhur kompaniýalaryň häzirki zaman galla orujy
kombaýnlary netijeli ulanylýar. Gallaçylar üçin satyn alnan
ýokary öndürijilikli täze tehnikalar gije-gündizleýin tertipde
işledilip, ýetişdirilen bol hasyly çalt we ýitgisiz ýygnamaga
ýardam berýär.
Hormatly
Prezidentimiz oba hojalygyna degişli önümçilik kärhanalarynyň,
şol sanda elewatorlaryň, gaýtadan işleýän düzümleriň, suw hojalyk
toplumlarynyň netijeli işiniň ýola goýulmalydygyna ünsi çekdi.
Şol bir wagtyň özünde galla oragynyň ýokary hilli, öz wagtynda
tamamlanmagynyň wajypdygyny belläp, döwlet Baştutanymyz tabşyrylan
hasyl üçin daýhanlar bilen hasaplaşygy öz wagtynda geçirmek
babatda anyk görkezmeleri berdi. Döwrebap tehnikalaryň netijeli
ulanylmagy, önümçilige öňdebaryjy tejribeleriň giňden
ornaşdyrylmagy bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet
berilmelidir. Bu işler ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün
edilmeginde möhüm wezipeleriň üstünlikli çözülmegine, oba
hojalygyny mundan beýläk-de okgunly ösdürmek üçin uly
mümkinçilikleriň döredilmegine giň ýol açýar. Oba hojalyk
toplumyndaky özgertmeler ýerli önüm öndürijileri
hemmetaraplaýyn goldamaga gönükdirilen çuňňur oýlanyşykly
strategiýanyň aýrylmaz bölegidir. Netijede, ýurdumyzyň
daýhanlary täze ýerleri özleşdirmegiň, ekerançylygyň
medeniýetini ýokarlandyrmagyň hasabyna oba hojalyk önümlerini
ösdürip ýetişdirmek ugrunda yhlasly zähmet çekýärler.
Şeýlelikde, azyk bolçulygynyň üpjün edilmegi bilen bir hatarda,
halkymyzyň we her bir maşgalanyň ýaşaýyş-durmuş derejesi-de
ýokarlanýar.
Şu
möwsümde Diýarymyzyň ak ekin meýdanlaryna bugdaýyň bol hasyl
berýän “Arkadag”, “Serdar”, “Pyragy” ýaly täze görnüşleri ekildi.
Bellenilişi ýaly, bugdaýyň täze görnüşleri ýokary hasyllylygy,
däneleriniň iriligi we köp suw talap etmeýändigi bilen
tapawutlanýar. Bu bolsa täze görnüşleriň bähbitlilik
derejesiniň ýokarydygyny görkezýär.
Soňra
hormatly Prezidentimiz bu ýerde guralan gök-bakja we miwe
önümleriniň, däneli ekinleriň görnüşleriniň, çörek we çörek
önümleriniň sergisi bilen tanyşdy. Sergidäki çörek önümleriniň
bugdaýyň şu ýylky ilkinji hasylyndan taýýarlanylandygy habar
berildi. Şunda çörek önümleriniň ýokary hili önümçilige täze
ornaşdyrylan görnüşleriniň has tapawutlydygyny nygtamak gerek.
Görkezilýän
önümleriň köpdürlüligi türkmen topragynyň rysgal-berekediniň
aýdyň güwäsidir. Ak bugdaýyň gadymy mekany hökmünde ykrar edilen
bu toprakda ösdürilip ýetişdirilen önümleriň, aýratyn-da,
bugdaýyň ýokary hil derejesi bu künjegiň ýeriniň we suwunyň
sahawatyndan habar berýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda alnyp
barylýan maksatnamalaýyn işleriň netijesinde ata Watanymyzda
ak bugdaýyň, gök-bakja önümleriniň, miweleriň we ir-iýmişleriň bol
hasyly ösdürilip ýetişdirilýär hem-de halkymyzyň rysgaly, her bir
maşgala ojagynyň berekedi bolup saçaklarymyza dolýar.
Döwlet
Baştutanymyz sergide görkezilýän önümler bilen tanyşlygyň
dowamynda türkmen topragynda ösdürilip ýetişdirilýän önümleriň,
şol sanda galla önümleriniň ýokary hili, ýokumlylygy, ekologik
taýdan arassalygy bilen tapawutlanýandygyny nygtap, pudaga
häzirki zamanyň täzeçil usullarynyň, sanly tehnologiýalaryň
işjeň ornaşdyrylmalydygyny aýtdy. Sanly tehnologiýalar
ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işlere gözegçilik
etmäge we pudagy dolandyrmakda ylmyň gazananlaryny
peýdalanmaga, hojalyk işlerini talabalaýyk alyp barmaga
mümkinçilik berýär.
Taryhdan
belli bolşy ýaly, türkmen topragy ekerançylygyň gadymy ojagy
hasaplanýar. Zähmetsöýer pederlerimiz müňýyllyklaryň dowamynda
ekerançylygyň medeniýetini ýokarlandyrmak, bugdaýdan we
beýleki ekinlerden bol hasyl almak ugrunda baý tejribe
toplapdyrlar. Häzirki döwürde milli daýhançylyk däpleriniň
döwrebap ylmyň gazananlary bilen utgaşdyrylmagy pudagyň işiniň
ilerlemeginiň baş şertini emele getirýär. Şunuň bilen baglylykda,
ýurdumyzyň kärendeçileri bereketli hasyl ýetişdirmegiň
döwrebap usullaryny işjeň özleşdirýärler. Şeýlelikde,
Diýarymyzda halal zähmete bil baglaýan daýhanlaryň, aýratyn-da,
ýaşlaryň sany yzygiderli artýar.
Soňra
hormatly Prezidentimiz bu ýerde pudaga täze gelip gowşan häzirki
zaman tehnikalaryny synlady.
Oba
hojalyk toplumyna gelip gowşan galla kombaýnlarynyň
enjamlaşdyrylyş derejesi, olaryň öndürijilik kuwwaty ýokary
halkara ülňülere doly laýyk gelýär. Bu kombaýnlar ýurdumyzyň
toprak-howa şertlerine laýyk gelýän derejede bolup, olaryň
öndürijiligi ýokary görkezijilere eýedir. Sanly ulgam arkaly
dolandyrylýan tehnikalarda mehanizatorlaryň öndürijilikli
işiniň üpjün edilmeginde möhüm ähmiýeti bolan ähli zerur şertler
göz öňünde tutulypdyr. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň
obasenagat toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli
berkidilmegi, ýetişdirilen hasylyň gysga wagtda we ýokary hilli
ýygnalyp alynmagy ugrunda edýän yzygiderli tagallasynyň aýdyň
netijesidir.
Mehanizator
täze gelip gowşan kombaýna münüp, ony herekete girizdi. Ýokary
öndürijilikli oba hojalyk tehnikalarynyň yzygiderli satyn
alynmagy pudagyň işgärlerine hemmetaraplaýyn goldaw
berilýändiginiň aýdyň mysalydyr. Şunuň bilen baglylykda, daýhan
birleşikleriniň, kärendeçileriň we beýleki önüm öndürijileriň
zerur tehnikalar, dökünler, ýokary hilli tohumlar bilen
bökdençsiz üpjün edilýändigini bellemek gerek. Oba hojalyk
toplumynyň ähli düzümlerinde ýaýbaňlandyrylan giň möçberli
özgertmeler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzda azyk
bolçulygyny pugtalandyrmak, şol sanda içerki bazary özümizde
öndürilýän önümler bilen doly üpjün etmek boýunça öňde goýan
wezipeleriniň üstünlikli çözülmegine giň ýol açýar.
Döwlet
Baştutanymyz gallaçy kärendeçi I.Akmyradowyň alyp barýan işi,
maşgala ýagdaýy bilen gyzyklanyp, onuň kärende ýerinde
ýetişdirilen hasylyň derejesine üns berdi.
Ak
bugdaý etrabynyň Magtymguly daýhan birleşiginiň kärendeçisi
I.Akmyradow Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu ýere gelip, alnyp
barylýan işler bilen gyzyklanmagynyň özi üçin belent
mertebedigini nygtady hem-de hormatly Prezidentimiziň Şa
gadamynyň mübärek bolmagyny arzuw etdi.
Döwlet
Baştutanymyz kärendeçiniň alan ýeriniň ululygy, hasyllylygyň
derejesi we kärendeçiligi netijeli alyp barmak ugrunda
döredilýän şertler bilen gyzyklanyp, döwletimiziň daýhanlaryň
yhlasly zähmetiniň ýerine düşmegi, oba hojalykçylaryň iş we
durmuş şertleriniň gowulandyrylmagy ugrunda yzygiderli alada
etjekdigini belledi.
Kärendeçi
hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň döredýän
mümkinçilikleriniň netijesinde tutanýerli zähmet çekmek üçin
ähli şertleriň üpjün edilýändigini nygtady. Ol 2010-njy ýyldan bäri
maşgala agzalary bilen kärendä alan ýerinde bugdaý we gowaça
ösdürip ýetişdirýändigini aýtdy.
Şeýle
hem ol özüniň 62 gektar kärende ýeriniň bardygyny, 2025-nji ýylyň
hasyly üçin 42 gektara bugdaý, 20 gektara bolsa gowaça ekendigini,
bugdaý meýdanynyň her gektaryndan 40 sentnere golaý hasyla
garaşýandygyny habar berdi. Kärendeçi öz iş ýerine hormatly
Prezidentimiziň gadamynyň düşmeginiň tutuş maşgalasy üçin uly
hormatdygyny nygtap, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs
ýürekden hoşallyk bildirdi. Döwlet tarapyndan yzygiderli goldaw
berilmegi netijesinde toprakdan bol hasyl alynýar we gowy girdeji
gazanylýar.
Hormatly
Prezidentimiz ýurdumyzda oba hojalygyny ösdürmäge uly üns berilýändigini,
oba ýerlerinde adamlaryň durmuş-ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak
üçin ähli zerur işleriň geçirilýändigini belledi. Şeýle hem
döwlet Baştutanymyz halal zähmet çekip, ýerden bol hasyl alýan
daýhanlara döwletimiziň hemişe goldaw berjekdigini aýdyp,
kärendeçileriň asylly iş edýändiklerini, şeýle zähmetsöýer
daýhanlaryň tagallasy bilen Diýarymyzda azyk bolçulygynyň
berkidilýändigini nygtady.
Hormatly
Prezidentimiz bu ýerde yhlasly zähmeti bilen sahawatly toprakdan
bol hasyl öndürýän kärendeçä öz sowgatlaryny gowşurdy.
Öz
nobatynda, kärendeçi Şa serpaýy hem-de daýhanlaryň netijeli
zähmet çekmegi ugrunda döredilýän ähli şertler üçin tüýs ýürekden
hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiziň we Gahryman
Arkadagymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, döwlet
ähmiýetli, il-ýurt bähbitli beýik işleriniň hemişe rowaçlyklara
beslenmegini arzuw etdi.
Ekerançylaryň
tutanýerli zähmeti bilen ýetişdirilen bol hasyly ýygnamagyň
ýokary depginleri ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek we
ilatyň azyk önümlerine bolan isleglerini doly kanagatlandyrmak
boýunça çäreleriň netijeli häsiýete eýediginiň aýdyň
görkezijisidir.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hemmelere alyp barýan asylly
işlerinde uly üstünlik gazanmaklaryny arzuw etdi we bu ýerden
ugrady.
tdh.gov