07.11.2025
Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna
iş saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ABŞ-nyň
Kongresiniň Wekiller palatasynyň Daşary işler boýunça komitetiniň Günorta we
Merkezi Aziýa boýunça kiçi komitetiniň başlygy Bill Hýuzenga hem-de onuň
orunbasary Sidni Kaý Kamlager-Daw bilen duşuşdy.
ABŞ-nyň Kongresiniň wekilleri
belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, ABŞ bilen Türkmenistanyň
arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek meselelerini ara alyp
maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler hem-de hormatly
Prezidentimiziň şu gezekki saparynyň iki ýurduň arasyndaky däp bolan dostlukly
gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam berjekdigini nygtadylar.
Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli
sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň ABŞ bilen syýasy, ykdysady,
ynsanperwer ugurlarda özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet
berýändigini aýtdy. Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz şu ýyl
Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň “C5+1” formatyndaky
hyzmatdaşlygyna 10 ýyl dolýandygyny, bu hyzmatdaşlygyň howpsuzlyk, ykdysady,
howa we energetika meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin netijeli binýada
öwrülendigini nygtady. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Türkmenistanyň gazanylan
netijelere ýokary baha berýändigini hem-de hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de
giňeltmäge taýýardygyny tassyklady.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistan
ABŞ-nyň Kongresi bilen özara hyzmatdaşlyga ikitaraplaýyn gatnaşyklary
ösdürmegiň möhüm ugry hökmünde garaýar. Bu hyzmatdaşlyk kanun çykaryjylyk
işinde tejribe alyşmaga, sebit we halkara gün tertibiniň wajyp meselelerini ara
alyp maslahatlaşmaga gönükdirilendir. “Soňky ýyllarda Kongresiň wekilleriniň
Türkmenistana saparlary amala aşyryldy hem-de parlamentara hyzmatdaşlygy
ilerletmäge ýardam berýän çäreler geçirildi” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy
we iki ýurduň kanun çykaryjy edaralarynyň netijeli gatnaşyklaryny
işjeňleşdirmegiň özara düşünişmegi, syýasy dialogy mundan beýläk-de berkitmäge
ýardam berjekdigine ynam bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň
wekiliýetiniň ABŞ-a saparynyň çäklerinde geçirilýän Türkmen-amerikan işewürlik
maslahatynyň ähmiýeti bellenildi.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de ABŞ-nyň Kongresiniň Wekiller
palatasynyň Daşary işler boýunça komitetiniň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça
kiçi komitetiniň başlygy Bill Hýuzenga hem-de onuň orunbasary Sidni Kaý
Kamlager-Daw özara düşünişmäge, ynanyşmaga esaslanýan döwletara gatnaşyklaryň
iki ýurduň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam
bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.
tdh.gov