Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji
maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza sapar bilen gelen Ermenistan
Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýan bilen duşuşdy.
Döwlet
Baştutanymyz dostlukly ýurduň Prezidentine BMG bilen hyzmatdaşlykda ýurdumyzda
geçirilýän halkara foruma gatnaşandygy üçin minnetdarlyk bildirdi. Onuň on
ýyldan bir gezek geçirilýän bu möhüm çärä gatnaşmagynyň bu ýurtlaryň durnukly
ösüşi babatda alnyp barylýan işe uly ähmiýet berýändigine şaýatlyk edýändigi
aýdyldy.
Ermenistan
Respublikasynyň Prezidenti halkara maslahata gatnaşmaga çakylyk üçin hoşallyk
bildirip, onuň ýokary guramaçylyk derejesini belledi hem-de şeýle möhüm çäräniň
deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň arasynda gatnaşyklary
pugtalandyrmakdaky ähmiýetini nygtady.
Söhbetdeşler
deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgeleri esasynda
ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen
bellediler.
Soňky
ýyllarda Türkmenistan bilen Ermenistan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklar
hil taýdan täze derejä çykaryldy. Amala aşyrylýan özara saparlar, ýokary
derejede geçirilýän gepleşikler we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary
boýunça geňeşmeler munuň aýdyň güwäsidir.
Duşuşygyň
dowamynda bellenilişi ýaly, söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk türkmen-ermeni
döwletara dialogynyň möhüm ugry bolup durýar. Şunda hyzmatdaşlygyň täze
ugurlaryny ýola goýmaga hem-de eksport-import harytlarynyň görnüşlerini
artdyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär.
Söhbetdeşler
ikitaraplaýyn medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň möhümdigini
bellediler hem-de ylym-bilim, medeniýet we sungat ulgamlarynda bilelikde
işlemek, tejribe alyşmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtadylar.
Duşuşygyň
ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Ermenistan
Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýan birek-birege iň gowy arzuwlaryny
beýan edip, özara hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan döwletara
hyzmatdaşlygyň iki ýurduň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de üstünlikli
ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.
tdh.gov