Düýn «Merkezi Aziýa — Italiýa»
görnüşindäki sammite gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasynda iş saparynda
bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Italiýa Respublikasynyň
Premýer-ministri Jorja Meloni bilen duşuşdy.
Hormatly
Prezidentimiz we Premýer-ministr Jorja Meloni birek-biregi mähirli mübärekläp,
bu duşuşygyň türkmen-italýan hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam
berjekdigine ynam bildirdiler.
Döwlet
Baştutanymyz Türkmenistanyň Ýewropa ýurtlary, şol sanda Italiýa bilen
hyzmatdaşlygy ösdürmäge we pugtalandyrmaga möhüm ähmiýet berýändigini belledi
hem-de pursatdan peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamyny ýetirdi.
Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň döwlet Baştutany hökmünde Italiýa amala aşyran
resmi saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy.
Hormatly
Prezidentimiz Italiýa tarapyndan öňe sürlen «Merkezi Aziýa — Italiýa»
formatynyň ýurtlarymyzyň arasynda berk özara gatnaşyklary ýola goýmagyň
netijeli usuly hökmünde möhüm ähmiýetini belläp, Türkmenistanyň onuň üstünlikli
ösdürilmegine goşant goşmaga taýýardygyny tassyklady.
Premýer-ministr
Jorja Meloni iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň yzygiderli we uzak möhletleýin
esasda ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belledi hem-de mümkinçilikden
peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza iň gowy
arzuwlaryny beýan etdi.
Bellenilişi
ýaly, ýurtlarymyz halkara giňişlikde, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasy,
Ýewropa Bileleşigi, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly halkara
düzümleriň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler.
Şunuň
bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Bitaraplygyna we halkara
başlangyçlaryna berýän yzygiderli goldawy üçin italýan tarapyna minnetdarlyk
bildirdi.
Şeýle
hem hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda döwlet we
hökümet Baştutanlarynyň, halkara düzümleriň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda
geçiriljek halkara forumyň ýurdumyzyň Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy, şeýle
hem Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli meýilleşdirilýän
çäreleriň esasylarynyň biri boljakdygyny aýtdy we Premýer-ministr Jorja
Melonini bu foruma gatnaşmaga çagyrdy.
Premýer-ministr
çakylyk üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy we
durnukly ösüşi pugtalandyrmaga goşýan goşandyna ýokary baha berdi hem-de
Türkmenistanyň bu ugurda öňe sürýän başlangyçlaryny Italiýanyň goldaýandygyny
we goldamagyny dowam etjekdigini aýtdy.
Duşuşygyň
dowamynda bellenilişi ýaly, iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk
nebitgaz pudagynda, ulag, dokma senagaty ulgamlarynda we işewür düzümleriň ugry
boýunça yzygiderli ösdürilýär. Özara haryt dolanyşygynyň ýylsaýyn artmagy munuň
aýdyň güwäsidir.
Döwlet
Baştutanymyz energetika we himiýa senagaty, demir ýol üpjünçilik ulgamlarynda,
ekologiýa, oba we suw hojalygy ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly
mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy hem-de şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň
italýan tarapynyň tekliplerine garamaga taýýardygyny belledi.
Şeýle
hem hormatly Prezidentimiz söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ulgamlaşdyrmak maksady
bilen, hökümetara topary ýa-da işewürlik geňeşi görnüşinde bilelikdäki
mehanizmi döretmegi teklip etdi.
Premýer-ministr
Jorja Meloni döwlet Baştutanymyzyň tekliplerini goldap, Italiýanyň bu ugurdaky
hyzmatdaşlyga taýýardygyny beýan etdi.
Medeni-ynsanperwer
hyzmatdaşlyk iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolup durýar.
Ýurdumyzyň ýokary okuw we orta mekdeplerinde italýan diliniň öwredilmegi, köp
ýyllaryň dowamynda arheologiýa babatda özara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi munuň
aýdyň mysallarydyr.
Söhbetdeşligiň
barşynda dostlukly ýurduň Premýer-ministri hormatly Prezidentimizi özi üçin
islendik amatly wagtda Italiýa sapar bilen gelmäge çagyrdy.
Duşuşygyň
ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Italiýa
Respublikasynyň Premýer-ministri Jorja Meloni birek-birege berk jan saglyk,
alyp barýan döwlet işlerinde üstünlikleri, iki ýurduň dostlukly halklaryna
bolsa mundan beýläk-de parahatçylyk we abadançylyk arzuw etdiler.
tdh.gov.