Şu gün
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp
barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň açylyşy we birinji plenar mejlisi
geçirildi.
Foruma
döwlet we Hökümet Baştutanlary, 100-den gowrak ýurduň, 50-ä golaý halkara
guramanyň ýokary wezipeli wekilleri, 20-den gowrak dünýä belli kompaniýalaryň
wekilleri gatnaşýarlar. Bu ähmiýetli wakany giňden şöhlelendirmek üçin Awaza
dünýäniň 40-a golaý ýurdundan köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň 160-dan
gowrak wekili geldi.
Garaşsyz,
hemişelik Bitarap Türkmenistan halkara giňişlikde ählumumy ösüşiň bähbidine
asylly başlangyçlary durmuşa geçirýär. Gahryman Arkadagymyzyň binýadyny goýan
ynsanperwer başlangyçlary esasynda hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyz dostlukly döwletara gatnaşyklara
ygrarlydygyny, sebit we ählumumy gün tertibindäki möhüm meseleleriň
çözgütlerini işläp taýýarlamaga jogapkärli çemeleşýändigini iş ýüzünde
görkezýär. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy
bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň geçirilmegi munuň
aýdyň güwäsidir.
BMG-niň
guramagynda on ýyldan bir gezek geçirilýän bu halkara maslahat deňze çykalgasy
bolmadyk ösüp barýan döwletleriň durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösüşini
gazanmak, özara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak bilen bagly meseleleri ara alyp
maslahatlaşmak we bu ugurda gazanylan üstünlikleri seljermek üçin möhüm
meýdança öwrüler.
Bilşimiz
ýaly, 2025-nji ýylyň 11-nji aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy
sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde «BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp
barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny geçirmegiň tertibine goşmaça
maglumat» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Bu çözgüt Türkmenistan bilen
BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň strategik häsiýete eýediginiň aýdyň mysalyna
öwrülip, ýurdumyzyň halkara abraýynyň we dünýä ähmiýetli işlere işjeň
gatnaşmagynyň ykrarnamasy boldy. Munuň özi türkmen halkynyň Milli Lideri
Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady goýlan ynsanperwer daşary syýasy
strategiýamyzyň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa
geçirilýändiginiň güwäsidir. Şol syýasat durnukly ösüşiň bähbidine halkara
hyzmatdaşlygy ösdürmäge, parahat we abadan geljegi gurmaga gönükdirilendir.
...Ir
bilen maslahata gatnaşýan ýokary derejeli wekiliýet baştutanlary forumyň
geçirilýän ýerine geldiler.
Forumyň öňüsyrasynda bilelikde surata düşmek dabarasy
boldy.
Soňra
wekiliýet baştutanlary halkara maslahatyň Plenar mejlisler zalyna geldiler. Bu
ýerde BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji
maslahatynyň açylyşy boldy.
Maslahatyň
häzirki Başlygy hökmünde BMG-niň Baş sekretary ony açyk diýip yglan etdi we
giriş sözi bilen çykyş etdi.
Soňra
maslahaty geçirmegiň düzgünlerine laýyklykda, ses bermek arkaly hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow maslahatyň Başlygy saýlanyldy.
BMG-niň
Baş sekretary döwlet Baştutanymyzy maslahatyň Başlygy wezipesine saýlanmagy
mynasybetli gutlady we prezidiumyň merkezinde ýörite bellenen ýere geçmäge
çagyrdy.
Hormatly
Prezidentimiz BMG-niň Baş sekretaryndan agaçdan ýasalan çekiçjagazy kabul edip,
özi üçin ýörite bellenen ýere geçdi.
Döwlet
Baştutanymyz BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça
üçünji maslahatynyň Başlygy hökmünde çykyş etdi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze
çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň Başlygy
saýlanylmagynyň özi üçin uly hormatdygyny aýdyp, hemmeleri bu foruma
gatnaşýandyklary üçin Türkmenistanyň adyndan tüýs ýürekden mähirli gutlady
hem-de minnetdarlyk bildirdi.
Bu
maslahat dünýä ösüşiniň uly we derwaýys meselelerine gürrüňsiz degişlidir.
Birleşen Milletler Guramasynyň giň gerimli maksatnamalaryny, ilki bilen,
Durnukly ösüş maksatlaryny ýerine ýetirmäge, Geljegiň bähbidine paktyň
strategik ýörelgelerine eýermäge dahyllydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we
şunuň bilen baglylykda, şu belent münberden Birleşen Milletler Guramasynyň Baş
sekretary Antoniu Guterrişe, bu guramanyň agzalary bolan döwletleriň ähli
Baştutanlaryna hem-de wekillerine şu foruma üns berýändikleri we deňze
çykalgasy bolmadyk ýurtlary hemmetaraplaýyn ösdürmäge berk eýerýändikleri üçin
minnetdarlyk bildirdi.
Biziň
şu maslahatymyzda seredilýän meseläniň ählumumy ähmiýeti bardyr. Ol halkara
işiň esasy ölçeglerini, ýagny ynsanperwer, ykdysady, durmuş, ekologiýa we
beýleki ugurlary öz içine alýar.
Ilkinji
nobatda, ynsanperwer meseleleriň möhümdigini bellemek isleýärin diýip, hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Şunuň bilen baglylykda,
Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň adama, onuň isleglerine we zerurlyklaryna
gönükdirilendigi bellenildi. Bu syýasat şahsyýetiň mümkinçiliklerini,
döredijilik kuwwatyny ýüze çykarmakdan, ruhy we beden saglygyny üpjün etmekden,
kanuny hukuklaryny hem-de bähbitlerini goramakdan ybaratdyr.
«Döwlet
adam üçindir!» diýen syýasatymyz diňe bir şygar däldir. Ol Türkmenistanyň içeri syýasatynyň,
ýaşaýyş-durmuşynyň düýpli ugruny kesgitleýän, ýurdumyzyň daşary syýasatynyň we
halkara işiniň esasydyr. Sebäbi adamlaryň durmuşynyň ýokary standartlaryny
hem-de ýaşaýşynyň hilini üpjün etmek Türkmenistanyň alyp barýan syýasatynyň
esasydyr. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň býujetiniň esasy bölegi durmuş
maksatnamalaryny amala aşyrmaga, hususan-da, ýaşaýyş jaýlarynyň, saglygy
goraýyş we bilim desgalarynyň gurluşygyna gönükdirilýär. Maşgalany, eneligi we
çagalygy, ýaşlary hem-de ýaşuly nesli, mümkinçiligi çäkli adamlary, raýatlaryň
beýleki toparlaryny goldamak üçin ulanylýar.
Lukmançylyk
we ýokary hilli saglygy goraýyş hyzmatlary bilen üpjünçilik barada aýratyn
durup geçmek isleýärin. Milli çäklerden çykýan bu mesele düýpli meseledir, onuň
örän möhüm ähmiýeti bardyr diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi we
durmuş syýasatyny alyp barýan döwlet hökmünde Türkmenistanyň bu işde baý
tejribe toplandygyny hem-de bu tejribäni ähli ýurtlar bilen paýlaşmaga, halkara
guramalar bilen giňden hyzmatdaşlygy ýola goýmaga taýýardygyny tassyklady.
Döwlet
Baştutanymyz bu forumyň münberinden «Geljegiň ählumumy lukmançylygy — raýdaşlyk
we hyzmatdaşlyk» başlangyjyny öňe sürüp, bolup geçen dünýä pandemiýasynyň, Ýer
ýüzüniň dürli künjeklerinde ýüze çykýan häzirki meseleleriň, keselçilikleriň we
epidemiýalaryň raýdaşlyk we özara goldaw düşünjesiniň dünýä möçberinde adamyň
saglygy, saglygyny goramaga hem-de bejergä bolan düýpli hukugy bilen
birmeňzeşdigini görkezýändigini nygtady.
Bu
başlangyçda gürrüň Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda halkara
lukmançylyk diplomatiýasynyň ulgamlaýyn usullaryny ýola goýmak barada barýar.
Biziň pikirimizçe, Birleşen Milletler Guramasy, onuň ýöriteleşdirilen
guramalary, maksatnamalary, gaznalary, institutlary bu işi goldamakda esasy
utgaşdyryjynyň wezipesini öz üstüne almalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow aýtdy.
Şu
forumda Türkmenistanyň şeýle başlangyjy öňe sürmegi ýöne ýere däldir, onuň
maksady we esaslary bardyr. Deňze çykalganyň bolmazlygy häzirki döwürde
lukmançylyk kömegini bermek, lukmançylyk enjamlaryny we derman serişdelerini
ibermek, zerur bolan öňüni alyş çärelerini geçirmek, ähli saglygy goraýyş
ulgamynyň işlemegini üpjün etmek üçin düýpli päsgelçilik bolup durýar diýip,
hormatly Prezidentimiz aýtdy we ýurdumyzyň bu başlangyjy iş ýüzünde amala
aşyrmak boýunça öz garaýyşlaryny beýan etmäge hem-de Birleşen Milletler
Guramasynyň degişli düzümlerinde işe başlamaga taýýardygyny belledi.
Bellenilişi
ýaly, durnukly kommunikasiýalar ulgamyny döretmek deňze çykalgasy bolmadyk ösüp
barýan ýurtlar üçin möhüm meseledir. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan bu örän
möhüm ugur boýunça dialog üçin häzirki zaman halkara binýadyny döretmek
başlangyjyny öňe sürenleriň biri boldy. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda
2016-njy ýylda Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag boýunça
birinji ählumumy maslahatynyň, şeýle hem ýurdumyzda 2022-nji ýylda Deňze
çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ulag ministrleriniň halkara maslahatynyň
üstünlikli geçirilendigi bellenildi.
Türkmenistanyň
bu ugurda alyp barýan işleri netijesinde, soňky ýyllarda biziň döwletimiziň
halkara ulag hyzmatdaşlygyny ösdürmek barada öňe süren başlangyjy boýunça
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň alty sany Kararnamasy kabul
edildi. Durnukly ösüş maksatlaryny ýerine ýetirmek bilen baglylykda,
Türkmenistan ulag arabaglanyşygyny çaltlandyrmagyň we bu ugurda täze
garaýyşlaryň zerurdygyndan ugur alýar. Şoňa görä-de, geçen ýyl Dubaýda
geçirilen Bütindünýä hökümet sammitinde biziň ýurdumyz hyzmatdaşlyk etmegiň
täze görnüşini — Durnukly ulag arabaglanyşygynyň ählumumy atlasyny döretmegi
teklip etdi diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi hem-de şol başlangyja
foruma gatnaşyjylaryň ünsüni çekip, onuň amala aşyrylmagynyň deňze çykalgasy
bolmadyk ösüp barýan döwletleriň bütindünýä ulag-logistika akymlaryna
goşulyşmagyna düýpli ýardam berjekdigine ynam bildirdi.
Şeýle
hem hormatly Prezidentimiz «Ýaşyl» gün tertibi bilen baglylykda, ulag
ugurlarynyň ekologik howpsuzlygynyň bu işde örän möhüm mesele bolup
durýandygyna ünsi çekdi. Bu wezipäni, ilki bilen, häzirki zaman
tehnologiýalaryny çekmek arkaly çözüp boljakdygyny görýäris. Türkmenistan
beýleki ugurlarda, şol sanda energetika babatda hem ekologiýa meselesine uly
ähmiýet berýär. «Ýaşyl» energetika düşünjesi häzirki döwürde ýurduň içinde hem,
halkara energiýa giňişliginde hem biziň energetika pudagyndaky işimiziň
hökmany, düýpli ölçegi bolup durýar.
Bu
ugurda biz Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde kabul edilen halkara
namalara berk laýyklykda iş alyp barýarys diýip, döwlet Baştutanymyz energetika
üçlügine gatnaşyjylaryň ählisiniň, ýagny energiýany öndürijileriň, üstaşyr
geçirijileriň, sarp edijileriň halkara ekologiýa ölçeglerini we daşky gurşawy
goramak hem-de howanyň üýtgemegi babatdaky ylalaşyklary gyşarnyksyz berjaý
etmelidigini nygtady. Biziň ýurdumyz bu meselede gaýtadan dikeldilýän energiýa
çeşmelerini peýdalanmak boýunça işi çaltlandyrmak ugrunda çykyş edýär diýip,
döwlet Baştutanymyz aýtdy we ýurdumyzyň wodorod energetikasyny ösdürmäge
gatnaşmaga-da taýýardygyny nygtady hem-de bu meselede hyzmatdaşlyk etmegiň anyk
bilelikdäki meýilnamalarynyň we algoritmleriň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen
baglylykda, hormatly Prezidentimiz 2030 — 2040-njy ýyllar aralygyndaky döwür
üçin wodorod energetikasyna geçmegiň ählumumy maksatnamasyny döretmek
başlangyjyny öňe sürdi we geljek ýyldan başlap, Birleşen Milletler Guramasynda
şu maksatnamany işläp taýýarlamak meselesini ara alyp maslahatlaşmaga girişmegi
teklip etdi.
Umuman,
biz ähli ykdysady işi ekologiýa standartlary bilen utgaşdyrmagyň zerurdygyndan
ugur alýarys. Biziň ekologiýa syýasatymyzyň esasy ugry ykdysady ulgamy
önümçilik pudagynyň tebigatyň bäsdeşi däl-de, eýsem, sazlaşdyryjysy we daýanjy
bolar ýaly ýola goýmakdan ybaratdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we şunuň
bilen baglylykda, ýapyk aýlawly (sirkulýar) ykdysadyýete geçmegiň ählumumy
çarçuwaly maksatnamasyny döretmek barada Türkmenistanyň öňe süren teklibine
ünsi çekdi.
Howa
meselesiniň uly ähmiýetiniň bardygyny nygtap, Birleşen Milletler Guramasynyň
Howanyň üýtgemegi barada Çarçuwaly konwensiýasynyň düzgünlerini durmuşa
geçirmegiň netijelidigini bellemek zerur diýip hasap edýärin. Munuň özi
konwensiýanyň taraplarynyň soňky maslahatlarynda aýratyn aýdyň ýüze çykdy. Şol
maslahatlarda täze ählumumy howa gün tertibiniň tehnologik, hukuk we ykdysady
esaslarynyň işlenip düzülýändigini bellemek gerek. Bu işde deňze çykalgasy
bolmadyk ösüp barýan döwletleriň mynasyp we saldamly orny bolmalydyr. Türkmenistan
bu ugry goldaýar hem-de oňa döredijilikli we netijeli işi bilen doly goşulýar.
Mysal üçin, deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň howa babatdaky meselesi Hazar
deňzini gorap saklamak we Araly halas etmek ýaly meseleler bilen baglydyr. Şu
foruma gatnaşyjy birnäçe döwletler üçin Hazar deňzi dünýä ummanyna çykmagyň
örän möhüm suw ýoly bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam
etdi we şunuň bilen baglylykda, hemmeleriň deňziň ekologik abadançylygyna
gyzyklanma bildirýändigine, munuň bolsa onuň ykdysady we ulag mümkinçiliklerine
gönüden-göni täsir edýändigine ynam bildirdi.
Bellenilişi
ýaly, Hazar deňziniň meseleleri sebit, hatda kontinental çäklerden hem çykýar.
Şoňa görä-de, biziň ýurdumyz Baş Assambleýanyň 78-nji sessiýasynda Hazaryň
daşky gurşawyny goramak bilen bagly meseleleriň giň toplumy boýunça
hünärmenleriň anyk dialogy hökmünde «Hazar ekologik başlangyjy» bilen çykyş
etdi. Onuň wagty ýeten ençeme ekologiýa meselelerini çözmegi öňe sürdi. Häzirki
döwürde şol örän möhüm meseleleriň biri-de deňziň suwunyň çekilmegidir.
Şeýle
hem hormatly Prezidentimiz Araly halas etmek meselesiniň möhüm ähmiýetini
belledi. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan Aral deňziniň sebiti üçin Birleşen
Milletler Guramasynyň ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamagy hem-de Aral
meselesini bu guramanyň işiniň aýratyn ugruna öwürmegi teklip edýär. Şunuň
bilen baglylykda, biziň ýurdumyzyň başlangyjy bilen Baş Assambleýanyň kabul
eden iki sany Kararnamasy, ýagny «Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas
etmegiň halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk» atly Kararnamasy, şeýle hem
BMG-niň Aziýa — Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we Durmuş komissiýasynyň
«Birleşen Milletler Guramasynyň Aral deňziniň sebiti üçin Ýörite maksatnamasyny
döretmegiň şertlerine seretmek» atly Kararnamasy netijeli halkara hyzmatdaşlyk
üçin gowy esas bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we bu örän möhüm
resminamalaryň durmuşa geçirilmeginiň Aral meselesi boýunça ähli halkara
işleriň kesgitleýji şertleriniň birine öwrüljekdigine ynam bildirdi.
Şeýle
hem hormatly Prezidentimiz umumy dünýä işleriniň örän möhüm bölegi hökmünde suw
meselesi boýunça hyzmatdaşlyga ünsi çekdi. Munuň özi köp babatda Ýer ýüzünde
durnuklylygy, ösüşi hem-de abadançylygy üpjün etmegiň geljegini kesgitleýär. Bu
meselede suw serişdeleriniň tygşytly ulanylmagy we adalatly paýlanylmagy möhüm
bolup durýar. Türkmenistan hemişe suwa deň we adalatly elýeterlilik halklaryň
hem-de her bir adamyň tebigy we düýpli hukugydyr diýip, berk we üýtgewsiz çykyş
edýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we şunuň bilen baglylykda,
Türkmenistanyň tutuş suw meselesi toplumyna seretmegiň şu üç sany binýatlaýyn
kada, ýagny halkara hukugyň berjaý edilmegine; bähbitleriň özara hasaba
alynmagyna; halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň
gatnaşmagyna esaslanmalydygyna ynanýandygyny nygtady.
Birleşen
Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 2025-nji ýyly Türkmenistanyň teklibi
boýunça «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etdi. Şeýle hem
biziň ýurdumyz şu ýyl dünýä jemgyýetçiligi bilen bilelikde taryhy senäni —
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň halkara derejede ykrar edilmeginiň 30 ýyllygyny
belleýär. Bu wakalaryň ikisiniň hem Birleşen Milletler Guramasynyň 80 ýyllyk
ýubileýi bilen gabat gelmegi simwoliki ähmiýete eýedir. Parahatçylyk,
ynanyşmak, Bitaraplyk düşünjeleri biziň üçin özara aýrylmaz bagly bolup,
Türkmenistanyň alyp barýan syýasatynyň manysyny we düýp mazmunyny düzýär. Olar
biziň halkara giňişlikdäki hereketlerimizi hem-de başlangyçlarymyzy
kesgitleýär. Birleşen Milletler Guramasy bilen strategik hyzmatdaşlyk
döwletimiziň ileri tutýan ugry bolan we bolmagynda galýan daşary syýasatymyzyň
filosofiýasyny aňladýar.
Bu
doly derejede häzirki foruma hem degişlidir. Biz Birleşen Milletler Guramasy,
dünýäniň onlarça ýurtlaryndan bolan dostlarymyz hem-de pikirdeşlerimiz, abraýly
halkara guramalar bilen Türkmenistanda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan
ýurtlaryň meseleleri, olary çözmegiň ýollary barada garaýyşlarymyzy beýan
edýäris. Özi-de döredijilik we deňhukuklylyk, özara hormatlamak hem-de
bähbitleri hasaba almak bilen, biziň halklarymyz, adamlarymyz, olaryň häzirki
we geljekki durmuşy barada alada etmek bilen, garaýyşlarymyzy beýan edýäris
diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we bu ýoluň dogrudygyna hem-de bilelikde üstünliklere
ýetiljekdigine ynam bildirdi.
Çykyşynyň
ahyrynda döwlet Baştutanymyz ähli wekiliýetlere, hormatly myhmanlara işjeň we
netijeli hyzmatdaşlyk, ýurtlarymyzyň hem-de bütin adamzadyň ösüşi, ilerlemegi
we abadançylygy baradaky öňde goýlan maksatlary ýerine ýetirmekde Türkmenistan
bilen bilelikde işlemäge taýýardyklary üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk
bildirdi.
Soňra
tassyklanan iş tertibine laýyklykda çykyşlar diňlenildi.
Ilki
bilen, BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişe söz berilýär.
BMG-niň
Baş sekretary, ilki bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hem-de
Türkmenistanyň halkyna bildirilen myhmansöýerlik we şu möhüm maslahaty
guramakda başlangyçly orny üçin hoşallygyny beýan etdi.
Antoniu
Guterriş çykyşynda Hereketleriň Awaza maksatnamasyna ünsi çekip, Birleşen
Milletler Guramasynyň DÇBÖBD-niň bu ugurdaky tagallalaryny goldaýandygyny
belledi. Şeýle hem ol geljek on ýyl üçin bilelikdäki hereketleriň möhüm
ugurlaryny kesgitledi.
Biz
düzümleýin özgertmeleri we ykdysadyýetiň diwersifikasiýalaşdyrylmagyny
çaltlandyrmalydyrys. Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler tebigy
serişdelerden başlap, adam maýasyna çenli ägirt uly kuwwata eýedirler. Şunuň
bilen birlikde, ýerli innowasiýalara we inklýuziw ösüşe maýa goýumlary
gönükdirmek möhüm bolup durýar. Sanly özgeriş bu tagallalaryň esasylarynyň biri
bolmalydyr. Munuň özi DÇBÖBD-ä dünýä bazarlaryna çykmaga ýardam berer diýip,
Baş sekretar aýtdy.
Şunuň
bilen baglylykda, sanly infrastrukturany ösdürmegiň, sanly sowatlylygy
ýokarlandyrmagyň we bu tehnologiýalara inklýuziw elýeterliligi üpjün etmegiň
zerurdygy nygtaldy.
Şeýle
hem Antoniu Guterriş öz çykyşynda özara söwdany, üstaşyr we sebit
arabaglanyşygyny ösdürmegiň möhümdigini belledi. Serhetden geçiş amallarynyň
ýeňilleşdirilmegi, standartlaryň özara laýyk getirilmegi, bökdençsiz söwda we
üstaşyr geçiş amallarynyň üpjün edilmegi üçin hukuk binýadynyň
pugtalandyrylmagy, durnukly ulag geçelgelerine, serhetüsti energetika
ulgamlaryna, intellektual logistika platformalaryna maýa goýumlaryň
gönükdirilmegi ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi.
Şeýle
hem BMG-niň Baş sekretary howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meselä ünsi
çekdi. “Ýaşyl” ykdysadyýete geçilmegi, gaýtadan dikeldilýän energiýa
çeşmeleriniň ösdürilmegi DÇBÖBD-ä daşky gurşawy goramak bilen bir hatarda täze
pudaklary we iş orunlaryny döretmäge ýardam berer.
Hormatly
Prezidentimiz BMG-niň Baş sekretaryna çykyşy üçin minnetdarlyk bildirip,
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň Başlygy Filemon Ýanga söz
berdi. Ol Awazada geçirilýän şu maslahata gatnaşmagyň özi üçin uly
mertebedigini belläp, Türkmenistanda mähirli kabul edilendigine ýokary baha
berýändigini aýtdy. BMG-niň Tertipnamasynda beýan edilen garaýyşlaryň tutuş
adamzadyň durmuşyny özgertmekde aýgytlaýjy ähmiýete eýedigini belläp, Filemon
Ýang 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş maksatlarynyň Gün tertibiniň
soňky bäş ýylyna girişilendigini aýtdy hem-de oňa çenli galan döwürde şol
maksatlara ýetmek üçin dünýä bileleşiginiň tagallalarynyň birleşdiriljekdigine
ynandyrdy.
BMG-niň
Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň Başlygy häzirki döwrüň biziň esas
goýujy gymmatlyklara hemmetaraplaýyn ygrarlydygymyzy, Birleşen Milletler
Guramasynyň çäklerinde ähli halklaryň bähbidine netijeli hereketleri talap
edýändigini, olaryň bolsa howpsuz, adalatly we deňhukukly geljege tarap ýolda
hiç bir adamyň ünsden düşürilmejekdigini kepillendirmäge ýardam bermelidigini
nygtady. Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň 32-siniň hem
ýüzbe-ýüz bolýan meseleleri BMG-niň Baş Assambleýasynyň üns merkezinde durýar, ýakynda
bu döwletleriň aýratyn zerurlyklary baradaky Halkara habardarlyk güni yglan
edildi. Şunuň bilen baglylykda, bu senäniň her ýylyň 6-njy awgustynda
belleniljekdigi we şeýle ähmiýetli çözgüdiň Awazada geçirilýän häzirki
maslahatyň öň ýanynda kabul edilmeginiň aýratyn mana eýedigi bellenildi.
BMG-niň
Baş Assambleýasy deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleri hemişe goldar,
şu maslahatyň dowamynda kabul edilen Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň ýerine
ýetirilişine her ýyl seljerme geçiriler diýip, Filemon Ýang aýtdy. Myhmansöýer
türkmen topragynda ýokary derejede guralýan şu maslahatda kabul ediljek
çözgütler diňe bir DÇBÖBD üçin däl, eýsem, tutuş dünýä ösüşi üçin hem uly
ähmiýete eýe bolar. Ösüp barýan döwletleriň ählisine, şol sanda DÇBÖBD-ä berilýän
goldawy giňeltmek babatynda Durnukly ösüş maksatlaryna uly orun degişlidir.
BMG-niň çäklerinde işlenilip taýýarlanylan “Geljegiň maksatnamasynda”
DÇBÖBD-niň hem-de üstaşyr ýurtlaryň, şeýle hem gyzyklanma bildirýän taraplaryň
arasynda has ygtybarly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny kemala getirmek boýunça
netijeli çäreler kesgitlenendir diýip, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy
sessiýasynyň Başlygy belledi hem-de Hereketleriň Awaza maksatnamasynda beýan
edilen wezipeleriň dünýäniň ähli künjeklerinde erkin üstaşyr gatnawlaryň ýola
goýulmagy üçin esas goýujy ýolgörkeziji boljakdygyna ynam bildirdi.
Häzirki
wagtda Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň ileri tutulýan bäş ugrunyň, ilkinji
nobatda, durmuşa geçirilmeginiň möhüm bolup durýandygyny, şu forumyň dowamynda
oňa gatnaşyjylaryň, BMG-ä agza döwletleriň ählisiniň bu başlangyçlary
goldamagynyň üstünligiň şerti boljakdygyny aýdyp, Filemon Ýang maslahatyň
ýokary derejede guralandygyny, onda netijeli çözgütleriň kabul edilýändigini,
ýagty geljege tarap ýolda ösüp barýan döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy
has-da pugtalandyrmakda Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň uly ähmiýete eýe
boljakdygyny belledi hem-de Türkmenistanyň Hökümetine we halkyna tüýs ýürekden
hoşallygyny beýan etdi.
Döwlet
Baştutanymyz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň Başlygyna çykyşy
üçin minnetdarlyk bildirip, söz nobatyny BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň
(ECOSOC) Başlygy Lok Bahadur Thapa geçirdi.
BMG-niň
Ykdysady we Durmuş geňeşiniň Başlygy maslahata gatnaşyjylary mübärekläp, BMG-niň
Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna
gatnaşmagyň özi üçin uly hormatdygyny belledi hem-de bildirilen myhmansöýerlik
we forumyň ýokary guramaçylygy üçin türkmen tarapyna tüýs ýürekden hoşallygyny
beýan etdi.
Lok
Bahadur Thapa halkara maslahatyň ähmiýeti barada aýtmak bilen, onuň deňze göni
çykalgasy bolmadyk 32 ýurtda ýaşaýan jemi 570 milliondan gowrak adam üçin
inklýuziw we durnukly ösüş babatda täze mümkinçilikleri açýandygyny nygtady.
Bellenilişi
ýaly, bu döwletler deňze, esasy halkara bazarlara we üstaşyr ulag geçelgelerine
göni çykalganyň bolmazlygy, ulag we aragatnaşyk infrastrukturasynyň
mümkinçilikleriniň çäkli bolmagy ýaly päsgelçilikler bilen ýüzbe-ýüz bolmagyny
dowam edýärler. Bu päsgelçilikler howanyň üýtgemegi netijesinde has-da artýar.
Ylymda
we tehnologiýada çalt öňegidişlige garamazdan, DÇBÖBD-de sanly hyzmatlary
ornaşdyrmak ýokary çykdajylary talap edýär. Şonuň üçin hem bu ugurda durmuşa
geçirilýän işler öz wagtynda, hyjuwly, ýeterlik we dowamly bolmalydyr. Bu
babatda alnyp barylýan işler soňky on ýylda gazanylan üstünliklere
esaslanmalydyr.
Şunuň
bilen baglylykda, BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň Başlygy Hereketleriň
Awaza maksatnamasynyň ähmiýetine ünsi çekip, onuň DÇBÖBD-niň durnukly ösüş
babatda mümkinçiliklerini açmak, milli, sebit we halkara derejeli ugurlar
boýunça uzak möhletleýin ösüş gazanmak üçin geljegi uly resminamadygyny
belledi. Şeýle hem DÇBÖBD-niň ykdysadyýetiniň pudaklaryna maýa goýumlary
artdyrmagyň, sanly ulgamy we innowasiýalary işjeň ornaşdyrmagyň zerurdygy
nygtaldy.
BMG-niň
Ykdysady we Durmuş geňeşiniň Başlygy çykyşynyň ahyrynda ýolbaşçylyk edýän
düzüminiň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin Hereketleriň Awaza
maksatnamasynyň netijeli durmuşa geçirilmegine, DÇBÖBD-niň ösüşiniň ileri
tutulýan ugurlaryna, hususan-da, azyk howpsuzlygy, durnukly arabaglanyşyk,
howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça başlangyçlara ýakyn goldaw
berjekdigine ynandyrdy.
Hormatly
Prezidentimiz BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň Başlygyna çykyşy üçin
minnetdarlyk bildirdi.
Soňra
Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler toparynyň Başlygynyň wezipesini
ýerine ýetiriji hökmünde çykyş etmek üçin Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler
Kabinetiniň Başlygy, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň ýolbaşçysy
Adylbek Kasymaliýewe söz berildi. Ol, ilki bilen, maslahata gatnaşyjylaryň
ählisine Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň salamyny ýetirip, şu
gün bu möhüm ähmiýetli maslahatda çykyş etmegiň özi üçin uly hormatdygyny
aýtdy.
Bellenilişi
ýaly, döwrüň wajyp meselelerini çözmek üçin BMG-niň goldaw bermeginde 2001-nji
ýylda Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň topary döredildi. Geçen
ýyllaryň dowamynda bu ýurtlar üçin Almaty we Wena maksatnamalary kabul edildi.
Şu maksatnamalary durmuşa geçirmegiň barşynda üstaşyr goňşular bilen
kadalaşdyryjy we şertnamalaýyn binýady döretmekde, söwda çärelerini
gowulandyrmakda, sanly ulgamy ornaşdyrmakda, şeýle hem logistika we ulag
meseleleri boýunça halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde öňegidişlik gazanyldy.
Şu
gün biz Hazaryň kenaryndaky Awazada diňe bir bilelikdäki işimiziň jemini
jemlemek üçin däl, eýsem, has durnukly arabaglanyşygy üpjün etmek babatda
bilelikdäki tagallalary bellemek üçin ýygnandyk. Şunuň bilen baglylykda, 2024 —
2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasy deňze çykalgasy bolmadyk
ösüp barýan döwletlere ählumumy ösüşe doly derejede gatnaşmaga mümkinçilik
berjek durnukly ösüş meýilnamasyny işläp taýýarlamaga ýardam eder.
Täze
maksatnama bize strategik “Ýol kartasyny” işläp taýýarlamaga mümkinçilik
berýär. Bu maksatnamany amala aşyrmak üçin köpçülikleýin jogapkärçilik hem-de
ýurtlaryň we halkara maliýe guramalarynyň arasynda tagallalary utgaşdyrmak
zerur bolup durýar. Biz hyzmatdaşlarymyzy diňe bir maliýe taýdan goldaw bermäge
däl, eýsem, tehniki kömegiň we maýa goýum kepillikleriniň berilmegini üpjün
etmäge çagyrýarys diýip, A.Kasymaliýew aýtdy.
Deňze
çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň özboluşlylygyny nazara almak bilen,
maliýeleşdirmegiň şertleriniň çeýeligi aýratyn ähmiýete eýedir. Bu ýurtlaryň
öňünde durýan möhüm wezipeleri çözmek üçin ählumumy derejede tagallalary
birleşdirmek hem-de maýa goýumlaryň täze gurallaryny döretmek zerur bolup
durýar diýip, Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy aýtdy we bu
babatda Gyrgyzystanyň gazananlary barada durup geçdi.
Sözüniň
ahyrynda Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy, Prezidentiň
Diwanynyň ýolbaşçysy, Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler toparynyň
Başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji A.Kasymaliýew türkmen tarapyna
myhmansöýerlik we şu ählumumy forumyň ýokary derejede guralandygy üçin tüýs
ýürekden hoşallyk bildirdi.
Maslahatyň
Başlygy hormatly Prezidentimiz çykyşy üçin Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler
Kabinetiniň Başlygy, Prezidentiň Diwanynyň ýolbaşçysy, Deňze çykalgasy bolmadyk
ösüp barýan döwletler toparynyň Başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji
A.Kasymaliýewe minnetdarlyk bildirdi.
Soňra BMG-niň Deňze çykalgasy
bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça ikinji maslahatynyň geçirilen ýurdy
bolan Awstriýanyň Ýewropa we halkara işleri boýunça Federal ministrliginiň
döwlet sekretary Zepp Şellhorna söz berildi.
Awstriýanyň
Ýewropa we halkara işleri boýunça Federal ministrliginiň döwlet sekretary Zepp
Şellhorn hemmeleri mähirli mübärekläp, ilki bilen, bildirilen myhmansöýerlik
üçin hoşallygyny beýan etdi. Şeýle hem ol deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan
döwletleriň, şol sanda Awstriýanyň bähbidine edýän tagallalary üçin BMG-niň Baş
sekretarynyň orunbasary Rabab Fatima we onuň ýolbaşçylyk edýän toparynyň
agzalaryna hoşallyk bildirdi.
Bellenilişi
ýaly, Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň çäklerinde anyk maksatlary we çäreleri
özünde jemleýän oýlanyşykly gün tertibi işlenip taýýarlanyldy hem-de kabul edildi.
Bu resminama ähli gyzyklanma bildirýän taraplary, şol sanda deňze çykalgasy
bolmadyk ösüp barýan döwletleri, üstaşyr geçiriji ýurtlary we ösüş boýunça
hyzmatdaşlary birleşdirýär. Şeýle hem gün tertibinde oba hojalyk ylmy
barlaglarynyň sebit merkezleri we Infrastruktura maýa goýumlary üçin maliýe
gaznasy ýaly başlangyçlar göz öňünde tutuldy. Munuň özi biziň adam hukuklaryna,
netijeli dolandyryşa we gender deňligine ygrarlydygymyzy görkezýär. Biz bu
maksatnamanyň özara baglanyşygy gowulandyrmak, ykdysadyýeti
diwersifikasiýalaşdyrmak, täze iş orunlaryny döretmek hem-de howanyň
üýtgemegine durnuklylygy ýokarlandyrmak üçin berk binýady döretjekdigine
ynanýarys diýip, Zepp Şellhorn aýtdy we bu maksatlara ýetmegiň hyzmatdaşlyga
ygrarlylygy we innowasion çözgütleri talap edýändigini belledi.
Hormatly
Prezidentimiz Awstriýanyň Ýewropa we halkara işleri boýunça Federal
ministrliginiň döwlet sekretaryna minnetdarlyk bildirip, söz nobatyny BMG-niň
Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň Baş
sekretary Rabab Fatima geçirdi.
BMG-niň Baş sekretarynyň
orunbasary Rabab Fatima deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça
üçünji maslahatyň Baş sekretary hökmünde bu ýerde çykyş etmegiň özi üçin uly
hormatdygyny belläp, işe ygrarlylygy we bu möhüm maslahaty guramakda başlangyçly
orny üçin Türkmenistanyň Hökümetine we halkyna çuňňur hoşallygyny beýan etdi.
Deňze
çykalgasy bolmadyk 32 ýurduň ösüşini özgertmek boýunça kabul edilen
Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň ähmiýetini belläp, myhman hemmeleri bu
taryhy üstünlik bilen gutlady. Bellenilişi ýaly, bu maksatnama deňze çykalgasy
bolmadyk ösüp barýan döwletleriň mümkinçiliklerini doly derejede açmak we
olaryň düzümleýin meselelerini özgertmeler üçin mümkinçiliklere öwürmek boýunça
mehanizmleri özünde jemleýär.
Şeýle
hem Rabab Fatima öz çykyşynda infrastruktura, özara baglanyşyk, ykdysady
özgertmeler we howanyň üýtgemegine durnuklylyk ýaly meselelere degip geçdi.
Bu
gün biz Hereketleriň Awaza maksatnamasyny milli meýilnamalara we sebit
derejesindäki býujetlere ornaşdyrmak üçin esasy ýörelgeleri hem-de mehanizmleri
işe girizýäris. Maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi milli syýasatlar bilen
sazlaşygy, inklýuziwligi we jogapkärçiligi talap edýär. Şoňa görä-de,
DÇBÖBD-niň maslahatynda ilkinji gezek ýöriteleşdirilen platformalar — raýat
jemgyýeti, hususy pudak, ýaşlar, zenan ýolbaşçylar, parlamentariler we Günorta
— Günorta ugry boýunça hyzmatdaşlar üçin meýdançalar hereket eder diýip, Rabab
Fatima aýtdy.
BMG-niň
Baş sekretarynyň orunbasary şu gezekki maslahatyň netijeleriniň diňe bir sözler
bilen ölçenmän, eýsem, iş ýüzünde, ýagny gurlan ýollarda, döredilen söwda
geçelgelerinde we durnukly ösüşi gazanmakda ýetilen sepgitlerde öz beýanyny
tapjakdygyny belläp, hemmeleri tagallalary birleşdirmäge çagyrdy.
Giriş
sözleri bilen çykyşlar tamamlanandan soňra, maslahaty alyp barmagyň tertibine
laýyklykda, onuň düzgünleri we gün tertibi kabul edildi. Maslahatyň wezipeli
wekilleri saýlanyldy hem-de beýleki guramaçylyk meselelerine seredildi.
Şunuň
bilen maslahatyň açylyş bölegi tamamlandy.
Soňra
maslahatyň umumy mejlisi öz işine başlady hem-de onuň dowamynda döwlet we
hökümet Baştutanlary, şeýle hem wise-prezident derejesindäki wekiliýet
ýolbaşçylary çykyş etdiler.
Maslahatyň
Başlygy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow, ilki bilen, Gazagystan
Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe söz berdi.
Dostlukly
ýurduň Prezidenti bu möhüm halkara maslahata gatnaşmaga çakylyk we onuň ýokary
guramaçylygy, şeýle hem bildirilen myhmansöýerlik üçin türkmen tarapyna
hoşallygyny beýan etdi, şeýle hem deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan
döwletleriň öňünde durýan meseleleri çözmäge we olaryň mümkinçiliklerini
durmuşa geçirmäge üýtgewsiz ygrarlylygy üçin BMG-niň Baş sekretaryna
minnetdarlyk bildirdi.
Prezident
Kasym-Žomart Tokaýew DÇBÖBD-niň meseleleri boýunça halkara tagallalara
Gazagystanyň goşandy barada aýtmak bilen, BMG-niň bu ugurdaky ilkinji
maslahatynyň Gazagystanda geçirilendigini belledi. Bellenilişi ýaly, şol
maslahat DÇBÖBD-niň meselelerini ilkinji gezek ählumumy ösüş gün tertibine girizen
Hereketleriň Almaty maksatnamasynyň işlenilip taýýarlanylmagyna ýol açdy.
Şu
gün biz Awazada bu ugurda täze çözgütleri kabul etmek we öňegidişligi gazanmak
ýaly umumy maksat bilen ýygnandyk. Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan 32
ýurtda ýarym milliarddan gowrak adam ýaşaýar, olaryň köpüsi maliýe, tehnologiýa
we dünýä bazarlaryna çykmak bilen bagly päsgelçilikler bilen ýüzbe-ýüz
bolýarlar. Şunda çäkli sebit aragatnaşygy DÇBÖBD üçin esasy mesele bolup galýar
we ol ýokary ulag çykdajylaryny talap edýär. Şeýle çäklilikler Durnukly ösüş
maksatlaryna ýetmekde kynçylyk döredýär diýip, Gazagystanyň döwlet Baştutany
aýtdy we DÇBÖBD babatda ählumumy gün tertibiniň çözgütlerini durmuşa geçirmekde
gazak tarapynyň garaýyşlaryny beýan etdi.
Bellenilişi
ýaly, bu ugurda üstaşyr geçirýän ýurtlaryň, halkara we maliýe guramalarynyň
tagallalaryny birleşdirmek, ulag, energetika we sanly infrastruktura ýaly esasy
pudaklara maýa goýumlary artdyrmak zerurdyr. Şeýle hem ulag geçelgelerini we
üstaşyr infrastrukturany ösdürmäge, demir, awtomobil, howa we deňiz ýollarynyň,
logistika merkezleriniň mümkinçiliklerinden doly derejede peýdalanmaga ähmiýet
bermelidir.
Gazagystan
Merkezi Aziýada we beýleki ýurtlarda hemmetaraplaýyn dialogyň we inklýuziw
integrasiýanyň tarapdary bolmagynda galýar. Merkezi Aziýanyň tejribesinden
geografiýanyň ykbaly kesgitlemeýändigini bilýäris. Sebitimiz durmuş-ykdysady
ösüşde ajaýyp üstünlikleri gazanýar. Strategik maýa goýumlar we halkara
hyzmatdaşlyk esasynda ýerleşýän ýeriniň päsgelçilik däl-de, ösüş üçin güýçli
itergi bolup biljekdigini görkezýär. Merkezi Aziýanyň okgunly ösýän söwda, maýa
goýumlar, ulag, aragatnaşyk mümkinçiliklerini oýlanyşykly dolandyrmak esasynda
özara bähbitli hyzmatdaşlykda bolan sebite öwrülýändiginiň şaýady bolýarys
diýip, dostlukly ýurduň Baştutany aýtdy.
Sözüniň
ahyrynda Prezident Kasym-Žomart Tokaýew Gazagystanyň Deňze çykalgasy bolmadyk
ösüp barýan döwletler toparynyň maksatlaryna we ýörelgelerine berk
ygrarlydygyny belläp, bu ugurda gazak tarapynyň başlangyçlaryny goldaýandyklary
üçin hemmelere hoşallygyny beýan etdi.
Döwlet
Baştutanymyz çykyşy üçin gazagystanly kärdeşine minnetdarlyk bildirip,
Eswatininiň Patyşasy Mswati III söz berdi.
Eswatininiň
Patyşasy hemmeleri mähirli mübärekläp, bu ýokary derejeli halkara maslahatda
çykyş etmegiň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy we onuň guramaçylygy üçin
Türkmenistana hoşallygyny beýan etdi.
Bellenilişi
ýaly, hyzmatdaşlyk arkaly ösüş gazanmak ähli DÇBÖBD-niň, şol sanda Eswatini
Patyşalygynyň maksatlaryna laýyk gelýär. Şu gezekki maslahat hem bu döwletleriň
dünýä ykdysadyýetine doly goşulyşmagy bilen bagly döreýän infrastruktura
päsgelçiliklerini ýeňip geçmek baradaky umumy borçnamany tassyklaýar hem-de
täzeçe pikirlenmäge we hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerinden peýdalanmaga
ruhlandyrýar.
Şunuň
bilen baglylykda, Patyşa Mswati III infrastruktura taslamalaryna maýa goýumlary
çekmek, ulag arabaglanyşygyny ýokarlandyrmak we üstaşyr çykdajylary azaltmak babatda
eswatini tarapynyň ileri tutýan garaýyşlaryny beýan etdi. Şunda ulag
geçelgelerini kämilleşdirmäge, gümrük amallaryny ýönekeýleşdirmäge we sanly
infrastruktura maýa goýmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Şeýle hem gaýtadan
işleýän senagaty ösdürmegiň, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini
ornaşdyrmagyň, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny ornaşdyrmagyň, hususy
pudaga maýa goýumlary çekmegiň ähmiýeti barada aýdyldy.
Soňra
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow söz nobatyny Özbegistan Respublikasynyň
Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe geçirdi.
Özbegistanyň
Baştutany, ilki bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hem-de
türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gahryman Arkadagymyza mähirli kabul edendigi we bu günki maslahatyň ýokary
derejede guralandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Şu
forumyň Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG tarapyndan yglan edilen Halkara
parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Hazar deňziniň kenaryndaky gözel Awazada
geçirilmeginiň çuňňur manysy bardyr. Özbegistan doganlyk Türkmenistanyň
berkarar ösüş maksatlaryna eýermek, ählumumy berkararlyga hem-de parahatçylyga
gönükdirilen başlangyçlaryna ýokary baha berýär we goldaýar diýip, özbek Lideri
aýtdy.
Özbegistanyň
Baştutany BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişe deňze çykalgasy bolmadyk ösüp
barýan döwletler bilen bagly meselelere uly üns berýändigi üçin hoşallyk
bildirdi. Biz Hereketleriň Awaza maksatnamasyny doly goldaýarys we ony durmuşa
geçirmäge işjeň gatnaşarys diýip, Prezident Şawkat Mirziýoýew nygtady.
Bu
gün maslahatda ara alnyp maslahatlaşylýan meseleler hemmämiz üçin möhüm
ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, ygtybarly üstaşyr geçelgeleri döretmek
we logistika ulgamyny ösdürmek Merkezi Aziýada möhüm wezipeleriň birine
öwrülýär. Bu gün bizi bir ýere jemlän maslahatyň gün tertibi düýpli meseleleri
öz içine alýar. Munuň özi deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň deň
şertlerde dünýä ykdysadyýetine gatnaşmagy üçin mümkinçilikdir diýip,
Özbegistanyň Baştutany sözüni dowam etdi.
Bu
möhüm wezipeleri çözmek üçin üç sany möhüm şerti berjaý etmek wajypdyr. Bular
durnukly ösüşiň esasy hökmünde infrastrukturany döwrebaplaşdyrmakdan, üstaşyr
geçirmek meselelerinde özara arabaglanyşygy güýçlendirmekden, ählumumy
deňhukuklylygyň möhüm bölegi bolan rowaçlanyş hukugyny berkitmekden ybaratdyr.
Şunuň bilen baglylykda, Özbegistanyň Prezidenti birnäçe teklipleri beýan etdi.
Olaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi sebitiň ýurtlarynyň sazlaşykly we
durnukly ösmegini üpjün eder.
Sözüniň
ahyrynda goňşy döwletiň Baştutany ählumumy bazarlara çykmagyň hemmeler üçin deň
şertlerde bolmalydygyny, munuň ykdysady zerurlykdygyny nygtady. Munuň özi
halkara gatnaşyklarda ynanyşmagyň we raýdaşlygyň möhüm şertidir.
Döwlet
Baştutanymyz çuňňur manyly çykyşy üçin Prezident Şawkat Mirziýoýewe
minnetdarlyk bildirdi.
Soňra
çykyş etmek nobaty Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýana
berildi.
Dostlukly
ýurduň Prezidenti maslahata gatnaşyjylara ýüzlenip, BMG-niň Deňze çykalgasy
bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynda çykyş etmegiň özi
üçin uly hormatdygyny aýtdy we maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesi hem-de
bildirilen myhmansöýerlik üçin Türkmenistanyň Hökümetine we halkyna hoşallygyny
beýan etdi.
Belent
mertebeli myhman sözüni dowam edip, häzirki zaman dünýäsinde durnukly ösüş üçin
dünýä bazarlaryna elýeterliligiň örän möhümdigini, harytlaryň, hyzmatlaryň we
adamlaryň serhetüsti akymlarynyň umumy abadançylygyň kuwwatly hereketlendiriji
güýji bolup durýandygyny belledi. Geografik ýerleşişi boýunça çäklendirmeler
ýurtlaryň ösüşine, olaryň dünýä söwdasyna doly derejede gatnaşmagyna,
ykdysadyýetiň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna hem-de maýa goýumlaryň çekilmegine
päsgelçilik bolmaly däldir. Şeýle elýeterlilik durmuşy we ykdysadyýeti
özgerdýär, biziň geljege gönükdirilen “Ýol kartamyzda” durmuş-ykdysady ösüşe
aýratyn üns çekilýär. Hereketleriň Awaza maksatnamasynda has zerur bolan
meseleleriň ileri tutulýan bäş ugry kesgitlenendir diýip, dostlukly ýurduň
Baştutany Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň üstaşyr ýurtlaryň, BMG-niň
agentlikleriniň, ösüş boýunça halkara guramalaryň, şeýle hem bu işlerde bize
ýardam berýän maliýe edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin
ygtybarly binýat bolup hyzmat etjekdigini aýtdy.
Bellenilişi
ýaly, Hereketleriň täze maksatnamasynyň anyk netijelere öwrülmegi öňde durýan
meseleleriň bilelikde çözgüdini tapmagyň esasy şertidir. Deňze çykalgasy
bolmadyk hem-de üstaşyr ýurtlaryň arasynda sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak
bilen, adamlaryň, harytlaryň we hyzmatlaryň erkin hereket etmekleri üçin
döreýän emeli päsgelçilikler aradan aýrylmalydyr. Munuň özi diňe bir zerurlyk
bolman, ykdysady we durmuş şertleriniň gowulandyrylmagynyň, ösüşe bolan
hukuklaryň ilerledilmeginiň hem-de sebit we ählumumy derejede inklýuziw
arabaglanyşygyň möhüm şertidir.
Ermenistan
Respublikasynyň Prezidenti söwda amallarynyň has çalt we netijeli amala
aşyrylmagy üçin maýa goýumlaryň serhetýaka infrastrukturasyna gönükdirilýän
möçberleriniň artdyrylmagynyň, şeýle hem iri deňizleriň ählumumy sanly we
“ýaşyl” ösüşe doly çekilmeginiň, howanyň üýtgemegine durnuklylygyň
ýokarlandyrylmagynyň hem-de bioköpdürlülik babatynda kanunlaryň işlenilip
taýýarlanylmagynyň zerurdygyny aýtdy.
Çykyşda
Ermenistanyň Hökümetiniň özara baglanyşygyň, açyk serhetlere hem-de döwrebap
ýollaryň, ulag düzüminiň dünýä bazarlaryna goşulyşmak üçin möhüm ähmiýet
berýändigi bellenildi we şunuň bilen baglylykda, “Çatryklarda parahatçylykly
başlangyç” atly taslamanyň işlenip taýýarlanylandygy, bu ýurduň sebit we
ählumumy derejede hyzmatdaşlyga we özara goldaw berilmegine ygrarlydygy
nygtaldy. Bu taslama ykdysadyýetleriň özgerdilmegine, netijeli söwda
gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyna, ýurtlaryň ykdysady bähbitleriniň üpjün
edilmegine, şeýlelikde, has abadan we durnukly ösüşiň kemala gelmegine
gönükdirilendir.
Ermenistanyň
Lideri sözüniň ahyrynda bu maslahatyň guralandygy üçin Türkmenistanyň
Hökümetine hem-de Birleşen Milletler Guramasyna ýene bir gezek hoşallyk
bildirip, Ermenistanyň Hereketleriň Awaza maksatnamasyny durmuşa geçirmek üçin
ähli taraplar bilen bilelikde köpugurly netijeli hyzmatdaşlyga doly
ygrarlydygyny aýtdy.
Maslahata
başlyklyk edýän hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow baý mazmunly
çykyşy üçin Ermenistanyň Prezidentine minnetdarlyk bildirdi we çykyş etmek üçin
Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona söz berdi.
Dostlukly
ýurduň Baştutany sözüniň başynda Türkmenistanyň we Birleşen Milletler
Guramasynyň ýolbaşçylaryna bu halkara maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesi
hem-de mähirli kabul edilendikleri üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip,
2014 — 2024-nji ýyllar üçin Hereketleriň Wena maksatnamasynyň durmuşa
geçirilmeginiň netijeleri we onuň hemmetaraplaýyn seljermesi nukdaýnazaryndan
şu maslahatyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin aýratyn
ähmiýete eýedigini, bu giň gerimli çäräniň bar bolan meseleleriň oňyn çözgüdini
tapmaga we geljekde tagallalary birleşdirmek üçin ileri tutulýan ugurlary
kesgitlemäge ýardam berjekdigini aýtdy.
Täjigistan
Respublikasynyň Prezidenti durnukly ösüşi üpjün etmegiň netijeli gurallaryny
döretmegiň, üstaşyr we infrastruktura çäklendirmeler bilen baglanyşykly
meseleleriň aradan aýrylmagynyň, energetika ulgamynda bilelikdäki taslamalaryň
durmuşa geçirilmeginiň, şeýle hem deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlarda beýleki
durmuş düzümleriniň döwrüň talabyna laýyklykda ösdürilmeginiň zerurdygyna ünsi
çekdi. Häzirki zaman şertlerinde geosyýasy dartgynlylyk, maliýe-ykdysady
çökgünlik, howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly beýleki töwekgelçilikleriň ýüze
çykýandygy bellenildi hem-de bu babatda Täjigistanyň ulag we energetika
ulgamlaryna, bu ugurlaryň çalt depginlerde ösdürilmegine aýratyn ähmiýet
berýändigi beýan edildi.
Prezident
Emomali Rahmon Täjigistanda sanlylaşdyrmak hem-de söwda we gümrük amallarynyň
Bütindünýä Söwda Guramasynyň, şeýle hem beýleki halkara standartlarynyň
talaplaryna laýyk getirilmegi ugrunda yzygiderli işleriň alnyp barylýandygyny,
ýurduň gidroenergetika kuwwatyny hasaba almak bilen, energetika garaşsyzlygyny üpjün
etmäge hem-de bu pudagyň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýändigini aýtdy. Şunuň
bilen baglylykda, “2037-nji ýyla çenli döwür üçin “ýaşyl” ykdysadyýeti
ösdürmegiň Milli strategiýasynyň” durmuşa geçirilmeginiň geljekde Täjigistana
gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň hasabyna elektrik energiýasyny
öndürmek usulyna doly geçmäge mümkinçilik berjekdigi bellenildi. Howanyň
üýtgemeginiň ýurtlaryň ykdysadyýetine hem-de ekologiýa ulgamlaryna oňaýsyz
täsir edýändigi baradaky meselelere aýratyn üns çekildi.
Dostlukly
döwletiň Baştutany Täjigistanyň soňky ýigrimi ýylyň dowamynda başlangyçly orny
eýeleýän ýurt hökmünde suw serişdeleri we howa ulgamynda halkara gün tertibiniň
ilerledilmegine işjeň gatnaşýandygyny, agyz suwunyň çeşmelerini, esasan-da,
buzluklary gorap saklamak üçin ählumumy derejede gaýragoýulmasyz çäreleriň we
netijeli bilelikdäki hereketleriň zerurdygyny belledi.
Birleşen
Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlykda şu ýyl Duşenbe şäherinde geçirilen
Buzluklary gorap saklamak boýunça halkara maslahatyň jemleriniň suw
serişdeleri, howa we durnukly ösüş ulgamynda möhüm ählumumy derejedäki
çäreleriň ilerledilmegine ýardam etjekdigine ynam bildirildi.
Täjigistanyň
Baştutany sözüni dowam edip, Täjigistanyň we Fransiýanyň başlangyjy boýunça
2025 — 2034-nji ýyllaryň “Kriosfera ylymlary boýunça hereketleriň onýyllygy”
diýlip yglan edilmegi baradaky BMG-niň Kararnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň bu
ugurda halkara bileleşigiň tagallalarynyň birleşdirilmegine ýardam etjekdigini
aýtdy hem-de howanyň üýtgemegine garşy göreşmek we tebigy heläkçilikleriň
netijelerini aradan aýyrmak boýunça çäreleri maliýeleşdirmegiň möçberlerini
artdyrmak ugrunda halkara bileleşigiň başlangyjyny goldaýandygyny tassyklady.
Prezident
Emomali Rahmon çykyşynyň ahyrynda bu ugurdaky taraplaryň bilelikdäki
tagallalarynyň netijeleriniň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň ýene bir
netijeli şerti emele getirjekdigini belläp, şunuň ýaly jogapkärçilikli we
döredijilikli çemeleşmeleriň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň
meselelerini çözmek, olaryň mundan beýläkki ykdysady we durmuş ösüşiniň ýolunda
emele gelýän päsgelçilikleri aradan aýyrmak üçin mümkinçilikleri döretjekdigine
ynam bildirdi we maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesi üçin Türkmenistanyň
Hökümetine ýene bir gezek hoşallygyny beýan etdi.
Soňra
Liwiýa Döwletiniň Prezident Geňeşiniň Başlygy Muhammad Ýunus Menfi çykyş etdi.
Belent
mertebeli myhman, ilki bilen, türkmen tarapyna myhmansöýerlik we şu maslahatyň
ýokary derejede guralandygy, BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişe bolsa şu
çäräni guramak babatda tagallalary hem-de deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan
döwletler bilen bagly meseleleri çözmäge işjeň gatnaşýandygy üçin hoşallyk
bildirdi.
Biz
bu ýurtlaryň ýüzbe-ýüz bolýan meseleleri barada oňat bilýäris. Çünki doganlyk
ýurtlaryň ençemesi bilen gatnaşyklary saklaýarys. Afrika kontinentinde Afrika
Bileleşigi, Afrika ösüş banky we sebitleýin ykdysady jemgyýetler giň gerimli
infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmek arkaly bu wezipeleri çözmek
boýunça taýsyz tagallalary edýärler diýip, Liwiýa Döwletiniň wekili aýtdy.
Şeýle
hem belent mertebeli myhman Liwiýanyň Ortaýer deňziniň günorta kenarynda amatly
ýerleşmegi netijesinde degişli ýurtlaryň portlarynyň arasyndaky gatnawlar bilen
bagly taslamalarda möhüm orun eýeleýändigini we nebitgaz taslamalaryny
döretmäge işjeň gatnaşýandygyny nygtady.
Soňra
hormatly Prezidentimiz San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň
Prezidenti Karluş Manuel Wila-Nowa söz berdi.
Awazada
geçirilýän şeýle giň gerimli foruma gatnaşmaga hem-de onda çykyş etmäge
döredilen mümkinçilik we myhmansöýerlik üçin Türkmenistanyň Hökümetine
hoşallygyny beýan edip, San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň
Prezidenti öz ýurdunyň Hereketleriň Awaza maksatnamasynda bellenilen ileri
tutulýan bäş strategik ugry durmuşa geçirmäge doly ygrarlydygyny aýtdy.
Belent
mertebeli myhman çykyşynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň
hem-de üstaşyr ýurtlaryň arasynda üçtaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy,
portlary we ulag-logistikany bilelikde dolandyrmagy teklip etdi hem-de munuň
adalatly halkara söwda üçin elýeterliligi we nyrh aýanlygyny
kepillendirjekdigini belledi. Durnukly ösüş maksatlaryna laýyklykda, ýokary goşulan
bahaly taslamalara bilelikde gönükdirilýän maýa goýumlaryň möçberleriniň
artdyrylmagyna çagyryş beýan edildi.
Bellenilişi
ýaly, deňze çykalgasy bolmadyk döwletler, hususan-da, ada döwletler üçin bu
maslahat möhüm ähmiýete eýedir. Ýurtlaryň nähili geografik şertde
ýerleşýändigi, olaryň ösüşi, dünýä hojalyk gatnaşyklaryna doly derejede
goşulyşmagy — millionlarça adamyň, şol sanda çagalaryň ýokary sanly
tehnologiýalara elýeterliliginiň öňünde päsgelçilik döretmeli däldir. Şu gün
biz şeýle päsgelçilikleri aradan aýyrmak hem-de dünýä bazarlaryna çykmak
mümkinçiliginiň ähli ýurtlar üçin elýeterliligini üpjün etmegiň zerurlygy
baradaky bilelikdäki erk-islegimizi berkitmelidiris we bu maslahatyň dowamynda
beýan edilen başlangyçlaryň anyk netijelere öwrülmegi ugrunda tagallalarymyzy
birleşdirmelidiris diýip, San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň
Prezidenti belledi hem-de Türkmenistanyň Hökümetine we halkyna ýene bir gezek
hoşallyk bildirdi.
Döwlet
Baştutanymyz San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň Prezidentine
çykyşy üçin minnetdarlyk bildirdi we foruma gatnaşyjylara ýüzlenip, BMG-niň
Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň
birinji plenar mejlisiniň tamamlanandygyny, maslahatyň öz işini günüň ikinji
ýarymynda umumy çykyşlar bilen dowam etjekdigini aýtdy.
Günüň
ikinji ýarymynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça
üçünji maslahaty öz işini dowam etdi.
Malawi
Respublikasynyň wise-prezidenti Maýkl Bizwik Usi öz çykyşynda netijeli ulag-üstaşyr
ulgamlarynyň ählumumy durnukly ösüşi gazanmakda möhüm ähmiýetini belledi. Deňze
çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler bu ugurda käbir päsgelçilikler bilen
ýüzbe-ýüz bolýarlar.
Hereketleriň
Wena maksatnamasynyň çäklerinde bu meseleleri çözmekde birnäçe üstünlikler,
hususan-da, sebit hyzmatdaşlygy, söwda gatnaşyklaryna ýardam bermek we ulag
düzümlerini ösdürmek bilen baglanyşykly oňyn netijeler gazanyldy. Bellenilişi
ýaly, geljek onýyllyk üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasy hem öz wagtynda kabul
edilen möhüm çözgüt bolar.
Soňra
Gambiýa Respublikasynyň wise-prezidenti Mohammed Jallow çykyş etdi hem-de
bildirilen myhmansöýerlik üçin türkmen tarapyna hoşallygyny beýan edip, deňze
göni çykalganyň bolmazlygynyň bu döwletleriň ösüşiniň ähli ugurlaryna özüniň
täsirini ýetirýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, şu gezekki maslahatyň
möhüm ähmiýeti nygtaldy.
Ulag-üstaşyr
meselelerini çözmekde sebit hyzmatdaşlygyna hem möhüm orun degişlidir. Munuň
özi durnukly ösüşiň esasy şertleriniň biri bolup çykyş edýär. Şunuň bilen
baglylykda, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça
üçünji maslahatynyň bu ugurda tagallalary birleşdirmäge mümkinçilik açýandygy
bellenildi.
Soňra
çykyş etmek üçin Mali Respublikasynyň Premýer-ministri Abdulaýe Maýga söz
berildi. Premýer-ministr, ilki bilen, mähirli kabul edilendigi we bu ýokary
derejeli foruma gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, deňze
çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ählumumy ulag düzümlerine
elýeterliligini üpjün etmekde halkara konwensiýalardan gelip çykýan wezipeleriň
durmuşa geçirilmeginiň ähmiýetini belledi.
Şeýle
hem ulag babatda her bir ýurduň strategik bähbitlerini we olaryň halklarynyň
zerurlyklaryny göz öňünde tutýan deňeçer çözgütleriň işlenilip taýýarlanylmagynyň
möhümdigi bellenildi. Şu gezekki maslahat bu möhüm ulgamda özara pikir alyşmak
we anyk ugurlary kesgitlemek üçin amatly meýdançadyr.
Uganda
Respublikasynyň Premýer-ministri Robina Nabbanja çykyşynda öz ýurdunyň
wekiliýetine türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny
beýan edip, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlere BMG-niň berýän
goldawlaryny belledi.
Bellenilişi
ýaly, deňze çykalgasy bolmadyk döwletler öndürýän önümlerini dünýä bazarlaryna
ýetirmekde käbir kynçylyklara sezewar bolýarlar. Afrika yklymynyň ýurtlary, şol
sanda deňze çykalgasy bolmadyk döwletler şu kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolup,
bar bolan mümkinçiliklerini netijeli ulanyp bilmeýärler. Şunuň bilen
baglylykda, bu meseleleri çözmek üçin ulag arabaglanyşygynyň we innowasiýalaryň
ösdürilmeginiň ähmiýeti nygtaldy.
Nepalyň
Premýer-ministri Şarma Oli bu ýokary derejeli maslahatda öz ýurduna wekilçilik
etmegiň we çykyş etmegiň özi üçin belent hormatdygyny aýdyp, bildirilen
myhmansöýerlik üçin türkmen tarapyna hoşallygyny beýan etdi.
Çykyşda
bellenilişi ýaly, üstaşyr ulag geçelgelerine maýa goýumlaryň gönükdirilmegi,
ykdysadyýetiň diwersifikasiýalaşdyrylmagy, ýokary goşulan bahaly harytlaryň,
hususan-da, innowasion önümleriň önümçilikleriniň giňeldilmegi deňze çykalgasy
bolmadyk ösüp barýan döwletlerde durnukly ösüşi üpjün etmegiň esasy şertleri
bolup çykyş edýär.
Eýran
Yslam Respublikasynyň birinji wise-prezidenti Muhammad Reza Aref bildirilen
myhmansöýerlik hem-de bu möhüm halkara maslahata gatnaşmaga döredilen
mümkinçilik üçin Türkmenistanyň Hökümetine hoşallygyny beýan edip, üstaşyr
geçiriji ýurtlar bilen deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň arasynda
hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhümdigini belledi.
Şunuň
bilen baglylykda, sebit ýurtlary, şol sanda ýurdumyz bilen durmuşa geçirilen
yklym ähmiýetli taslamalaryň sebit arabaglanyşygyny pugtalandyrmakda ähmiýeti
bellenildi. Iki goňşy ýurt Demirgazyk — Günorta we Gündogar — Günbatar ulag
geçelgeleriniň ösdürilmegine hem uly goşant goşýarlar. Gümrük amallaryny
ýeňilleşdirmek, degişli hyzmatlary sanlylaşdyrmak boýunça alnyp barylýan
bilelikdäki işler hem bellenilmäge mynasypdyr.
Goňşy
dostlukly ýurduň wekiliniň belleýşi ýaly, biziň ýurtlarymyz deňze çykalgasy
bolmadyk sebit döwletleriniň harytlarynyň we tebigy çig mallarynyň dünýä
bazarlaryna çykarylmagynda möhüm orun eýeleýärler. Şu nukdaýnazardan,
ýurtlarymyz goňşularynyň, şol sanda sebitiň umumy ösüşi üçin amatly şertleri
mundan beýläk-de döretmäge ygrarlydyrlar.
6-njy
awgustda maslahat öz işini dowam eder.
***
BMG-niň
Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň
çäklerinde bu iri halkara guramanyň ýöriteleşdirilen edaralarynyň we DÇBÖBD-niň
sergisi öz işine başlady. Bäş günläp dowam etjek bu sergi 25 pawilýondan ybarat
bolup, BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň alyp barýan işleri, DÇBÖBD-niň
mümkinçilikleri we olaryň ýüzbe-ýüz bolýan päsgelçiliklerini ýeňip geçmekde bu
halkara guramalaryň orny bilen tanyşmaga mümkinçilik berýän möhüm meýdançany
emele getirmek bilen, bu döwletleriň ykdysadyýetlerini ösdürmäge toplumlaýyn
çemeleşilýändiginiň aýdyň güwäsine öwrüldi.
Mälim
bolşy ýaly, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen
edaralary bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýär. Şolaryň hatarynda BMG-niň Az
derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler hem-de kiçi ada
döwletler boýunça Ýokary wekiliniň edarasy hem bar.
Sergä
Atom energiýasy boýunça halkara agentlik hem öz diwarlygy bilen gatnaşýar.
Mälim bolşy ýaly, bu halkara gurama atom energiýasyny bütin dünýäde
parahatçylygy, saglygy we abadançylygy üpjün etmek maksady bilen ulanmak
boýunça taslamalary durmuşa geçirýär. Atom energiýasy boýunça halkara
agentligiň DÇBÖBD-niň durnukly ösüşini üpjün etmek bilen bagly maslahatyň
çäklerinde guralýan sergä gatnaşmagynda aýratyn many bardyr.
Türkmenistan
Atom energiýasy boýunça halkara agentlik bilen ýakyn hyzmatdaşlyk edip, onuň
birnäçe konwensiýalaryna goşulandyr. Bu gurama bilen lukmançylyk, hususan-da,
onkologiýa kesellerine garşy göreşmek ugrundaky hyzmatdaşlyk ileri tutulýan
ugurlaryň hataryndadyr.
Ýewropa
Bileleşigi hem sergä gatnaşýan halkara guramalaryň hataryndadyr. Ýewropa
Bileleşigi deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlary işjeň goldaýar we
olaryň dünýäniň ulag ulgamyna, ykdysady giňişligine hem-de bazarlaryna işjeň
goşulyşmagy ugrunda taslamalary durmuşa geçirýär. Bu goldaw bütin dünýäde
durnukly ösüşi üpjün etmek bilen bagly strategiýalary öz içine alýar.
Sergä
maliýe ugruna ýöriteleşen düzümler, şol sanda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk
ösüp barýan döwletler üçin tehnologiýa banky hem-de Aziýanyň infrastruktura
maýa goýum banky hem gatnaşýar. Mälim bolşy ýaly, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp
barýan ýurtlaryň ykdysadyýetiniň pudaklaryna maýa goýumlaryň çekilmegi olaryň
durnukly ösüşini üpjün etmek we dünýäniň ykdysady ulgamyna goşulyşmagy babatda
möhümdir. Şunuň bilen baglylykda, bu halkara maliýe düzümleri hem serginiň
myhmanlaryny özleriniň bu ugurdaky mümkinçilikleri, durmuşa geçiren taslamalary
we başlangyçlary bilen tanyşdyrdylar. Munuň özi ählumumy ösüşiň bähbidine
tagallalaryň birleşdirilýändiginiň aýdyň güwäsidir.
Birleşen
Milletler Guramasynyň we Bütindünýä Söwda Guramasynyň bilelikdäki agentligi
bolan Halkara söwda merkezi deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlary
goldamaga aýratyn üns berýär. Onuň maksady bu ýurtlaryň ählumumy söwda ulgamyna
doly goşulmagyna päsgel berýän geografik we infrastruktura päsgelçiliklerini
aradan aýyrmakdan ybaratdyr. Halkara söwda merkezi bu ugurda deňze çykalgasy
bolmadyk döwletleriň kiçi we orta kärhanalarynyň dünýä bazarlarynda ornuny
berkitmegi üçin tagallalary utgaşdyrýar.
Sergä
gatnaşýan halkara guramalaryň hatarynda Halkara telekommunikasiýa bileleşigi
(ITU), Ýewropa Bileleşiginiň «Global Gateway» taslamasy ýaly ulag-aragatnaşyk
ulgamyna ýöriteleşen düzümler hem bar. Ulag we telekommunikasiýa ulgamlary
DÇBÖBD-niň ösdürilmeginde möhüm orny eýeleýär, çünki olar dünýä ykdysadyýetine
goşulyşmak mümkinçiliginiň esasy kesgitleýji şertleriniň hataryndadyr. Deňze
göni çykalganyň bolmazlygy ulag we infrastruktura çykdajylarynyň artmagyna
getirýär. Şunuň bilen baglylykda, sergide bu ugurda uzak möhletleýin netije
berip biljek başlangyçlar beýan edildi.
Sergide
BMG-niň Senagat ösüşi boýunça guramasy hem durnukly senagat ösüşine
gönükdirilen başlangyçlary bilen tanyşdyrdy. Bu guramanyň ýöriteleşen ugry
durnukly infrastrukturany, inklýuziw we durnukly senagat ulgamyny döretmäge we
innowasiýalary ösdürmäge gönükdirilen 9-njy Durnukly ösüş maksady bilen
gönüden-göni baglanyşyklydyr. Onuň alyp barýan işleri bolsa DÇBÖBD-niň
ýüzbe-ýüz bolýan päsgelçiliklerini ýeňip geçmäge uly itergi berýär.
Şeýle
hem sergä BMG-niň düzüm birlikleri bilen bir hatarda, deňze çykalgasy bolmadyk
ösüp barýan döwletler we Merkezi Aziýa ýurtlary hem gatnaşýarlar. Olaryň sergi
bölümlerinde bu ýurtlaryň häzirki döwürde gazanýan üstünlikleri tanyşdyrylýar.
Ýörite gurnalan monitorda olaryň alyp barýan döwlet syýasaty, ykdysady kuwwaty,
maýa goýum we senagat mümkinçilikleri, medeniýeti, däp-dessurlary barada
giňişleýin maglumat berýän wideoşekiller görkezilýär. Munuň özi ýurtlaryň
arasyndaky dialogy has-da pugtalandyrmak, gatnaşyklaryň ileri tutulýan
ugurlaryny kesgitlemek, özara bähbitli täze hyzmatdaşlyklary ýola goýmak we
tejribe alyşmak üçin ajaýyp mümkinçilikleri döredýär. Eýran Yslam Respublikasy
we Türkiýe ýaly döwletleriň hem öz diwarlyklary bilen gatnaşmaklary bu serginiň
dürli ugurlarda netijeli gatnaşyklary ösdürmäge ýardam berýän möhüm çäre
hökmündäki ähmiýetini artdyrýar.
Serginiň
çäklerinde Türkmenistanyň bölümi aýratyn ünsi çekýär. Bu ýerde ýurdumyzyň
Garaşsyzlygy we Bitaraplygy barada gymmatly maglumatlar berilýär. Dünýä
bileleşiginiň mynasyp agzasy bolmak bilen, Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyz
syýasy-ykdysady we medeni ulgamlarda uly ösüşlere eýe boldy.
Ýurdumyzyň
sergi bölüminde durnukly ulag ulgamyny ösdürmek bilen baglanyşykly durmuşa
geçirilýän işler barada hem giňişleýin maglumatlar ýerleşdirilipdir. Bilşimiz
ýaly, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ulag-aragatnaşyk
strategiýasynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde, Türkmenistan sebit we yklym
ähmiýetli wajyp ulag-logistik merkez hökmünde eýeleýän ornuny barha
pugtalandyrýar.
Şunuň
bilen bir hatarda, häzirki döwürde ýurdumyzda aragatnaşyk ulgamyna täze
innowasion sanly tehnologiýalary we maglumat aragatnaşyk enjamlaryny
ornaşdyrmak işleri üstünlikli amala aşyrylýar. Bäsdeşlige ukyply häzirki zaman
aragatnaşyk hyzmatlarynyň hil taýdan täze derejesini döretmek we ilata
hödürlemek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Şunda Arkadag şäheriniň
aragatnaşyk we internet ulgamyna ýokary tizlikli 5G tehnologiýasynyň
ornaşdyrylandygyny bellemek gerek.
Serginiň
myhmanlary ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyna we mümkinçiliklerine, şeýle hem
DÇBÖBD-niň durnukly ösüşini üpjün etmekde tagallalary birleşdirmek ugrunda
eýeleýän ornuna, Awazada geçirilýän maslahatyň guramaçylyk derejesine ýokary
baha berdiler.
Şeýlelikde,
Awazadaky maslahatyň çäklerinde geçirilen sergi dialog, tejribe alyşmak,
ykdysady ösüş we deňsiz-taýsyz ösýän ýurtlaryň durnukly ösüşi üçin anyk ädimler
babatda esasy meýdançalaryň birini emele getirýär.
tdh.gov