07.10.2026
Düýn
— Hatyra güni Türkmenistanda 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalary,
şeýle hem Watan goragynda söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlar hasrat
bilen ýatlanyldy. Paýtagtymyzdaky «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda
geçirilen gül goýmak hatyra çäresine hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow gatnaşdy.
Öten-geçenleri
ýatlamak, edermen Watan goragçylaryny, tebigy betbagtçylykda pida bolanlary
hatyralamak däbi halkymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ynsanperwer
ýörelgeleriniň biridir. Bu asylly ýörelge Berkarar döwletiň täze eýýamynyň
Galkynyşy döwründe mynasyp dowam etdirilýär. Munuň özi ata-babalarymyzyň
gahrymançylykly ýoluny häzirki nesillere ýetirmekde, ýaşlary watançylyk ruhunda
terbiýelemekde möhüm ähmiýete eýedir. Hatyra gününde ýurdumyzyň ähli künjeginde
Watan gahrymanlarynyň ruhlarynyň şat bolmagy dileg edilip, aýat-töwir okalýar,
sadakalar berilýär. Biz bu gün pajygaly Aşgabat ýertitremesinde pida bolan
ildeşlerimizi, Watan ugrunda şehit bolan edermen goragçylary, şeýle hem 1941 —
1945-nji ýyllaryň urşunyň gahrymanlaryny hatyralaýarys. Şol agyr ýyllardan bäri
näçe wagt geçse-de, häzirki nesliň Watanyň edermen goragçylarynyň görkezen
gahrymançylygyna goýýan hormat-sarpasy belentdir. Çünki olar nesilleriň nurana
geljeginiň hatyrasyna öz janyny pida etdiler. Türkmen halkynyň taryhynda şeýle
ýowuz wakalar ençeme gezek bolup geçipdi. Mähriban topragymyza çäksiz söýginiň,
agzybirligiň, öz güýjüne ynamyň we durmuşy söýmegiň netijesinde, türkmen halky
agyr ýitgilere sezewar bolanda-da, kynçylyklary ýeňip geçmegi başarypdyr.
Paýtagtymyzyň günorta-günbatar böleginde ýerleşýän «Halk hakydasy»
ýadygärlikler toplumy milli gahrymanlarymyza çuňňur sarpanyň, halkymyzyň beýik
geçmişine hormatyň özboluşly nyşanydyr. Ir bilen ildeşlerimiz bu toplumyň «Ruhy
tagzym», «Milletiň ogullary», «Baky şöhrat» ýadygärliklerine gül desselerini
goýup, halkymyzyň gahrymanlaryny hatyraladylar.
...Hormatly
Prezidentimiziň awtoulagy ýadygärlikler toplumynyň öňündäki meýdança geldi. Bu
ýerde Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldi.
Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow bellenen
ýere barýar. Soňra Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar.
Gurban
bolan Watan goragçylary we tebigy betbagtçylykda ömür tanapy kesilenler
baradaky halk hasratynyň özboluşly senasyna öwrülen gamgyn «Keçpelek» sazy
ýaňlanýar.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesinde
gurban bolanlaryň ýagty ýadygärligini hatyralap, «Ruhy tagzym» ýadygärligine
gül çemenini goýdy.
Adamzadyň
taryhynda iň weýrançylykly ýertitremeleriň biri bolan 1948-nji ýylyň Aşgabat
ýertitremesi baradaky hasratly ýatlamalar halk hakydasynda baky ýaşaýar. Bu
tebigy betbagtçylyk gülläp ösýän şäheri hem-de onuň töwereklerini sähel
pursatda düýbünden weýran etdi, ildeşlerimiziň müňlerçesiniň ömür tanapyny
kesip, her bir maşgala öwezini dolup bolmajak ýitgileri getirdi. Şol aýylganç
gijede döwlet Baştutanymyzyň garry atasy, 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik
Watançylyk urşunyň söweş meýdanlarynda gahrymançylyk görkezen, ilhalar ynsan,
mugallym, tutuş ömrüni ýaşlary terbiýelemäge bagyşlan Berdimuhamet Annaýewiň
hem ömür tanapy kesildi. Aşgabat ýertitremesinde diri galanlar tutanýerliligiň,
gaýduwsyzlygyň, synmaz erkiň belent nusgasyny görkezdiler.
Türkmen
halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman
Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan şähergurluşyk maksatnamasynyň hormatly
Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen, Aşgabat
soňky ýyllarda dünýäniň iň owadan şäherleriniň birine, bagtyýar we abadan
durmuşyň mekanyna, sebitleýin we ählumumy hyzmatdaşlygyň merkezine, iri halkara
çäreleriň geçirilýän ýerine öwrüldi. Onuň täze keşbinde ata-babalarymyzyň
ýurdumyzyň ýagty geljegi, türkmen halkynyň bagtly ykbaly baradaky
arzuw-umytlary öz beýanyny tapýar. Paýtagtymyzyň ähli ulgamlarda gazanýan ägirt
uly üstünlikleri halkara giňişlikde hem giňden ykrar edilýär.
Döwrebap
ýaşaýyş jaýlarynyň, innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilen lukmançylyk
merkezleriniň, mekdepleriň we çagalar baglarynyň, sport toplumlarynyň,
medeni-durmuş maksatly desgalaryň yzygiderli gurulmagy ýurdumyzyň gülläp
ösüşiniň täze eýýamynyň nyşanydyr. Amala aşyrylýan özgertmeler Türkmenistanyň
ösüşine we rowaçlygyna, ilatymyzyň abadançylygyny berkitmäge, her bir
maşgalanyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Dürli
ýyllarda Aşgabat şäheri «Dizaýn» ugry boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim,
ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) döredijilik
şäherleriniň toruna, Syýahatçylyk şäherleriniň bütindünýä federasiýasynyň
agzalygyna kabul edildi. Şeýle hem GDA-nyň çäklerinde «Arkalaşygyň täze sport
mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edildi. Geçen ýyl ak mermerli
paýtagtymyzyň ÝUNESKO-nyň öwreniji şäherleriniň bütindünýä toruna girizilmegi
baş şäherimiziň iri ylym-bilim we medeni merkez hökmünde möhüm orun
eýeleýändigini görkezen nobatdaky şanly waka boldy.
Gözel
paýtagtymyzyň diplomatiýanyň hem-de bitaraplygyň sebit we halkara merkezi
hökmündäki abraýy-da barha artýar. Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň
Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň
ştab-kwartirasynyň ýerleşdirilmegi ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli,
dostlukly, hoşniýetli gatnaşyklara esaslanýan ýörelgelerini dabaralandyrýar.
...Soňra
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mähriban Watanymyzyň erkinligi,
onuň bagtyýar geljegi ugrundaky söweşlerde baş goýan gahrymanlaryň hatyrasyna
bina edilen «Milletiň ogullary» we «Baky şöhrat» ýadygärliklerine gül
çemenlerini goýdy. Türkmen topragynyň merdana ogullary baradaky synmaz
hakydanyň nyşany hökmünde «baky ot» ýanyp dur.
Ata-babalarymyzyň
görkezen gahrymançylygy ýurdumyzyň ýaş nesilleri üçin nusgalykdyr. Watanymyzyň
azatlygy ugrunda göreşen pederlerimiziň şöhraty halkymyzyň taryhyna altyn
harplar bilen ýazyldy. Ildeşlerimiziň müňlerçesi Beýik Watançylyk urşunyň söweş
meýdanlarynda mertligiň, harby borja wepalylygyň, eziz topragymyza çäksiz
söýginiň ajaýyp nusgasyny görkezdiler. Watanymyzy gorap, il-ýurduň azatlygy
ugrunda janyny gurban eden merdana gerçeklerimiziň, milli gahrymanlarymyzyň
aldym-berdimli söweşlerde görkezen edermenligi, batyrlygy, gaýduwsyzlygy,
gahrymançylygy ata Watany, il-halky söýmegiň beýik mekdebidir.
...Soňra
Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we
hukuk goraýjy edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, milli
parlamentiň deputatlary, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň hem-de
halkara guramalaryň ýolbaşçylary gül desselerini goýdular. Ýurdumyzyň daşary
döwletlerdäki diplomatik wekilhanalarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn
dolandyryş edaralarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, talyplar, paýtagtymyzyň ýaşaýjylary
hem olara goşuldylar.
Hakyda
halkyň ruhy dünýäsiniň aýrylmaz bölegidir. Ol nesilleriň arasyndaky
arabaglanyşyk bolup, durmuşa aýratyn, çuň many-mazmun berýär, geçmişe nazar
aýlap, geljege ynamly garamaga mümkinçilik açýar. Geçmiş taryhyny bilýän hem-de
oňa hormat goýýan jemgyýetde ruhubelentlik belende göterilýär. Ol milletiň
watansöýüjilik we döredijilik mümkinçiliklerini birleşdirmäge, durmuşa
geçirmäge ýardam edýär. Biziň hakydamyz, ýaşuly nesle bolan çäksiz hoşallygymyz
parahatçylygy pugtalandyrmaga, Garaşsyz türkmen döwletiniň okgunly ösmegine,
jemgyýetde belent ynsanperwer däpleri aýawly saklamaga gönükdirilen anyk
işlerde öz beýanyny tapýar.
Garaşsyzlyk
baýramynyň öňüsyrasynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde
hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzda gazanylýan
üstünlikler biziň her birimizde hakyky watançylyk duýgusyny, milli buýsanjy
döredýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň abraýyny belende
galdyrmak, Watanymyzy, halkymyzy söýmek hem-de guwanmak biziň her birimiziň
borjumyzdyr. Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy giňden
bellenilen şu ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly
at-myradyň mekany» ýyly diýlip atlandyrylmagy ata-babalarymyzyň dünýä beren
gymmatlyklarynyň, asylly ýörelgeleriniň berkarar Watanymyzyň döwletlilik
binýadyny emele getirýändigini aýdyň görkezýär. Ýurdumyz Garaşsyzlygynyň şanly
senesini söweşde we şatlykly günde goç ýigidiň wepaly hemrasy bolan bedewleriň
hormatyna guralan giň gerimli dabaralar bilen utgaşdyryp belledi.
Hormatly
Prezidentimiz ýurdumyzda Hatyra gününiň geçirilip, öten-geçenleriň
ýatlanylýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz öten-geçenleri hatyralap, gül
desseleriniň goýlandygyny belledi we berilýän sadakalaryň, doga-dilegleriň
kabul bolmagyny dileg etdi.
Hatyra
çäresi tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz ýygnananlar bilen mähirli
hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.
Hatyra
çäreleri, paýtagtymyzda bolşy ýaly, Arkadag şäherinde hem-de ýurdumyzyň ähli
welaýatlarynda geçirildi. Wepat bolanlaryň ruhuna aýat-töwirler okalyp,
sadakalar berildi.
«Halk
hakydasy» ýadygärlikler toplumynda geçirilen çäre beýik pederlerimiziň
däpleriniň mynasyp dowam etdirilýändiginiň, halkymyzyň ruhubelentligini belende
götermegiň hatyrasyna nesilleriň aýrylmaz arabaglanyşygynyň nobatdaky aýdyň
nyşanyna öwrüldi.