12.05.2026
Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de
welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny
geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan
işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Ilki
bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatda dowam
edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly,
bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Şunuň
bilen bir hatarda, tohumlyk bugdaýyň hasylyny ýygnap almak we talabalaýyk
saklamak üçin taýýarlyk işleri geçirilýär. Welaýatyň gowaça ekilen
meýdanlarynda gögeriş suwuny tutmak, kadaly gögeriş alnan ýerlerde hatarara
bejergi, ýekelemek, otag etmek işleri ýerine ýetirilýär. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny
has-da pugtalandyrmak boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek
maksady bilen, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda ýazlyk ekinlere ideg işleri
alnyp barylýar. Maldarçylyk hojalyklarynda dowarlardan owlak-guzy we düýelerden
köşek almak möwsümi guramaçylykly dowam edýär. Pile möwsüminiň çäklerinde
häzirki wagtda kärendeçiler tarapyndan ýüpek gurçugyna ideg etmek işleri
talabalaýyk alnyp barylýar. Şeýle hem häkim Oba milli maksatnamasyna
laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän
medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada
hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatyň ekerançylyk meýdanlaryndaky
möwsümleýin işlerde, hususan-da, gowaça we bugdaýa ideg işlerinde agrotehniki
kadalaryň berjaý edilmeginiň, galla oragy möwsümine talabalaýyk taýýarlyk
görmegiň möhümdigini belledi we häkime degişli tabşyryklary berdi. Döwlet
Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen
maksatnamalara laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň öz
wagtynda, ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Balkan
welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda dowam edýän oba hojalyk işleri
barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sebitiň bugdaý ekilen
meýdanlarynda ideg işleri tamamlaýjy tapgyrda dowam edip, tohumlyk bugdaýyň
hasylyny bildirilýän talaplara laýyklykda ýygnap almak, kabul ediljek hem-de
saklanyljak ýerlerini taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Gowaça
ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, ýekelemek we otag etmek işleri geçirilýär.
Welaýatyň ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarynda möwsümleýin
ideg işleri alnyp barylýar. Maldarçylyk hojalyklarynda dowarlardan owlak-guzy,
düýelerden köşek almak boýunça bellenen meýilnama üstünlikli berjaý edildi.
Pile möwsüminiň çäklerinde pileçi kärendeçiler tarapyndan ýüpek gurçuklaryna
ideg etmek işleri dowam edýär. Şeýle hem häkim şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga
berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky
gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli,
guramaçylykly geçirilmeginiň, bu işlerde kuwwatly oba hojalyk tehnikalaryndan
netijeli peýdalanmagyň, galla oragy möwsümine guramaçylykly taýýarlyk görmegiň
zerurdygyny belledi hem-de bu babatda häkime degişli tabşyryklary berdi. Döwlet
Baştutanymyz şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan
desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde
saklamagy tabşyrdy.
Daşoguz
welaýatynyň häkimi D.Babaýew welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada
hasabat berdi.
Hasabatda
bellenilişi ýaly, bugdaý ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna
laýyklykda ideg etmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Tohumlyk
bugdaýyň hasylyny ýygnap almak, talabalaýyk saklamak boýunça taýýarlyk işleri
dowam edýär. Welaýatda gowaça ekişi dowam edip, endigan gögeriş alnan
meýdanlarda hatarara bejergi, otag etmek, ýekelemek işleri geçirilýär. Ýazlyk
ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna
laýyklykda ideg etmek, suw tutmak işleri geçirilýär. Pile taýýarlamak boýunça
bellenen meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, şu günler
ýüpekçi kärendeçiler tarapyndan ýüpek gurçugyna ideg etmek işleri dowam edýär.
Häkim welaýatyň maldarçylyk hojalyklarynda dowarlardan owlak-guzy, düýelerden
köşek almak boýunça bellenen meýilnamanyň doly ýerine ýetirilendigini habar berdi.
Mundan başga-da, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça
maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi
meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk
işleriniň barşy barada hasabat berildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk ekinlerine, hususan-da, pagta,
bugdaý ýaly aýratyn ünsi talap edýän ekinlere ideg işleriniň agrotehnikanyň
kadalaryny berk berjaý etmek arkaly geçirilmeginiň, galla oragy möwsümine
taýýarlyk görmegiň zerurdygyny belledi we häkime birnäçe tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen
maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi
meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk
işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Lebap
welaýatynyň häkimi D.Genjiýew welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada
hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, sebitiň bugdaý ekilen meýdanlarynda ösüş suwuny
tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Ýetişdirilen tohumlyk bugdaýyň hasylyny ýygnap
almak we saklamak üçin galla kabul ediş nokatlary möwsüme doly taýýar edilip,
häzirki wagtda kombaýnlary, ýük awtoulaglaryny taýýarlamak işleri alnyp
barylýar. Gowaça ekilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan
ýerlerde hatarara bejergi, ýekelemek, otag etmek işleri ýerine ýetirilýär.
Sebitde ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinlerine ideg işleri dowam edýär. Welaýatyň
maldarçylyk hojalyklarynda dowarlardan owlak-guzy, düýelerden köşek almak
möwsümi üstünlikli geçirilip, häzirki wagtda ýaş mallara degişli ideg işleri
ýerine ýetirilýär. Pile möwsüminiň çäklerinde ýetişdirilen pile hasylyny
ýygnamak işleri alnyp barylýar. Şeýle hem häkim ýurdumyzy durmuş-ykdysady
taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp
ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly
desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin işleriň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi
we oba hojalyk ekinlerine ideg işleriniň ylmy taýdan esaslandyrylan kadalara
laýyklykda geçirilmegini, bugdaý oragy möwsümine talabalaýyk taýýarlyk
görülmegini üpjün etmegi häkime tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady
taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalarda bellenilen wezipeleriň üstünlikli
ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyny aýdyp, bu ugurda alnyp barylýan işleri
gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Mary
welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň
barşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, welaýatyň bugdaý ekilen
meýdanlarynda suw tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri dowam
edýär. Galla kabul ediş kärhanalaryny, elewatorlary, däne ýygýan kombaýnlary we
awtoulaglary galla oragy möwsümine taýýar etmek, tohumlyk bugdaýyň hasylyny
ýygnap almak, talabalaýyk saklamak boýunça degişli işler geçirilýär. Welaýatyň
gögeriş alnan gowaça meýdanlarynda hatarara bejergi, ýekelemek we otag etmek
işleri alnyp barylýar. Ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda
agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri ýerine ýetirilýär. Maldarçylyk
hojalyklarynda mallaryň baş sanyny we olardan alynýan önümleriň möçberini
artdyrmak babatda zerur işler alnyp barylýar. Pile möwsüminiň çäklerinde ýüpek
gurçugyna ideg etmek işleri tamamlaýjy tapgyrda dowam edýär. Mundan başga-da,
häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga
berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk
işleri barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda, hususan-da,
gowaça we bugdaý ekilen meýdanlarda dowam edýän möwsümleýin işleriň ýokary
hilli, guramaçylykly geçirilmeginiň, bu ugurda oba hojalyk tehnikalarynyň
netijeli işledilmeginiň, galla oragy möwsümine guramaçylykly taýýarlyk görmegiň
möhümdigini belledi hem-de häkime degişli tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet
Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara
laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan
desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde
saklamagy tabşyrdy.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewe söz berildi.
Wise-premýer hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň
hemaýat-goldawlary, döredýän giň mümkinçilikleri netijesinde şu ýylyň 9-10-njy
maýynda Özbegistanyň Daşkent şäherinde “Gündogaryň merjeni” ady bilen geçirilen
atly sport we gözellik bäsleşiklerinde ýurdumyzyň atşynaslarynyň behişdi ahalteke
bedewleri bilen üstünlikli çykyş edip, ýeňiji bolmaklary mynasybetli döwlet
Baştutanymyzy tüýs ýürekden gutlap, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman
Arkadagymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli
tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.
Soňra
wise-premýer ýurdumyzyň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada
hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, şu günler welaýatlaryň bugdaý ekilen
meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek işleri tamamlaýjy
tapgyrda alnyp barylýar. Galla oragy möwsümine taýýarlyk görülýär. Gowaça
ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, ýekelemek, otag etmek işleri alnyp
barylýar. Bu ugurda oba hojalyk tehnikalary netijeli işledilýär. Ýazlyk
ýeralma, gök-bakja ekinlerine ideg etmek, bu ekinleriň irki ýetişen hasylyny
ýygnap almak we ilata ýetirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Pile
möwsüminiň çäklerinde ýüpek gurçugyna ideg etmek hem-de ýetişdirilen pile
hasylyny ýygnamak işleri geçirilýär, maldarçylyk hojalyklarynda bolsa
owlak-guzy, köşek almak möwsümi dowam edýär.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetimizdäki
möhüm ornuna ünsi çekdi we gowaça hem-de bugdaý ekilen meýdanlarda alnyp
barylýan ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine
ýetirilmegini, galla oragy möwsümine guramaçylykly taýýarlyk görülmegini üpjün
etmegi wise-premýere tabşyrdy.
Soňra
döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki wagtda dowam
edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ähmiýetini ýene-de bir gezek belledi we
pile öndürmek, dowarlardan owlak-guzy, düýelerden köşek almak möwsümini
guramaçylykly geçirmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny
jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan
işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
tdh.gov