Düýn hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam
arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we
sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Ilki
bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatdaky
möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, sebitde
galla oragy guramaçylykly dowam edýär. Ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýitgisiz
ýygnap almak hem-de galla kabul ediş kärhanalarynda bökdençsiz kabul etmek
boýunça zerur çäreler görülýär. Önüm öndürijiler bilen tabşyrylan hasyl üçin
hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Bugdaý oragyndan boşan meýdanlarda sürüm
işleri geçirilýär. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, mineral dökünler
bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Ýazlyk ýeralma
we gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda ýetişdirilen hasyly ýygnap almak, bu
önümler bilen içerki bazarlarymyzy üpjün etmek boýunça degişli işler
geçirilýär. Şeýle hem häkim “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 —
2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna”, Oba milli
maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi
meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk
işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýetişdirilen bugdaý hasylynyň öz wagtynda
ýygnalyp alynmagynyň, gowaça meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň
kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmeginiň oba hojalyk önümçiliginde ýokary
netijeleri gazanmakda möhüm ähmiýete eýedigini belledi we bu babatda anyk
tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmek boýunça maksatnamalaryň çäklerinde welaýatda ýerine ýetirilýän işleri
hem gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra
Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradowa söz berildi. Ol welaýatyň gallaçy
babadaýhanlary tarapyndan 80 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylynyň ýygnalyp, bu
ugurdaky meýilnamanyň üstünlikli berjaý edilendigi baradaky hoş habary aýtdy
hem-de netijeli zähmet çekmäge döredilýän şertler üçin Gahryman Arkadagymyza we
hormatly Prezidentimize welaýatyň ýaşaýjylarynyň adyndan hoşallyk bildirdi.
Soňra
häkim welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat
berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýetişdirilen bugdaý hasylyny soňky
dänesine çenli ýygnap almak boýunça işler dowam edýär. Bugdaý öndürijiler bilen
tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek babatda zerur çäreler
görülýär. Orakdan boşan meýdanlary indiki ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça
degişli işler geçirilýär. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara
bejergi, ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri
ýerine ýetirilýär. Şunda oba hojalyk tehnikalary netijeli işledilýär.
Ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak,
bu önümler bilen içerki bazarlary üpjün etmek babatda-da zerur çäreler
görülýär. Şeýle-de häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady
taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl
welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk
işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, Balkan welaýatynyň gallaçy babadaýhanlaryny
şertnamalaýyn borçnamany üstünlikli berjaý etmekleri bilen gutlady we
meýdanlarda galan bugdaý hasylyny soňky dänesine çenli ýygnap almagyň
möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz welaýatyň ekerançylyk meýdanlaryndaky
möwsümleýin işleriň talabalaýyk alnyp barylmagyny gözegçilikde saklamagy
tabşyrdy. Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, sebitde şu
ýyl gurlup ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň
ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmek barada tabşyryklary berdi.
Daşoguz
welaýatynyň häkimi D.Babaýew welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada
hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, sebitde ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýygnap
almak, galla hasyly ýygnalan meýdanlarda sürüm işleri dowam edýär. Bugdaý
öndürijiler bilen döwlete tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklar öz wagtynda
geçirilýär. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen
iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Bu işlerde oba hojalyk
tehnikalary netijeli işledilýär. Ýazlyk ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň
hasylyny ýygnap almak işleri-de ýerine ýetirilýär. Welaýatyň şaly ekilen
meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, mineral dökünler
bilen iýmitlendirmek işleri dowam edýär. Şeýle-de häkim «Türkmenistanyň
Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmegiň Maksatnamasyna”, «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň,
şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň
ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin
Milli maksatnamasyna» laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi
göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk
işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalygynda dowam edýän jogapkärli möwsüme
ünsi çekdi hem-de welaýatda ýetişdirilen galla hasylyny öz wagtynda, ýitgisiz
ýygnap almagyň, gowaça ideg işleriniň talabalaýyk geçirilmeginiň möhümdigini
belledi we häkime bu babatda birnäçe görkezmeleri berdi. Şeýle hem döwlet
Baştutanymyz ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu
ýylda meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde
saklamagy tabşyrdy.
Lebap
welaýatynyň häkimi M.Annanepesow welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri
barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, welaýatda galla oragy dowam edýär.
Ýetişdirilen hasyly ýitgisiz ýygnap almak üçin zerur çäreler görülýär. Bugdaý
oragyndan boşan meýdanlarda sürüm işleri ýerine ýetirilýär. Bugdaý öndürijiler
bilen tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Gowaça ekilen
meýdanlarda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş
suwuny tutmak işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylýar.
Ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda ideg işleri bilen
birlikde, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri utgaşykly geçirilýär.
Welaýatda şaly ekişi dowam edip, ekiş geçirilen meýdanlarda agrotehniki çäreler
ýerine ýetirilýär. Şeýle-de häkim “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022
— 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna”, Oba
milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi
meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk
işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, oba hojalygynda dowam edýän agrotehniki çäreleriň
möhüm ähmiýetine ünsi çekdi hem-de welaýatda galla oragynyň depginini
güýçlendirmek, gowaça meýdanlaryndaky ideg işlerini agrotehnikanyň kadalaryna
laýyklykda ýerine ýetirmek, şunda oba hojalyk tehnikalaryny doly güýjünde
işletmek babatda häkime birnäçe görkezmeleri berdi. Şeýle hem hormatly
Prezidentimiz welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen
desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde
saklamagy tabşyrdy.
Mary
welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk
işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, sebitde ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýygnap almak, bu ugurda oba hojalyk
tehnikalaryny, galla kabul ediş kärhanalaryny doly güýjünde işletmek, önüm
öndürijiler bilen tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek
boýunça zerur çäreler görülýär. Bugdaý oragyndan boşan meýdanlarda sürüm işleri
ýerine ýetirilýär. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, mineral dökünler
bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri talabalaýyk alnyp barylýar.
Şunuň bilen birlikde, welaýatda ýazlyk ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň
ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak, bu önümleri ilata ýetirmek babatda zerur
çäreler görülýär. Gant şugundyrynyň ekişi hem dowam edýär. Ekiş geçirilen
meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Şeýle-de häkim
ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna,
Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi
meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk
işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýetişdirilen bugdaý hasylynyň ýitgisiz ýygnalyp
alynmagyny, galla oragynyň depgininiň güýçlendirilmegini, gowaça
meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde we talabalaýyk
geçirilmegini esasy wezipeleriň hatarynda belledi hem-de häkime birnäçe anyk tabşyryklary
berdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge
gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga
berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky
gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy hem
tabşyrdy.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň oba
hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, Diýarymyzyň ak ekin meýdanlarynda ösdürilip ýetişdirilen hasyly ýygnap
almak işleri dowam edýär. Galla oragynda oba hojalyk tehnikalarynyň netijeli
işledilmegine aýratyn üns berilýär. Ýygnalan hasyl galla kabul ediş
kärhanalarynda bökdençsiz kabul edilýär. Döwlete tabşyrylan hasyl üçin bugdaý
öndürijiler bilen hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek boýunça zerur çäreler
görülýär. Bugdaý oragyndan boşan meýdanlary indiki ekiş möwsümine taýýarlamak
üçin degişli işler geçirilýär. Welaýatlaryň gowaça ekilen meýdanlarynda ideg
işleri dowam edýär. Daşoguz welaýatynyň şaly ekilen meýdanlarynda ideg işleri,
Lebap welaýatynda şalynyň, Mary welaýatynda bolsa gant şugundyrynyň ekişi dowam
edýär. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak barada öňde goýlan
wezipelerden ugur alnyp, sebitlerde ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň
ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak we ilata ýetirmek boýunça işler alnyp
barylýar.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny yzygiderli ösdürmek,
önümçilikde ýokary görkezijileri gazanmak üçin toplumlaýyn çäreleriň
görülmeginiň zerurdygyny belledi we wise-premýere ýurdumyzyň ekerançylyk
meýdanlarynda dowam edýän agrotehniki çäreleriň, hususan-da, galla oragynyň
talabalaýyk, guramaçylykly geçirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra
döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, galla oragynyň batly
depginde alnyp barylýandygyny nygtady we bugdaý hasylyny soňky dänesine çenli
ýygnap almak üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Şeýle hem hormatly
Prezidentimiz oba hojalyk pudagynyň öňünde durýan möhüm wezipelere ýene-de bir
gezek ünsi çekip, ekinlere ideg etmekden başlap, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak
işlerine çenli oba hojalyk önümçiliginiň ähli tapgyrlarynda işleriň ýokary
hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny
jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan
işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
tdh.gov