08.09.2026
Düýn
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş
maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp
barylýan möwsümleýin işler bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp
maslahatlaşyldy.
Ilki
bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatda dowam
edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sebitde pagta ýygymyna başlamak boýunça
geçiriljek dabaraly çärelere taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Welaýatda bugdaý
ekişine guramaçylykly girişilip, bu jogapkärli möwsümi agrotehnikanyň
talaplaryna laýyklykda geçirmek üçin degişli çäreler görülýär. Ekişde oba
hojalyk tehnikalary doly güýjünde işledilip, bugdaý öndürijileri ýokary hilli
tohum bilen doly üpjün etmek babatda degişli işler dowam edýär. Güýzlük
ýeralma, gök-bakja, beýleki oba hojalyk ekinleri ekilen meýdanlarda
agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri geçirilýär. Şeýle-de häkim
ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli welaýatda açylyp
ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly
desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmegiň,
pagta ýygymyna guramaçylykly girişmegiň zerurdygyny belledi we bu babatda
häkime anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň
şanly baýramy mynasybetli welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde
tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň bellenen möhletlerde
ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Balkan
welaýatynyň häkimi R.Jumaýew welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk
işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, sebitde pagta ýygymy möwsümine
başlamak boýunça geçiriljek çärelere taýýarlyk işleri ýerine ýetirildi. Şunuň
bilen birlikde, welaýatda bugdaý ekişi dowam edip, bu işlerde oba hojalyk
tehnikalaryndan netijeli peýdalanmak, gallaçy daýhanlary ýokary hilli bugdaý
tohumy bilen üpjün etmek üçin zerur çäreler görülýär. Hormatly Prezidentimiziň
ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak barada berýän
tabşyryklaryndan ugur alnyp, häzirki wagtda welaýatyň güýzlük ýeralma,
gök-bakja, beýleki azyklyk ekinler ekilen ekerançylyk meýdanlarynda ideg işleri
geçirilýär.
Häkim
ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli welaýatda açylyp
ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly
desgalardaky gurluşyk işleri barada-da hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm
ähmiýetine ünsi çekdi we bugdaý ekişini ýokary hilli, guramaçylykly geçirmek,
ýetişdirilen pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almak üçin ähli zerur çäreleriň
görülmelidigini aýtdy hem-de häkime degişli tabşyryklary berdi. Döwlet
Baştutanymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly baýramy mynasybetli welaýatda
açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň
ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Iş
maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýewiň welaýatdaky möwsümleýin oba
hojalyk işleriniň barşy baradaky hasabaty bilen dowam etdi.
Hasabatda
bellenilişi ýaly, welaýatda pagta arassalaýjy kärhanalar, kabul ediş
harmanhanalary, kombaýnlar, pagta daşamakda ulanyljak awtoulaglar möwsüme
taýýar edilip, häzirki wagtda pagta ýygymyna dabaraly ýagdaýda başlamak boýunça
geçiriljek çärelere taýýarlyk görülýär. Sebitde bugdaý ekişine girişilip, ekiş
möwsümini agrotehniki kadalara laýyklykda ýokary hilli geçirmek üçin zerur
çäreler görülýär. Ekişde oba hojalyk tehnikalary doly güýjünde işledilip,
bugdaý öndürijiler ýokary hilli tohum bilen üpjün edilýär. Welaýatyň güýzlük
gök-bakja, şaly we beýleki oba hojalyk ekinleri ekilen meýdanlarynda degişli ideg
işleri geçirilýär. Şeýle-de häkim ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek
boýunça maksatnamalara laýyklykda şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi
meýilleşdirilen desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda ýurdumyzyň oba hojalygynda dowam
edýän möwsümleýin işleriň ýokary hilli we öz wagtynda geçirilmeginiň zerur
talap bolup durýandygyny belledi hem-de bu ugurda alnyp barylýan işleri
gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz şu ýyl welaýatda açylyp
ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan dürli maksatly desgalardaky gurluşyk
işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmek babatda anyk
görkezmeleri berdi.
Soňra
Lebap welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradowa söz berildi. Ol, ilki bilen, Seýitnazar
Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumyny
açyp berendigi üçin hormatly Prezidentimize welaýatyň ähli ýaşaýjylarynyň
adyndan hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak
bolmagyny, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini
arzuw etdi.
Soňra
häkim welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat
berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda gowaça meýdanlarynda ýetişdirilen pagta
hasylyny ýygnamaga başlamak boýunça dabaraly çärä taýýarlyk işleri alnyp
barylýar. Welaýatda geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişine guramaçylykly
girişilip, ekişde oba hojalyk tehnikalary doly güýjünde işledilýär, önüm
öndürijiler ýokary hilli tohum bilen üpjün edilýär. Hormatly Prezidentimiziň
ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak, gök-bakja önümleriniň
öndürilýän möçberini artdyrmak barada berýän tabşyryklaryndan ugur alnyp,
welaýatyň güýzlük ýeralma, gök-bakja, şaly we beýleki oba hojalyk ekinleri
ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri alnyp
barylýar. Mundan başga-da, häkim ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly baýramy
mynasybetli welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş
we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat
berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, bugdaý ekişini öz wagtynda we talabalaýyk
geçirmek, pagta ýygymyna guramaçylykly girişmek üçin ähli zerur çäreleriň
görülmelidigini belledi hem-de bu babatda häkime degişli görkezmeleri berdi.
Döwlet Baştutanymyz Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli welaýatda
açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalardaky gurluşyk
işleriniň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Mary
welaýatynyň häkimi B.Orazgylyjow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk
işleriniň barşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, şu günler welaýatda
pagta ýygymyna başlamak boýunça dabaraly çärelere taýýarlyk işleri alnyp
barylýar. Sebitde bugdaý ekişine girişilip, ekiş möwsümini bellenen möhletde
ýokary hilli geçirmek, ekişde ulanylýan oba hojalyk tehnikalaryny doly güýjünde
işletmek, bugdaý öndürijileri ýokary hilli tohum bilen üpjün etmek babatda
zerur çäreler görülýär. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda azyklyk oba hojalyk
ekinleriniň öndürilýän möçberini yzygiderli artdyrmak baradaky tabşyryklaryna
laýyklykda, welaýatda güýzlük ýeralma, gant şugundyry we beýleki oba hojalyk
ekinleri ekilen meýdanlarda ideg işleri ýerine ýetirilýär. Şeýle-de häkim
ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli welaýatda açylyp
ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly
desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, şu günler dowam edýän oba hojalyk işleriniň
guramaçylykly, öz wagtynda ýerine ýetirilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi we
bugdaý ekişiniň bellenen agrotehniki möhletlerde geçirilmegini, pagta ýygymy
möwsümine doly taýýarlykly girişilmegini üpjün etmek üçin ähli zerur çäreleri
görmegi tabşyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň
şanly baýramy mynasybetli welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen
dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini
gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda dowam
edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Bellenilişi
ýaly, hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen, welaýatlarda şu ýylyň
9-njy sentýabrynda pagta ýygymyna başlamak boýunça degişli taýýarlyk işleri
alnyp barylýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda bugdaý
ekişi dowam edip, bu jogapkärli möwsümi bellenen möhletlerde we talabalaýyk
geçirmek maksady bilen, oba hojalyk tehnikalaryny doly güýjünde, netijeli
işletmek, önüm öndürijileri ýokary hilli bugdaý tohumy bilen üpjün etmek
boýunça zerur çäreler görülýär.
Welaýatlarda
güýzlük ekilen azyklyk ekinlere ideg etmek işleri alnyp barylýar. Daşoguz,
Lebap welaýatlarynyň şaly ekilen meýdanlarynda ideg işleri, Mary welaýatynyň gant
şugundyry ekilen ýerlerinde bolsa hatarara bejergi, mineral dökünler bilen
iýmitlendirmek hem-de ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetimizdäki
möhüm ornuna ünsi çekdi hem-de möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary
guramaçylykly geçirilmeginiň zerurdygyny belläp, wise-premýere bu ugurda alnyp
barylýan işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Döwlet
Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, welaýatlarda pagta ýygymyna
başlamak boýunça geçiriljek çärelere gowy taýýarlyk görmegiň, bugdaý ekişiniň
agrotehniki kadalara laýyklykda, ýokary hilli geçirilmeginiň, bugdaý ekişinde
oba hojalyk tehnikalaryny we ekiji gurallary doly güýjünde, netijeli
işletmegiň, bugdaý öndürijileri ýokary hilli tohum bilen üpjün etmegiň, gowaça
meýdanlarynda zyýan berijileriň ýüze çykmagynyň öňüni almak boýunça işleri
talabalaýyk geçirmegiň wajypdygyny nygtady. Arkadagly Gahryman Serdarymyz
ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işlere
ünsi çekip, welaýatlarda güýzlük ýeralma, gök we beýleki oba hojalyk ekinlerine
ideg etmek işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmegini,
Daşoguz we Lebap welaýatlarynda şala ideg etmek işleriniň talabalaýyk alnyp barylmagyny,
Mary welaýatynda bolsa gant şugundyryna ideg etmek işleriniň bellenen
möhletlerde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Hormatly
Prezidentimiz welaýatlarda bugdaý hem-de pagta öndürijiler bilen hyzmat ediji
edara-kärhanalaryň arasynda ýerine ýetirilen işler boýunça hasaplaşyklary
wagtynda geçirmek, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli
açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly
desgalarda gurluşyk işleriniň alnyp barlyşyny berk gözegçilikde saklamak
babatda degişli tabşyryklary berdi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara
berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri
arzuw etdi.
tdh.gov