20.08.2026
Şu gün hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Täjigistan Respublikasynyň
daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddini kabul etdi.
Myhman duşuşmaga döredilen
mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Täjigistanda Türkmenistan
bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berilýändigini belledi
hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali
Rahmonyň hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli
salamyny ýetirdi. Şeýle-de Sirojiddin Muhriddin Türkmenistan bilen özara
hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň Täjigistanyň daşary syýasatynyň ileri
tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz
dostlukly ýurduň daşary işler ministrine hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk
bildirip, Täjigistan Respublikasynyň Prezidentine iň gowy arzuwlaryny beýan
etdi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň Daşary
işler ministrlikleriniň arasyndaky nobatdaky geňeşmeleriň üstünlikli geçirilmegini
arzuw edip, bu duşuşyklaryň taryhy köklere, dostluga, özara hormat goýmaga
esaslanýan türkmen-täjik strategik hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny
giňeltmäge hem-de iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky
gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdi.
Ýurtlarymyz ikitaraplaýyn
görnüşde bolşy ýaly, köptaraplaýyn formatlaryň çäklerinde hem hyzmatdaşlygy
yzygiderli ösdürýärler. Birleşen Milletler Guramasynyň, Garaşsyz Döwletleriň
Arkalaşygynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we beýleki halkara
guramalaryň, «Merkezi Aziýa +» formatynyň çäklerinde ählumumy parahatçylygy,
durnuklylygy, abadançylygy pugtalandyrmak boýunça başlangyçlaryň özara
goldanylmagy munuň aýdyň mysalydyr. Hormatly Prezidentimiz şu ýyl
Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň çäklerinde «Awaza» milli syýahatçylyk
zolagynda Arkalaşygyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň,
şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet
Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigini
aýtdy. Munuň özi sebitde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam berer.
Bellenilişi ýaly, iki
dostlukly ýurduň arasyndaky gatnaşyklarda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyga möhüm
orun degişlidir. Şunda Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça
bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara topary aýratyn orny eýeleýär. Döwlet
Baştutanymyz häzirki wagtda söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek üçin täze
mümkinçilikleriň açylýandygyny aýdyp, energetika, ulag we oba hojalygy pudaklarynda
hyzmatdaşlygyň uly geljeginiň bardygyna ünsi çekdi.
Medeni-ynsanperwer ulgam hem
ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolmagynda galýar. Iki ýurduň
halklaryny köpasyrlyk dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary,
taryhy-medeni, ruhy gymmatlyklaryň umumylygy birleşdirýär. Şunuň bilen
baglylykda, bu gatnaşyklaryň geljekde hem özara medeni çäreleri guramak arkaly
işjeň ösdüriljekdigi nygtaldy.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Täjigistan Respublikasynyň daşary
işler ministri Sirojiddin Muhriddin dostlukly gatnaşyklaryň iki halkyň
bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy
arzuwlaryny beýan etdiler.
* * *
Şu gün ýurdumyzyň daşary
syýasat edarasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Täjigistan
Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda syýasy geňeşmeler
geçirildi. Onuň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meseleleriniň giň toplumy
babatda pikir alşyldy. Şunda taraplar syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň guralyny
mundan beýläk-de kämilleşdirmäge aýratyn ünsi çekdiler. Geňeşmeleriň netijeleri
boýunça taraplar türkmen-täjik gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmak maksady
bilen, netijeli dialogy dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.
Soňra Türkmenistanyň Daşary
işler ministrligi bilen Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň
arasynda 2027-2028-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekmek
dabarasy geçirildi.
tdh.gov