21.08.2026
Şu gün hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyzyň günorta künjeginde gurluşygy tamamlaýjy
tapgyrda alnyp barylýan Halkara pediatriýa merkeziniň desgalar toplumynda alnyp
barylýan işler bilen tanyşdy. Munuň özi ýurdumyzda ynsan saglygynyň berkidilmegi,
aýratyn-da, çagalaryň saglygy we olaryň sazlaşykly ösüşi bilen baglanyşykly
meseleleriň döwletimiziň hemişelik üns merkezinde saklanýandygynyň aýdyň
güwäsidir.
Diýarymyzda saglygy goraýyş
ulgamynyň ösdürilmegi, ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň görnüşleriniň
artdyrylmagy we hiliniň ýokarlandyrylmagy, şunda ösüp gelýän ýaş nesilleriň
sagdynlygynyň üpjün edilmegi möhüm wezipeleriň hatarynda durýar. Bu bolsa
lukman Arkadagymyzyň saglygy goraýyş ulgamynda ýaýbaňlandyran giň möçberli
özgertmeleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli
durmuşa geçirilýändigini görkezýär.
...Hormatly Prezidentimiz
paýtagtymyzda Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda gurluşygyna badalga berlen
Halkara pediatriýa merkeziniň binalar toplumynyň ýanyna geldi. Saglygy goraýyş
we derman senagaty ministri M.Gaýypow Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň
düzümine girýän Halkara pediatriýa merkezinde alnyp barylýan işler, merkeziň
bölümleriniň enjamlaşdyrylyş derejesi, binalaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşy
barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz mukaddes
Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş
we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramçylygynda açylmagy meýilleşdirilýän
Halkara pediatriýa merkeziniň binalar toplumynyň gurluşyk işlerini synlap, bu
ýerde görkezilen taslamalar, binanyň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary hem-de
merkeziň otaglarynyň enjamlaşdyrylyşy bilen tanyşdy. Taslamalaryň hatarynda
pediatriýa merkeziniň baş meýilnamasy, umumy görnüşi, merkeziň otaglarynda
oturdylan enjamlaryň görnüşleri, kliniki barlaghanalar, operasiýa we ýatymlaýyn
otaglaryň görnüşleri, mejlisler zaly, çagalar üçin niýetlenen oýun meýdançasy,
ugurdaş desgalar bar. Aýratyn-da, bölümlerde oturdylýan enjamlaryň görnüşleri şekil
taslamalarynda möhüm orny eýeleýär.
Hormatly Prezidentimiz merkeziň çagalar üçin niýetlenendigini nazara alyp, onuň binalarynda ösüp gelýän ýaş nesilleriň dünýäsine mahsus şertleriň döredilmelidigini belledi we taslamalar babatda birnäçe belliklerini aýdyp, degişli düzedişleri girizdi. Häzirki döwürde halkara ülňülere doly laýyk gelýän lukmançylyk edaralarynyň gurulmagyna we olaryň ýokary derejede enjamlaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýändigini nygtap, döwlet Baştutanymyz bu işlerde halkara tejribä, häzirki zaman ylmynyň gazananlaryna esaslanmak babatda birnäçe tabşyryklary berdi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz
Halkara pediatriýa merkeziniň desgalarynyň gurluşygy, olaryň ýanaşyk ýerleriniň
abadanlaşdyrylyşy, binalaryň bezeg aýratynlyklary, enjamlaşdyrylyşy barada
maglumat berýän taslamalar we çyzgylar bilen içgin tanşyp, merkeziň otaglarynyň
sanlylaşdyrylmagyna zerur üns berilmelidigini belledi. Merkez 5 gatdan ybarat
bolup, ol 3 ýaşdan ýokary bolan çagalara lukmançylyk hyzmatlaryny bermäge
niýetlenendir. Onda ýola goýuljak lukmançylyk hyzmatlaryny dünýäniň öňdebaryjy
klinikalary bilen hyzmatdaşlykda amala aşyrmak meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda
hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ýurdumyzyň durmuşynyň ähli
ulgamlarynda, şol sanda saglygy goraýyşda uly üstünlikler gazanylýar.
Taslamalar bilen tanyşlygyň
barşynda döwlet Baştutanymyz täze gurulýan merkeziň işiniň maslahat beriş,
anyklaýyş-bejeriş derejesiniň ýokary bolmalydygyny belläp, bu ýerde işlejek
lukmanlaryň hünär derejesini kämilleşdirmek, lukmançylyk hyzmatlarynda emeli
aňyň mümkinçiliklerini we sanly tehnologiýalary işjeň ulanmak meselelerine
möhüm ähmiýet berilmelidigine ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz saglygy
goraýyş ulgamynda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň “Saglyk” Döwlet maksatnamasynda
göz öňünde tutulandygyny nygtap, olaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegine örän
jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini aýtdy.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz
Halkara pediatriýa merkeziniň şekil taslamalary we çyzgylary bilen tanyşlykdan
soňra, onuň maslahat beriş, anyklaýyş, bejeriş, ýatymlaýyn otaglary bilen içgin
tanyşdy. Merkeziň maslahat beriş otagynda çagalaryň dünýäsini baýlaşdyrjak
dürli bezegler bolup, olaryň körpelerde uly gyzyklanma döretjekdigi bellenildi.
Anyklaýyş bölüminde birnäçe ugurlar bolup, olar funksional hem-de şöhle bilen
anyklaýyş ýaly ugurlary öz içine alýar. Şeýle-de bu ýerde endoskopiýa
barlaglaryny geçirmek üçin dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň häzirki
zaman enjamlary ornaşdyryldy. Munuň özi emeli aňyň üsti bilen maglumatlary tiz
we anyk kabul etmäge şert döreder. Döwlet Baştutanymyz ähli ugurlarda bolşy
ýaly, saglygy goraýyş ulgamynda, şol sanda çagalaryň saglygyny dikeltmekde
emeli aňyň mümkinçiliklerinden we sanly tehnologiýalardan netijeli
peýdalanylmalydygyna ünsi çekip, merkeziň otaglarynda gurnalan enjamlaryň
netijeli, uzak möhletleýin esasda ulanylmagy babatda anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz bejeriş
bölüminiň özboluşly aýratynlyklary bilen hem tanyşdy. Bu ýerde çagalaryň
saglygyny dikeltmek, degişli bejeriş işlerini ýerine ýetirmek, operasiýalary
geçirmek üçin ähli zerur şertler bar. Bölümde sanly rentgen, intensiw bejeriş
otaglary bolup, olar häzirki zamanyň ösen tejribelerine laýyklykda
enjamlaşdyrylypdyr. Şeýle hem bu ýerde sanly ulgamyň kömegi bilen dürli
şekiller görkezilýär. Bu bolsa çagalaryň saglygyny dikeldýän pursatlarynda
olaryň ünsüni sowmaga, bejergi işlerini rahat hem-de amatly ýagdaýda geçirmäge
mümkinçilik berýär. Bu bölümde ulanyljak enjamlar emeli aň tehnologiýasy arkaly
maglumatlary takyk we tiz almaga, anyk çözgüdi dessin kabul etmäge şert
döredýär. Şeýle-de bu enjamlaryň bejerijilik häsiýetiniň ýokarydygyny aýratyn
bellemeli. Sebitde iň täze hasaplanýan enjamlaryň netijeli ulanylmagy üçin
bölümde işlejek öz işine ussat lukmanlaryň seçilip alynmagy möhümdir. Bejeriş
bölüminde oturdylan monitorlarda otagyň howa derejesiniň kadaly saklanmagyny
üpjün edýän maglumatlar görkezilip, ol otaglarda islendik wagtda kada laýyk
howanyň saklanmagynda wajyp ähmiýete eýedir.
Operasiýa bölüminde gurnalan
monitorda ähli bölümler bilen onlaýn aragatnaşyk ýola goýulýar. Ýurdumyzyň
saglygy goraýyş we derman senagaty ministri bu bölümde wideoaragatnaşyk arkaly
beýleki degişli bölümlerden zerur maglumatlary almak mümkinçiliginiň
döredilendigini belläp, onlaýn aragatnaşygyň zerur maglumatlary dessin we
ýokary hilli almaga mümkinçilik berýändigini, munuň bolsa operasiýalary şowly
geçirmekde ähmiýetlidigini aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz merkeziň
bölümlerinde ýerine ýetiriljek bejeriş işleriniň elektron maglumatlaryny
saklamak meselelerine aýratyn üns bermegi tabşyrdy. Munuň özi geçirilen
bejergileriň taryhy bilen islendik döwürde sanly ulgam arkaly tanyşmak
mümkinçiligini üpjün eder. Bu bolsa lukmanlaryň degişli ugurlar boýunça tejribe
toplamaklarynda ähmiýetlidir.
Merkeziň operasiýadan soňky
dikeldiş işlerini geçirmäge niýetlenen bölüminde-de ähli zerur şertler
döredilipdir. Onda aýratynlykda gözegçilik etmek hem-de ýokanç keselleriň
ýaýramazlygy üçin talabalaýyk şertler göz öňünde tutulan.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz
merkeziň bölümlerinde alnyp barylýan işleriň ýokary hil derejesinde we anyk
netijäni nazarlaýan görnüşde geçirilmegi bilen bir hatarda, arassaçylyk
ýagdaýyna-da möhüm üns bermegi tabşyrdy. Bölümleriň arassaçylygy, olarda howa
çalşygynyň üpjün edilmegi saglygy goraýyş işgärlerine bildirilýän esasy
talaplaryň biri bolup durýar.
Soňra hormatly Prezidentimiz
merkeziň ýatymlaýyn otaglary bilen tanyşdy. Bölümiň otaglarynda ýatymlaýyn
bejergi alýan çagalar üçin ýokary derejeli mümkinçilikler üpjün edilipdir.
Otaglaryň arassalygy, olarda sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy çagalar üçin
ähli amatlyklaryň elýeterli bolmagyny şertlendirýär. Mundan başga-da, çagalara
niýetlenen oýun meýdançasy bolup, ol ýerde körpeleriň dürli oýunlary oýnap
bilmekleri babatda degişli şertler bar.
Hormatly Prezidentimiz Halkara
pediatriýa merkeziniň bölümleriniň enjamlaryny uzak möhletleýin esasda ulanmak
maksady bilen, olary rejeli peýdalanmak işlerine örän jogapkärçilikli
çemeleşilmelidigini ýene-de bir gezek belledi. Şol bir wagtyň özünde,
lukmanlaryň dünýäniň ösen tejribesini, ylmyň soňky gazananlaryny işjeň
özleşdirmekleri ugrunda ähli zerur işler ýerine ýetirilmelidir. Bu barada anyk
tabşyryklary berip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz binanyň daşyna çykdy we
gurluşyk işlerini ýokary hilli hem-de öz wagtynda tamamlamagy tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz merkeziň
açylyş dabarasyna ýokary derejede taýýarlyk görmekde we kesgitlenen wezipeleri
abraý bilen ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.
tdh.gov