Düýn hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam
arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we
sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Ilki
bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatdaky
möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda sebitde galla oragy dowam edip, ýetişdirilen hasyly çalt
we ýitgisiz ýygnap almak, galla kabul ediş kärhanalarynda bökdençsiz kabul
etmek boýunça zerur çäreler görülýär. Bu işlerde oba hojalyk tehnikalary doly
güýjünde işledilýär. Önüm öndürijiler bilen tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklar
öz wagtynda geçirilýär. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi,
mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine
ýetirilýär. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak maksady bilen,
welaýatyň ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekilen meýdanlarynda ýetişdirilen hasyly
ýygnap almak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şeýle hem häkim
“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady
taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna”, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl
welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik
maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, galla oragynyň talabalaýyk geçirilmegini,
welaýatyň gowaça meýdanlaryndaky ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna
laýyklykda ýerine ýetirilmegini ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda belledi we
bu babatda anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalaryň çäklerinde welaýatda
ýerine ýetirilýän işleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Balkan
welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk
işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, sebitde bugdaý oragyna girişilip, möwsümde däne ýygýan kombaýnlar,
awtoulaglar we galla kabul ediş kärhanalary doly güýjünde işledilýär. Bugdaý
öndürijiler bilen tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek
boýunça zerur çäreler görülýär. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi,
ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri ýerine
ýetirilýär. Bu ugurda oba hojalyk tehnikalary netijeli işledilýär. Ýurdumyzda azyk
bolçulygyny has-da pugtalandyrmak boýunça öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp,
ýeralmanyň we beýleki gök-bakja ekinleriniň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak
işleri ýerine ýetirilýär. Şeýle-de häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna
laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän
desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin işleriň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi
we galla oragyna gatnaşýan ähli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek, gowaça
meýdanlaryndaky ideg işlerini agrotehniki kadalary berk berjaý etmek arkaly
geçirmek babatda degişli görkezmeleri berdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady
taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, welaýatda şu ýyl gurlup
ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary
hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegi üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Daşoguz
welaýatynyň häkimi D.Babaýew welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk
işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, sebitde galla oragy guramaçylykly dowam edýär. Ýetişdirilen hasyly gysga
wagtda, ýitgisiz ýygnap almak üçin zerur çäreler görülýär. Bugdaý öndürijiler
bilen döwlete tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär.
Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, otag etmek, mineral
dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri agrotehnikanyň
kadalaryna laýyklykda dowam etdirilýär. Ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri
ekilen meýdanlarda ideg işleri ýerine ýetirilýär. Şeýle hem häkim
«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna”, «Türkmenistanyň Prezidentiniň
obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň
ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin
Milli maksatnamasyna» laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi
göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk
işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, daýhan yhlasy bilen ýetişdirilen galla hasylyny
öz wagtynda, ýitgisiz ýygnap almagyň, gowaça ideg işleriniň agrotehnikanyň
kadalaryna laýyklykda geçirilmeginiň zerur talap bolup durýandygyny belledi
hem-de häkime bu ugurda alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Mundan başga-da, ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu
ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmek
babatda degişli tabşyryklar berildi.
Lebap
welaýatynyň häkimi M.Annanepesow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk
işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, sebitde ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýygnap almak işleri dowam edýär. Möwsümde oba hojalyk tehnikalary, galla kabul ediş kärhanalary bökdençsiz işledilýär. Bugdaý oragyndan boşan meýdanlarda sürüm işleri geçirilýär. Önüm öndürijiler bilen tabşyrylan galla hasyly üçin hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Welaýatyň ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarynda ideg etmek işleri bilen birlikde, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri utgaşykly geçirilýär. Welaýatda şaly ekişi hem dowam edýär. Şeýle-de häkim “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna”, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýetişdirilen bugdaý hasylyny öz wagtynda we
ýitgisiz ýygnap almagyň ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmagyň
esasy şertleriniň biridigini belledi hem-de häkime welaýatda galla oragyny
guramaçylykly geçirmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Şeýle-de
hormatly Prezidentimiz gowaça meýdanlaryndaky möwsümleýin işleriň agrotehniki
möhletlerde geçirilmeginiň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalarda göz öňünde
tutulan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň möhüm ähmiýetine ünsi
çekip, sebitde bu ugurda alnyp barylýan işleri hemişe gözegçilikde saklamagy
tabşyrdy.
Mary
welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk
işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklaryna laýyklykda, sebitde
galla oragynyň depginini güýçlendirmek, ýetişdirilen hasyly gysga wagtda we
ýitgisiz ýygnap almak boýunça zerur çäreler görülýär. Däne ýygýan kombaýnlar,
bugdaý daşaýan awtoulaglar, galla kabul ediş kärhanalary doly güýjünde işledilýär.
Önüm öndürijiler bilen tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklary öz wagtynda
geçirmek boýunça degişli çäreler görülýär. Welaýatyň gowaça ekilen
meýdanlarynda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş
suwuny tutmak işleri utgaşykly ýerine ýetirilýär. Ýazlyk ýeralma, gök-bakja
ekinleri ekilen meýdanlarda ýetişdirilen hasyly ýygnap almak, bu önümler bilen
bazarlarymyzy bolelin üpjün etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Sebitde
gant şugundyrynyň ekişi dowam edip, bu möwsümi ýokary hilli, bellenen
möhletlerde geçirmek üçin zerur çäreler görülýär. Häkim ýurdumyzy 2022 —
2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli
maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi
meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk
işleriniň barşy barada-da hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, galla oragyny guramaçylykly geçirmegiň, gowaça
meýdanlaryndaky agrotehniki çäreleriň talabalaýyk ýola goýulmagynyň, bu işlerde
oba hojalyk tehnikalarynyň netijeli peýdalanylmagynyň zerurdygyny belledi
hem-de häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz
ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda,
welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini
gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň oba
hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, Diýarymyzda ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýygnap almak boýunça işler dowam
edip, orak möwsüminde oba hojalyk tehnikalaryny netijeli işletmek, ýygnalan
hasyly galla kabul ediş kärhanalarynda bökdençsiz kabul etmek, döwlete
tabşyrylan hasyl üçin bugdaý öndürijiler bilen hasaplaşyklary öz wagtynda
geçirmek üçin zerur çäreler görülýär. Welaýatlaryň gowaça ekilen meýdanlarynda
degişli ideg işleri, hususan-da, hatarara bejergi, mineral dökünler bilen
iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri utgaşykly alnyp barylýar. Daşoguz
welaýatynyň şaly ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg
etmek işleri, Lebap welaýatynda şaly ekişi, Mary welaýatynda bolsa gant
şugundyrynyň ekişi dowam edýär. Ýeralma, gök-bakja we beýleki azyklyk ekinler
ekilen meýdanlarda ideg etmek, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri ýerine
ýetirilýär.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetimizdäki
möhüm ornuna ünsi çekdi hem-de pudagy yzygiderli ösdürmek üçin öňdebaryjy
tejribäniň önümçilige ornaşdyrylmagyny, ýer-suw we tehniki serişdeleriň
netijeli peýdalanylmagyny özünde jemleýän toplumlaýyn çemeleşmäniň zerurdygyny
belledi we wise-premýere möwsümleýin oba hojalyk işlerini gözegçilikde
saklamagy tabşyrdy.
Soňra
döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki wagtda oba
hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işlere ýene-de bir gezek ünsi çekdi we
galla oragyny guramaçylykly geçirmek, ýetişdirilen hasyly gysga wagtda,
ýitgisiz ýygnap almak, gowaça meýdanlarynda ideg işlerini agrotehnikanyň
kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi
tabşyrdy.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny
jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan
işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
tdh.gov