22.09.2026
Düýn
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş
maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp
barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi
T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy
barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ekerançylyk
meýdanlarynda bugdaý ekişi dowam edýär. Ekişde oba hojalyk tehnikalary we
gurallar netijeli işledilip, gallaçy daýhanlar ýokary hilli bugdaý tohumy bilen
üpjün edilýär. Ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwy tutulýar. Ýetişdirilen
pagta hasylyny gysga wagtda, ýitgisiz ýygnap almak boýunça işler alnyp
barylýar. Möwsümde pagta ýygyjy kombaýnlary, beýleki tehnikalary netijeli işletmek,
ýygnalan hasyly kabul ediş harmanhanalarynda, pagta arassalaýjy kärhanalarda
bökdençsiz kabul etmek babatda zerur çäreler görülýär.
Welaýatyň güýzlük ýeralma, gök-bakja, beýleki
azyklyk ekinleri ekilen meýdanlarynda ideg etmek hem-de ýetişdirilen hasyly
ýygnap almak işleri geçirilýär. Şeýle-de häkim ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly
35 ýyllyk baýramy mynasybetli geçiriljek dabaraly çärelere taýýarlyk görlüşi
barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işlerini, hususan-da, bugdaý
ekişini, pagta ýygymyny guramaçylykly geçirmegiň zerur talap bolup durýandygyny
belledi we bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi.
Balkan welaýatynyň häkimi R.Jumaýew welaýatda
alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sebitde
bugdaý ekişi dowam edip, ekişde oba hojalyk tehnikalaryny doly güýjünde
işletmek, önüm öndürijileri ýokary hilli bugdaý tohumy bilen üpjün etmek üçin
zerur çäreler görülýär. Ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwy tutulýar.
Ýetişdirilen pagta hasylyny gysga wagtda ýitgisiz ýygnap almak, ýygnalan hasyly
pagta arassalaýjy kärhanalarda, kabul ediş harmanhanalarynda bökdençsiz kabul
etmek babatda degişli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da
pugtalandyrmak barada öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, güýzlük ýeralma,
gök-bakja we beýleki azyklyk ekinleri ekilen meýdanlarda ideg işleri
geçirilýär. Welaýatda Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli
medeni-köpçülikleýin çäreleri guramaçylykly geçirmek üçin degişli taýýarlyk
işleri alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
häzirki wagtda oba hojalygynda jogapkärli möwsümiň dowam edýändigini belledi we
häkime bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek, ýetişdirilen pagta
hasylyny ýitgisiz ýygnap almak üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew welaýatda
möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hasabatda bellenilişi ýaly, sebitde bugdaý
ekişi dowam edip, möwsümi agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, bellenen
möhletde we ýokary hilli geçirmek boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär. Ekiş
geçirilen meýdanlarda endigan gögeriş alynýar. Bugdaý ekilmeli meýdanlarda tagt
suwy tutulýar. Şunuň bilen birlikde, welaýatda pagta ýygymynyň depginini
güýçlendirmek, ýetişdirilen hasyly gysga wagtda, ýitgisiz ýygnap almak boýunça
çäreler görülýär. Ýygym möwsüminde ulanylýan kombaýnlar, beýleki tehnikalar
netijeli işledilip, ýygnalan hasyl pagta kabul ediş harmanhanalarynda
bökdençsiz kabul edilýär. Güýzlük ekilen gök-bakja, beýleki azyklyk ekinlere
ideg işleri geçirilip, ýetişdirilen hasyly ýygnamaga taýýarlyk görülýär.
Welaýatyň şaly ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg
işleri dowam edýär. Şeýle hem häkim Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk
baýramy mynasybetli geçiriljek dabaraly çärelere görülýän taýýarlyk işleri
barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, bugdaý
ekişiniň bellenen möhletlerde ýokary hilli geçirilmegini, daýhan yhlasy bilen
ýetişdirilen pagta hasylynyň gysga wagtda, ýitgisiz ýygnalyp alynmagyny ileri
tutulýan wezipeleriň hatarynda görkezdi hem-de häkime birnäçe anyk görkezmeleri
berdi.
Lebap welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow
welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.
Hasabatda bellenilişi ýaly, sebitde bugdaý
ekişini agrotehniki möhletlerde we ýokary hilli geçirmek maksady bilen, oba
hojalyk tehnikalary, ekiji gurallar doly güýjünde işledilýär. Ekiş geçirilen
meýdanlarda gögeriş suwy tutulýar. Welaýatda pagta ýygymynyň depginini
güýçlendirmek, ýygnalan hasyly pagta arassalaýjy kärhanalarda, kabul ediş
harmanhanalarynda bökdençsiz kabul etmek boýunça zerur çäreler görülýär.
Möwsümde ulanylýan oba hojalyk tehnikalarynyň doly güýjünde işledilmegine
aýratyn üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda azyk bolçulygyny
has-da pugtalandyrmak barada berýän tabşyryklaryndan ugur alnyp, welaýatyň
güýzlük ýeralma, gök-bakja, şaly ekilen meýdanlarynda ideg işleri dowam edýär.
Sebitde ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli
medeni-köpçülikleýin çäreleri guramaçylykly geçirmek üçin degişli taýýarlyk
işleri alnyp barylýar.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, bugdaý
ekişini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirmek, ýetişdirilen pagta
hasylyny gysga wagtda ýygnap almak üçin ähli zerur çäreleriň görülmelidigini
belledi we bu babatda häkime degişli tabşyryklary berdi.
Mary welaýatynyň häkimi B.Orazgylyjow
welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, möwsümleýin oba hojalyk
işleriniň çäklerinde bugdaý ekişi dowam edip, bu jogapkärli möwsümi ýokary
hilli geçirmek üçin zerur işler alnyp barylýar. Ekişde oba hojalyk tehnikalary
doly güýjünde işledilýär. Ekiş geçirilen meýdanlarda kadaly gögeriş almak üçin
agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda zerur işler ýerine ýetirilýär. Welaýatda
pagta ýygymynyň depginini güýçlendirmek, ýetişdirilen hasyly gysga wagtda,
ýitgisiz ýygnap almak babatda degişli işler alnyp barylýar. Ýygnalan hasyly
kabul ediş harmanhanalarynda, pagta arassalaýjy kärhanalarda bökdençsiz kabul
etmek, pagta ýygýan kombaýnlary we hasyly daşamakda ulanylýan awtoulaglary
netijeli işletmek ugrunda zerur çäreler görülýär. Sebitde güýzlük ýeralma,
gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinlerine ideg etmek, ýetişdirilen hasyly
ýygnap almak boýunça işler utgaşykly alnyp barylýar. Gant şugundyry ekilen
meýdanlarda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş
suwuny tutmak işleri dowam edýär. Şeýle hem häkim ýurdumyzyň mukaddes
Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli welaýatda geçiriljek
medeni-köpçülikleýin çärelere görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzirki
wagtda oba hojalygynda ýaýbaňlandyrylan möwsümleýin işleriň möhüm ähmiýetini
belledi we häkime welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda dowam edýän agrotehniki
çäreleriň, hususan-da, bugdaý ekişiniň, pagta ýygymynyň ýokary hilli we
guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy
barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatlarda
bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek boýunça degişli işler ýerine
ýetirilýär. Ekişde ulanylýan oba hojalyk tehnikalaryny netijeli işletmek,
gallaçy daýhanlary ýokary hilli bugdaý tohumy bilen üpjün etmek üçin zerur
çäreler görülýär. Ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwy tutulýar. Pagtaçy
daýhanlaryň tutanýerli zähmeti bilen ösdürilip ýetişdirilen pagta hasylyny
gysga wagtda, ýitgisiz ýygnap almak boýunça degişli işler geçirilýär. Möwsümde
oba hojalyk tehnikalaryny doly güýjünde we netijeli işletmek, ýygnalan hasyly
pagta arassalaýjy kärhanalarda, kabul ediş harmanhanalarynda bökdençsiz kabul
etmek ugrunda zerur çäreler görülýär.
Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda
ýeralmanyň, gök-bakja we beýleki azyklyk ekinleriniň bol hasylyny ösdürip
ýetişdirmek baradaky tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen alnyp
barylýan işleriň çäklerinde güýzlük ekilen azyklyk ekinlere ideg etmek,
ýetişdirilen hasyly ýygnap almak hem-de olary ilata ýetirmek boýunça utgaşykly
işler alnyp barylýar. Daşoguz, Lebap welaýatlarynyň şaly ekilen meýdanlarynda,
Mary welaýatynyň gant şugundyry ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna
laýyklykda degişli ideg işleri geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba
hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetimizdäki möhüm ornuna ünsi çekdi we
wise-premýere oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberini yzygiderli artdyrmak
arkaly ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak, pudagy ösdürmek
boýunça alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna
gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk
işlerine ýene-de bir gezek ünsi çekdi we welaýatlarda bugdaý ekişini
agrotehniki kadalara laýyklykda, ýokary hilli geçirmegiň, ekişde tehnikalary
doly güýjünde işletmegiň, tagt hem-de gögeriş suwuny tutmak işlerini öz
wagtynda geçirip, bugdaý ekilen meýdanlarda kadaly gögeriş almak üçin ähli
zerur çäreleri görmegiň möhümdigini belledi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz pagta ýygymyna
ünsi çekip, welaýatlarda pagta ýygymynyň depginini güýçlendirip, ýetişdirilen
hasyly gysga wagtda, ýitgisiz ýygnap almak üçin degişli işleri geçirmegi, ýygym
möwsüminde pagta ýygýan kombaýnlary, beýleki tehnikalary, pagta arassalaýjy kärhanalary,
kabul ediş harmanhanalaryny netijeli işletmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz welaýatlarda güýzlük
ýeralma, gök we beýleki oba hojalyk ekinlerine ideg işlerini agrotehniki
kadalara laýyklykda geçirmegi, ýetişdirilen hasyly öz wagtynda, zaýasyz ýygnap
almak üçin ähli çäreleri görmegi, Daşoguz, Lebap welaýatlarynda şaly ekilen,
Mary welaýatynda gant şugundyry ekilen meýdanlarda ideg işlerini bellenen
möhletlerde talabalaýyk alyp barmagy, welaýatlarda bugdaý we pagta öndürijiler
bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda şu ýylyň hasyly üçin ýerine
ýetirilen işler boýunça hasaplaşyklary wagtynda geçirmegi tabşyrdy. Döwlet
Baştutanymyz ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramyna welaýatlarda gowy
taýýarlyk görmegi hem tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala
abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
tdh.gov