17.09.2026
Düýn Koreýa döwlet saparynyň
çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow köptaraplaýyn
hyzmatdaşlygyň ýyl ýazgysynda taryhy sahypany açýan “Merkezi Aziýa — Koreýa
Respublikasy” ilkinji sammitine gatnaşdy.
Häzirki
zaman halkara gatnaşyklarynyň ählumumy özgerýän şertlerinde bu sammitiň
geçirilmegi Merkezi Aziýa sebitiniň dünýäniň geosyýasy we geoykdysady ulgamynda
barha artýan ornuny görkezýär. Ýokary derejedäki duşuşygyň gün tertibi
köpugurly hyzmatdaşlygy uzak möhletleýin strategik hyzmatdaşlyk derejesine
çykarmaga gönükdirilen meseleleriň giň toplumyny öz içine alýar. Döwlet
Baştutanlary Ýewraziýa giňişliginde ulag-logistika geçelgelerini
diwersifikasiýalaşdyrmak, energetika durnuklylygyny üpjün etmek, senagat
kooperasiýasyny giňeltmek, ýokary tehnologiýalary alyşmak, ekologiýa ulgamynda
bilelikdäki çäreleri durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp
maslahatlaşarlar.
Sebitde
ykdysady-energetika merkezleriniň biri we ygtybarly hyzmatdaş hökmünde çykyş
edýän Türkmenistana bu dialogda aýratyn orun degişlidir. Ýurdumyzyň hemişelik
Bitaraplyk, açyklyk, netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary
syýasaty sebitara integrasiýa kuwwatly itergi berýär. Sammitiň dowamynda döwlet
Baştutanlary hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna hemmetaraplaýyn baha berip, özara
gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlärler hem-de bu ugurlary durmuşa
geçirmegiň bitewi gurallaryny işläp taýýarlarlar. Ýokary derejeli duşuşygyň
netijeleri Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky
köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam berer.
...Ir
bilen hormatly Prezidentimiz sammitiň geçiriljek ýerine geldi. Bu ýerde döwlet
Baştutanymyzy Koreýa Respublikasynyň Prezidenti mähirli garşylady.
Merkezi
Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň bilelikde
resmi surata düşmek dabarasy tamamlanandan soňra, “Merkezi Aziýa — Koreýa
Respublikasy” ilkinji sammiti öz işine başlady. Ýokary derejeli duşuşyga
Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz
Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti
Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem
gatnaşdylar.
Koreýa
Respublikasynyň Prezidenti Li Çže Mýon sammite gatnaşyjylary mähirli
mübärekläp, döwlet Baştutanlarynyň şu formatda ilkinji gezek bir ýere
jemlenendiklerini aýtdy we bu sammitiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Koreýa
Respublikasynyň arasynda dürli ugurlarda ýola goýlan hyzmatdaşlygy ösdürmekde
möhüm ädim boljakdygyny nygtady.
Soňra
çykyş etmek üçin sammite gatnaşyjylara söz berildi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow öz çykyşynda, ilki bilen, Koreýa
Respublikasynyň Prezidenti Li Çže Mýona bildirilen myhmansöýerlik, «Merkezi
Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitiniň ýokary guramaçylyk derejesi we
bilelikde işlemäge döredilen şertler üçin minnetdarlygyny beýan edip, bu ýokary
derejeli duşuşygyň geçirilmegi arkaly Koreýa Respublikasy bilen Merkezi Aziýa
döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň täze tapgyrynyň binýadynyň
goýulýandygyny belledi.
Türkmenistan
parahatçylygyň, durnuklylygyň, ynanyşmagyň durnukly ösüşi üpjün edýän hökmany
şertlerdiginden ugur alýar. Biziň ýurdumyzyň daşary syýasaty Birleşen Milletler
Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik
Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýar.
“Türkmenistan
şäher ösüşini we infrastrukturasyny, täze talaplardyr meýillere laýyk gelýän
häzirki zaman urbanistik gurşawyny döretmegi biziň formatymyzyň çäklerindäki
bilelikdäki işiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görýär. Şunuň bilen
baglylykda, Türkmenistanyň ýakynda öňe süren «Akylly» şäherleriň diplomatiýasy»
başlangyjyna salgylanmak isleýärin. Bu başlangyç tagallalary birleşdirmegi,
tejribe we maglumat alyşmagy, ylmy-tehniki gazananlary bilelikde ornaşdyrmagy,
umuman, urbanistikanyň, şäher gurluşygynyň integrirlenen, netijeli nusgalaryny
döretmegi göz öňünde tutýar” diýip, döwlet Baştutanymyz çykyşynda nygtady.
Häzirki
wagtda senagat, oba hojalygy, ekologiýa, suw meselesi, saglygy goraýyş,
hyzmatlar ulgamy, syýahatçylyk möhüm ugurlar bolup durýar. Bu babatda «Ösüşiň
we innowasiýalaryň bähbidine Merkezi Aziýanyň we Koreýa Respublikasynyň
geljekki hyzmatdaşlygy» şygary bilen geçiriljek «Merkezi Aziýa — Koreýa
Respublikasy» işewürlik sammiti möhüm waka bolar.
“Bilim
ulgamynda biz Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de Koreýa Respublikasynyň bilim
edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini, şol sanda iki
diplomlylyk maksatnamalaryny ösdürmegi teklip etdik. Şeýle-de ýaşlaryň sanly bilimlerini
artdyrmagy, bilelikdäki olimpiadalary, bäsleşikleri we maslahatlary geçirmegi
wajyp hasap edýäris. Ylym ulgamynda ýaş alymlaryň bilelikdäki ylmy-barlag,
taslama-gözleg işlerini işjeňleşdirmegi, Ýaşlaryň innowasion pikirlerini
ösdürmegi we ornaşdyrmagy goldamak institutyny döretmegi teklip edýäris” diýip,
Arkadagly Gahryman Serdarymyz sözüni dowam etdi.
Bellenilişi
ýaly, Medeniýet ulgamynda Türkmenistan tarapyndan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we
Koreýa Respublikasynyň ýaşlarynyň medeniýetara alyşmalarynyň “Ýol kartasy”,
şeýle-de «Ýaş zehinler» maksatnamasy teklip edildi. Hormatly Prezidentimiz
döwletlerimiziň ýaşlaryny birleşdirýän festiwallary, konsertleri, döredijilik
bäsleşiklerini we beýleki çäreleri geçirmegi dowam etdirmegiň zerurdygyny aýdyp,
sport hyzmatdaşlygyny, şol sanda hünärmenler alyşmalaryny ösdürmegi, sagdyn
durmuş ýörelgelerini ilerletmegi, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de Koreýa
Respublikasynyň Halkara ýaşlar sport oýunlaryny guramak baradaky meselä
seretmegi teklip etdi.
Döwlet
Baştutanymyz ýurdumyzyň parlament diplomatiýasynyň ösdürilmegine hökümetara
hyzmatdaşlygyň möhüm bölegi, ýurtlarymyzyň arasynda ynanyşmagy berkitmegiň
netijeli guraly hökmünde garaýandygyny aýdyp, şu sammitiň gatnaşyklaryň aýratyn
ugurlaryndan hyzmatdaşlygyň bitewi we uzak möhletleýin ulgamyny kemala
getirmäge geçmek üçin mümkinçilik açýandygyna ünsi çekdi.
Hormatly
Prezidentimiz Türkmenistanyň formata gatnaşýan ýurtlaryň arasynda ynanyşmagy,
deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygy berkitmäge ýardam etmäge, bu
formatyň işjeň agzasy bolmaga taýýardygyny tassyklap, «Merkezi Aziýa — Koreýa
Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumynyň halklarymyzyň uzak möhletleýin
bähbitlerine laýyk gelýändigine we halkara hyzmatdaşlygyň durnukly, netijeli
gurallaryny kemala getirmegiň möhüm şertine öwrülmäge ukyplydygyna berk ynam
bildirdi.
Döwlet
Baştutanymyzyň çykyşy uly üns bilen diňlenildi.
Sammitiň
dowamynda döwlet Baştutanlary Koreýa Respublikasynyň tehnologiýalaryny çekmek
arkaly Merkezi Aziýa ýurtlarynyň çig mal serişdelerini gaýtadan işlemek, tebigy
serişdeleriň gorlaryny bilelikde özleşdirmek, senagat kärhanalaryny gurmak,
ulag geçelgelerini döretmek, sebitiň ýurtlaryny dünýä bazarlary bilen
baglanyşdyrýan logistika ugurlaryny ösdürmek, emeli aň ulgamynda bilelikdäki
taslamalary amala aşyrmak, döwlet hyzmatlaryny sanlylaşdyrmak, “ýaşyl”
tehnologiýalary ornaşdyrmak, howanyň üýtgemegine garşy uýgunlaşmak bilen
baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Sammitiň jemleri boýunça
«Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitiniň Seul Jarnamasy kabul
edildi.
Soňra
hormatly Prezidentimiz «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» görnüşindäki
işewürler sammitiniň ýörite mejlisine gatnaşdy.
Koreýa
Respublikasynyň Prezidenti Li Çže Mýon işewürler sammitiniň ýörite mejlisini
açyp, Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Koreýany taryhyň jümmüşine uzap gidýän
gadymy gatnaşyklaryň baglanyşdyryp gelýändigini we häzirki wagtda Koreýanyň bu
gatnaşyklary mundan beýläk-de ugurlaryň giň gerimi boýunça ösdürmäge
taýýardygyny aýtdy.
Soňra
mejlise gatnaşyjylara söz berildi.
Hormatly
Prezidentimiz çykyşynyň başynda hemmeleri Merkezi Aziýa döwletleri bilen Koreýa
Respublikasynyň arasynda netijeli dialog üçin möhüm we abraýly işewürlik
meýdançasyna öwrülen işewürlik sammitiniň mejlisinde mähirli mübärekläp, bu
işewürlik dialogyna ýurtlarymyzyň arasynda giň ugurlar boýunça doly formatly,
yzygiderli, uzak möhletli ykdysady, söwda, maýa goýum hem-de işewürlik
hyzmatdaşlygyny ösdürmekde wajyp başlangyç nokady hökmünde garaýandygyny aýtdy.
Döwlet
Baştutanymyz şunda işewürlik jemgyýetçiliginiň uly ornuny belläp, öz zähmeti,
zehini bilen ýokary netijeleri gazanan jogapkärli hem-de üstünlikli
telekeçileriň diňe bir ösüşe goşant goşman, eýsem, Merkezi Aziýa bilen Koreýa
Respublikasynyň arasyndaky döwletara hyzmatdaşlygyň täze taslamalaryny we
görnüşlerini öňe sürmäge, möhüm kararlary kabul etmekde hökümetlere amaly, usuly
taýdan goldaw berjekdiklerine hem ynam bildirdi. Munuň özi ýurtlarymyzyň
ykdysady ösüşiň täze sepgitlerine tarap bilelikde hereket etmegi üçin berk
binýady kemala getirmäge mümkinçilik berer.
Hormatly
Prezidentimiz Merkezi Aziýanyň we Koreýa Respublikasynyň ykdysady, tehnologik
kuwwatynyň, şeýle-de olaryň ösüş depgininiň iň batyrgaý we geljegi uly
maksatnamalary amala aşyrmak babatda giň mümkinçilikleri açýandygyny aýratyn
belläp, Türkmenistanyň bu işlere işjeň gatnaşjakdygyny, işewürlik
jemgyýetçiliginiň arasynda göni gatnaşyklary, alyşmalary ösdürmek üçin ähli
zerur ýardamy bermäge, hyzmatdaşlyk meýillerinde, başlangyçlarynda işewürlik
işjeňligini, özbaşdaklygy hem-de innowasiýalary höweslendirmäge taýýardygyny
tassyklady.
Bellenilişi
ýaly, Koreýa özüni Merkezi Aziýa döwletleriniň ygtybarly we geljegi uly
hyzmatdaşy hökmünde görkezdi. Türkmenistan bilelikdäki taslamalary amala
aşyrmakda koreý kompaniýalarynyň, maliýe institutlarynyň goşýan uly goşandyna
ýokary baha berýär. “Koreý kompaniýalary köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň
ygtybarly hyzmatdaşlarydyr. Olaryň gatnaşmagynda biz dürli ulgamlarda iri we
uzak möhletleýin taslamalary durmuşa geçirdik hem-de häzirki wagtda hem durmuşa
geçirmegi dowam etdirýäris” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we ýurtlarymyzyň
hem-de olara wekilçilik edýän işewürlik düzümleriniň netijeli hyzmatdaşlyk
integrasiýasynyň ýoly bilen hereket edip, yklymdaky hem-de dünýädäki häzirki we
geljekki geoykdysady gurluşda mynasyp orun eýelemäge ukyplydygyna ynam
bildirdi.
Arkadagly
Gahryman Serdarymyz şunda Türkmenistanyň ulag-logistika ulgamyna strategik
taýdan ileri tutulýan ugur hökmünde garap, oňa aýratyn ähmiýet berýändigini
aýtdy hem-de işewür toparlary yklymyň ulag ýollarynyň möhüm çatrygynda
ýerleşýän Merkezi Aziýanyň we Koreýanyň geografik taýdan ýerleşişiniň döredýän
bähbitlerini hem-de artykmaçlyklaryny işjeň ulanmaga, durnukly ulag
geçelgelerini, logistika arabaglanyşygyny döretmäge işjeň gatnaşmaga çagyrdy.
“Ýaňy
«Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammiti öz işini tamamlady. Onuň
öz wagtynda geçirilendigini we amaly taýdan wajypdygyny belleýäris” diýip
hormatly Prezidentimiz nygtady. Sammitiň dowamynda pikir alyşmalaryň özara
ynanyşmak ýagdaýynda geçendigini we köpugurly hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga bolan
umumy maksady tassyklandygyny bellemek gerek.
“Işewürlik
sammitiniň netijeleri aýratyn üns berilmäge mynasypdyr. Ol Bilelikdäki
Beýannamanyň kabul edilmeginde, hyzmatdaşlygymyza täze itergi berjek hem-de
onuň mundan beýläk-de ösdürilmegi üçin berk binýady döretjek ylalaşyklaryň,
ähtnamalaryň gol çekilmeginde öz beýanyny tapar” diýip, hormatly Prezidentimiz
aýtdy we gazanylan ylalaşyklaryň iş ýüzünde üstünlikli durmuşa geçiriljekdigine
hem-de ynanyşmagy berkitmäge, işewürlik gatnaşyklaryny giňeltmäge, onuň Merkezi
Aziýa ýurtlary bilen Koreýanyň arasynda özara söwdanyň ösmegine hyzmat
etjekdigine ynam bildirdi.
Sözüniň
ahyrynda döwlet Baştutanymyz işewürlik sammitine gatnaşyjylara netijeli işleri,
gepleşikleriň üstünlikli geçmegini hem-de hyzmatdaşlygy, özara bähbitli ösüşi
pugtalandyrmagyň ýolunda täze üstünlikleri arzuw etdi.
Hormatly
Prezidentimiziň çykyşy uly üns bilen diňlenildi.
Mejlisiň
dowamynda geologiýa, mineral serişdeleri gaýtadan işlemek, energetika
ulgamynda, şol sanda “ýaşyl” energetikada bilelikdäki taslamalary durmuşa
geçirmek, öňdebaryjy koreý tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, multimodal ulag
geçelgelerini döretmek, sebitiň üstaşyr geçirijilik mümkinçiliklerini
ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Soňra
Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň adyndan “Merkezi Aziýa — Koreýa
Respublikasy” ilkinji sammitine gatnaşyjy döwlet Baştutanlarynyň hormatyna
resmi agşamlyk nahary berildi.
Koreýa
Respublikasyna döwlet saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Seul şäheriniň ýokary derejeli myhmanlary
kabul ediş howa menziline bardy we bu ýerden Watanymyza ugrady.
Paýtagtymyzyň
Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň Hökümet agzalary
mähirli garşyladylar. Olar hormatly Prezidentimizi döwlet saparynyň hem-de
“Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” ilkinji sammitiniň üstünlikli geçmegi
bilen tüýs ýürekden gutladylar. Hökümet agzalary Arkadagly Gahryman Serdarymyzy
Songýungwan uniwersitetiniň syýasy ylymlaryň hormatly doktory derejesiniň
berilmegi we Koreýanyň Halkara söwda assosiasiýasynyň Hormat nyşany bilen
sylaglanylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür,
il-ýurt bähbitli işleriniň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw
etdiler.
Şeýlelikde,
hormatly Prezidentimiziň Koreýa Respublikasyna amala aşyran döwlet sapary iki
ýurduň arasyndaky ynanyşmagyň we özara hormat goýmagyň ýokary derejesini aýdyň
görkezdi. Seulda geçirilen ýokary derejedäki gepleşikler we gol çekilen
ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumy dürli ulgamlarda giň möçberli
taslamalary durmuşa geçirmek üçin berk binýady goýdy. Döwlet Baştutanymyzyň
“Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” formatyndaky ilkinji sammitine gatnaşmagy
hem-de däp bolan dostlukly dialogyň hil taýdan täze derejä çykarylmagy bolsa
taraplaryň tutuş sebitiň abadançylygynyň bähbidine uzak möhletli hyzmatdaşlygy
dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassyklady.
***
“Merkezi
Aziýa — Koreýa Respublikasy” formatyndaky işewürler sammitiniň dowamynda
mowzuklaýyn mejlisler hem geçirildi.
Seýrek
duş gelýän mineral serişdeleri, energetika we üpjünçilik zynjyrlary ulgamyndaky
hyzmatdaşlyga bagyşlanan mejlisde Koreýanyň tehnologik standartlaryny, ekologik
taýdan arassa usullaryny ornaşdyrmak arkaly tebigy serişdeleriň ýataklaryny
bilelikde özleşdirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Söwdany, maýa goýumlary giňeltmäge bagyşlanan mejlisde taraplar söwda we gümrük
amallaryny ýeňilleşdirmek, Koreýanyň maliýe institutlary arkaly ýörite
karzlaşdyryş maksatnamalaryny giňeltmek, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň çäginde
ýokary tehnologiýaly önümçilikleri ýola goýmak bilen bagly soraglara seretdiler.
Senagat desgalary, ulag-logistika ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge bagyşlanan
mejlisde multimodal ulag geçelgelerini ösdürmek, logistika ugurlaryny, şol
sanda Hazarüsti ulag geçelgesiniň mümkinçiliklerini ösdürmek, gümrük amallaryny
sanlylaşdyrmak, intellektual eýeçiligi goramak, ýük akymlaryny çaltlandyrmak
üçin standartlary özara utgaşdyrmak meseleleri aýratyn üns merkezinde boldy.
***
«Merkezi
Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitiniň çäklerinde degişli formatyň
senagat ministrleriniň konsultatiw guralynyň ilkinji duşuşygynyň Bilelikdäki
Beýannamasy; Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy: geljegiň emeli aňy, ylym we
tehnologiýalar babatda hyzmatdaşlyk boýunça başlangyjy; Merkezi Aziýanyň
döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň howanyň üýtgemegi, energiýa
geçirijiligi we howanyň hili babatda başlangyjy kabul edildi hem-de Merkezi
Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň arasynda senagat we üpjünçilik
zynjyry babatda hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; «Merkezi
Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji işewürlik sammitiniň Bilelikdäki
Beýannamasyna gol çekildi.
***
Türkmen
wekiliýetiniň Koreýa Respublikasyna saparynyň çäklerinde Merkezi Aziýa
ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň senagat ministrleriniň konsultatiw
guralynyň birinji duşuşygy, Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy: emeli aň, ylym
we tehnologiýa babatynda geljekki hyzmatdaşlyk boýunça ministrler duşuşygy,
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň tokaý hojalygy we howanyň
üýtgemegine garşy göreş babatda hereketler boýunça ministrler forumy geçirildi.
Olaryň dowamynda özara gyzyklanma bildirilýän meseleler boýunça pikir alşyldy
we hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary kesgitlenildi.
tdh.gov