03.02.2026
Düýn
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş
maslahatyny geçirdi. Onda
ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen
baglanyşykly meselelere garaldy.
Ilki
bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatda dowam
edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly,
häzirki wagtda welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna
laýyklykda ideg işleri, hususan-da, ekini mineral dökünler bilen iýmitlendirmek
işleri alnyp barylýar. Şu ýylyň pagta hasylynyň düýbüni tutmaga taýýarlyk
görmegiň çäklerinde meýdanlarda sürüm işleri tamamlaýjy tapgyrda dowam edýär. Şunuň
bilen birlikde, tekizleýiş, geriş çekmek, topragy mineral dökünler bilen
gurplandyrmak işleri geçirilýär. Pagta öndürijileri ýokary hilli tohum bilen
üpjün etmek maksady bilen, gowaça çigidini taýýarlamak, ekişde ulanyljak oba
hojalyk tehnikalaryny abatlamak, talabalaýyk saklamak boýunça zerur işler alnyp
barylýar. Ýeralma, gök-bakja ekinleriniň ekiljek ýerlerini hem-de tohumyny
ýazky ekiş möwsümine taýýarlamak babatda zerur çäreler görülýär.
Şeýle
hem häkim welaýatyň çägindäki ýaşaýyş jaýlarynyň, edara-kärhanalaryň,
medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlaryny talabalaýyk işletmek,
ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz, agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek
boýunça amala aşyrylýan işler, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 —
2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna», Oba milli
maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi
meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işlerini ýokary derejede
guramagyň zerurdygyna ünsi çekdi we bugdaýa ideg etmek, ýazky ekiş möwsümine
taýýarlyk işleriniň agrotehniki möhletlerde, talabalaýyk geçirilmegini üpjün
etmegi tabşyrdy. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady
taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda
açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň
ýokary hilli we öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamak barada tabşyryklary
berdi.
Balkan
welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda alnyp barylýan oba hojalyk işleri
barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda welaýatyň bugdaý ekilen
meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek işleri ýerine ýetirilýär.
Gowaça ekiljek meýdanlarda tekizleýiş we geriş çekmek, pagta öndürijiler üçin
gowaça tohumyny, ýazky ekiş möwsüminde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny
ekişe taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Welaýatda ýeralmanyň, gök-bakja
ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny, tohumyny ýazky ekiş möwsümine taýýarlamak
babatda degişli işler dowam edýär.
Şeýle-de
häkim gyş paslynda welaýatyň çägindäki ýaşaýyş jaýlarynyň, medeni-durmuş
maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, ilaty elektrik
energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça
görülýän çäreler, şu ýyl sebitde açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän
desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda oba hojalyk pudagynyň öňünde
durýan esasy wezipelere ünsi çekdi hem-de welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda
dowam edýän möwsümleýin işleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini
üpjün etmegi tabşyrdy. Şeýle hem şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz
öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine
ýetirilmegini gözegçilikde saklamak tabşyryldy.
Daşoguz
welaýatynyň häkimi D.Babaýew welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy
barada hasabat berdi.
Hasabatda
bellenilişi ýaly, şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm,
tekizleýiş, topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri utgaşykly alnyp
barylýar. Pagta öndürijiler üçin welaýatyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän
ýokary hilli gowaça tohumyny, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny
taýýarlamak babatda zerur çäreler görülýär. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da
pugtalandyrmak boýunça öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen,
welaýatda azyklyk ekinleriň ýazky ekiş möwsüminde ekiljek meýdanlaryny sürmek
we tekizlemek, olaryň tohumyny ekişe taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp
barylýar.
Häkim
gyş paslynyň dowam edýän günlerinde welaýatyň çägindäki ýaşaýyş jaýlarynyň,
edara-kärhanalaryň, medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlaryny
talabalaýyk işletmek, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen
bökdençsiz üpjün etmek boýunça görülýän çäreler, «Türkmenistanyň Prezidentiniň
ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň
Maksatnamasyna», Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp
ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy
barada-da hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ykdysady ösüşinde oba hojalyk
pudagynyň möhüm ähmiýetini belledi we welaýatda möwsümleýin agrotehniki
çäreleriň ylmy taýdan esaslandyrylan talaplara laýyklykda alnyp barylmagyny
yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz
Diýarymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara
laýyklykda, welaýatda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli, öz
wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamak barada tabşyryklary berdi.
Lebap
welaýatynyň häkimi D.Genjiýew welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk
işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, sebitde bugdaýyň bol hasylyny
ýetişdirmek maksady bilen, häzirki wagtda gallaçy daýhanlar tarapyndan ak ekin
meýdanlarynda goşmaça mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak
işleri alnyp barylýar. Şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekişine taýýarlyk görmegiň
çäklerinde sürüm, tekizleýiş, çil çekmek, ýuwuş suwuny tutmak işleri utgaşykly
dowam edýär. Şunuň bilen birlikde, pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça
tohumyny, oba hojalyk işlerinde ulanyljak tehnikalary taýýarlamak boýunça zerur
çäreler görülýär. Ýazlyk ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ekiljek
meýdanlaryny, tohumyny ekiş möwsümine taýýarlamak işleri ýerine ýetirilýär.
Gyş
paslynyň dowam edýän günlerinde welaýatyň çägindäki ýaşaýyş jaýlarynyň, medeni-durmuş
maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, ilaty elektrik
energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça
görülýän çäreler, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän
desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hem hasabat berildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk ekinlerinden ýokary hasyl almak üçin
bar bolan serişdeleriň netijeli peýdalanylmagynyň we önümçilikde agrotehniki
kadalaryň tutuş toplumynyň berk berjaý edilmeginiň zerurdygyny belledi we
häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz
«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna», Oba milli maksatnamasyna
laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen
desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini
gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Mary
welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk
işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatyň bugdaý
ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda mineral dökünler
bilen iýmitlendirmek, suw tutmak işleri dowam edýär. Şu ýylyň pagta hasylynyň
düýbüni tutmaga taýýarlyk görmek maksady bilen, meýdanlarda sürüm, tekizleýiş,
geriş çekmek işleri, pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumyny, ýazky
oba hojalyk işlerinde ulanyljak tehnikalary möwsüme doly taýýar etmek boýunça
zerur işler alnyp barylýar. Welaýatda ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ekiljek
meýdanlaryny hem-de tohumyny möwsüme taýýarlamak babatda degişli işler alnyp
barylýar. Şeýle-de sebitde ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny ýygnap almak
we gaýtadan işlemek boýunça zerur çäreler görülýär.
Gyş
paslynyň dowam edýän günlerinde welaýatyň çägindäki ýaşaýyş jaýlarynyň,
medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, ilaty
elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek
boýunça görülýän çäreler, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän
desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada-da hasabat berildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynda öňde durýan wezipeleri
üstünlikli ýerine ýetirmäge jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyny belledi
hem-de häkime welaýatda dowam edýän möwsümleýin işleriň, hususan-da, bugdaýa
ideg etmek, ýazky ekişe taýýarlyk görmek işleriniň talabalaýyk geçirilmegini
üpjün etmegi tabşyrdy. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady
taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda
açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň
öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew Diýarymyzda
möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly,
ekerançylyk meýdanlarynda möwsümleýin işler dowam edýär. Olaryň çäklerinde
welaýatlaryň bugdaý ekilen ýerlerinde agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg
etmek işleri alnyp barylýar. Şu ýylyň pagta hasylynyň düýbüni tutmaga taýýarlyk
görmegiň çäklerinde sürüm işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar.
Tekizleýiş, geriş, çil çekmek işleri dowam edýär. Şeýle hem gowaça ekiljek
meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýuwuş suwy tutulýar. Şunuň
bilen birlikde, pagta öndürijiler üçin ýokary hilli gowaça tohumyny möwsüme
taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzda azyk
bolçulygyny has-da pugtalandyrmak babatda öňde goýan wezipelerinden ugur alnyp,
welaýatlarda ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny sürmek we
tekizlemek, olaryň tohumyny taýýarlamak bilen bagly zerur işler durmuşa
geçirilýär.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda oba hojalyk pudagynyň azyk
bolçulygyny üpjün etmek bilen bir hatarda, ýurdumyzyň senagat taýdan ösüşiniň
hem hereketlendiriji güýji bolup durýandygyny aýtdy we oba hojalyk
önümçiliginiň ähli tapgyrlaryna öňdebaryjy tejribäni, döwrebap usullary,
innowasion çemeleşmeleri giňden ornaşdyrmagyň zerurdygyny belläp, wise-premýere
pudagy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi
tabşyrdy.
Soňra
döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, dowam edýän
möwsümleýin işleriň wajyp ähmiýetine ýene bir gezek ünsi çekdi we welaýatlaryň
gowaça ekiljek ýerlerinde sürüm, tekizlemek, Lebap welaýatynda ýuwuş suwuny
tutmak işleriniň agrotehniki kadalara laýyk ýerine ýetirilmegini, pagta
öndürijileriň ýokary hilli gowaça tohumy bilen öz wagtynda ýeterlik möçberde
üpjün edilmegini, ýazky ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalarynyň we
gurallaryň möwsüme talabalaýyk taýýarlanylmagyny, welaýatlaryň bugdaý
meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde geçirilmegini, ýeralmanyň,
gök-bakja ekinleriniň ýazky ekişine gowy taýýarlyk görülmegini üpjün etmegi
tabşyrdy.
Hormatly
Prezidentimiz Mary welaýatynda ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny ýygnamak
işlerini, bugdaý we pagta öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň
arasynda ýerine ýetirilen işler boýunça hasaplaşyklaryň geçirilişini berk
gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şunuň bilen birlikde, welaýatlarda ýaşaýyş
jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly
işledilmegi, ilatyň elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen
üpjünçiligini gözegçilikde saklamak, ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna, Oba milli maksatnamasyna
laýyklykda, sebitlerde şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň öz wagtynda, ýokary
hilli ýerine ýetirilmegi ugrunda zerur çäreleri görmek babatda tabşyryklar
berildi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara
berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri
arzuw etdi.
tdh.gov